Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz näme üçin «oýa bolmaly»?

Biz näme üçin «oýa bolmaly»?

«Oýa boluň, çünki siz... ne geljek güni, ne-de sagady bilýärsiňiz». MAT. 25:13

1, 2. a) Isa soňky günler barada nähili pygamberlik etdi? b) Biz haýsy soraglara serederis?

ISA Zeýtun dagyndan Iýerusalimiň ybadathanasyna syn edip, örän täsin pygamberligi aýdýar. Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa gelejek barada aýdylýan zatlary ünsli diňleýärler. Isa bu zalym dünýäniň soňky günlerinde Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürjekdigini gürrüň berýär. Şeýle-de ol öz ýolbaşçylygynda «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» wagtly-wagtynda ruhy iýmiti paýlajakdygyny aýdýar (Mat. 24:45—47).

2 Şonda Isa on gyz tymsalyny hem gürrüň berýär (Matta 25:1—13-nji aýatlary okaň). Geliň, tymsal bilen bagly üç soraga seredeliň: 1. On gyz tymsalynyň esasy manysy näme? 2. Mesh edilen mesihçiler tymsaldan näme öwrenýärler we netijesi nähili bolýar? 3. Biz on gyz tymsalyndan nähili sapak edinýäris?

TYMSALYŇ ESASY MANYSY NÄME?

3. On gyz tymsaly öň nähili düşündirilýär we nähili sorag ýüze çykýar?

3 Sadyk hyzmatkär geçen makalada Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň uly möçberde ýerine ýetişi däl-de, olardan nähili sapak edinmelidigi barada düşündiripdi. Isanyň aýdan on gyz tymsalyndaky çyralaryň, ýagyň, gaplaryň we beýleki zatlaryň öň göçme manysy öwredilýärdi. Emma tymsalyň esasy manysy näme? Bu soragyň jogabyny bilmek örän wajyp.

4. Tymsaldaky a) öýlenýän ýigidiň we b) gyzlaryň kimi aňladýandygyny nädip bilmeli?

4 Geliň, Isanyň aýdan tymsalynyň manysyna seredeliň! Ilki bilen, tymsalda agzalýan adamlary bileliň. Öýlenýän ýigit kim? Elbetde, Isa! Sebäbi ol öň hem özüni öýlenýän ýigit bilen deňeşdirýär (Luka 5:34, 35). Gyzlar kim? Isa tymsalynda gyzlaryň giýewiň gelerine garaşyp, çyralaryny taýýarlap durjakdygyny aýtdy. Isa mesh edilen mesihçilere: «Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. Agalary toýdan gelip, gapyny kakanda, tiz oňa açmak üçin garaşýan adamlar ýaly boluň» diýip görkezme berdi (Luka 12:32, 35, 36). Mundan başga-da, Pawlus bilen Ýahýa resul Hudaýyň ylhamy bilen Isanyň mesh edilen gullukçylaryny wepaly gyzlara meňzedýär (2 Kor. 11:2; Ylh. 14:4). Isa Matta 25:1—13-nji aýatlardaky tymsaly mesh edilen gullukçylaryna maslahat we duýduryş hökmünde aýdýar.

5. Isanyň aýdan tymsaly haýsy döwre degişli?

5 Indi bolsa, wagt barada oýlanalyň! Isanyň tymsaly haýsy döwre degişli? Tymsalyň soňunda Isanyň «giýew gelýär» diýen sözleri muny aýdyň edýär (Mat. 25:10). 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda aýdylyşy ýaly, Matta 24 we 25-nji baplarda ýazylan pygamberlikde «gelýär» diýen grek sözi 8 sapar agzalýar. Bu bolsa Isanyň agyr muşakgatda zalym dünýäniň üstünden höküm etmäge geljekdigini görkezýär. On gyz tymsalyna degişli wakalar soňky günlerde ýerine ýetip, agyr muşakgatda doly berjaý bolar.

6. On gyz tymsalynyň esasy manysy näme?

6 On gyz tymsalynyň esasy manysy näme? Matta kitabynyň 24-nji babynda Isa «sadyk hem akylly hyzmatkär» barada gürrüň edýär. Hyzmatkär soňky günlerde şägirtlere görkezme berýän mesh edilen mesihçileriň kiçijik toparyny aňladýar. Isa tymsal arkaly ähli mesh edilenlere umydyna gowuşmak üçin «oýa bolmalydygyny» we Hudaýa wepaly galmalydygyny aýdýar (Mat. 25:13). Mesh edilenler tymsaldan näme öwrenýärler?

MESH EDILENLER TYMSALDAN NÄME ÖWRENÝÄRLER?

7, 8. a) Akylly gyzlar nämede tapawutlanýarlar? b) Mesh edilenler nähili taýýarlyk görýärler?

7 Isanyň tymsalyndaky akylly gyzlar akylsyz gyzlardan nämede tapawutlanýarlar? Olar oýa bolup, öýlenýän ýigidiň gelerine öňünden taýýarlyk gördüler. Gyzlar bu şatlykly pursaty görmek üçin, bütin gijesini uklaman we çyralaryny söndürmän geçirmelidiler. Akylsyz gyzlardan tapawutlylykda bäş sany akylly gyz çyralary üçin gaba ýag salyp aldylar. Sadyk hem akylly hyzmatkär Isanyň gelmegine doly taýýarlyk görýärmi?

8 Mesh edilenler tä soňuna çenli öz borçlaryny doly ýerine ýetirmek üçin taýýarlyk görýärler. Olar Hudaýa wepaly gulluk etmek üçin, Şeýtanyň dünýäsinden doly peýdalanmaly däldigine düşünýärler. Mesh edilenler Ýehowa gulluk etmek üçin özlerini doly bagyş etdiler. Olar wepaly bolup, Ýehowany we Onuň Ogluny söýüp, ebedilik gulluk etmek isleýärler. Şeýle-de olar bu zalym dünýäniň baýlygyna kowalaşmak, ahlaksyzlyk we diňe özüňi bilmeklik ruhuna garşy göreşip, aýypsyz galýarlar. Şeýdip, olar öýlenýän ýigit gijä galsa-da, hemişe çyra kimin ýagty saçyp, taýýar durýarlar (Flp. 2:15).

9. a) Isa nähili duýduryş berdi? b) Mesh edilenler «Ine, giýew gelýär!» diýen sesi eşidenlerinde näme edýärler? (Çykgyda serediň).

9 Gyzlar taýýar bolmagy üçin oýa bolmalydylar. Mesh edilenleriň gije oýa bolmaly wagty uklamagy mümkinmi? Elbetde! Isa öýlenýän ýigit gijä galanda, on gyzyň «hemmesiniň irkilip uklandygyny» aýdýar. Isa «ruh islegli, ýöne teniň ejizdigini» duýdurýar. Wepaly mesh edilenler bu duýduryşa gulak asyp, hüşgär bolmaga jan edýärler. «Ýarygije: „Ine, giýew gelýär!“ diýen sesi eşidenlerinde», gyzlaryň hemmesi turýar. Emma diňe akylly gyzlar soňuna çenli taýýar durýarlar (Mat. 25:5, 6; 26:41). Şu günler mesh edilenler barada näme diýse bolar? Olar soňky günlerde «Ine, giýew gelýär!» diýen sese oýandylar. Olar tä öýlenýän Ýigit gelýänçä taýýar durarlar *. Emma tymsalyň soňunda aýdylan wakalar örän wajyp döwre degişli.

SYLAG WE TEMMI

10. Akylly we akylsyz gyzlaryň eden gürrüňi sebäpli nähili sorag ýüze çykýar?

10 Tymsalyň soňunda örän gyzykly waka gürrüň berilýär (Matta 25:8, 9-njy aýatlary okaň). Akylly we akylsyz gyzlaryň eden gürrüňi sebäpli şeýle sorag ýüze çykýar: «Wepaly mesh edilen mesihçiler imandaşlaryna haçan kömek etmezler?» Bu soragyň jogabyny bilmek üçin tymsaldaky aýdylan döwür barada oýlanalyň. Öýlenýän Ýigit, ýagny Isa agyr muşakgatyň ahyrynda höküm etmäge geler. Tymsaldaky gyzlaryň arasyndaky gürrüňdeşlik bolsa, muşakgatyň öň ýanyndaky boljak wakany aňladýar. Şol döwürde mesh edilenlere soňky möhür basylar.

11. a) Agyr muşakgatyň öň ýanynda nähili waka bolar? b) Akylly gyzlaryň jogaby nämäni görkezýär?

11 Agyr muşakgatyň öň ýanynda mesh edilen wepaly mesihçilere iň soňky möhür basylar (Ylh. 7:1—4). Bu bolsa olaryň gökde ýaşamaga bolan umydyna gowuşjakdygyny tassyklaýar. Onda agyr muşakgat başlamanka aýypsyz galmadyk we oýa bolmadyk mesh edilenlere näme bolar? Olara möhür basylmaz we gökdäki ýaşaýşa bolan umydyndan mahrum ediler. Olara derek başga wepaly mesihçiler saýlanar. Bu akylsyz mesh edilenler agyr muşakgat başlanda Beýik Babylyň ýykylyşyny görüp, haýran galarlar. Şonda olar öýlenýän ýigidiň gelmegine taýýarlyk görmändiklerine göz ýetirerler. Olar soňky pursatda howsala düşüp, kömek soranlarynda näme bolar? Tymsalda olara kömek edilmejekdigi aýdylýar. Akylly gyzlar akylsyzlara kömek etmegiň deregine, ýagy satyn almalydyklaryny aýdýarlar. «Ýarygije» satyjylary tapyp bolarmy? Ýok!

12. a) Soňky möhüre mynasyp bolmadyk mesh edilenler bilen nähili pajygaly waka bolar? b) Akylsyz gyzlara meňzeýänlere netijede näme bolar?

12 Agyr muşakgatda mesh edilen wepaly mesihçileriň aýypsyz galmadyklara kömek etmäge wagty we mümkinçiligi bolmaz. Olara näme bolar? Tymsaldaky akylsyz gyzlar ýag satyn almaga gidenlerinde, «giýew gelýär we taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler welin, gapy ýapylýar». Agyr muşakgatyň ahyrynda Isa şan-şöhrat içinde mesh edilen wepaly mesihçileri gökde ýygnamaga geler (Mat. 24:31; 25:10; Ýahýa 14:1—3; 1 Sel. 4:17). Akylsyz gyzlara meňzeýän mesh edilen mesihçilere gapy açylmaz. Şonda olar: «Aga! Aga! Gapyny aç» diýerler. Isa-da olara geçilere aýdyşy ýaly: «Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamaýaryn» diýer (Mat. 7:21—23; 25:11, 12).

13. a) Isa käbir mesh edidenleriň wepaly galmajakdygyny aýtdymy? b) Isa mesh edilenleri nämä ynandyrýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

13 Isa on gyz tymsaly arkaly köp mesh edilenleriň wepaly galmajakdygyny we başgalary saýlajakdygyny aýtdymy? Ýok. Ol Matta kitabynyň 24-nji babynda «sadyk hem akylly hyzmatkäre» zalym bolmaly däldigini duýdurýar. On gyz tymsalynda hem olara wajyp maslahat berilýär. Mesh edilen mesihçiler taýýar we oýa ýa-da akmak hem biwepa bolmagy saýlamaly. Pawlus resulyň mesh edilenlere ýazan hatyna üns bereliň (Ýewreýler 6:4—9-njy aýatlary okaň; Kanun taglymaty 30:19-y deňeşdiriň). Pawlus olara berk duýduryş berse-de, söýgi bilen «has oňat zatlara eýe» boljagyny aýtdy. Isa her bir mesh edilen mesihçiniň soňuna çenli wepaly galyp, ajaýyp sylagyň eýesi boljakdygyny ynandyrýar!

«BAŞGA GOÝUNLAR» NÄME ÖWRENÝÄRLER?

14. «Başga goýunlar» on gyz tymsalyndan nähili sapak edinýärler?

14 Isanyň bu tymsaly mesh edilenlere degişli bolsa-da, «başga goýunlar» näme öwrenýärler? (Ýahýa 10:16). Tymsalda esasanam «oýa bolmak» barada aýdylýar. Bir sapar Isa: «Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!» diýdi (Mar. 13:37). Ol şägirtleriniň ählisiniň taýýar we oýa bolmalydygyny aýtdy. Olar Patyşalyk işini wajyp saýýan mesh edilenlerden görelde almaly. Tymsaldaky akylsyz gyzlar akylly gyzlardan ýag soraýarlar. Bu biziň her birimiziň wepaly, taýýar we oýa bolmalydygymyzy görkezýär. Bize derek muny hiç kim edip bilmez! Tizden adalatly Kazy Isa geler we her kimiň özi onuň öňünde jogap berer. Geliň, onuň gelmegine taýýar bolalyň!

Çyra ýagynyň berilmezligi bize derek hiç kimiň oýa we wepaly bolup bilmejekdigini aňladýar

15. Gökde boljak toý nähili bereket getirer?

15 Isanyň aýdan toýy ähli mesihçilere şatlyk getirer. Mesh edilen mesihçiler Armageddondan soň Mesihiň «gelni» bolarlar (Ylh. 19:7—9). Gökdäki toý kämil hökümdarlygy berkarar edip, ýerde ýaşaýanlaryň ählisine bereket eçer. Geliň, gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýändigimize garamazdan, on gyz tymsalyndan sapak edinip, oýa we taýýar bolalyň. Şonda biz Ýehowanyň taýýarlan ajaýyp sowgadyna mynasyp bolarys!

^ abzas 9 Tymsalda «Ine, giýew gelýär!» diýen ses (6-njy aýat) bilen öýlenýän ýigidiň gelmeginiň (10-njy aýat) arasynda belli bir wagt bar. Oýa bolan mesh edilenler soňky günlerde Isanyň barlygynyň alamatyny görýärler. Şeýdip, olar Isanyň «gelýändigini», ýagny Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürüp başlandygyna düşünýärler. Olar kynçylyklar bilen göreşip, soňuna çenli wepaly galmaga jan edýärler.