Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ähli milletler Ýehowadan öwrenýärler

Ähli milletler Ýehowadan öwrenýärler

«Häkim... iman etdi, çünki ol Rebbiň taglymatyna haýran galypdy». RES. IŞ. 13:12

1—3. Isanyň şägirtleri nähili kynçylyklara duçar boldy?

ISA MESIH şägirtlerine wajyp ýumuş tabşyrdy. Ol: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýdi. Olar bu işi yhlasly ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz edilmelidi» (Mat. 24:14; 28:19).

2 Hawa, şägirtler Isany we Patyşalyk barada wagyz etmegi gowy görýärdiler. Emma olar bütin ýer ýüzünde hoş habary ýaýratmaga ýaýdanýardylar. Sebäbi şägirtler azdy we «okuwsyz, garamaýak adamlardy» (Res. iş. 4:13). Üstesine-de, Hudaýyň Ogly diýip wagyz edilýän Isa Mesih ölüme höküm edildi. Olaryň aýdýan habary abraýly dini ýolbaşçylaryň taglymatlaryna we däp-dessurlaryna garşy gelýärdi. Hatda dogduk mekanyndaky adamlar hem olary sylamaýardylar. Onsoňam, Rim imperiýasynyň ýanynda ysraýyl halky örän ejiz gelýärdi.

3 Isa şägirtlerine adamlaryň ýigrenjekdigini, yzarlajakdygyny, hatda käbiriniň ölüme höküm ediljekdigini aýdypdy (Luka 21:16, 17). Olar imandan dänenlere, ýalan pygamberlere we dünýäniň erbet täsirine garşy durmalydylar (Mat. 24:10—12). Onda şägirtler «ýeriň tä soňuna çenli» nädip wagyz etmeli? (Res. iş. 1:8). Bu olara başa barmajak iş ýaly bolup görnendir.

4. Isanyň şägirtleri nädip üstünlikli wagyz etdiler?

4 Isanyň şägirtleri hoş habary diňe bir Iýerusalimde we Samariýada däl, eýsem, bütin ýer ýüzüne ýaýradýarlar. Olar päsgelçiliklere garamazdan, 30 ýylyň içinde «gök astyndaky bütin ýaradylyşa» wagyz edýärler. Şeýdip, hoş habar «bütin dünýäde miwe berip» başlady (Kol. 1:6, 23). Meselem, Pawlus resul Pafos adasynda wagyz edende, Rim häkimi Serjius Rebbiň taglymatyna haýran galyp «iman etdi» (Resullaryň işleri 13:6—12-nji aýatlary okaň).

5. a) Isa şägirtlerini nämä ynandyrdy? b) I asyrdaky ýagdaý barada näme diýse bolar?

5 Şägirtler öz güýji bilen wagyz edip bilmejekdiklerine düşünýärdiler. Emma Isa olary hemişe goldajakdygyny we mukaddes ruhuň kömek etjekdigini ynandyrdy (Mat. 28:20). I asyrdaky käbir ýagdaýlar wagyz işiniň üstünlikli amala aşyrylmagyna kömek etdi. «I asyrdaky hristianlaryň hoş habary» atly kitapda şeýle diýilýär: «Hristian dininiň döremegi üçin I asyr ýaly amatly pursat taryhda hiç haçan bolmandy... Şol sebäpli II asyrda ýaşan adamlar hristian dininiň ýaýramagyna Hudaýyň bütin dünýäni taýýarlandygyny aýdýardylar».

6. Biz şu we indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

6 Ýehowa I asyrda wagyz işiniň üstünlikli berjaý edilmegi üçin dünýäniň ýagdaýyna täsir etdimi? Bu barada Mukaddes Ýazgylarda hiç zat aýdylmaýar. Şeýtanyň garşy çykmagyna garamazdan, Ýehowa hoş habaryň wagyz edilmegini isleýärdi. Şu makalada I asyrda hoş habaryň üstünlikli wagyz edilmegine nämäniň kömek edendigi barada gürrüň ederis. Indiki makalada bolsa, hoş habaryň ýeriň tä soňuna çenli nädip ýaýrajakdygy barada bileris.

RIM PARAHATÇYLYGY

7. Rim parahatçylygy näme we onuň beýleki döwürlerden nämede tapawutlanýar?

7 I asyrda mesihçiler Rim imperiýasynyň döreden gowy şertlerinden peýdalanýarlar. Meselem, Beýik Rim imperiýasy öz raýatlary üçin parahatçylygy dikeldýär. Bu döwre Rim parahatçylygy diýilýär. Rim häkimligi ähli pitneleri togdatdy. Emma Isanyň pygamberligine görä, käte «uruş turanlygy barada habarlar eşidilýärdi» (Mat. 24:6). B. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny Iýerusalimi derbi-dagyn etdi we ýurduň çäklerinde kiçiräk çaknyşyklar bolýardy. Bu döwür 200 ýyl dowam etdi. Bir kitapda: «Adamzat taryhynda hiç haçan şeýle parahatçylykly döwür çalt dikeldilip, uzaga çekmändir» diýilýär.

8. Mesihçiler I asyrdaky parahatçylykdan nädip peýdalanýarlar?

8 III asyrda ýaşan dini taglymatçy Origen şeýle ýazdy: «Eger Rim imperiýasynyň ýerine köp patyşalyklar bolan bolsa, onda Isanyň aýdan taglymatlaryny ýaýratmak kyn bolardy... Sebäbi ähli erkek adamlar goşun gullugyna gidip, öz ýurduny goramaly... Halkara gatnaşyklaryň asuda bolandygy üçin, Isanyň parahatçylyk we duşmanyňdan ar almazlyk barada öwredýän taglymatlary çalt ýaýrady». Mesihçiler yzarlansalar-da, parahatçylygy saklaýardylar (Rimliler 12:18—21-nji aýatlary okaň).

RIM ÝOLLARY

9, 10. Rim imperiýasynyň çäklerinde wagyz etmek näme üçin amatlydy?

9 Rim ýollary wagyz etmäge örän amatlydy. Rimiň raýatlaryny goraýan we tertip-düzgüni saklaýan berk hem güýçli goşuny bardy. Rim ýollary esgerlere çalt ýöriş etmäge kömek edýärdi. Rimliler gowy ýollary gurmaga ukyplydylar. Olar welaýatlary birleşdirýän 80 müň kilometrden gowrak bolan ýollary gurdular. Bu ýollar tokaýlaryň, çölleriň we daglaryň içi bilen geçýärdi.

10 Şeýle-de Rimde gämi gatnaw ýollary we uzynlygy 27 müň kilometr bolan derýalardyr kanallar bardy. Olarda ýüzlerçe portlary birleşdirýän 900 sany suwüsti ýollary hem bardy. Şeýlelikde, Pawlus resul we beýleki mesihçiler Rimiň ähli welaýatlaryna pasportsyz hem-de wizasyz arkaýyn syýahat edip bilýärdiler. Ol ýerde immigrasiýa gullugy we gümrükhana hem bolmandyr. Adamlar Rim hökümetiniň jezalaryndan gorkup, kanuny bozmaýardylar. Suwüsti ýollary hem gözegçilik astyna alnyp, garakçylardan goralýardy. Mukaddes Ýazgylarda Pawlus resulyň birnäçe gezek gämi heläkçiligine uçrandygy agzalsa-da, garakçylar tarapyndan talanandygy barada aýdylmaýar (2 Kor. 11:25, 26).

DILIŇ PEÝDASY

Golýazmalaryň ýygyndysynyň kömegi bilen aýatlary tapmak aňsatdy (12-nji abzasa serediň)

11. Mesihçiler grek dilinden nädip peýdalandylar?

11 Grek (koýne) dili aragatnaşyk saklamaga we birek-birek bilen düşünişmäge kömek edýärdi. Isgender Zülkerneýniň köp ýerleri basyp alandygy üçin grek dili giňden ýaýraýar. Şeýlelikde, mesihçiler dürli adamlar bilen gepleşip, hoş habary çalt ýaýradýardylar. Müsürde ýaşaýan ýehudylar Ýewreý ýazgylaryny grek diline terjime etdiler. Bu terjimä Septuaginta diýilýärdi. Isanyň şägirtleri hem oňa salgylanýarlar. Şeýle-de grek dili söze baý bolany üçin, mesihçilere bu dilde ýazmak we ruhy zatlary düşündirmek aňsat bolupdyr.

12. a) Ýygyndy näme we onuň golýazmalardan nähili tapawudy bar? b) Ýygyndyny haçan giňden ulanyp başlanylýar?

12 Mukaddes Ýazgylar wagyzda nädip ulanylýardy? I asyrda deriniň ýüzüne ýazylan uly we uzyn golýazmalar bardy. Matta kitabynyň özi uly golýazmady. Olary ýygnamak üçin birnäçe gezek düýrlemeli bolýardy. Soňra golýazmalar kitap görnüşinde çykýar. Oňa «Ýygyndy» diýilýärdi. Ol biri-birine berkidilen sahypalardan ybaratdy. Okyjy olardan Ýazgylaryň gerekli bölegini aňsatlyk bilen tapyp bilýärdi. Mesihçileriň olary haçan ulanyp başlandygy anyk belli däl. Ýöne bir ylmy kitapda: «Golýazmalaryň ýygyndysy b. e. 100-nji ýylyndan öňem bardy. Sebäbi ol eýýäm II asyrda giňden ulanylýardy» diýilýär.

RIM KANUNY

13, 14. a) Pawlus Rimiň raýaty bolandygyndan nädip peýdalandy? b) Rim kanuny mesihçilere nähili peýda berýärdi?

13 Rim kanuny imperiýanyň ähli ýerlerine degişlidi. Rim raýatlaryna köp hukuk berýärdi we goraýardy. Pawlus resul hem Rim raýatlygyndan birnäçe sapar peýdalanypdy. Ol Iýerusalimde tussag edilende ýüzbaşa: «Rimli hem-de höküm edilmedik bir adamy dürrelemäge hakyňyz barmy?» diýdi. Elbetde, ýokdy. Pawlus özüniň Rim raýatydygyny aýdanda, «ony soraga çekjek bolup duranlar derrew ýanyndan çekildiler; müňbaşy hem Pawlusyň rimlidigini bilende gorkdy, çünki ony baglapdy» (Res. iş. 22:25—29).

14 Pawlus resul Filipide tussag edilende, ol Rimiň kanunyna görä boşadyldy (Res. iş. 16:35—40). Şeýle-de Efesos şäheriniň kätibi gozgalaň turzan halaýyga Rim kanunyny ýatladyp, olary köşeşdirýär (Res. iş. 19:35—41). Pawlus Rimiň raýaty bolany üçin kaýsaryň öňünde öz imanyny gorady (Res. iş. 25:8—12). Şeýlelikde, Rimiň kanuny «hoş habary gorap tassyklamaga» gowy mümkinçilik berýärdi (Flp. 1:7).

ÝEHUDYLARYŇ ÝAÝRAMAGY

15. I asyrdaky ýehudylar nirede ýaşapdyrlar?

15 Ýehudylaryň Rim imperiýasyna ýaýramagy wagyz işine kömek edýärdi. Şondan birnäçe asyr öň aşurlylar we babyllylar ýehudylaryň ýurduny basyp alýarlar. B. e. öň V asyrda ýehudylar Pars patyşalygynyň 127 etrabynda mesgen tutupdyrlar (Est. 9:30). Isanyň döwründe bolsa, olar Orta Aziýada, Müsürde, Gresiýada, Mesopotamiýada we Demirgazyk Afrikada ýaşaýardylar. Rim imperiýasynda 60 million adam ýaşaýardy we olaryň on dört adamdan biri ýehudydy. Ýehudylar nirede ýaşasalar-da, öz dinine uýýardylar (Mat. 23:15).

16, 17. a) Ýehudylaryň ýaýramagy başga halklara nähili peýda getirýär? b) Mesihçiler bilen ýehudylaryň seždesiniň nähili meňzeşligi bar?

16 Ýehudylaryň ähli ýere ýaýramagy özge halklara Ýewreý ýazgylaryny bilmäge kömek edýär. Şeýdip, ýehudy däl adamlar ýeke-täk hak Hudaýyň bardygyny we onuň gullukçylarynyň ýokary ahlak kadalar boýunça ýaşamalydygyny bildiler. Ýewreý ýazgylarynda Mesihe degişli pygamberlikler hem bardy (Luka 24:44). Şol sebäpli ýehudylar we başga halklar mesihçileriň aýdýan habary bilen tanyşdylar. Pawlus resul hem hakykaty kabul etjek adamlary gözleýärdi. Ol hatda ýehudylaryň sinagogalaryna baryp, Ýazgylardan gürrüň berýärdi (Resullaryň işleri 17:1, 2-nji aýatlary okaň).

17 Ýehudylar sinagogalarda ýa-da açyk meýdanlarda yzygiderli ýygnanyşyp, aýdym aýdýardylar, doga edýärdiler we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alşyp, Hudaýa sežde edýärler. Şu günler mesihçiler hem şeýle sežde edýärler.

ÝEHOWANYŇ BERÝÄN KÖMEGI

18, 19. a) I asyrdaky ýagdaýlar nähili mümkinçilik döredýär? b) Şu makala Ýehowa bolan ynamyňyzy nädip berkidýär?

18 I asyrdaky ýagdaýlar hoş habaryň çalt ýaýramagyna mümkinçilik döredýär. Rim parahatçylygy, ýollary, grek dili, Rim kanuny we ýehudylaryň ýaýramagy wagyz işiniň üstünlikli amala aşmagyna goşant goşýar.

19 400 ýyl mundan öň dini taglymatçy Platon: «Älem-jahanyň ýaradyjysyny we oýlap tapyjysyny tanamak juda kyn. Biz ony tanasak-da, ähli adamlara ol barada gürrüň bermek mümkin däl» diýýär. Emma Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» diýip ynandyrýar (Luka 18:27). Bütin älemiň Ýaradyjysy özüni tanamagymyzy isleýär. Şeýle-de Isa şägirtlerine: «Bütin milletleri şägirt ediň» diýip tabşyrdy (Mat. 28:19). Biz muny Ýehowanyň kömegi bilen ýerine ýetirip bileris. Indiki makalada şu günler nädip wagyz edilýändigi barada gürrüň ederis.