Ol «ýoluny bilýärdi»
ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARYNYŇ Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gaý Hollis Pirs 2014-nji ýylyň mart aýynyň 18-ine sişenbe güni 79 ýaşynda ýerdäki ýaşaýşyny tamamlady. Ol Isanyň doganlarynyň biri bolany üçin direlip, gökdäki sylagyny aldy (Ýew. 2:10—12; 1 Pet. 3:18).
Gaý Pirs 1934-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-syna ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Obern şäherinde dünýä indi we 1955-nji ýylda suwda çokundyryldy. 1977-nji ýylda bolsa, ol Penni uýa öýlenip, çagalaryny ulaldyp ýetişdirdi. Gaý Pirs gowy maşgalabaşy bolandygy sebäpli, başgalar üçin hem ata ýalydy. 1982-nji ýylda ol aýaly bilen pioner gullugyna başlaýar. 1986-njy ýyldan bolsa, ABŞ-da 11 ýyl aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýär.
1997-nji ýylda Gaý we Penni Pirsi ABŞ-nyň Beýteline gulluk etmäge çagyrdylar. Pirs dogan Gulluk bölüminde işledi. 1998-nji ýylda bolsa, ony Ýolbaşçylyk maslahatynyň kadrlar komitetiniň kömekçisi edip bellediler. 1999-njy ýylyň oktýabr aýynyň 2-sine geçirilen Garawul diňi we kitapçalar jemgyýetiniň (Pensilwaniýa) ýyllyk duşuşygynda Pirs doganyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy edip bellenendigi barada bildiriş edildi. Ol soňky ýyllarda kadrlar, ýazyjylar, neşirýat we koordinatorlar komitetlerinde gulluk etdi.
Pirs doganyň mähirli ýylgyryşy we ýerlikli degişmeleri dürli milletdäki we medeniýetdäki adamlary özüne çekýärdi. Dogan-uýalar, esasanam, onuň söýgüsi, kiçigöwünliligi, Hudaýyň dogry kada-kanunlaryna hormat goýýandygy we Ýehowa bolan berk imany üçin gowy görýärdiler. Gaý Pirs gün ýaşmasa-da, Ýehowanyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigini aýdýardy we muny adamlaryň bilmegini isleýärdi.
Pirs dogan köplenç ir ertirden giç agşama çenli işläp, Ýehowa erjellik bilen gulluk edýärdi. Ol bütin dünýä aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyrýardy. Pirs dogan işlidigine garamazdan, beýtelçilere-de, beýleki dogan-uýalara-da maslahat bermek we kömek etmek üçin wagt tapýardy. Dogan-uýalar onuň myhmansöýerligini, dostlukly gatnaşygyny we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ruhlandyrandygyny häli-şindi ýatlaýarlar.
Mähriban dostumyz Pirs doganyň yzynda aýaly, 6 çagasy, agtyklary, çowluklary we ruhy çagalary galdy. 2014-nji ýylyň mart aýynyň 22-sine şenbe güni Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Mark Sanderson Bruklindäki Beýtelde Pirs dogany ýatlap, nutuk bilen çykyş etdi. Ol nutugynda Pirs doganyň gökdäki umydy barada aýdyp, Isanyň şu sözlerini okady: «Atamyň öýünde mesgenler köpdür... Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin. Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz» (Ýahýa 14:2—4).
Pirs dogan, elmydama, biziň ýadymyzda bolar. Biz onuň barjak «ýoluny bilendigine» begenýäris.