Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýapon halkyna sowgat

Ýapon halkyna sowgat

2013-NJI ÝYLYŇ 28-nji aprelinde Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde ýörite duşuşyk geçirýär. Şonda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris «Mattanyň hoş habaryny» aýratyn kitap edip çap edilendigini şatlyk bilen habar berýär. Ony diňleýän 210 müň adam şowhunly el çarpdylar.

Ýapon dilindäki «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesinden» alnan 128 sahypaly «Mattanyň hoş habary» örän üýtgeşik kitapdy. Entoni Morris kitabyň «ýörite ýapon halkyna niýetlenendigini» aýdýar. Kitabyň nähili aýratynlygy bar? Näme niýet bilen çap edildi? Adamlar oňa nähili seslenýärler?

KITABYŇ AÝRATYNLYGY

Ýapon dilindäki sözler dikligine ýa-da keseligine ýazylýar. Käbir makalalar, şol sanda biziň soňky çykan edebiýatlarymyz hem keseligine ýazylan görnüşde çap edilýär. «Matta» kitaby bolsa gazetler we çeper eserler ýaly dikligine ýazylan. Şol sebäpli okyjylara kitaby okamak aňsat bolýar. Mukaddes Ýazgylaryň her sahypasynyň başynda ýazylan esasy pikirler «Matta» kitabynda sözbaşy hökmünde getirilýär. Bu bolsa esasy pikirleri aňsatlyk bilen tapmaga kömek edýär.

Dogan-uýalar «Mattanyň hoş habarynyň» çykandygyna örän begenýärler. Meselem, 80 ýaşly uýa: «Men Matta kitabyny birnäçe gezek okadym, emma onuň dikligine ýazylan we sözbaşyly görnüşi maňa Isanyň dagdaky wagzyna doly düşünmäge kömek etdi» diýýär. Bir ýaş uýa bolsa: «Men bu kitaby bir demimde okap çykdym. Men öň keseligine ýazylan kitaplary okaýardym, ýöne dikligine ýazylan görnüşi okamagy has gowy görýärin» diýýär.

NÄME NIÝET BILEN ÇAP EDILDI?

«Mattanyň hoş habary» kitabyny näme üçin ýapon halkyna niýetlenen diýse bolar? Olar Mukaddes Ýazgylar barada köp zatlary bilmeýärler, ýöne ony höwes bilen okamak isleýärler. «Mattanyň hoş habary» kitaby bolsa, olara Hudaýyň sözüni okamaga mümkinçilik döredýär.

«Mattanyň hoş habary» näme üçin aýratyn kitap hökmünde çap edilýär? Sebäbi Ýaponiýanyň ýaşaýjylary Mukaddes Ýazgylarda diňe Isa Mesih barada ýazylandyr öýdýärler. Olary gyzyklandyrýan temalar bolsa «Matta» kitabynda jemlenen. Onda Isanyň nesil şejeresi, dünýä inişi, Dagdaky wagzy we soňky günler barada aýdan pygamberlikleri gürrüň berilýär.

Ýaponiýadaky dogan-uýalar öýden-öýe wagyz edenlerinde we ikilenç idegde täze kitaby höwes bilen hödürleýärler. Bir uýa şeýle ýazýar: «Biz indi Mukaddes Ýazgylary köp adamlara berip bilýäris. Hatda men ýörite duşuşyk geçirilen güni «Mattanyň hoş habary» kitabyny hödürledim».

ADAMLAR NÄHILI SESLENÝÄRLER?

Wagyzçylar «Mattanyň hoş habary» kitabyny adamlara nädip hödür edýärler? Ýaponiýalylaryň köpüsine: «Dar gapydan giriň... dürdäneleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň... ertiri gaýgy etmäň» diýen jümleler tanyşdy (Mat. 6:34; 7:6, 13). Olar Isanyň bu sözlerini «Mattanyň hoş habary» kitabyndan okanlarynda haýran galýarlar. Hatda olaryň käbiri: «Mukaddes Ýazgylary iň bolmanda bir sapar okasadym» diýýärler.

Wagyzçylar «Mattanyň hoş habary» kitabyny alan adamlary ikilenç ideg edenlerinde, olaryň käbiri kitaby derrew okandygyny aýdýarlar. 60 ýaşly adam wagyzça ýüzlenip: «Men bu kitaby birnäçe sapar okadym we ýüregim giňedi. Meniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip bilmermisiňiz?» diýýär.

Wagyzçylar köpçülik ýerlerinde hem «Mattanyň hoş habary» kitabyny ýaýradýarlar. Meselem, bir ýaş gelin kitaby alýar we elektron poçtasynyň belgisini berýär. Bir sagat geçer-geçmez ol uýa jaň edip, kitaby okandygyny we köpräk bilesi gelýändigini aýdýar. Bu ýaş gelin bir hepdeden soňra Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başlaýar.

«Mattanyň hoş habary» kitabynyň 1 million 600 müňden gowragy ýygnaklara gowşuryldy. Wagyzçylar her aýda kitabyň 10 müňlerçesini ýaýradýarlar. Onuň giriş sözlerinde: «Goý, bu kitap sizi Mukaddes Ýazgylary okamaga höweslendirsin!» diýilýär.