Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gelen kararyňy üýtgetmelimi?

Gelen kararyňy üýtgetmelimi?

BIRNÄÇE ýaş mesihçi kino görmäge gitmekçi bolýar. Sebäbi olar mekdepde köp deň-duşlaryndan şol kinonyň gowudygyny eşidýärler. Olar kinoteatra gelenlerinde, afişada uly ýaragyň we ýarym-ýalaňaç geýnen aýallaryň suratyny görýärler. Olar näme ederler? Her nämede bolsa, kinony görerlermi?

Biz her gün Ýehowa bilen dostlugymyzy berkidýän ýa-da bozýan kararlara gelmeli bolýarys. Käwagt sen bir zady etmegi ýüregiňe düwensoň, ol barada köpräk oýlanyp, pikiriňi üýtgetmegiň mümkin. Bu seniň karara gelip bilmeýändigiňi aňladýarmy? Ýa-da ony üýtgetmek dogrumy?

Haçan kararyňy üýtgetmeli däl

Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin, oňa özümizi bagyş edip, suwda çokundyryldyk. Şol sebäpli oňa ýürekden wepaly bolmak isleýäris. Ýöne ganym duşmanymyz Şeýtan Iblis bizi Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar (Ylh. 12:17). Biz Ýehowa gulluk edip, onuň tabşyryklaryny berjaý etmegi berk ýüregimize düwdük. Biz özümizi Ýehowa bagyş edensoň, pikirimizi üýtgetsek, nähili gynançly bolardy! Sebäbi bu ölüme eltýär.

2 600 ýyl mundan öň Babylyň patyşasy Nebukadnesar uly altyn heýkel ýasap, ähli adamlara onuň öňünde dyza çöküp, sežde etmegi buýurýar. Muňa gulak asmadyk adam ýanyp duran peje taşlanmalydy. Ýehowanyň üç gullukçysy Şadrak, Meýşak we Abednego heýkele sežde etmediler. Şol sebäpli olary ýanyp duran peje okladylar. Ýehowa olary gudrat bilen halas etdi, sebäbi olar Hudaýa gulluk etmegi ýüregine berk düwüp, janyny howp astyna saldylar (Dan. 3:1—27).

Danyýel pygamber hem ýolbarsly çukura taşlanjagyny bilse-de, erjellik bilen doga etdi. Ol endigi boýunça günde üç gezek Ýehowa doga edýärdi. Danyýel Hudaýa sežde etmek üçin gelen kararyny üýtgetmedi. Şol sebäpli Ýehowa ony «ýolbarsyň penjesinden» halas etdi (Dan. 6:1—27).

Şu günlerem Hudaýyň gullukçylary oňa beren wadasyna görä ýaşaýarlar. Afrikanyň bir mekdebinde Ýehowanyň ýaş gullukçylary baýdaga sežde etmediler. Şonuň üçin olara mekdepden kowuljakdygyny aýtdylar. Birnäçe wagtdan olaryň şäherine bilim ministri gelip, birnäçe ýaş mesihçiler bilen gürrüňdeş bolýar. Şol ýaş mesihçiler gorkman, ýumşaklyk bilen oňa garaýşyny düşündirdiler. Şondan bäri olary baýdaga sežde etmäge mejbur etmeýärler we olar arkaýyn mekdebe barýarlar.

Indi Ýusup doganyň mysalyna seredeliň. Onuň aýaly rak keseli sebäpli aradan çykýar. Ýusubyň dogan-garyndaşlary merhumy jaýlamak babatda onuň garaýşyna düşünip, hormat goýýardylar. Emma aýalynyň dogan-garyndaşlary hakykatda bolmansoň, Hudaýa ýaramaýan käbir däpleri berjaý etjek boldular. Ýusup dogan şeýle gürrüň berýär: «Men olar bilen ylalaşmansoň, çagalarymy yrjak boldular, olaram berk durdular. Aýalymyň dogan-garyndaşlary öýümizde merhumyň hatyrasyna pata berjek bolanlarynda, men olara öýümde däl-de, başga ýerde ediň diýdim. Olar biziň pata bermeýändigimizi bilýärdiler, şol sebäpli köp gürrüňdeşlikden soň, başga ýerde pata berdiler.

Şol kyn döwür men Ýehowadan maşgalamyň onuň kanunyny bozmaz ýaly kömek etmegini diledim. Ol dogalaryma jogap berip, synagda berk durmaga kömek etdi». Ýusup we onuň çagalary imany babatda garaýşyny üýtgetmediler.

Haçan kararyňy üýtgetse bolýar

B. e 32-nji ýylynda Pesah baýramyndan soň Isa Saýda etrabyna gelende, onuň ýanyna bir kenganly aýal barýar. Ol Isadan gyzynyň içinden jyny kowmagy birnäçe gezek haýyş edýär. Isa, ilki, oňa hiç hili jogap bermeýär. Ol şägirtlerine: «Men diňe Ysraýyl öýüniň ýitirim bolan goýunlaryna iberildim» diýýär. Kenganly aýal ýalbaryp duransoň, Isa oňa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýip jogap berdi. Şonda aýal berk imanynyň bardygyny görkezip: «Hawa, ýa Reb, ýöne itler hem eýeleriniň saçagyndan gaçan çörek owuntyklaryny iýýändir» diýdi. Isa onuň gyzyny sagaldyp, haýyşyny bitirdi (Mat. 15:21—28).

Şeýtmek bilen Isa Ýehowanyň göreldesine eýerdi. Sebäbi käbir ýagdaýlarda Ýehowa mümkin bolsa pikirini üýtgedýärdi. Meselem, ysraýyllylar altyn göle ýasanda, Ýehowa olary ýok etmekçidi, emma Musa haýyş edensoň, pikirini üýtgetdi (Müs. çyk. 32:7—14).

Pawlus resul hem Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýerdi. Bir gezek Pawlus resul missioner syýahatyna Ýahýany, ýagny Markusy alyp gitmek islemeýär. Sebäbi ol ilkinji missioner syýahatynda Pawlus bilen Barnabasy taşlap gidýär. Emma soňra Pawlus Markusyň ruhy taýdan ýetişendigine we kömek edip biljekdigine göz ýetirýär. Şol sebäpli Pawlus Timoteosa: «Markusy alyp gaýt. Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger» diýýär (2 Tim. 4:11).

Biz bu wakalardan näme öwrenip bileris? Biz rehimdar, sabyrly we söýgüden doly gökdäki Atamyzdan görelde alsak, adamlar barada pikirimizi üýtgedip bileris. Ýehowa bilen Isadan tapawutlykda biz bikämildiris. Eger olar pikirini üýtgeden bolsa, biz hem adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, pikirimizi üýtgetmeli dälmi näme?

Ruhy maksatlary goýanymyzda garaýşymyzy üýtgetsek gowy bolar. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, ýygnak duşuşyklaryna barsa-da, suwda çokundyrylmaga ýaýdanýar. Käbir dogan-uýalaryň pioner gullugyna başlamaga mümkinçiligi bolsa-da, ikirjiňlenýär. Käbir doganlar ýygnakda jogapkärli borçlary alasy gelmeýän ýaly görünýär (1 Tim. 3:1). Senem şolaryň birimi? Ýehowa seniň şu maksatlaryňa ýetmegiňi ýürekden isleýär. Ýehowa we adamlara şatlyk bilen gulluk eder ýaly garaýşyňy üýtgedip bilermiň?

Siz pikiriňizi üýtgetseňiz, bereket alarsyňyz

Afrikanyň Beýtelinde gulluk edýän Ella uýa şeýle diýýär: «Beýtele gelenimde, uzak wagt gulluk ederin öýtmeýärdim. Ýehowa ýürekden gulluk etmek islesem-de, maşgalamy gaty gowy görýärdim. Başda men maşgalamy örän küýseýärdim! Emma meniň bilen bile ýaşaýan uýa ruhlandyrýandygy üçin, Beýtelde galmagy ýüregime düwdüm. Häzir men Beýtelde on ýyldan bäri gulluk edýärin we mümkin boldugyndan dogan-uýalara hyzmat eder ýaly bu ýerde köpräk gulluk etmek isleýärin».

Haçan kararyňy üýtgetmeli

Kabyl doganyna göripçilik edip, gahar-gazaba münende, näme bolandygy ýadyňa düşýärmi? Hudaý merhemetini gazanar ýaly, oňa ýagşy işleri etmegi maslahat berýär. Hudaý Kabyla günäniň «bosagada» durandygyny we oňa agalyk etmelidigini aýdýar. Kabyl garaýşyny we niýetini üýtgedip bilse-de, Hudaýyň maslahatyna gulak asmady. Gynansak-da, Kabyl doganyny öldürip, ilkinji ganhor boldy (Gel. çyk. 4:2—8).

Kabyl pikirini üýtgeden bolsa näme bolardy?

Uzyýa patyşanyň mysalyna seredeliň. Başda ol Hudaýy agtaryp, onuň öňünde dogry işleri edýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen tekepbir bolandygy üçin öňki eden ýagşy işleri biderek boldy. Ol ruhany bolmasa-da, ybadathanada ýakymly ysly tütetgini ýakdy. Ruhanylar muny etmeli däldigini duýduranda ol pikirini üýtgetdimi? Ýok, üýtgetmedi. Uzyýa «gazaplanyp», olara gulak asmady. Şol sebäpli Ýehowa ony heýwere keseline ýolukdyrdy (2 Ýyl. 26:3—5, 16—20).

Käwagt bizem garaýşymyzy üýtgetmeli bolýarys. Bir mysala seredeliň. Ioahim dogan 1955-nji ýylda suwda çokundyrylýar, emma 1978-nji ýylda ol ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Ol 20 ýyldanam köp wagt geçensoň, toba edip, ýene-de Ýehowanyň Şaýady boldy. Ýaňy-ýakynda bir ýaşuly onuň näme üçin köp wagtlap yzyna dolanmandygyny soranda, ol şeýle jogap berdi: «Men gaharlydym we tekepbirdim. Indi bolsa şonça wagtlap gaýdyp gelmänime ökünýärin. Men ýygnak gatnaşygyndan kesilsem-de, Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigini bilýärdim». Ioahim dogan garaýşyny üýtgedip, toba etmelidi.

Bizem käwagt garaýşymyzy we gelen kararlarymyzy üýtgetmeli bolýarys. Muny etsek, Ýehowany begendireris (Zeb. 34:8).