Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşulular doganlara talaplara laýyk gelmäge kömek edýär

Ýaşulular doganlara talaplara laýyk gelmäge kömek edýär

«Menden eşidenleriňi... wepaly (TD) adamlara tabşyr». 2 TIM. 2:2

1. a) Hudaýyň gullukçylary türgenleşmek babatda nämä göz ýetirdiler we şu günler nädip türgenleşýärler? b) Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

HUDAÝYŇ gullukçylary üstünlik gazanmak üçin türgenleşmegiň wajypdygyna düşünýärler. Ybraýym pygamber «türgenleşen... esgerleri» bilen Luty halas edip, ýeňiş gazandy (Gel. çyk. 14:14—16). Dawut patyşanyň günlerinde Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen» adamlar bardy (1 Ýyl. 25:7). Şu günler bizem Şeýtan we onuň ýaranlary bilen ruhy söweşi alyp barýarys (Efes. 6:11—13). Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin tagalla edýäris (Ýew. 13:15, 16). Hudaýyň öňki gullukçylary ýaly, bizem üstünlik gazanmak üçin türgenleşmeli, ýagny guramada berilýän borçlary ýerine ýetirmegi öwrenmeli. Ýaşulular doganlary ýygnakda jogapkärli borç almaga taýýarlamaly. Sebäbi muny Ýehowa tabşyrdy (2 Tim. 2:2). Tejribeli ýaşulalar doganlara süriniň aladasyny etmegi nähili usullar bilen öwredýärler?

DOGANLARY RUHY TAÝDAN BERKIDIŇ

2. Ýaşulular doganlaryň ukybyny ösdürmek üçin näme etmeli we näme üçin?

2 Hawa, ýaşululary bagbana meňzetse bolýar. Belki-de, bagban nahaly ekmezinden öň, topragy ýumşadyp, gowy iýmitlendirmegiň gerekdigini görer. Şonuň ýaly sizem tejribesi az doganlaryň ukybyny ösdürmäge kömek etmek üçin, ilki bilen, olaryň ýüregini tälim almaga taýýarlap, Mukaddes Ýazgylar arkaly berkitmelidigine göz ýetirersiňiz (1 Tim. 4:6).

3. a) Markus 12:29, 30-njy aýatlaryň esasynda näme barada gürrüň edip bolar? b) Ýaşulynyň dogasy dogana nähili täsir eder?

3 Belki-de, siz dogandan: «Özüňi Ýehowa bagyş edeniňden soňra durmuşyň özgerdimi?» diýip sorasaňyz, onuň pikirlerini we maksatlaryny anyklap bilersiňiz. Şonda siz jan aýaman gulluk etmek barada gürrüň edip bilersiňiz (Markus 12:29, 30-njy aýatlary okaň). Soňra siz doganyň jogapkärli borjy almagy üçin Ýehowadan mukaddes ruhy diläp bilersiňiz. Dogan özi hakda ýürekden edilen dogany eşidip, ruhlansa gerek!

4. a) Ruhy taýdan ösmäge höweslendirýän käbir aýatlary mysal getiriň. b) Ýaşulular doganlary taýýarlanda nämäni göz öňünde tutmaly?

4 Siz käbir aýatlar arkaly dogana yhlasly, ynamdar we kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny düşündirip bilersiňiz (1 Pat. 19:19—21; Neh. 7:2; 13:13; Res. iş. 18:24—26). Şeýle häsiýetler ruhy taýdan çalt ösmäge kömek edýär. Olary topragy mes edýän döküne meňzetse bolýar. Fransiýaly ýaşuly Žan-Klod şeýle diýýär: «Men doganlary taýýarlanymda, esasanam, olaryň ruhy taýdan dogry garaýyşda bolmagyna üns berýärin. Men her bir pursatdan peýdalanyp, Hudaýyň Sözündäki „ajaýyp zatlara“ „gözlerini açmaga“ kömek edýän gerekli aýady bile okaýaryn» (Zeb. 119:18). Ýene-de nähili usullar okuwçyny ruhy taýdan berkitmäge kömek edýär?

RUHY MAKSATLARYŇ SEBÄBINI DÜŞÜNDIRIŇ

5. a) Ýaşulular näme üçin doganlaryň ruhy maksatlary barada soramaly? b) Ýaşululylar doganlary näme üçin ýaşlygyndan taýýarlamaly? (Çykgyda serediň).

5 Siz okuwçydan: «Seniň nähili ruhy maksatlaryň bar?» diýip soraň. Eger onuň maksady ýok bolsa, oňa anyk we ýetip biläýjek maksat goýmaga kömek ediň. Siz goýan maksatlaryňyz barada we olara ýeteniňizde nähili şatlyk tapandygyňyzy gürrüň beriň. Bu usul ýönekeý bolup görünse-de, örän peýdaly. Afrikada pioner bolup gulluk edýän Wiktor atly ýaşuly şeýle ýatlaýar: «Men ýetginjekgäm bir ýaşuly dogan maňa maksatlarym barada birnäçe oýlandyryjy soraglary berdi. Şeýle soraglar öz ruhy ýagdaýym barada çynlakaý pikirlenmäge kömek etdi». Tejribeli ýaşulular ýygnakda doganlaryň ýaşyna görä ýumuşlary tabşyryp, ýetginjek döwründen talaba laýyk gelmäge kömek etmegiň wajypdygyny nygtaýarlar. Şonda doganlar ýaşlyk höweslerinden gaçyp, ünsüni ruhy maksatlara gönükdirip bilerler * (Zebur 71:5, 17-nji aýatlary okaň).

Okuwça ýumşuň näme sebäpden tabşyrylandygyny düşündiriň we edýän tagallary üçin öwüň (5—8-nji abzaslara serediň)

6. Isa nähili görelde galdyrdy?

6 Siz dogana ýumşy nädip etmelidigini däl-de, näme üçin ýerine ýetirmelidigini düşündirseňiz, ol muny höwes bilen eder. Bu babatda siz Beýik Mugallym Isa Mesihden görelde alyp bilersiňiz. Meselem, ol resullaryna ýumuş tabşyrýar we sebäbini şeýle düşündirip: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi. Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýýär (Mat. 28:18, 19). Siz Isanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

7, 8. a) Ýaşulular Isanyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Näme üçin öwgüli sözleri aýtmaly? w) Ýaşulular doganlara kömek etmek babatda nähili usullardan peýdalanyp bilerler? (« Doganlara talaba laýyk gelmäge kömek ediň» diýen çarçuwa serediň).

7 Siz Mukaddes Ýazgylar arkaly ýumşuň näme sebäpden tabşyrylandygyny düşündiriň. Şonda dogana ondaky prinsipleriň esasynda pikirlenmäge kömek edersiňiz. Aýdaly, siz dogana Patyşalyk zalynyň öňüni arassalamagy we ýöremek üçin howpsyz bolmagyny tabşyrýarsyňyz. Şonda siz Titus 2:9-y okap, Patyşalyk zalynyň gowy ýagdaýda saklanmagynyň «Hudaýymyzyň taglymatyny her babatda bezeýändigini» düşündiriň. Mundan başga-da, onuň gartaşan dogan-uýalara nähili peýda getirýändigi barada oýlanmaga kömek ediň. Şeýle gürrüňdeşlik dogana tertip-düzgün barada däl-de, adamlar hakda alada etmegi öwreder. Ol ýerine ýetirýän işiniň imandaşlaryna nähili peýda getirýändigini görüp, köp şatlyk tapar.

8 Elbetde, dogana maslahata eýermäge jan edýändigi üçin öwgüli sözleri aýdyň. Näme üçin? Ösümligiň ösmegine suwuň gerek bolşy ýaly, ýürekden aýdylan öwgüli sözler dogany ruhy taýdan berkidýär (Matta 3:17-ni deňeşdiriň).

BAÝ ÝURTLARDA DÖREÝÄN KYNÇYLYKLAR

9. a) Baý ýurtlarda ýaşaýan ýaşulular nähili kynçylyklara duş gelýärler? b) Käbir ýaş doganlar näme üçin Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmaýarlar?

9 Baý ýurtlardaky ýaşulular başga-da kynçylyga duş gelýärler. Meselem, olara suwda çokundyrylan 20-30 ýaşlaryndaky doganlary ruhy taýdan ösmäge höweslendirmek aňsat bolmaýar. Biz 20 sany günbatar ýurtlaryndaky tejribeli ýaşululardan ýaş doganlaryň jogapkärli borçlary almakdan çekinýändiginiň sebäbini soradyk. Şonda olar doganlary ýaşlygyndan ruhy maksat goýmaga höweslendirilmändigini aýtdylar. Emma käbir doganlara ýaşulular kömek etse-de, olaryň ata-eneleri dünýewi maksatlara höweslendirýärdiler. Şeýle ýaşlar Patyşalyk işlerini hiç haçan birinji orunda goýmandyrlar (Mat. 10:24).

10, 11. a) Dogana ruhy maksatlary goýmaga ýaşuly nädip kem-kemden kömek edip biler? b) Ýaşuly haýsy aýatlar arkaly pikir alşyp biler we näme üçin? (Çykgyda serediň).

10 Ýaşulular ruhy maksatlary bolmadyk doganlaryň pikirini özgertmek üçin köp tagalla etmeli we sabyrly bolmaly. Bagban egri agaçlaryň göni ösmegi üçin, olary ýuwaş-ýuwaşdan dikeldýär. Ýaşuly hem dogany jogapkärli borçlary almaga höweslendirmek üçin, oňa dogry garaýyşda bolmaga kem-kemden kömek edýär. Nädip?

11 Siz doganyň hakyky dosty bolmak üçin wagt sarp ediň. Onuň ýygnaga gereklidigini aýdyň. Soňra onuň bilen arkaýynçylykda käbir aýatlaryň esasynda özüni Ýehowa näme üçin bagyş edendigi barada oýlanmaga kömek ediň (Wag. 5:4; Iş. 6:8; Mat. 6:24, 33; Luka 9:57—62; 1 Kor. 15:58; 2 Kor. 5:15; 13:5). Siz onuň ýüregine täsir edýän şeýle soraglary beriň: «Özüňi Ýehowa bagyş edeniňde nämäni söz berdiň? Ýehowa seniň suwda çokundyrylandygyňy görende özüni nähili duýandyr? Bu Şeýtana nähili täsir edendir?» (Sül. tym. 27:11; 1 Pet. 5:8). Gowy saýlanan aýatlaryň güýçli täsir etjekdigine hiç haçan şübhelenmäň * (Ýewreýler 4:12-ni okaň).

OKUWÇYLAR, MUGALLYMYŇYZA WEPALY BOLUŇ

12, 13. a) Elýaşa nähili garaýyşdady? b) Ýehowa Elýaşany nädip patalady?

12 Ýygnakda jogapkärli borçlary almak isleýän doganlar, siz barada näme diýse bolar? Siz üstünlik gazanmak üçin nähili garaýyşda bolmaly? Geliň, bu soragyň jogabyny bilmek üçin geçmişde bolan bir waka seredeliň.

13 Takmynan 3 000 ýyl mundan ozal Ylýas pygamber Elýaşany kömekleşmäge çagyrýar. Elýaşa çakylyga derrew seslenip, hormatsyz hasaplanylýan işleri ýerine ýetirip, garry pygambere wepaly gulluk edýär (2 Pat. 3:11). Elýaşa alty ýyl hyzmat edenden soňra Ylýas pygamberiň Ysraýylda gulluk etmeli wagtynyň tamamlanyp barýandygyna düşünýär. Ylýas okuwçysyny doly taýýarlaýar. Ol ýolda barýarka Elýaşa özi bilen gitmäge rugsat bermeýär. Emma Elýaşa üç gezegem mugallymyna: «Men senden galmaryn» diýip jogap berýär. Ol soňuna çenli pygamberiň ýanynda bolmagy ýüregine düwýär. Ýehowa Elýaşanyň wepalylygy üçin patalap, Ylýasyň gudrat bilen göge galandygynyň şaýady bolmaga mümkinçilik berýär (2 Pat. 2:1—12).

14. a) Okuwçylar Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Wepaly bolmak näme üçin wajyp?

14 Siz Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Eger size-de hormatsyz hasaplanylýan ýumuş tabşyrylsa, ony derrew ýerine ýetiriň. Mugallymyňyzy dost hökmünde gymmat saýyp, edýän aladasyna minnetdarlygyňyzy bildiriň. Şonda siz Elýaşanyň göreldesine eýerip: «Men senden galmaryn» diýýän ýaly bolarsyňyz. Siz tabşyrylan ýumuşlaryň ählisini ýerine ýetirip, wepaly boluň. Bu wajypmy? Elbetde, sebäbi ýaşulular wepalylygyňyzy we ynama mynasypdygyňyzy görenlerinde, Ýehowanyň size goşmaça jogapkärli işleri tabşyrmak isleýändigine düşünerler (Zeb. 101:6; 2 Timoteos 2:2-ni okaň).

HORMAT GOÝUŇ

15, 16. a) Elýaşa mugallymyna hormat goýýandygyny nädip görkezýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Elýaşa pygamberleri nädip ruhlandyrýar?

15 Elýaşanyň galdyran göreldesi doganlara tejribeli ýaşululara nädip hormat goýmalydygyny öwredýär. Ylýas bilen Elýaşa Ýerihoda ýaşaýan pygamberler bilen görüşenden soňra Iordana tarap ýola düşýärler. Derýanyň kenarynda «Ylýas donuny alyp, düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi». Olar derýanyň beýleki kenaryna geçip, ýene-de gürrüňini dowam etdiler. Ýöne Elýaşa indi hemme zady bilýärin diýmegiň deregine, mugallymynyň aýdýan her bir sözüni ýere gaçyrman ünsli diňleýärdi. Soňra Ylýas pygamber harasat içinde göge göterilýär. Elýaşa yzyna dolanýar we Iordanyň kenaryna baryp: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrýar. Ol pygamberden galan dony alyp, suwa urýar we suw ýene-de iki tarapa bölünýär (2 Pat. 2:8—14).

16 Üns beren bolsaňyz, Elýaşanyň ilkinji gudraty Ylýas pygamberiň soňky gudratyna meňzeşdi. Mundan näme öwrense bolar? Elýaşa pygamber bolandan soňra men hemme zady başgaça etmelidirin diýip pikir etmeýär. Gaýtam, ol mugallymyna hormat goýýandygyny iş ýüzünde görkezip, beýleki pygamberleri hem ruhlandyrýar (2 Pat. 2:15). Elýaşa pygamber bolup 60 ýyllap gulluk edýär we Ýehowa oňa Ylýasdanam köp gudratlary görkezmäge güýç berýär. Okuwçylar onuň göreldesine nädip eýerip bilerler?

17. a) Okuwçylar Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Wepaly okuwçylara Ýehowa nähili mümkinçilik berer?

17 Size ýygnakda jogapkärli borçlar berlende, derrew düýpgöter özgerişler etmeli diýip pikir etmäň. Bu siziň islegiňize däl-de, ýygnagyň zerurlyklaryna we Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine bagly bolýar. Elýaşa pygamberleri ruhlandyrýardy we mugallymyna hormat goýýardy. Siz hem ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylara esaslanyp edýän işlerini goldap, imandaşlaryňyzy ruhlandyrmaly we mugallymyňyza hormat goýmaly (1 Korintoslylar 4:17-ni okaň). Dogan-uýalar gurama bilen deň ýörär ýaly, Ýehowa siziň tejribäňizi ulanyp, özgerişler etmäge ýol berjekdigine şübhelenmän bilersiňiz. Belki, Ýehowa Elýaşa ýaly mugallymyňyzdan-da has köp işleri etmäge sizi öz wagtynda ulanar (Ýahýa 14:12).

18. Doganlara jogapkärli borçlary almaga kömek etmegi näme üçin birinji orunda goýmaly?

18 Biz öňki we şu makalada doganlara jogapkärli borçlary almaga kömek etmegi birinji orunda goýmalydygyny öwrendik. Berlen maslahatlar ýaşululara peýdaly bolar diýip umyt edýäris! Goý, doganlar berilýän kömegi höwes bilen kabul edip, akyldarlyk bilen imandaşlarynyň aladasyny etsinler! Şonda olar bütin dünýädäki dogan-uýalara ruhy taýdan berkemäge we gelejekdäki wajyp döwürde-de wepaly galmaga kömek ederler.

^ abzas 5 Eger 20 ýaşyna ýetmedik dogan ruhy taýdan ösüp, pesgöwünli we Mukaddes Ýazgylaryň başga-da talaplaryna laýyk gelýän bolsa, ýaşulular ony ýygnak hyzmatçysy bolmaga teklip edip bilerler (1 Tim. 3:8—10, 12; w90-U 1/2 sah. 23).

^ abzas 11 Siz dogan bilen gürrüňdeş bolanyňyzda «Garawul diňi» žurnalyndan (w12 15/4 sah. 14—16, abz. 8—13) we «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» kitabyndan (16-njy bap, abz. 1—3) peýdalanyp bilersiňiz.