Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär

Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär

ÝARADYJYMYZ ynsana gymmatly sowgat — erkinlik berdi. Hudaý erkinligi öz bähbidi üçin ulanman, hakyky seždäni goldap, onuň mukaddes adyny aýan edýänlere bol bereket berýär. Ýehowa adamlaryň özüne mejburlyk ýa-da gorky bilen tabyn bolmagyny islemeýär. Gaýtam, ol wepaly, hilesiz söýgini görkezýän we ýürekden minnetdar bolýan adamlary gymmat saýýar.

Meselem, Ýehowa ysraýyllylara Sina dagynda sežde etmek üçin çadyr gurmagy tabşyrypdy. Ol: «Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran... zatlaryny Rebbe sadaka bersin» diýdi (Müs. çyk. 35:5). Her bir ysraýylly ýagdaýyna görä, çadyry gurmak üçin gerekli zatlary meýletin sadaka hökmünde berip bilýärdi. Olar muňa nähili garady?

Ysraýyllylaryň her biri «ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny» meýletin sadaka hökmünde berdi. Erkekler we aýallar Ýehowanyň çadyryny gurmak üçin şu zatlary höwes bilen getirdiler: gülýakalar, gulakhalkalar, bilezikler, ýüzükler, altyn, kümüş, bürünç, goýy gyrmyzy ýüňi, gök we gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini, saýlama derini, akasiýa agajyny, gaşlary, ýakymly ysly zatlar we ýag. «Olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy» (Müs. çyk. 35:21—24, 27—29; 36:7).

Ýehowa ysraýyllylaryň getiren zatlary däl-de, hakyky seždäni höwes bilen goldandygy ýarady. Olar wagtyny hem güýjüni gaýgyrmadylar. Mukaddes Ýazgylarda «ähli ukyply çeper elli aýallar» barada hem aýdylýar. «Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler». Ýehowa Besalele «dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi». Görşümiz ýaly, Hudaý Besalele we Ohaliýaba çadyrdaky ähli işleri ýerine ýetirmek üçin ukyp berdi (Müs. çyk. 35:25, 26, 30—35).

Ýehowa ysraýyllylaryň her biriniň hakyky sežde üçin sadakany «ýüreginden besläp» berjekdigine ynanýardy. Ysraýyllylar sadakasyny höwes bilen berendigi üçin bereket alyp, begendiler. Ýehowa islegini höwes bilen berjaý edýän gullukçylarynyň ukybyny we tejribesini artdyrýandygyny görkezdi (Zeb. 34:9). Biz hem öz bähbidimizi gözlemän Ýehowa gulluk etsek, bol bereket alarys.