Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Zalym dünýäniň soňky günlerinde bile boluň

Zalym dünýäniň soňky günlerinde bile boluň

«Hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys». EFES. 4:25

1, 2. Hudaý gullukçylarynyň ýaşyna garamazdan, olaryň näme etmegini isleýär?

SEN ýaşmy? Onda sen Ýehowanyň bütindünýä guramasynda gymmat saýylýarsyň. Ençeme ýurtlarda suwda çokundyrylan dogan-uýalaryň köpüsi ýaşlar. Köp ýaşlaryň Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwendiklerini görmek örän ruhlandyrýar!

2 Sen ýaş mesihçi hökmünde deň-duşlaryň bilen wagtyňy geçirmegi gowy görýärmiň? Belki, gowy görýänsiň. Elbetde, hemmeler deň-duşlary bilen wagtyny geçirmegi gowy görýär. Hudaý biziň ýaşymyza we aslymyza garamazdan, oňa agzybir sežde etmegimizi isleýär. Pawlus resul hem Hudaýyň «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändigini» aýtdy (1 Tim. 2:3, 4). Ylham 7:9-dan Hudaýyň gullukçylarynyň «her taýpadan, her halkdan we her dildendigini» bilýäris.

3, 4. a) Şu günler ýaşlaryň köpüsi nähili garaýyşda? b) Efesliler 4:25-de Pawlus resul ýygnagy nähili suratlandyrdy?

3 Ýehowanyň ýaş gullukçylary bu dünýäniň ýaşlaryndan örän tapawutlanýar! Ýehowa gulluk etmeýän ýaşlaryň köpüsi diňe özüni bilýär we islän zadyny edýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, şu günler ýaşlar diňe özüni bilýär. Olaryň gürleýşi we geýnişi beýleki adamlary, esasanam, uly ýaşdaky adamlary sylamaýandygyny görkezýär.

4 Şeýle garaýşyň giňden ýaýrandygy sebäpli, Ýehowa gulluk edýän ýaşlar oňa garşy durup, Hudaýy begendirmek üçin köp tagalla edýärler. Pawlus resul hem I asyrdaky mesihçilere «söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruha» garşy durmagy maslahat berdi (Efesliler 2:1—3-nji aýatlary okaň). Ýygnakdaky ýaşlaryň şeýle ruha garşy durmagy begendirýär. Olar dogan-uýalar bilen Ýehowa gulluk etmek isleýärler. Sebäbi Pawlus resul: «Biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys» diýdi (Efes. 4:25). Zalym dünýäniň soňy ýetip gelýändigi üçin dogan-uýalar bilen bile bolmak örän wajyp. Geliň, Mukaddes Ýazgylardan agzybir bolmaga kömek edýän käbir mysallara seredeliň.

OLAR BILE BOLDULAR

5, 6. Lutuň we onuň gyzlarynyň mysalyndan näme öwrenýäris?

5 Geçmişde Ýehowanyň halky ençeme howply ýagdaýlara döz geldi. Ýehowa olary bile bolanlarynda we bir-birine kömek edenlerinde goraýardy. Şu günler ýaş we uly ýaşdaky Hudaýyň gullukçylary Mukaddes Ýazgylardaky mysallardan köp zatlary öwrenip biler. Geliň, Lutuň mysalyna seredeliň.

6 Lut we onuň maşgalasy örän howply ýagdaýa düşýär. Sebäbi, Ýehowa olaryň ýaşaýan şäheri Sodomy ýok etmekçidi. Hudaýyň perişdeleri Lutuň «heläk bolmazlygy» üçin oňa şäherden çykyp, daglyk ýere gaçmalydygyny aýdýar (Gel. çyk. 19:12—22). Lut we onuň iki gyzy gulak asyp, şäherden çykyp gidýär. Gynansak-da, Lutuň beýleki maşgala agzalary gulak asmadylar. Lutuň gyzlaryna öýlenjek ýaş ýigitler ol «degişýändir öýdüp», aýdan sözlerine ynanmadylar. Netijede, olar heläk boldy (Gel. çyk. 19:14). Diňe Lut we onuň gyzlary bile bolandyklary üçin halas boldy.

7. Ysraýyllylar Müsürden tutuş halk bolup çykanda Ýehowa olara nädip kömek etdi?

7 Ýene-de bir mysala seredeliň. Ysraýyllylar Müsürden aýra-aýra topar bolup çykman, her kim öz ýoly bilen gitmedi. Olar tutuş halk bolup çykdylar. Musa «elindäki hasasyny deňze ýetirende», Ýehowa Gyzyl deňzi ikä böldi. Şonda Ýehowanyň goragy astynda Musa deňizden ýeke özi ýa-da birnäçe ysraýyllylar bilen däl-de, tutuş halk bilen geçdi (Müs. çyk. 14:21, 22, 29, 30). Ysraýyllylar agzybirdi we «müsürlilerden bir topar märeke» olara goşulyp çykdy (Müs. çyk. 12:38). Şonda ýaşlar aýra topar bolup, öz ýoly bilen giden bolsa akylsyzlyk bolardy. Öz ýoly bilen giden adamy Ýehowa gorardymy? (1 Kor. 10:1).

8. Ýehoşapat patyşanyň günlerinde Hudaýyň halky agzybirdigini nädip görkezdi?

8 Ýehoşapat patyşanyň günlerinde Hudaýyň halkyna ýowuz we güýçli duşman hüjüm etdi (2 Ýyl. 20:1, 2). Şonda Hudaýyň gullukçylary öz güýjüne daýanman, Ýehowa bil baglady (2 Ýyl ýazgylary 20:3, 4-nji aýatlary okaň) *. Olar kynçylygy aýratynlykda çözjek bolman, hemmesi bir ýere ýygnanyşdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Ähli ýehudylar öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular» diýilýär (2 Ýyl. 20:13). Tutuş halk uludan-kiçä çenli Ýehowa bil baglap, onuň aýdan sözlerine eýerdiler. Ysraýyllylar agzybir bolandygy üçin, Ýehowa olary duşmanlaryndan gorady (2 Ýyl. 20:20—27). Şu günlerem Hudaýyň halky kynçylyga uçranda, olaryň göreldesine eýerip biler.

9. Biz I asyrda ýaşan mesihçilerden näme öwrenýäris?

9 I asyrda ýaşan mesihçiler Ýehowa bilelikde sežde edýärdiler. Meselem, ýehudylar we özge milletli adamlar mesihçi bolansoň, resullaryň nesihatlaryna eýerýärdiler. Olar bile çörek iýip, doga edýärdiler. (Res. iş. 2:42). Hatda olar yzarlananda hem bir-biriniň kömegine mätäçdigine düşünip, agzybirdiler (Res. iş. 4:23, 24). Bizem yzarlamalarda agzybirligi saklap, bir-birimizi goldamaly.

ÝEHOWANYŇ GÜNI GELÝÄNÇÄ AGZYBIR BOLUŇ

10. Biz haçan hasam agzybir bolmaly?

10 Tizden adamzat taryhynda iň kyn döwür başlanar. Ýowel pygamber oňa «garaňkylyk hem-de zulmat güni» diýýär (Ýowel 2:1, 2; Sef. 1:14). Şonda Hudaýyň halky hasam agzybir bolmaly. Isa: «Içinde bölünişik bolan islendik patyşalyk... berk durmaz» diýdi (Mat. 12:25).

11. Zebur 122:3, 4-nji aýatlardan Ýehowanyň halkynyň agzybirligi barada näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

11 Agyr muşakgat gelende biz agzybir bolmaly. Biziň agzybirligimizi gadymy döwürde Iýerusalimdäki jaýlaryň gurluşyna meňzetse bolýar. Jaýlar bir-birine şeýle golaýdy welin, mezmurçy Iýerusalime «bitewi bir şäher» diýýärdi. Bu bolsa, ýaşaýjylara bir-birine kömek etmäge we goramaga mümkinçilik berýärdi. Jaýlaryň bir-birine golaý ýerleşmegi «Reb tireleri» Ýehowa sežde etmek üçin ýygnanşanda, tutuş halkyň ruhy taýdan agzybirdigini görkezýärdi (Zebur 122:3, 4-nji aýatlary okaň). Şu kyn günlerde bizem agzybir bolmaly.

12. Hudaýyň halkyna hüjüm edilende halas bolmaga näme kömek eder?

12 Gelejekde agzybir bolmak näme üçin wajyp? Ezekiýel kitabynyň 38-nji babynda «Magok ýurdundaky Meşegiň» Ýehowanyň halkyna hüjüm etjekdigi pygamberlik edildi. Şonda agzybirligimizi bozmaga hiç zada ýol bermeli däl we Şeýtanyň dünýäsi bizi gorar diýip pikir etmeli däl. Gaýtam, biz dogan-uýalara ýakynlaşmaly. Elbetde, biz diňe Hudaýyň guramasynyň agzasy bolmak bilen halas bolup bilmeris. Ýehowa we Isa Mesih agyr muşakgatda Hudaýyň adyny çagyran adamlary halas eder (Ýowel 2:32; Mat. 28:20). Siziň pikiriňizçe, Hudaýyň sürüsinden daşlaşyp, öz ýoly bilen giden adamlary Ýehowa halas edermi? (Mika 2:12).

13. Hudaýyň ýaş gullukçylary ýokardaky mysaldan näme öwrenip biler?

13 Ýaşlar özlerini dogan-uýalardan çetde tutsa, nähili akylsyzlyk boljakdygyna düşünýärsiňizmi? Tizden ählimiz ýaşlaram, ulularam bir-birimiziň kömegimize mätäç bolarys. Hawa, biz häzirden bir-birimiz bilen hyzmatdaşlyk edip, agzybirligimizi berkitsek, gelejekde halas bolarys.

«BIR BEDENIŇ AGZALARYDYRYS»

14, 15. a) Ýehowa näme üçin bize agzybir bolmagy öwredýär? b) Ýehowa agzybirligi saklamak üçin nähili maslahat berýär?

14 Ýehowa bize agzybir gulluk etmäge kömek edýär (Sef. 3:8, 9). Ol bizi gelejekde «bar zatlary Mesihde birleşdirmek» üçin taýýarlaýar. (Efesliler 1:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowanyň niýeti — gökdäki we ýerdäki gullukçylaryny birleşdirip, bir maşgala etmek. Ýaşlar hem şol maşgalanyň ebedi agzasy bolup biler. Ýehowanyň guramasynda saňa agzybir bolmaga näme kömek eder?

15 Ýehowa täze dünýäde adamlar bilen parahat ýaşap bilmegimiz üçin häzirden agzybir bolmagy öwredýär. Ol bize «biri-birimiziň aladamyzy etmegi», «biri-birimize göwünlik bermegi» we «biri-birimizi abatlamagy» sabyrly öwredýär (1 Kor. 12:24; Rim. 12:10; 1 Sel. 4:18; 5:11). Ýehowa mesihçileriň bikämil bolany üçin agzybirligi saklamagy kyn bolýandygyny bilýär. Şol sebäpli biz «biri-birimizi bagyşlamagy» öwrenmeli (Efes. 4:32).

16, 17. a) Ýygnak duşuşyklarynyň maksady näme? b) Ýaşlar Isanyň göreldesinden näme öwrenip biler?

16 Şeýle-de Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly bize agzybir bolmagy öwredýär. Biz köplenç ýygnak duşuşygy barada Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlardan okaýarys. Onuň maksady — «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrmak». Esasanam, biz ýygnak duşuşyklary arkaly «ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görsek, şonça-da biri-birimizi ruhlandyrýarys».

17 Isa ýaş wagty Ýehowanyň halky bilen ýygnanyşyp, gowy görelde görkezdi. Ol 12 ýaşynda ene-atasy bilen ybadathanada geçirilen uly duşuşyga barýar. Ene-atasy ony ýitirende, ol beýleki ýaş oglanlaryň arasyndadymy? Ýok. Ene-atasy ony tapanda, ol ybadathanada mugallymlar bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasynda gürrüň edýärdi (Luka 2:45—47).

18. Doga agzybirligimizi nädip berkidýär?

18 Biz dogan-uýalar üçin doga edip, agzybirligimizi berkidip bileris. Biziň dogalarymyz olar barada alada etmelidigimizi ýatladýar. Biz dogan-uýalary diňe bir ýygnak duşuşyklarynda gowy görüp, ruhlandyrman, eýsem, olar üçin doga etmeli. Ýaşlar, siz ýygnagyňyzdaky dogan-uýalara gowy dost bolmak üçin şu zatlary edýärsiňizmi? Biz Şeýtanyň dünýäsindäki adamlar bilen däl-de, dogan-uýalar bilen dostlaşsak, zalym dünýäniň soňy gelende halas bolarys.

Biz dogan-uýalar üçin doga etmeli (18-nji abzasa serediň)

«HEMMÄMIZ BIR BEDENIŇ AGZALARYDYGYMYZY» GÖRKEZELIŇ

19—21. a) «Hemmämiz bir bedeniň agzalarydygymyzy» nädip görkezip bileris? Mysal getiriň. b) Tebigy betbagtçylykda kömek eden doganlardan näme öwrenip bileris?

19 Ýehowanyň halky häzirden Rimliler 12:5-de «bir ten we biri-birimiziň agzalarydyrys» diýen prinsipe görä ýaşaýar. Biz bu sözleriň dogrudygyny tebigy betbagtçylyga uçranymyzda görýäris. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda bolan elhenç harasat zerarly Filippindäki Mindanao adasyny suw alýar. Bir gijäniň içinde 40 müňden gowrak, şol sanda dogan-uýalaryň hem öýleri weýran bolýar. Filialyň habar bermegine görä, başga ýerlerden dogan-uýalar gelýänçä, kömek edýän ýerli komitet işe girişip başlady.

20 Gündogar Ýaponiýada hem güýçli ýertitreme sebäpli bolan sunamide ençeme dogan-uýalar köp zadyndan käbirleri bolsa, ähli zadyndan mahrum boldular. Patyşalyk zalyndan 40 kilometr aralykda ýaşaýan Ýoşiko uýamyz öýsüz galdy. Ol şeýle diýýär: «Ýertitreme bolan gününiň ertesi aýlanýan gözegçiniň we başga doganlaryň bizi görmäge gelendigine haýran galdyk». Ýoşiko ýylgyryp, şeýle gürrüň berýär: «Biz ýygnak arkaly ruhy taýdan aladamyzyň edilýändigini gördük. Mundan başga-da bize ýyly egin-eşik, aýakgap, sumka we gije geýilýän eginbaş berildi». Kömek edýän ýerli komitetiň agzasy şeýle diýýär: «Ýaponiýadaky ähli doganlar bilelikde imandaşlaryna kömek etmäge jan etdiler. Hatda ABŞ-dan hem doganlar kömek etmäge geldi. Doganlardan näme üçin uzak ýerden gelendigini soranlarynda, olar: „Biz Ýaponiýadaky doganlarymyz bilen bir maşgaladyrys we olar biziň kömegimize mätäç“» diýdiler. Sen her biriniň aladasyny edýän guramanyň agzasydygyňa guwanýarmyň? Elbetde, Ýehowa şeýle agzybirligi görüp, begenýär!

21 Biz häzirden dogan-uýalarymyz bilen agzybir bolsak, gelejekde boljak kynçylyklara döz geleris. Biziň beýleki ýurtlardaky dogan-uýalar bilen gatnaşmaga mümkinçiligimiz bolmasa-da, ýerli dogan-uýalar bilen agzybir bolmaly. Ýaponiýada bolan güýçli harasatda diri galan Fumiko uýamyz şeýle diýýär: «Zalym dünýäniň soňy gaty golaý. Biz imandaşlarymyza kömek edip, betbagtçylyklaryň bolmajak döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys».

22. Agzybir bolmagymyz gelejekde nädip kömek eder?

22 Ýehowanyň gününe taýýar bolmak üçin ýaşlaram, ulularam häzirden agzybir ýaşamagy öwrenýärler. Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende, Ýehowa gadymy döwürdäki ýaly halkyny halas eder (Iş. 52:9, 10). Senem halas bolmak üçin Hudaýyň halky bilen agzybir bolmaly. Biz indiki makalada alýan bereketlerimize näme üçin minnetdar bolmalydygymyza serederis.

^ abzas 8 2 Ýyl ýazgylary 20:3 Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi. 4 Ýahuda halky Rebden medet dilemek üçin ýygnanyşyp, Ýahudanyň hemme şäherlerinden Rebbi agtarmaga geldiler.