Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Alan bereketleriň gadyryny bilýärmiň?

Alan bereketleriň gadyryny bilýärmiň?

«Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk». 1 KOR. 2:12

1. Käwagt biz nämä göz ýetirýäris?

KÖP adamlar «gadyr-gymmat ýitgi arkaly aýan bolýar» diýen nakyly bilýär. Käte senem şu sözleriň dogrudygyna göz ýetirýänsiň. Köplenç adamlar çagalygyndan alýan zatlarynyň gadyryny bilmeýärler. Meselem, baý maşgalada ulalan çaga ähli zadyna bolmalysy ýaly garaýar. Ýa-da ýaşlaryň tejribesi bolmansoň, durmuşda nämäniň has gymmatlydygyna düşünmeýärler.

2, 3. a) Ýaş mesihçiler nämeden gaça durmaly? b) Hudaýyň beren bereketleriniň gadyryny bilmäge näme kömek eder?

2 Sen ýigrimi ýaşlaryňda bolsaň, seniň üçin näme wajyp? Şu günler ýaşlaryň aglabasy köp gazanç etmek, gowy jaý edinmek we soňky çykan enjamlary satyn almak ugrunda kowalaşýarlar. Senem şu zatlara kowalaşýan bolsaň, wajyp zady, ýagny Hudaý bilen gatnaşygyňy gözden salýarsyň. Gynansak-da, şu günler köp adamlaryň Hudaý bilen gatnaşygy ýok. Sen mesihçi maşgalada terbiýe alan bolsaň, alan ruhy mirasyňy ýitirmekden ägä bol (Mat. 5:3). Hudaýyň beren bereketleriniň gadyryny bilmeseň, bütin ömrüňe onuň ajy miwesini dadarsyň.

3 Emma sen bu zatlaryň öňüni alyp bilersiň. Ruhy mirasyň gadyryny bilmäge saňa näme kömek eder? Geliň, Mukaddes Ýazgylardan käbir mysallara seredeliň. Olar bize ruhy mirasymyzyň gadyryny bilmäge kömek eder. Bu mysallar diňe bir ýaşlara däl, eýsem ähli mesihçilere-de peýdaly bolar.

OLAR BEREKETLERINIŇ GADYRYNY BILMEDILER

4. 1 Şamuwel 8:1—5-nji aýatlarda Şamuweliň ogullary barada näme diýilýär?

4 Biz Mukaddes Ýazgylardan baý ruhy mirasynyň gadyryny bilmedik adamlar barada okaýarys. Şamuwel pygamber çagalygyndan Ýehowa gulluk edip, hemişe oňa wepalydy (1 Şam. 12:1—5). Ol ogullary Ýowel bilen Abyýa gowy görelde görkezse-de, olar oňa eýermediler. Olar alan bereketleriniň gadyryny bilmediler we erbetlige baş goşdular. Mukaddes Ýazgylarda olaryň kakasyna meňzemändigi we «adalatdan ýüz döndürendigi» aýdylýar (1 Şamuwel 8:1—5-nji aýatlary okaň) *.

5, 6. Ýoşyýanyň ogullary we agtygy nämeden ýüz öwürdiler?

5 Ýoşyýa patyşanyň ogullary hem Şamuweliň ogullary ýaly kakasynyň göreldesine eýermedi. Ýoşyýa Ýehowany söýüp, oňa wepaly gulluk edýärdi. Hudaýyň kanun kitabyny tapyp, Ýoşyýa okap berenlerinde, ol Ýehowanyň tabşyryklaryny yhlasly ýerine ýetirdi. Ol ýurtda butparazlygy, jadygöýligi we palçylygy ýok edip, halky Ýehowa tabyn bolmaga çagyrdy (2 Pat. 22:8; 23:2, 3, 12—15, 24, 25). Ol ogullaryna, gör, nähili baý ruhy mirasy galdyrdy! Ýoşyýanyň üç ogly we agtygy patyşa bolansoň, onuň gymmat saýýan zatlarynyň gadyryny bilmediler.

6 Ýoşyýanyň ogly Ýehowahaz patyşa bolanda, «Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi». Ol diňe üç aý höküm sürdi. Soňra Müsür patyşasy ony sürgün edýär we ol şol ýerde ölýär (2 Pat. 23:31—34). Ondan soň dogany Ýehoýakim 11 ýyl höküm sürdi. Ol hem kakasynyň galdyran ruhy mirasynyň gadyryny bilmedi. Ýehoýakim erbet patyşa bolany üçin, Ýermeýa ol barada: «Eşek gömen ýaly edip gömerler» diýip pygamberlik etdi (Ýer. 22:17—19). Ýoşyýanyň beýleki mirasdüşerleri ogly Sidkiýa we agtygy Ýehoýakin erbetdiler. Olaram Ýoşyýanyň ýoly bilen ýöremediler (2 Pat. 24:8, 9, 18, 19).

7, 8. a) Süleýman patyşa ruhy mirasynyň gadyryny bilmeýändigini nädip görkezdi? b) Ruhy mirasynyň gadyryny bilmedik adamlardan nähili sapak edinse bolar?

7 Süleýman patyşa hem kakasy Dawutdan baý ruhy mirasy alypdy. Başda ol gowy höküm sürse-de, soňra alan ruhy mirasynyň gadyryny bilmedi. «Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady» (1 Pat. 11:4). Şol sebäpli Süleýman Hudaýyň merhemetinden mahrum boldy.

8 Ýokarda aýdylan adamlaryň hemmesinde Ýehowany tanamaga we dogry işleri etmäge mümkinçiligi bardy. Gynansak-da, olar şol mümkinçiligi elden gidirdiler. Emma gadymy döwürdäki we häzirki ýaşlaryň köpüsi ruhy mirasyny gymmat saýýarlar. Geliň, gowy görelde görkezen birnäçe ýaşlaryň mysalyna seredeliň.

OLAR BEREKETLERINIŇ GADYRYNY BILDILER

9. Nuhuň ogullary nähili görelde galdyrdy? (Makalanyň başyndaky surata serediň)

9 Nuhuň ogullary bize gowy görelde galdyrdy. Olar kakasyna gämini gurmaga kömek etdiler. Olar Ýehowa gulak asmagyň wajypdygyna düşünip, Tupan başlamazdan öň gämä girdiler (Gel. çyk. 7:1, 7). Netijede näme boldy? Gelip çykyş 7:3-de aýdylyşy ýaly, olar haýwanlary gämä salyp, «olaryň tohumlaryny ýer ýüzünde diri saklady». Adamlaram halas boldy. Nuhuň ogullary kakasyna gulak asandygy üçin, adamzat neslini dowam etdirdi we arassa ýerde hakyky seždäni dikeltdi (Gel. çyk. 8:20; 9:18, 19).

10. Dört ýaş ýewreý ýigidi öwrenen hakykatynyň gadyryny bilýändigini nädip görkezdiler?

10 Birnäçe asyrdan soň dört ýaş ýewreý ýigidi öwrenen zatlarynyň gadyryny bilýändigini görkezdiler. B. e. öň 617-nji ýylda Hananýa, Mişaýyl, Azarýa we Danyýel Babyla sürgün edildi. Olar görmegeý, akylly bolany üçin Babylda üstünlik gazanyp bilerdi. Ýöne olar babyllylaryň durmuş ýoluny saýlamady. Näme üçin? Sebäbi olar alan ruhy mirasyny gymmat saýýardy. Olaryň dördüsi hem kiçiliginden alan ruhy mirasyna eýerendigi üçin bol bereket aldy (Danyýel 1:8, 11—15, 20-nji aýatlary okaň) *.

11. Isanyň ruhy mirasy adamlara nähili peýda getirdi?

11 Isa Mesih ruhy mirasyny gymmat saýmakda ajaýyp görelde görkezdi. Ol Atasyndan köp zatlary öwrenip, olaryň gadyr-gymmatyny bilýärdi. Isa: «Diňe Atanyň Maňa öwredenlerini aýdýaryn» diýmek bilen öwrenen zatlaryny gymmat saýýandygyny görkezdi (Ýahýa 8:28). Ol ruhy mirasynyň adamlara-da peýda getirmegini isledi. Ol: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» diýdi (Luka 4:18, 43). Zalym dünýädäki adamlaryň Hudaý barada hakykaty gymmat saýmaýandygy üçin Isa şägirtlerine «dünýäden» bolmazlygy maslahat berdi (Ýahýa 15:19).

SEN BEREKETLERIŇ GADYRYNY BILÝÄRMIŇ?

12. a) 2 Timoteos 3:14—17-nji aýatlar näme üçin häzirki köp ýaşlara degişli? b) Ýaş mesihçiler özüne nähili soraglary bermeli?

12 Ýokarda aýdylan ýaşlar ýaly, belki, senem Ýehowany söýýän ene-ataňdan ruhy mirasy alansyň. Onda seniň ýagdaýyň Mukaddes Ýazgylarda aýdylan Timoteosyňka meňzeýär (2 Timoteos 3:14—17-nji aýatlary okaň). Ene-ataň saňa Ýehowa barada we ony nädip begendirip bolýandygy barada öwredendirler. Belki, ene-ataň saňa bäbeklikden öwredip başlandyr. Bu bolsa saňa «Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi» we Hudaýa gulluk etmäge «taýyn» bolmaga öwredendir. Sen alan ruhy mirasyňy gymmat saýýandygyňy görkezersiňmi? Özüňi barlamak üçin şeýle soraglary ber: Men wepaly şaýatlaryň hataryndadygyma nähili garaýaryn? Şu günler ýer ýüzünde Ýehowany tanaýan az sanly adamlaryň arasynda bolasym gelýärmi? Hakykaty bilýändigimi gymmat saýýarynmy?

Sen wepaly şaýatlaryň hataryndadygyňa nähili garaýarsyň? (9, 10, 12-nji abzaslara serediň)

13, 14. Käbir ýaş mesihçiler nämäni dadyp görmek isleýärler, emma muny etmek näme üçin akylsyzlyk bolardy? Mysal getiriň.

13 Mesihçi maşgalada terbiýelenen ýaşlaryň käbiri ruhy jennet bilen Şeýtanyň garaňky dünýäsiniň tapawudyny görmeýärler. Hatda olaryň käbiri zalym dünýäniň lezzetini dadyp görmek isleýär. Emma saňa zeper ýetjekdigini ýa-da öljekdigiňi barlap görmek üçin, özüňi maşynyň öňüne oklarsyňmy? Elbetde, ýok! Şonuň ýaly-da zalym dünýäniň «çendenaşa ahlaksyzlygyna» baş goşup, nähili derejede zyýan çekjekdigiňizi barlap görmäň (1 Pet. 4:4).

14 Aziýada ýaşaýan Jener atly oglan mesihçi maşgalada ulaldy. Ol 12 ýaşynda suwda çokundyrylypdy. Emma ýetginjek ýaşynda ol dünýädäki zatlara höwes edip başlaýar. Jener: «Men dünýädäki „erkinligi“ dadyp göresim geldi» diýýär. Ol ikiýüzlülige baş goşup, 15 ýaşynda erbet oglanlar bilen dostlaşýar. Ol dostlary ýaly spirtli içgileri içip, hapa sözleri aýdýar. Jener köplenç dostlary bilen bilýard we zalym kompýuter oýunlaryny oýnap, öýüne giç gelýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen ol dünýädäki özüne çekýän zatlaryň hiç hili şatlyk bermeýändigine göz ýetirdi. Onuň üçin durmuşy manysyz boldy. Indi ol ýygnaga dolanyp, şeýle diýýär: «Men şu günlerem köp kynçylyklara duş gelýärin, emma Ýehowanyň berýän bereketleri ondanam köp».

15. Mesihçi maşgalada ulalmadyk ýaşlar nämäni unutmaly däl?

15 Elbetde, ýygnakda mesihçi maşgalada ulalmadyk ýaşlaram bar. Eger senem şolaryň biri bolsaň, Ýehowany tanap oňa gulluk edýändigiňe begenip bilersiň! Ýer ýüzünde milliardlarça adamlar ýaşaýar. Ýehowa ýakynlaşyp Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmek uly bereketdir (Ýahýa 6:44, 45). Şu günler müň adamdan diňe biri hakykat bilimini alýar. Olaryň arasynda senem bar. Hakykaty nädip bilendigimize garamazdan, ählimiz şatlanmaly dälmi näme? (1 Korintoslylar 2:12-ni okaň). Jener dogan şeýle diýýär: «Älem-jahanyň eýesi Ýehowany tanar ýaly men kim? Bu barada oýlananymda gorkýaryn» (Zeb. 8:4). Şol ýerde ýaşaýan uýamyz şeýle diýdi: «Mugallym okuwçylaryny tananda, olar örän begenýär. Iň beýik mugallym Ýehowanyň bizi tanamagy uly hormatdyr!»

SEN NÄME EDERSIŇ?

16. Şu günler ýaş mesihçiler nähili karara gelmeli?

16 Eger sen ýaş bolsaň, alan ajaýyp bereketleriňi göz öňünde tutup, dogry işleri edýän adamlaryň arasynda bolmagy ýüregiňe düwersiňmi? Munuň üçin gadymy döwürdäki Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýer. Zalym dünýäde isleýän zadyny edýän, ýöne gelejegi bolmadyk ýaşlara meňzejek bolma (2 Kor. 4:3, 4).

17—19. Dünýäden tapawutlanmak näme üçin paýhasly?

17 Elbetde, zalym dünýäden tapawutlanmak hemişe aňsat däl. Eger tapawutlansaň, paýhasly hereket edersiň. Mysal üçin, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýän türgen barada oýlanyp gör. Ol maksadyna ýetmek üçin deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Türgen wagtyny alýan we ünsüni sowýan zatlardan gaça durýar. Ol türgenleşmek we maksadyna ýetmek üçin başgalardan tapawutlanmaga çekinmeýär.

18 Ýehowanyň gullukçylary dünýädäki ýaşlardan tapawutlylykda edýän işleriniň netijesi barada oýlanýar. Siz Ýehowa bilen gatnaşygyňyzy bozýan ahlaksyzlykdan gaça dursaňyz, «soňsuz ýaşaýşa eýe bolarcyňyz» (1 Tim. 6:19). Ýokarda agzalan uýa şeýle diýýär: «Ynanýan zatlaryňa görä ýaşasaň, günüň ahyrynda özüňi bagtly duýýarsyň. Bu Şeýtanyň dünýäsine garşy durup bilýändigiňi görkezýär. Galyberse-de, Ýehowanyň saňa ýylgyryp, guwanýandygyny göz öňüne getireniňde, başgalardan tapawutlanýandygyňa begenýärsiň!»

19 Eger sen dünýädäki zatlara kowalaşsaň, durmuşyň manysyz bolar (Wag. 9:2, 10). Şol sebäpli sen durmuşyň manysyna we gelejekde ebedi ýaşamaga mümkinçiligiň bardygyna düşünmeli. Eger sen muňa düşünseň, «özge milletleriň gezişi ýaly» gezmersiň. Şonda seniň durmuşyň manyly bolar (Efes. 4:17; Mal. 3:18).

20, 21. Biz dogry karara gelsek gelejegimize nähili täsir eder? Emma Ýehowa bizden näme talap edýär?

20 Eger biz dogry karara gelsek, häzirden durmuşymyz manyly bolar we «ýeri miras alyp», onda ebedi ýaşarys. Biz aljak ajaýyp bol bereketleri göz öňüne getirip bilmeýäris (Mat. 5:5; 19:29; 25:34). Hudaý bu bereketleri hemmelere bermez. Ol bizden käbir zatlary talap edýär (1 Ýahýa 5:3, 4-nji aýatlary okaň). Aljak bereketlerimiz Ýehowa wepaly gulluk etmek üçin edýän tagallamyza degýär!

21 Ýehowa bize häzirden ençeme bereketleri berýär. Biz onuň Sözünden dogry bilim alyp, onuň niýeti we özi barada hakykaty bildik. Biz onuň adyny göterýändigimize we Şaýadydygymyza begenýäris. Hudaý biziň tarapymyzda boljakdygyny wada berýär (Zeb. 118:7). Geliň, ýaşymyza garamazdan, ählimiz ruhy mirasymyzyň gadyryny bileliň we Ýehowany «baky şöhratlandyralyň» (Rim. 11:33—36; Zeb. 33:12).

^ abzas 4 1 Şamuwel 8:1 Şamuwel garrap, ýaşy bir çene baransoň, öz ogullaryny Ysraýyla serdar goýdy. 2 Onuň uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniň ady bolsa Abyýady. Olar Beýerşebanyň serdarydylar. 3 Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler. 4 Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: 5 «Indi seniň-ä ýaşyň bir çene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki halklarda bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.

^ abzas 10 Danyýel 1:8 Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi. 11 Soňra Danyýel baş gözegçiniň özüniň, Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň üstünden goýan sakçysyndan haýyş edip, şeýle diýdi: 12 «Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin. 13 Şundan soň sen biziň ýüzümizi köşk saçagyndan iýýän beýleki ýigitleriň ýüzi bilen deňeşdirip bilersiň we öz gullaryňa näme etmegi isleseň, gözel göwnüň». 14 Şeýdip, sakçy bu pikir bilen ylalaşyp, olary on gün synap gördi. 15 On günden soň bu dört ýigit köşk saçagyndan naharlanýanlaryň hemmesinden has görmegeý we daýaw göründiler. 20 Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.