Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Öň edebiýatlarymyzda köplenç wakalar we olaryň ýerine ýetişi barada gürrüň edilýärdi. Ýöne indi olar barada köp öwrenilmeýär. Näme üçin?

Wakalar we olaryň ýerine ýetişi barada 1950-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle düşündirilýär: «Waka — gelejekde boljak zatlaryň we ýagdaýlaryň meňzetmesi. Olaryň uly möçberde ýerine ýetmegi — wakalaryň amala aşmagy. Waka kölegä meňzedilýär, uly möçberde ýerine ýetmegi bolsa, onuň asyl nusgasydyr».

Öň edebiýatlarymyzda Debora, Elihu, Ýeftah, Eýýup, Rahap we Rebeka ýaly wepaly aýallardyr erkekleri mesh edilenleriň ýa-da «uly märekäniň» kölegesi hökmünde deňeşdirip düşündirilýärdi (Ylh. 7:9). Meselem, Ýeftah, Eýýup we Rebeka mesh edilenleri, Debora bilen Rahap bolsa «uly märekäniň» kölegesini aňladýardy. Emma indi şeýle deňeşdirilip düşündirilmeýär. Näme üçin?

WAKA

Ysraýyllylaryň Pesah baýramynda gurban beren guzusy pygamberlik wakany aňladýardy (San. 9:2)

ÝERINE ÝETIŞI

Pawlus resul biziň «Pesahlyk guzymyzyň» Isadygyny aýtdy (1 Kor. 5:7)

Mukaddes Ýazgylarda käbir wakalaryň uly möçberde ýerine ýetişi görkezilýär. Mysal üçin, Galatýalylar 4:21—31-nji aýatlarda Pawlus resul göçme manyda iki aýal barada gürrüň berýär. Birinjisi, Ybraýymyň gyrnagy Hajar Ýehowanyň gadymy ysraýyl halky bilen deňeşdirilýär. Bu halk Musanyň kanunyna eýerip ýaşaýardy. Ikinjisi, Ybraýymyň «azat aýaly» Sara bolsa, Hudaýyň aýaly, ýagny gökdäki guramasy bilen deňeşdirilýär. Soňra Pawlus Ýewreýlere ýazan hatynda baş ruhany we patyşa Melkisedegi Isa bilen deňeşdirýär (Ýew. 6:20; 7:1—3). Şeýle-de ol Işaýa pygamber bilen onuň ogullaryny Isa we mesh edilen mesihçiler bilen deňeşdirýär (Ýew. 2:13, 14). Pawlus bu deňeşdirmeleri Hudaýyň ylhamy bilen ýazdy, şol sebäpli biz olaryň dogrudygyna şübhelenmeýäris.

Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda gürrüň berilýän adamlaryň pygamberlik meňzetmesi bolsa-da, olaryň durmuşynda bolan her bir ýagdaýyň ýa-da wakanyň pygamberlik manysy bar diýip pikir etmeli däl. Meselem, Pawlus resul Melkisedegi Isa meňzedýär. Emma onuň Ybraýymy dört patyşadan gorandygy we çörek bilen şerap berendigi hiç zat bilen deňeşdirilip düşündirmeýär. Mukaddes Ýazgylarda bu wakanyň pygamberlik manysynyň bardygy aýdylmaýar (Gel. çyk. 14:1, 18).

Isa Mesih öleninden eneçeme ýyl geçenden soňra dini taryhçylaryň käbiri Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň ähli jikme-jiklikleriniň uly möçberde ýerine ýetişini tapjak bolýardylar. Emma olaryň şeýle etmegi nädogrydy. Bir kitapda Origen, Embrouz we Jerom ýaly alymlar barada şeýle gürrüň berilýär: «Olar Mukaddes Ýazgylarda agzalan her bir wakanyň ujypsyz jikme-jikliklerini uly möçberde ýerine ýetişini gözläp tapýardylar. Olar ýönekeý we adaty zatlary gizlin hakykat bilen baglanyşdyrjak bolup jan edýärdiler . . . , hatda Halasgär Isanyň direlip, şägirtlerine görnen gijesi olaryň tutan 153 balygynyň sanyny hem nämedir bir zat bilen deňeşdirjek bolýardylar!» («The International Standard Bible Encyclopaedia»).

Keramatly Awgustin Isanyň bäş müň adamy iki balyk we bäş arpa çörek bilen doýurmagynyň göçme manysynyň bardygyny aýdýar. Ol arpa çöreginiň Musanyň bäş kitabyny aňladýandygyny düşündirýär (Ol arpanyň bugdaýdan pes bolşy ýaly, Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylarynyň Injilden has pesdigini aýdýar). Ol iki balyk barada näme diýdi? Awgustin olary bir sebäbe görä patyşa we ruhany bilen deňeşdirýär. Wakalaryň pygamberlik meňzetmelerini tapmagy gowy görýän başga bir alym bolsa, Esawyň nowbaharlyk hakyny Ýakubyň bir tabak gyzyl merjimege satyn almagyny, adamzadyň gökde ýaşamaga umydy bolmagy üçin Isanyň gany bilen töleg töleýşine meňzedýär.

Size şeýle düşündirişlere ynanmak kyn bolmagy mümkin. Sebäbi adamlar Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň haýsy pygamberlikler bilen deňeşdirilmelidigini bilmeýärler. Eger Mukaddes Ýazgylarda bir adam, waka ýa-da zat pygamberlikler bilen deňeşdirilse, onuň dogrudygyna ynanýarys. Emma biz Mukaddes Ýazgylara esaslanman, wakalaryň uly möçberde ýerine ýetişi düşündirmeýäris.

Mukaddes Ýazgylardaky wakalary we mysallary okamagyň nähili peýdasy bar? Pawlus resul: «Näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» diýýär (Rim. 15:4). Ol I asyrdaky mesh edilen mesihçileriň Mukaddes Ýazgylardaky wakalardan köp zatlary öwrenip biljekdigini aýtdy. Şu günler hem geçmişde bolşy ýaly mesh edilen mesihçiler we «başga goýunlar» Mukaddes Ýazgylarda «öňden ýazylan» wakalardan sapak edinýärler (Ýahýa 10:16; 2 Tim. 3:1).

Mukaddes Ýazgylardaky wakalar diňe bir mesh edilen mesihçilere, «başga goýunlara» ýa-da belli bir döwre degişli däl. Bu wakalar Hudaýyň dürli döwürde ýaşaýan gullukçylarynyň ählisine peýdaly. Mysal üçin, Eýýup kitabynda aýdylýan zatlary diňe Birinji jahan urşy döwründe ejir çeken mesh edilenlere degişli hasaplamaýarys. Sebäbi Hudaýyň köp gullukçylary: erkekdir aýallar, mesh edilenler ýa-da uly märekäniň agzalary hem Eýýup pygamber ýaly köp kynçylyklara duçar bolýarlar. Olar hem synaglarda çydamlylyk görkezip, «Rebbiň işiniň soňuny-da gördüler, çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr» (Ýakup 5:11).

Şu günlerem ýygnak duşuşyklarynda Debora ýaly gartaşan wepaly uýalar we Elihu ýaly paýhasly ýaş ýygnak ýaşululary bar. Şeýle-de biz Ýeftah ýaly yhlasly we batyrgaý pionerleri hem-de Eýýup ýaly çydamly dogan-uýalary tanaýarys. Ýehowa bize «Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly» bolar ýaly, ähli zady «öňden ýazdyrtdy». Biz muňa örän minnetdar!

Biz ýokarda agzalan sebäplere görä, Mukaddes Ýazgylardaky her bir wakanyň göçme manysyny ýa-da onuň uly möçberde ýerine ýetişini düşündirmeýäris. Biz Hudaýyň Sözündäki wakalardan özümize sapak edinýäris.