Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çapylan agaç ýene gögerermi?

Çapylan agaç ýene gögerermi?

LIWANYŇ owadan kedr agajynyň ýanynda egri we çyrmaşyp ösýän zeýtun agajy asla göze ilmeýär. Emma zeýtun agajy ýaramaz şertlerde-de ösüp bilýär. Olaryň käbir görnüşleri takmynan 1000 ýyla çenli ýaşaýar. Çapylan zeýtun agajynyň köki uzyn bolsa, ol ýaş agaç kimin ýene-de ösüp başlaýar. Agajyň köki guramadyk bolsa, oňa täzeden jan girýär.

Eýýup pygamber ölse-de, direljegine ynanýardy (Eýýup 14:13—15). Ol Hudaýyň adamlary direltmegini zeýtun agajy bilen deňeşdirýär. Eýýup pygamber: «Hatda agaja-da umyt bardyr, ol çapylsa, ýene gögerer» diýýär. Çapylan zeýtun agajynyň töňňesi guran bolsa-da, «suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, ýaş agaç kimin şahalaýar» (Eýýup 14:7—9).

Bagban çapylan zeýtun agajynyň täzeden şahalamagyna umyt edýär. Ýehowa Hudaý hem aradan çykan gullukçylaryny we başga adamlary direltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Mat. 22:31, 32; Ýahýa 5:28, 29; Res. iş. 24:15). Ölen adamlary ýene-de görmek, garşy almak nähili tolgundyryjy bolar!