Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Isanyň tymsallaryna düşünýärsiňizmi?

Siz Isanyň tymsallaryna düşünýärsiňizmi?

«Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy». LUKA 24:45

1, 2. Isa direlen güni şägirtlerini nädip ruhlandyrdy?

ISANYŇ direlen güni iki şägirdi Iýerusalimden takmynan 11 kilometr aralykda ýerleşýän oba barýardy. Olar Isanyň ölendigine gaty gynanýardy, sebäbi onuň direlendigini bilmeýärdi. Birden Isa peýda bolup, olar bilen bile ýöräp gitdi. Isa şägirtlerine nädip göwünlik berdi? Ol «Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi» (Luka 24:13—15, 27). Isanyň şägirtleri Ýazgylara düşünende «ýürekleri ýandy» (Luka 24:32).

2 Şol iki şägirt agşam Iýerusalime dolananda, resullary tapyp, bolan zatlary gürrüň berdi. Iki şägirt gürrüň berip durka, Isa olaryň hemmesine göründi. Emma resullar gorkup, ýüreklerinde şübhe döredi. Isa olary nädip ruhlandyrdy? Injilde: «Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy» diýilýär (Luka 24:45).

3. Ýehowa gulluk edenimizde näme sebäpden ruhdan düşmegimiz mümkin, emma şatlygymyzy ýitirmez ýaly näme etmeli?

3 Käwagt bizem Isanyň şägirtleri ýaly ruhdan düşmegimiz mümkin. Biz Isanyň tabşyran işini berjaý etsek-de, netijesini görmän ruhdan düşýändiris (1 Kor. 15:58). Ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam ruhy taýdan ösmeýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Hatda käbirleri Ýehowany inkär edýärler. Biz wagyzda şatlygy ýitirmez ýaly näme etmeli? Munuň üçin Isanyň tymsallaryna düşünmeli. Geliň, üç tymsala we olardan näme öwrenip bolýandygyna seredeliň.

EKIN TYMSALY

4. Isanyň ekin tymsaly nämäni aňladýar?

4 (Markus 4:26—29-njy aýatlary okaň). Isanyň ekin tymsaly nämäni aňladýar? Tohum sepýän adam wagyzçylary, tohumyň özi bolsa, akýürekli adamlara wagyz edilýän hoş habary aňladýar. Tohum sepen adam «gije-gündiz ýatyp, turup» gündeki zatlary edýär. Tohum ekilenden soň, hasyl berýänçä wagt geçýär. Şol döwür «tohum bitýär, ösýär». Ol «toprakda» kem-kemden ösýär. Adamyň ruhy taýdan ösüşi hem şeýle bolýar. Ol ruhy taýdan ösdügi saýyn Hudaýa gulluk etmek isleýär we özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyrylyp «hasyl berýär».

5. Isa näme üçin ekin tymsalyny getirdi?

5 Isa näme üçin bu tymsaly getirdi? Isa bize Ýehowanyň diňe «mynasyp» adamlaryň ýüreginde hakykat tohumyny ösdürýändigini düşündirjek boldy (Res. iş. 13:48; 1 Kor. 3:7). Biz tohumy ekip suwarsak-da, ony ösdürmeýäris. Biz ony mejbur edip ýa-da çalt ösdürip hem bilmeýäris. Biz tymsaldaky adam ýaly köplenç gündeki işler bilen meşgul bolup, onuň nädip ösýändigini görmeýäris. Wagtyň geçmegi bilen Patyşalyk tohumy hasyl berýär. Soňra täze şägirtler biziň bilen bile orak işine gatnaşyp, kömek edýärler (Ýahýa 4:36—38).

6. Adamyň ruhy ösüşi babatda biz nämä düşünmeli?

6 Biz bu tymsaldan näme öwrenýäris? Birinjiden, biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamyň ruhy ösüşini görüp bilmeýändigimize düşünmeli. Biz oňa kömek etmek üçin elimizde baryny edip, goldasak-da, ony suwda çokundyrylmaga mejbur etmeli däl. Muny adamyň özi çözýändigini biz kiçigöwünlilik bilen boýun almaly. Adam Ýehowany ýürekden söýüp, oňa özüni bagyş etse, şonda Hudaý razy bolýar (Zeb. 51:12; 54:6; 110:3).

7, 8. a) Isanyň ekin tymsalyndan näme öwrenýäris? Mysal getiriň. b) Tymsaldan Ýehowa we Isa barada nämäni bildik?

7 Ikinjiden, bu tymsaldan edýän işimiziň netijesini birbada görmesek-de, ruhdan düşmezligi öwrenýäris. Biz sabyrly bolmaly (Ýakup 5:7, 8). Biz okuw geçýän adama kömek etmek üçin elimizde baryny edendigimize garamazdan, onuň ýüreginde hakykat tohumy ösmese, bu biziň gowy mugallym däldigimizi aňlatmaýar. Ýehowa düzelmäge taýyn bolan kiçigöwünli adamlaryň ýüreginde hakykat tohumyny ösdürýär (Mat. 13:23). Şol sebäpli okuw geçen adamlaryň näçesiniň suwda çokundyrylandygy esasynda wagyz gullugymyza baha bermeli däl. Galyberse-de, Ýehowa biziň gowy gulluk edýändigimizi okuw geçýän adamlaryň seslenişine görä kesgitlemeýär. Ol biziň ýürekden edýän tagallamyzy gymmat saýýar (Luka 10:17—20; 1 Korintoslylar 3:8-nji aýatlary okaň).

8 Üçünjiden, biz okuw geçýän adamyň üýtgeýändigini görmesek alada etmeli däl. Mysal üçin, bir är-aýal missioner dogan bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär. Olar dogana wagyzçy bolmak isleýändigini aýdanlarynda, ol, ilki bilen, çilimi taşlamalydygyny ýatladýar. Är-aýal çilimi taşlanyna birnäçe aý bolandygyny aýdanda, dogan haýran galýar. Olar çilimi näme üçin taşlady? Sebäbi ony gizlin çekseler, Ýehowanyň görýändigini we ikiýüzlüligi ýigrenýändigini bildiler. Şol sebäpli olar çilimi diňe missioneriň ýanynda çekmezligi däl-de, ony asla taşlamagy ýüregine berk düwdüler. Är-aýalyň Hudaýa bolan söýgüsi dogry karara gelmäge kömek etdi. Missioner olaryň düzelendigini görmese-de, är-aýal ruhy taýdan ösdi.

TOR TYMSALY

9. Tor tymsaly nämäni aňladýar?

9 Matta 13:47—50-nji aýatlary okaň. Isanyň tor tymsaly nämäni aňladýar? Deňze taşlanan uly tor ähli adamlara hoş habaryň wagyz edilmegini aňladýar. Tora dürli balyklaryň düşüşi ýaly, hoş habara her dürli adamlar seslenýär (Iş. 60:5). Her ýyl ençeme adamlar kongreslere we Ýatlama agşamyna gelýär. Olaryň köpüsi göçme manyda «oňat» balyk bolup, mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolýarlar. Beýlekiler bolsa, «erbet» balyk bolup, Ýehowanyň halkyna goşulmaýar.

Matta 13:47—50-nji aýatlary okap...

10. Isa näme üçin tor tymsalyny getirdi?

10 Isa näme üçin tor tymsalyny getirdi? Tymsalda balyklaryň saýlanmagy agyr muşakgatda boljak soňky hökümi aňlatmaýar. Bu zalym dünýäniň soňky günlerinde bolýan wakalary görkezýär. Isanyň aýtmagyna görä, hakykat bilen gyzyklanan adamlaryň hemmesi Hudaýyň tarapyna geçjekdigini aňlatmaýar. Köp adamlar ýygnak duşuşyklaryna barsa-da, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçse-de, özüni Hudaýa bagyş etmek islemeýärler (1 Pat. 18:21). Käbir adamlar ýygnak duşuşyklaryna gelmegini bes edýärler. Ýaşlaryň käbiri bolsa, mesihçi maşgalada terbiýelenendigine garamazdan, Ýehowany söýmegi öwrenmeýärler. Şeýle ýagdaýda Isa her bir adamyň özüniň karara gelmelidigini nygtady. Eger biz dogry karara gelsek, Ýehowa bize «hazyna» hökmünde garar (Hag. 2:7).

11, 12. a) Biz tor tymsalyndan näme öwrenýäris? b) Tymsaldan Ýehowa we Isa barada nämäni bildik?

11 Biz tor tymsalyndan näme öwrenýäris? Bu tymsala düşünsek biziň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam ýa-da çagalarymyz hakykat ýoluny saýlamasa-da, çendenaşa gynanyp, ruhdan düşmeris. Biz olara öwretmek üçin elimizde baryny etsegem, şeýle bolmagy mümkin. Adam Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşsa-da, ýa-da çaga hakykatda terbiýelense-de, onuň Ýehowa bilen dostlaşjakdygyny aňlatmaýar. Sebäbi olar Ýehowanyň häkimiýetine tabyn bolmak islemeýärler we onuň halkyna goşulmaýarlar.

Hakykaty kabul eden adamlaryň käbiri Ýehowanyň tarapyna geçýär (9—12-nji abzaslara serediň)

12 Hakykaty taşlan adam ýygnaga hiç haçan gaýdyp gelmezmi? Ýa-da Ýehowa özüni bagyş etmedik adamdan umydyňy üzmelimi? Ýok. Agyr muşakgat gelmänkä, her bir adamyň Hudaý bilen dostlaşmaga mümkinçiligi bar. Sebäbi Ýehowa olara: «Maňa tarap öwrüliň, Menem size tarap öwrülerin» diýip çagyrýar (Mal. 3:7). Isa hem muny ýiten ogul tymsaly arkaly düşündirdi (Luka 15:11—32-nji aýatlary okaň).

ÝITEN OGUL

13. Ýiten ogul tymsaly nämäni aňladýar?

13 Isanyň ýiten ogul tymsaly nämäni aňladýar? Tymsaldaky rehimdar ata biziň gökdäki söýgüden doly Ýehowa Atamyzy aňladýar. Ýygnakdan daşlaşan adamlar bolsa, mirasyny sowan ogla meňzedilýär. Olar Ýehowadan «daş ýurda», ýagny Şeýtanyň dünýäsine gidýär (Efes. 4:18; Kol. 1:21). Olaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen agyr günä edendigine düşünip, Ýehowanyň guramasyna dolanmak isleýär. Ýürekden toba edip, yzyna dolanan kiçigöwünli adamlary rehimdar Atamyz gujak açyp garşy alýar (Iş. 44:22; 1 Pet. 2:25).

14. Isa näme üçin ýiten ogul tymsalyny getirdi?

14 Isa näme üçin bu tymsaly getirdi? Isa Ýehowanyň azaşan adamlaryň dolanmagyny, hakykatdanam, isleýändigini görkezdi. Tymsaldaky ata oglunyň dolanyp geljekdigine hiç haçan umydyny üzmeýärdi. Ol oglunyň «daşdan» gelýänini görende, oňa tarap ylgap, arzylydygyny görkezmek isledi. Bu tymsal hakykaty taşlan adamlary Ýehowa dolanmaga höweslendirýär. Olaryň Ýehowa bilen gatnaşygy bozulyp, ýygnaga dolanmaga çekinseler-de, bu olaryň etjek tagallasyna degýär! Olar ýygnaga dolansalar Ýehowa, Isa we perişdeler begener (Luka 15:7).

15, 16. a) Isanyň ýiten ogul tymsalyndan biz näme öwrenýäris? Mysal getiriň. b) Tymsaldan Ýehowa we Isa barada nämäni bildik?

15 Ýiten ogul tymsalyndan biz näme öwrenýäris? Biz Ýehowanyň göreldesine eýermeli. Şonda biz «öte dogry bolman», toba eden adamdan ýüz öwürmeris. Eger ondan ýüz öwürsek, Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetireris (Wag. 7:16). Biz ýene-de bir zady öwrenip bileris. Ýygnakdan daşlaşanlara düzelmeýän adam hökmünde däl-de, «ýiten goýun» kimin garamaly (Zeb. 119:176). Ýygnakdan azaşan adama duş gelsek, oňa yzyna dolanmaga kömek ederismi? Oňa gerekli kömek berler ýaly derrew ýaşululara habar bererismi? Biz Isanyň tymsalyna düşünen bolsak, şeýle ederis.

16 Şu günler ýygnaga dolananlar hem Ýehowanyň geçirimlidigine, söýýändigine we dogan-uýalaryň goldaýandygyna minnetdarlyk bildirýärler. 25 ýyl ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan şeýle diýýär: «Men ýygnaga kabul edilenimden bäri Ýehowanyň «täzelenme pursatlary» berýändigine örän begenýärin (Res. iş. 3:19, 20). Ýygnakdaky ähli dogan-uýalar meni goldaýar we söýýär! Häzir meniň ajaýyp ruhy maşgalam bar». Ýehowadan daşlaşan bir ýaş uýa şeýle gürrüň berýär: «Men Isanyň gürrüň beren söýgüsini özümde duýup, söz bilen nähili beýan etjegimi bilmeýärin. Ýehowanyň guramasynyň agzasy bolmak uly hormatdyr!»

17, 18. a) Biz bu üç tymsaldan näme öwrendik? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

17 Biz bu üç tymsaldan näme öwrendik? Birinjiden, biz adamyň ruhy ösüşini görüp bilmeýäris. Muny diňe Ýehowa görýär. Ikinjiden, biz ýygnaga gatnaýan we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlaryň hemmesi Ýehowa gulluk eder diýip tama etmeli däl. Üçünjiden, hakykaty taşlan adamlaryň köpüsi Ýehowa dolanýarlar. Olaryň dolanjakdygyna hiç haçan umydymyzy üzmeli däl. Yzyna dolanyp gelen adamlara Ýehowa ýaly söýgi bildirip, olary garşy almaly.

18 Biziň ählimiz bilimi, düşünjäni we paýhasy gözlemeli. Isanyň tymsallaryny okanyňyzda, özüňize şu soraglary beriň: Tymsal nämäni aňladýar? Injilde ol näme üçin ýazyldy? Tymsaldan näme öwrendim? Ondan Ýehowa we Isa barada nämäni bildim? Şeýle etsek, Isanyň tymsallaryna düşüneris.