Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Saýlan kärimiz bol bereket eçýär

Saýlan kärimiz bol bereket eçýär

BIZ bäş ýaşymyzdan tans mekdebine baryp başladyk. Emma biz biri-birimizi tanamaýardyk. Biz ulalanymyzda ady belli balet tansçysy bolmagy ýüregimize düwdük. Biz köp üstünlikler gazandyk, ýöne soňra kärimizi taşladyk. Näme üçin?

Deýwid: Men 1945-nji ýylda Angliýanyň Şropşir etrabynda dünýä indim. Kakamyň fermasy bardy. Men mekdepden gelensoň obada sygyrlara, goýunlara, towuklara iým berýärdim we ýumurtga çöpleýärdim. Kanikul günlerinde käte traktor sürüp, daýhançylyk işlerine kömekleşýärdim.

Emma men başga bir zat bilen gyzyklanyp başladym. Men gaty kiçi bolsam-da, sazy eşiden badyma tans edip başlaýardym. Kakam meniň ukybyma üns berip, bu babatda ejem bilen maslahatlaşýar. Şeýdip, olar bäş ýaşymdakam meni çeçýotkany öwrenmegim üçin golaýymyzdaky tans mekdebine berýärler. Mugallym meniň tansa bolan ukybymy görüp, balet tansyny hem öwredýär. Men 15 ýaşymda Londondaky Şa balet mekdebinde mugt okamaga mümkinçilik gazandym. Men ol ýerde Gwen bilen tanyşdym we bile çykyş edip başladyk.

Gwen: Men 1944-nji ýylda London şäherinde doguldym. Men çagalygymdan Hudaýa ýürekden iman edýärdim. Mukaddes Ýazgylary okamaga jan etsem-de, oňa düşünmeýärdim. Men bäş ýaşymda tans mekdebine baryp başladym. Mundan alty ýyl geçenden soňra Britaniýanyň tansçylarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Men onda ýeňiş gazandym we Şa balet orta mekdebinde okamaga çagyryldym. Ol Londonyň çetindäki Riçmond seýilgähinde ýerleşýärdi. Bu mekdep gruzinleriň jaýyna meňzeş Ak-Loža diýlip atlandyrylan owadan binady. Ol ýerde men orta bilim aldym we tejribeli mugallymlardan balet tansyny öwrendim. Men 16 ýaşymda Merkezi Londondaky Şa balet mekdebiniň ýokary synpynda Deýwid bilen tanyşdym. Biz Londondaky Kowent-Gardeniň Şa opera köşgünde birnäçe aýlap balet tansy bilen çykyş etdik.

Biz balet tansy bilen dünýäniň dürli künjeginde çykyş edýärdik

Deýwid: Gweniň aýdyşy ýaly, biz belli Şa opera köşgünde we «Londonyň festiwal baleti» (häzirki Milli iňlis baleti) bilen çykyş edip, köp üstünlik gazandyk. Şa balet tans goýujylarynyň biri Germaniýanyň Wuppertal şäherinde halkara bileleşigini döredýär. Ol tansçylaryň arasyndan bizi saýlap, özi bilen äkidýär. Biz dünýäniň köp teatrlarynda, hatda Margo Fonteýin hanym we Rudolf Nuryýew ýaly meşhur ýyldyzlar bilen hem çykyş etdik. Biziň kärimiz bäsleşige we tekepbirlige iterýärdi. Biz tansa bar güýjümizi sarp edýärdik.

Gwen: Men bütin durkumy we oý-pikirimi tansa berdim. Deýwid ikimiz meşhur ýyldyz bolmak isleýärdik. Ýadygärlik üçin gol çekmek, gül almak we tomaşaçylaryň el çarpyşmalary maňa diýseň ýaraýardy. Ýöne men her gün ahlaksyz, çilimkeş we arakhor adamlara duş gelýärdim. Işdeşlerim ýaly menem doga-tumarlaryň şowlulyk getirýändigine ynanýardym.

DURMUŞYMYZ DÜÝBÜNDEN ÖZGERDI

Toý tutan günümiz

Deýwid: Men birnäçe ýyllap göçüp-gonup ýörmekden ýadadym. Obada önüp-ösendigim üçin sada durmuşy küýseýärdim. Şol sebäpli 1967-nji ýylda tansçylyk kärimi goýup, ata-enemiň ýaşaýan ýeriniň golaýynda ýerleşýän uly fermada işläp başladym. Bir daýhan maňa kiçiräk jaýy kireýine berdi. Soňra men teatra jaň etdim we Gwene maňa durmuşa çykmagy teklip etdim. Emma oňa karara gelmek kyn boldy. Sebäbi ol baş (solo) tansçy hökmünde köp üstünlikleri gazanypdy. Ol oba ýaşaýşy barada hiç zat bilmese-de, maňa durmuşa çykmaga razy boldy.

Gwen: Hawa, oba durmuşyna öwrenişmek maňa gaty kyn boldy. Meniň durmuşym düýbünden özgerdi. Sebäbi men indi gyşyn-ýazyn sygyr sagýardym, doňuzlara we towuklara iým berýärdim. Deýwid maldarçylygyň häzirki zaman tärlerini öwrenmek üçin dokuz aýlyk okuwa girdi. Ol öýe örän giç gelýärdi, meniň bolsa ýüregim gysýardy. Şol döwür ilkinji perzendimiz Gile dünýä indi. Men Deýwidiň maslahaty bilen ulag sürmegi öwrendim. Bir gün ulagly şähere barýarkam, öň dükanda işlän Gal atly tanşymy gördüm.

Fermada ýaşap başlan günlerimiz

Gal mähir bilen meni öýüne çaý içmäge çagyrdy. Şonda ol maňa toý suratlaryny görkezdi. Olaryň arasynda Patyşalyk zalynyň öňünde düşülen surata meniň gözüm düşdi. Men Galdan munuň haýsy buthanadygyny soradym. Ol özüniň we ýanýoldaşynyň Ýehowanyň Şaýadydygyny aýdanda, men örän begendim. Sebäbi kakamyň aýal dogany hem Ýehowanyň Şaýadydy. Meniň kakam ýumşak adam bolsa-da, mähirli aýal doganyna näme üçin gaharlanýandygyna düşünmeýärdim. Hatda kakam onuň kitaplaryny gazap bilen hapa atylýan bedrä-de zyňypdy.

Indi men kakamyň aýal doganynyň dininiň beýleki dinlerden nämede tapawutlanýandygyny bildim. Gal maňa Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini düşündirdi. Men Üç ýüzli taňry we ölmeýän ruh ýaly köp taglymatlaryň Mukaddes Ýazgylara garşy gelýändigini bilip, gaty haýran galdym (Wag. 9:5, 10; Ýahýa 14:28; 17:3). Şeýle-de men Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adyny ilkinji gezek gördüm (Müs. çyk. 6:3).

Deýwid: Gwen bilen zatlaryny maňa gürrüň berýärdi. Oglanjykkam kakam maňa Mukaddes Ýazgylary okamalydygymy aýýardy. Şol sebäpli biz Gal we onuň ýanýoldaşy Derik bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladyk. Biz alty aýdan soňra fermamyzy kireýine berdik we Şropşir etrabyndaky Ozuestri şäherine göçüp bardyk. Ol ýerde biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny Derdre atly uýa bilen dowam etdik. Biz mal-garamyz bilen başagaý bolup, ruhy taýdan haýal ösýärdik. Emma hakykat ýuwaş-ýuwaşdan ýüregimize täsir edýärdi.

Gwen: Men yrymçyldym we maňa mundan el çekmek gaty kyn boldy. Emma Işaýa 65:11-nji aýat Ýehowanyň «täleý buty üçin saçak ýazýanlara» nähili garaýandygyny düşünmäge kömek etdi. Men doga edip, Ýehowanyň kömegi bilen doga-tumardan dynyp bildim. Şeýle-de men «özüni beýgelden peseler, özüni peselden beýgeler» diýen jümläni okanymda, Ýehowanyň nähili adamlary gowy görýändigini bildim (Mat. 23:12). Indi men ýalňyz Ogluny gurban berip, söýgi bilen aladamyzy edýän Hudaýa ýürekden gulluk etmek isledim. Şol döwürde ikinji gyzymyz dünýä indi. Biz Jennetde ebedi ýaşamaga mümkinçiligimiziň bardygyny bilenimizde örän begendik.

Deýwid: Mattanyň 24-nji babyndaky we Danyýel kitabyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini bilenimde, munuň hakykatdygyna göz ýetirdim. Şeýle-de men bu dünýäde Ýehowa bilen dost bolmakdan başga gymmatly zadyň ýokdugyna düşündim. Indi men diňe özümi däl-de, maşgalamyň gadyryny bilip başladym we çilim çekmegimi goýdum. Men uly fermany arzuw edýärdim, ýöne Filipililer 2:4-nji aýat maňa öz bähbidime çapman, Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmaga kömek etdi. Her şenbe güni agşam 10 kilometr uzaklykda geçirilýän ýygnak duşuşygyna gitmek aňsat düşmeýärdi, sebäbi biz sygyrlary sagmalydyk. Emma Gweniň kömegi bilen, biz ýygnak duşuşyklaryndan hiç haçan galmaýardyk. Şeýle-de her ýekşenbe güni irden sygyrlary sagyp bolanymyzdan soň, gyzlarymyz bilen wagza gidýärdik.

Biziň durmuşymyzy özgertmegimiz dogan-garyndaşlarymyza ýaramady. Gweniň kakasy onuň bilen alty ýyl gepleşmedi. Meniň ata-enem bolsa Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşmagymyzy islemeýärdi.

Gwen: Ýehowa bize kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Ozuestri ýygnagyndaky dogan-uýalar biziň maşgala agzamyz boldy. Olar synaglarda söýgi bilen bizi goldadylar (Luka 18:29, 30). Şeýlelikde, biz 1972-nji ýylda özümizi Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyryldyk. Men hakykaty has köp adamlara aýtmak üçin pioner gullugyna başladym.

TÄZE KÄRIMIZ BOL BEREKET EÇÝÄR

Deýwid: Biz ençeme ýyllap fermada arman-ýadaman zähmet çekýärdik. Şeýle-de biz Ýehowa gulluk etmek babatda gyzlarymyza gowy görelde görkezmäge çalyşýardyk. Emma şol döwürde häkimiýet tarapyndan fermaçylara maddy kömegi berilmän başlady, biz hem fermada işlemegimizi bes etmeli bolduk. Biz bir ýaşyndaky körpe gyzymyz bilen öýsüz hem işsiz galdyk. Şonda Ýehowa doga edip, kömek we görkezme bermegini soradyk. Biz maşgalamyzy eklemek üçin tans öwretmäge başladyk. Ýöne ruhy zatlar hemişe birinji orunda durýardy. Netijede, üç gyzymyz hem mekdebi tamamlap, pioner gullugyna başladylar. Biz muňa diýseň begendik. Aýalym pioner bolup gulluk edýärdi we çagalary hemişe goldaýardy.

Gil bilen Deniz durmuşa çykandan soň, biz tans öwretmegimizi goýduk we filiala hat ýazyp, kömegimizi hödürledik. Bizi Angliýanyň günorta-gündogaryndaky şäherlere iberdiler. Biziň bilen diňe Debbi gyzymyz ýaşaýardy, şonuň üçin menem pioner gullugyna başladym. Bäş ýyldan soňra bizi demirgazykdaky ýygnaklara kömek etmäge çagyrdylar. Debbi durmuşa çykandan soň, biz Zimbabwede, Moldowada, Wengriýada, Kot-d’Iwuarede on ýyllap halkara gurluşyk işlerine gatnaşdyk. Biz Angliýa dolanyp, Londondaky Beýteliň gurluşyk işlerinde işledik. Meniň maldarçylykdan başym çykýandygy üçin, Beýteliň fermasyna-da kömek etdim. Häzir biz Angliýanyň demirgazyk-günbatarynda pioner bolup gulluk edýäris.

Halkara gurluşyk işlerine gatnaşmakdan köp şatlyk tapýarys

Gwen: Ilkinji saýlan kärimiz balet tansy bize wagtlaýyn şatlyk berdi. Emma biziň ikinji saýlan esasy kärimiz, ýagny Ýehowa gulluk etmek has köp şatlyk berip, ebedi dowam eder. Men häzirem Deýwid bilen kärdeş. Sebäbi biziň ikimizem pioner bolup gulluk edýäris. Biz adamlara halas ediji we gymmatly hakykaty öwrenmäge kömek edip, özümizi bagtly duýýarys. Bu «maslahat hatlary» dünýädäki islendik şöhratdan ýokarydyr (2 Kor. 3:1, 2). Eger hakykaty bilmedik bolsak, onda biziň öňki kärimizden diňe ýagşy ýatlamalar, suratlar we teatr meýilnamalary galardy.

Deýwid: Biz Ýehowa gulluk edip, durmuşymyzy düýbünden özgertdik. Men Hudaýyň kömegi bilen, gowy maşgalabaşy we ata boldum. Mukaddes Ýazgylarda Merýemiň, Dawut patyşanyň we başga-da käbir adamlaryň şatlykdan ýaňa tans edendigi barada aýdylýar. Biz hem dogan-uýalar bilen Ýehowanyň täze dünýäsinde şatlyk bilen tans etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Müs. çyk. 15:20; 2 Şam. 6:14).