Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa hemişe bil baglaň!

Ýehowa hemişe bil baglaň!

«Eý halk, her wagt Oňa bil baglaň». ZEB. 62:8

1—3. Pawlus resula Ýehowa bolan ynamyny berkitmäge näme kömek etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

I ASYRDA Rimde ýaşaýan mesihçilere howp abanýardy. B. e. 64-nji ýylynda mesihçileri adamsöýmez hasaplaýardylar we olary şäheri otlamakda aýyplap, güýçli yzarlaýardylar. Dogan-uýalaryň käbirini tussag edýärdiler, wagşy haýwanlaryň öňüne oklaýardylar, pürse çüýleýärdiler we gijesine yşyk bolar ýaly, olary diriligine ýakýardylar. Eger siz hem şol döwürde ýaşan bolsaňyz, bu zatlara duçar bolardyňyz.

2 Şol kyn döwürde Pawlus resul Rimde ikinji gezek tussag edildi. Mesihçiler ony goldarmy? Pawlus biraz biynjalyklanyp, Timoteosa şeýle ýazdy: «Ilkinji goranmamda tarapymy tutan bolmady, gaýtam, hemmeler meni taşlap gitdiler. Munuň hasaby olardan soralmasyn». Emma Pawlus özüniň goragsyz galmajakdygyny bilýärdi. Sebäbi öň Isa Mesih oňa gerekli goldawy beripdi. Pawlus: «Reb ýanymda durup, meni güýçlendirdi; şeýlelikde, arslanyň agzyndan gutuldym» diýdi (2 Tim. 4:16, 17) *.

3 Şol sebäpli Pawlus Ýehowanyň bu gezegem, gelejekde-de goldajakdygyna ynanyp: «Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutarar» diýdi (2 Tim. 4:18). Adamlar oňa gerekli kömegi berip bilmese-de, ol Ýehowanyň we Isanyň hemişe goldajakdygyna düşünýärdi.

ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

4, 5. a) Kim bize hemişe gerekli kömegi berip bilýär? b) Biz nädip Ýehowa has-da ýakynlaşyp bileris?

4 Siz kyn ýagdaýa düşeniňizde käte özüňizi terk edilen ýaly duýýarsyňyzmy? Belki-de, işsizlik, deň-duşlaryňyzyň täsirine garşy durmak, keselçilik we şuňa meňzeş kynçylyklar sebäpli göwnüçökgünlige düşýänsiňiz. Başgalardan kömek sorasaňyz-da, olaryň size gerekli goldawy berip bilmändigi üçin lapykeç bolýansyňyz. Aslynda, ynsana käbir kynçylyklary çözmek başartmaýar. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowa Hudaýa bil baglamagy maslahat berýär (Sül. tym. 3:5, 6). Biz Hudaýyň kömek etjekdigine ynanyp bilerismi? Elbetde! Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň öz halkyny hemişe goldandygyny görkezýän ençeme wakalar bar.

5 Eger adamlar bize kömek edip bilmeseler, olara nägile bolmagyň deregine, bu ýagdaýa Pawlus resul ýaly Ýehowa bil baglamaga mümkinçilik hökmünde garamaly. Şonda biz Hudaýyň aladamyzy edýändigine göz ýetirip, imanymyzy berkideris we Oňa has-da ýakynlaşarys.

HUDAÝ BILEN DOSTLAŞMAK ÜÇIN OŇA BIL BAGLAMALY

6. Kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglamak näme üçin aňsat bolmaýar?

6 Biz kynçylyga uçranymyzda, ony çözmek üçin elimizde baryny edýäris we Ýehowa doga edip, kömek soraýarys. Biz Hudaýyň goldajakdygyna bil baglap, kynçylygymyz barada biynjalyklanman bilerismi? Hawa, biz onuň hökman kömek etjekdigine ynanyp bileris (Zebur 62:8; 1 Petrus 5:7-nji aýatlary okaň). Hudaý bilen dostlaşmak üçin, oňa bil baglamagy öwrenmeli. Emma muny etmek aňsat bolmaýar. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa käte biziň dogalarymyza derrew jogap bermeýär (Zeb. 13:1, 2; 74:10; 89:46; 90:13; Hab. 1:2).

7. Ýehowa käwagt dogalarymyza näme üçin derrew jogap bermeýär?

7 Ýehowa her bir haýyşymyza näme üçin dessine jogap bermeýär? Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa söýgüden doly Ata bilen deňeşdirilýär (Zeb. 103:13). Kakasy çagasynyň her bir soran zadyny bermeýär ýa-da haýyşyny derrew bitirmeýär. Käte çaga bir zady kesirlik bilen sorasa-da, onuň islegi üýtgäp biler. Eger kakasy çagasynyň her bir islegini derrew ýerine ýetirse, ol öz çagasynyň guly ýaly bolar. Kakasy çagasyna nämäniň gerekdigini, ony haçan bermelidigini we munuň başgalara nähili täsir etjekdigini gowy bilýär. Şonuň ýaly-da, söýgüden doly gökdäki Atamyz, paýhasly Ýaradyjymyz Ýehowa bize nämäniň gerekdigini we dogalarymyza haçan jogap bermelidigini gowy bilýär. Şol sebäpli Allatagala biziň dogalarymyza jogap berýänçä, sabyrly garaşmaly (Işaýa 29:16; 45:9-njy aýatlary deňeşdiriň).

8. Ýehowa bize nämäni wada berýär?

8 Ýehowa biziň mümkinçiligimiziň çäklidigini gowy bilýär (Zeb. 103:14). Ol biziň ähli zada öz güýjümiz bilen döz gelip bilmejekdigimize düşünip, gerekli kömegiberýär. Käte biz kynçylygy ýeňip bilmerin diýip tapdan düşýäris. Emma Ýehowa gullukçylarynyň güýjünden artyk synalmagyna ýol bermejekdigine we «çykalga açjakdygyna» ynandyrýar (1 Korintoslylar 10:13-i okaň). Hudaýyň ýagdaýymyza düşünýändigini bilmek bize teselli berýär.

9. Biz dogalarymyza derrew jogap almasak näme etmeli?

9 Ýehowadan kömek sorap, doga edenimizde derrew jogap almasak, sabyr-takat etmeli. Sebäbi Hudaý ýürekden kömek etmek islese-de, onuň özi hem amatly wagta sabyrly garaşýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!» diýilýär (Iş. 30:18).

«ARSLANYŇ AGZY»

10—12. a) Agyr kesellän maşgala agzasynyň aladasyny edýän mesihçilere näme üçin kyn bolýar? b) Kynçylyklarda Ýehowa bil baglamaklyk onuň bilen dostlugymyza nähili täsir edýär? Mysal getiriň.

10 Käte biz agyr kynçylyga uçrap, özümizi Pawlus resul kimin «arslanyň agzynda» ýaly duýýandyrys. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowa bil baglamak kyn bolsa-da, bu örän wajyp. Aýdaly, dogan-garyndaşlaryňyzdan biri agyr keselleýär we siz onuň aladasyny etmeli bolýarsyňyz. Siz muňa döz gelmek üçin eliňizde baryny edip, Hudaýdan akyldarlyk we güýç dileýärsiňiz *. Allatagalanyň sizi görýändigini we ýagdaýyňyza düşünýändigi barada oýlansaňyz, kalbyňyz rahat bolar. Ýehowa size wepaly galmaga we çydamly bolmaga kömek eder (Zeb. 32:8).

11 Siz Ýehowanyň berýän kömegini käte görýän dälsiňiz. Meselem, lukmanlar bir karara gelip, size peýdaly boljak maslahaty berip bilmerler. Dogan-garyndaşlaryňyz hem sizi goldamagyň deregine, ýaraňyza duz sepýändir. Şeýle ýagdaýda Ýehowadan güýç sorap, doga etseňiz we oňa ýakynlaşsaňyz gowy bolar (1 Şamuwel 30:3, 6-njy aýatlary okaň) *. Siz Hudaýyň kömek edýändigini göreniňizde, onuň bilen dostlugyňyz has-da berkär.

12 Linda * hem birnäçe ýyllap kesellän ata-enesiniň aladasyny edip, muňa göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men, ýanýoldaşym we doganym aljyrap, näme etjekgimizi bilmeýärdik. Biz hiç kim goldamaýan ýalydy. Emma yzymyza ser salanymyzda, Ýehowanyň biziň bilendigine düşündik. Ol bizi berkidip, çykalgasyz görünýän ýagdaýlarda-da kömek berýärdi».

13. Uýa Ýehowa bil baglap, agyr kynçylyklara nädip döz geldi?

13 Biz betbagtçylyga uçranymyzda-da, Ýehowa doly bil baglamaly. Meselem, Ronda uýanyň iman etmeýän ýanýoldaşy aýrylyşýar, oglan jigisi bolsa ölüm howply deri inçekeseli bilen keselleýär. Birnäçe aý geçenden soňra gelnejesi aradan çykýar. Ronda bu elhenç wakalardan soň, biraz özüni dürsäp, umumy pioner gullugynabaşlaýar. Emma tizden onuň ejesi aradan çykýar. Bu ýagdaýlara döz gelmäge Ronda näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men her gün, hatda ujypsyz kararlara gelenimde-de, Ýehowa doga edýärdim. Bu maňa Hudaýa has-da ýakynlaşmaga kömek etdi. Şeýle-de men özüme ýa-da başga adamlara däl-de, Ýehowa bil baglamagy öwrendim. Allatagala meni goldap, ähli zerurlyklarymyň kanagatlandyrdy. Men Ýehowanyň mähir bilen goldaýandygyny duýýardym».

Ýehowa bilen dostlugymyza maşgalada döreýän kynçylyklar täsir edip biler (14—16-njy abzaslara serediň)

14. Dogan-garyndaşlaryndan biri ýygnak bilen gatnaşykdan kesilen mesihçä Ýehowa nädip kömek edýär?

14 Geliň, başga bir mysala seredeliň. Aýdaly, dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak bilen gatnaşykdan kesilýär. Mukaddes Ýazgylarda ýygnak bilen gatnaşykdan kesilen adam bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada görkezme berilýär (1 Kor. 5:11; 2 Ýahýa 10). Emma bu tabşyryga gulak asmak käte kyn ýa-da asla mümkin däl ýaly görünýär *. Siz Ýehowa wepaly bolmak üçin, onuň güýç berjekdigine ynanýarmysyňyz? Şeýle ýagdaýa Hudaýa ýakynlaşmaga mümkinçilik hökmünde gararmysyňyz?

15. Adam ata Ýehowanyň beren tabşyrygyna näme üçin gulak asmady?

15 Ilkinji ynsan Adam ata barada oýlanyp göreliň. Ol Ýehowa gulak asmasam-da, ebedi ýaşaryn diýip oýlandymyka? Ýok. Mukaddes Ýazgylarda: «Aldanan Adam däldi» diýilýär (1 Tim. 2:14). Onda Adam ata nämeüçin Hudaýa gulak asmady? Ol How enäni söýýändigi üçin miweden iýdi. Adam ata Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asman, aýalyny diňledi (Gel. çyk. 3:6, 17).

16. Biz kimi has köp söýmeli we näme üçin?

16 Onda biz dogan-garyndaşlarymyzy ýürekden söýmeli dälmi? Elbetde, söýmeli! Ýöne biziň Ýehowa bolan söýgimiz has güýçli bolmaly (Matta 22:37, 38-nji aýatlary okaň). Şonda dogan-garyndaşymyz Hudaýa gulluk etse-de, etmese-de olara gowy täsir edip bileris. Şol sebäpli Ýehowa bolan söýgimizi artdyryp, imanymyzy berktmeli. Eger siz dogan-garyndaşlaryňyzyň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilendigi üçin ruhdan düşýän bolsaňyz, Ýehowa dogada ýüregiňizi döküň * (Rim. 12:12; Flp. 4:6, 7). Bu kyn ýagdaýa Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitmäge mümkinçilik hökmünde garaň. Şonda siz Hudaýa hemişe bil baglamagy öwrenersiňiz we oňa gulak asmagyň bereket berýändigine göz ýetirersiňiz.

JOGABYNA GARAŞYŇ

Ýehowanyň işine yhlasly gatnaşyp, oňa bil baglaýandygyňyzy görkeziň (17-nji abzasa serediň)

17. Biz wagyz işine yhlasly gatnaşyp, Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezýäris?

17 Ýehowa Pawlus resuly näme üçin «arslanyň agzyndan» halas etdi? Ol: «Hudaýyň wagzy men arkaly doly yglan bolup, bütin milletler ony eşitmeli» diýdi (2 Tim. 4:17). Biz hem Pawlus resul ýaly wagyz işine yhlasly gatnaşsak, Ýehowanyň bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanyp bileris (Mat. 6:33). Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary hökmünde bize hoş habary wagyz etmek «tabşyryldy». Ýehowa bizi «işdeşleri» bolmaga mynasyp gördi (1 Sel. 2:4; 1 Kor. 3:9). Eger biz muňa yhlasly gatnaşsak, Hudaýyň dogalarymyza jogap bermegine garaşmak kyn bolmaz.

18. Biz Ýehowa bolan ynamymyzy we onuň bilen dostlugymyzy nädip berkidip bileris?

18 Geliň, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkideliň. Kynçylyklara Hudaýa ýakynlaşmaga mümkinçilik hökmünde garalyň. Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, yzygiderli doga edip, ruhy işlere yhlasly gatnaşalyň. Şonda Ýehowanyň bizi häzirem, gelejekde-de goldajakdygyna ynamly bolarys.

^ abzas 2 Pawlus resulyň «arslanyň agzyndan gutulmagy» göni ýa-da göçme manyda bolmagy mümkin.

^ abzas 10 Kesellän adamlar we olaryň aladasyny edýän mesihçiler şu žurnallardan peýdalanyp bilerler (g94-E 8/2; g97-U 8/2; g00-U 22/5; g01-U 22/1).

^ abzas 11 1 Şamuwel 30:3 Dawut adamlary bilen gala gelende, olar onuň ýakyp-ýandyrylandygyny, aýallarydyr ogul-gyzlarynyň bolsa ýesir edilip äkidilendigini bildiler. 6 Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.

^ abzas 12 Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 16 Şu makalalar dogan-garyndaşlary ýygnak bilen gatnaşykdan kesilen mesihçilere kömek eder (w06-U 1/9 sah. 17—21; w07-U 15/1 sah. 17—20).