Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edýär

Ýehowa bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edýär

«Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin». IŞ. 48:17

1. Mesihçiler wagyz işinde nähili kynçylyklara sezewar bolýarlar?

XIX ASYRYŇ ahyrynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler * ençeme kynçylyklary başdan geçirdiler. Olar hem I asyrdaky mesihçiler ýaly örän azdy we hoş habary yhlasly wagyz edýärdiler. Emma köp adamlar olary bilimsiz hasaplap, hakykaty kabul etmeýärdiler. Üstesine-de, olar «gahar-gazaba münen» Şeýtan Iblis bilen göreşmelidiler (Ylh. 12:12). Şeýle-de olar «soňky günler», ýagny kyn döwürde wagyz etmelidiler (2 Tim. 3:1).

2. Ýehowa wagyz etmäge nädip kömek edýär?

2 Emma Ýehowa gullukçylarynyň hoş habary görlüp-eşidilmedik derejede wagyz etmeklerini isleýär. Oňa niýetini amala aşyrmaga hiç zat päsgel berip bilmez. Ýehowa gadymy ysraýyl halkyny Babylyň ýesirliginden azat edişi ýaly, şu günlerem ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Beýik Babyldan» bizi azat edýär (Ylh. 18:1—4). Ol bize peýdaly zatlary öwredýär, kalbymyza rahatlyk berýär we hakykaty yglan etmäge kömek edýär (Işaýa 48:16—18-nji aýatlary okaň) *. Ýehowa wagyz işine ýolbaşçylyk etse-de, onuň üstünlikli amala aşmagy üçin dünýädäki ýagdaýlara täsir etmeýär. Muňa garamazdan, käbir ýagdaýlar wagyz işimiziň ilerlemegine kömek edýär. Şeýle-de Ýehowa yzarlamalara we beýleki kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär (Iş. 41:13; 1 Ýahýa 5:19).

3. «Hakyky bilim» nädip artýar?

3 Danyýel pygamber Ýehowanyň ylhamy bilen döwrüň soňunda «hakyky (TD) bilimiň artjagy» barada aýtdy (Danyýel 12:4-i okaň) *. Ýehowa soňky günler başlamanka halkyna Mukaddes Ýazgylara düşünmäge we hristian dini taglymatlaryny paş etmäge kömek etdi. Häzir bolsa Ol hakykat bilimini öz halky arkaly dünýäniň dürli künjegine ýetirýär. Biz Danyýeliň aýdan pygamberliginiň ýerine ýetýändigini gözümiz bilen görýäris. Şu günler 8 milliona golaý adam Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bütin dünýäde wagyz edýärler. Hoş habaryň bütin dünýäde yglan edilmegine ýene-de näme kömek edýär?

MUKADDES ÝAZGYLARYŇ TERJIME EDILMEGI

4. XIX asyrda Mukaddes Ýazgylar nädip giňden ýaýraýar?

4 Mukaddes Ýazgylaryň giňden ýaýramagy hoş habaryň wagyz edilmegine kömek edýär. Asyrlar boýy hristian dininiň agzalary adamlara Mukaddes Ýazgylary okamaga päsgel berdiler. Hatda ony terjime edenleriň käbirini jezalandyrdylar. Emma XIX asyrda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Hudaýyň Sözüni tutuşlygyna ýa-da bölekleýin 400-e golaý dilde terjime edýärler. Şol asyryň ahyrynda köp adamlarda Mukaddes Ýazgylar bardy, emma ondaky käbir taglymatlara dogry düşünmeýärdiler.

5. Ýehowanyň gullukçylary Mukaddes Ýazgylary nädip terjime etdiler?

5 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hoş habary wagyz etmelidigine we hakykaty düşündirmelidigine göz ýetirdiler. Ilkibaşda, Ýehowanyň gullukçylary Mukaddes Ýazgylaryň dürli terjimelerinden peýdalandylar. Olar 1950-nji ýyldan başlap «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesini» bölekleýin ýa-da onuň doly görnüşini 120-den gowrak dilde çap etdiler. Emma 2013-nji ýylda iňlis dilinde has düşnükli «Täze Dünýä terjimesi» çap edilýär. Indi Mukaddes Ýazgylary başga dillere terjime etmek has-da aňsatlaşdy. Düşnükli we sada dilde terjime edilen Mukaddes Ýazgylar hoş habaryň ýaýramagyna ýardam edýär.

PARAHATÇYLYKLY DÖWÜR

6, 7. a) Biziň günlerimizde nähili uruşlar boldy? b) Parahatçylykly döwür wagyz işine nähili täsir edýär?

6 Soňky ýüz ýylyň dowamynda ençeme uruşlar boldy. Şeýle-de Birinji we Ikinji jahan urşunda millionlarça adamlar wepat boldy. 1942-nji ýylda Neýtan Norr doganymyz Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongresinde «Parahatçylyk uzaga çekermi?» diýen nutuk bilen çykyş etdi. Ol Ylham kitabynyň 17-nji babynda aýdylan parahatçylyk barada gürrüň berdi (Ylh. 17:3, 11).

7 Ikinji jahan urşy tamamlansa-da, ýer ýüzünde parahatçylyk bolmady. Bir maglumata görä, 1946—2013-nji ýyllar aralygynda 331 sany uruş boldy we millionlarça adamlar wepat boldy. Muňa garamazdan, köp ýurtlarda parahatçylyk höküm sürýärdi. Şol döwürde Ýehowanyň gullukçylary yhlasly wagyz edýärdi. Munuň netijesi nähili boldy? 1944-nji ýylda bütin dünýäde bary-ýogy 110 müň wagyzçy bardy. Häzir bolsa olaryň sany 8 milliona ýetdi! (Işaýa 60:22-ni okaň) *. Biz parahat döwürde hoş habary wagyz edýändigimize minnetdar bolmaly dälmi näme!?

ULAG WE ARAGATNAŞYK ÝOLLARY

8, 9. Ulag we aragatnaşyk ýollary üstünlikli wagyz etmäge nädip ýardam berýär?

8 Ulag we aragatnaşyk ýollarynyň kömegi bilen wagyz işi has-da üstünlikli amala aşyrylýar. 1879-njy ýylda ilkinji gezek «Garawul diňi» žurnaly çap edilip başlandy. 1900-nji ýylda ABŞ-da bary-ýogy 8 müň sany ulag we birnäçe ýüz kilometr tekiz ýollar bardy. Şu günler bolsa bütin dünýäde 1,5 milliard ulag we millionlarça kilometre uzalyp gidýän ýollar bar. Ulaglar we ýollar dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlara hoş habary ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Biz wagyz edip, şägirt taýýarlamak üçin uzak ýollary sökmeli bolsak-da, elimizde baryny etmeli (Mat. 28:19, 20).

9 Ulagyň dürli görnüşleri hoş habaryň ýaýramagyna ýardam edýär. Ýük daşaýan ulaglar, gämiler, otlylar Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary birnäçe hepdäniň içinde uzak ýerlere eltmäge mümkinçilik berýär. Aýlanýan gözegçiler, filial komitetiniň agzalary, missionerler we beýleki dogan-uýalar kongrese ýa-da wagyz etmeli ýerlerine uçar arkaly çalt baryp bilýärler. Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahatynda we Baş edarada gulluk edýän doganlara dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan imandaşlaryny ruhlandyryp, olara görkezme bermäge kömek edýär. Şeýlelikde Ýehowanyň gullukçylarynyň dostlugy has-da berkeýär (Zeb. 133:1—3).

HALKARA DIL

10. Näme üçin iňlis dili halkara dil hasaplanylýar

10 I asyrda Rim imperiýasynda grek (koýne) dili giňden ýaýrapdy. Şu günler dünýäde haýsy dil has köp ulanylýar? Elbetde, iňlis dili! «Iňlis dili — halkara dil» atly kitapda şeýle diýilýär: «Ýer ýüzündäki adamlaryň dörtden bir göterimi iňlis dilinde gepleýärler ýa-da oňa düşünýärler». Iňlis dili daşary ýurt dili hökmünde giňden öwredilýär. Bu halkara dil täjirçilik, syýasat, ylym we tehnologiýa pudaklarynda ulanylýar.

11. Iňlis dili hakyky seždäniň ýaýramagyna nähili täsir edýär?

11 Iňlis dili hakyky seždäniň ýaýramagyna ýardam edýär. Birnäçe ýylyň dowamynda «Garawul diňi» we başga-da edebiýatlarymyz diňe iňlis dilinde çap edilýärdi. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Baş edarasynda resmi dil hökmünde iňlis dili ulanylýar. Şeýle-de Nýu-Ýork şäherindäki (ABŞ, Patterson) «Garawul diňi» okuw merkezinde sapaklar iňlis dilinde geçirilýär.

12. Ýehowanyň Şaýatlary edebiýatlary näçe dilde terjime edýär we nähili tehnologiýadan peýdalanýar?

12 Patyşalyk baradaky hoş habary ähli milletlere wagyz etmek uly hormat! Şu günler biziň edebiýatlarymyz 700-den gowrak dilde terjime edilýär. Bu işi üstünlikli amala aşyrmaga kompýuter we dürli dillere çap edýän elektron ulgamy (MEPS) kömek edýär. Şeýlelikde, biz Patyşalyk baradaky hoş habary giňden ýaýradyp, bütindünýä doganlygymyzy berkidýäris we hakykatyň «päk dilinde» gepläp, has-da jebisleşýäris (Sefanýa 3:9-y okaň) *.

KANUNYŇ PEÝDASY

13, 14. Kanunyň we kazyýetiň kararlarynyň nähili peýdasy bar?

13 Geçen makalada Rim kanunynyň I asyrdaky mesihçilere peýda berendigi barada gürrüň edildi. Şu günler hem mesihçiler öz hukugyny goramak üçin kanundan peýdalanýarlar. ABŞ-nyň Konstitusiýasy islendik dine uýmaga, öz pikiriňi aýtmaga we kongresleriň geçirilmegine rugsat berýär. Şol sebäpli ABŞ-da ýygnak duşuşyklaryny we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge rugsat berildi. Ol ýerde bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edýän Baş edaramyz hem ýerleşýär. Emma biz käbir hukuklarymyzy kazyýetde goramaly bolýarys. (Flp. 1:7). Käte kazyýet ABŞ-daky Ýehowanyň halkyna garşy karar çykarsa-da, biz Ýokary kazyýetlere ýüz tutup, Patyşalyk habaryny wagyz etmek hukugymyzy goraýarys.

14 Başga ýurtlardaky kazyýetlerde hem dinimize resmi taýdan rugsat berilýär. Käte kazyýetde ýeňilsek-de, Ýokary kazyýetlere ýüz tutup bilýäris. Meselem, 2014-nji ýylyň iýun aýynda adam hukugyny goraýan Ýewropadaky kazyýetiň 57 sany karary biziň peýdamyza boldy. Bu kararlar Ýewropadaky ähli Ýehowanyň Şaýatlaryna degişlidir. Bizi «hemme milletler... ýigrenselerem», köp ýurtlardaky kazyýetler hakyky seždämiz babatdaky hukugymyzy goraýar (Mat. 24:9).

OÝLAP TAPYLAN GURALLAR

Mukaddes Ýazgylara esaslan edebiýatlarymyz bütin dünýäde ýaýradylýar

15. Çap edýän gurallaryň nähili täze görnüşleri çykdy we olar wagyz işine nädip goşant goşýar?

15 Çap edýän gurallaryň täze görnüşleriniň çykmagy bütin dünýäde hoş habaryň wagyz edilmegine uly goşant goşdy. 1450-nji ýylda Iogann Gutenbergiň oýlap tapan çap edýän guraly birnäçe asyryň dowamynda ulanyldy. Soňky iki asyryň dowamynda çap edýän gurallaryň örän uly, tiz işleýän we ýokary hilli görnüşleri ýasaldy. Şeýlelikde, kagyzyň öndürilmegi we kitaplaryň birikdirilmegi has arzan boldy. Öňki çap edýän gurallardan tapawutlykda, kagyzy iki taraplaýyn tiz çap edýän gural neşirýatyň we suratlaryň hilini has-da ýokarlandyrdy. Şeýle özgerişleriň wagyz işine nähili peýdasy bar? Meselem, 1879-njy ýylyň iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 6 000 nusgasy iňlis dilinde, suratsyz görnüşinde çap edildi. 136 ýyldan soň «Garawul diňiniň» her sanynyň 50 milliondan köpräk nusgasy çap edilýär we halka ýetirilýär. Bu žurnal owadan reňkli suratlar bilen bezelip, 200-den gowrak dilde terjime edilýär.

16. Wagyz işiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine nähili zatlar kömek edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

16 200 ýyldan bäri oýlap tapylan gurallar hoş habaryň giňden ýaýramagyna kömek edýär. Biz diňe otly, ulaglar, uçarlar barada gürrüň edipdik, emma şol döwürde tigirler, hat ýazýan gurallar, kör adamlar üçin kitaplar, telegraf, telefonlar, kameralar, ses we wideo ýazgylar, radio, telewizor, hereketli şekiller, kompýuterler hem-de internet ýaly zatlar oýlap tapyldy. Olar bize şägirt taýýarlamaga kömek edýär. Pygamberlige görä, Ýehowanyň halky «milletleriň süýdüni emer», ýagny bu dünýäniň döreden zatlaryndan peýdalanar. Meselem, biz Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary dürli dillerde çap etmek üçin ýokary hilli gurallardan peýdalanýarys (Işaýa 60:16-ny okaň) *.

17. a) Wagyz işiniň ilerlemegi nämäni subut edýär? b) Biz nädip Ýehowanyň «işdeşi» bolup bilýäris?

17 Hawa, wagyz işiniň ilerlemegi Hudaýyň ak pata berýändigini subut edýär. Ýehowa öz niýetini amala aşyrmak üçin biziň kömegimize mätäç däl. Ýöne söýgüden doly gökdäki Atamyz öz «işdeşleri» bolmaga bize mümkinçilik döredýär. Biz wagyz işini goldap, Ýehowa we ýakynymyza bolan söýgimizi bildirýäris (1 Kor. 3:9; Mar. 12:28—31). Geliň, Patyşalyk habaryny şatlyk bilen wagyz edeliň! Ýehowanyň wagyz işi babatda berýän görkezmesine we berekedine minnetdar bolalyň!

^ abzas 1 1931-nji ýylda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady aldylar (Iş. 43:10).

^ abzas 2 Işaýa 48:16 Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde. Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi. 17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. 18 Käşgä tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadançylygyňyz derýa deý, deňiz tolkunlary deý bolardy dogrulygyňyz».

^ abzas 3 Danyýel 12:4 Sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar (hakyky, TD) bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar.

^ abzas 7 Işaýa 60:22 Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men–Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.

^ abzas 12 Sefanýa 3:9 Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil bererin.

^ abzas 16 Işaýa 60:16 Milletleriň süýdüni emersiň, sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratlysydygymy bilersiň.