Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ebedi ýaşaýşy wada berýän Hudaýdan görelde alyň

Ebedi ýaşaýşy wada berýän Hudaýdan görelde alyň

«Söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň». EFES. 5:1

1. Hudaýdan görelde almaga näme kömek edýär?

ÝEHOWA bize özümizi başgalaryň ýerinde goýup görmek ukybyny sowgat berýär. Biz başymyza düşmedik ýagdaýlary göz öňüne getirip bilýäris (Efesliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Hudaýyň beren sowgadyny nädip paýhasly ulanmaly? Ony nädogry ulanmakdan nädip gaça durmaly?

2. Biziň çekýän jebir-jepamyza Ýehowa nähili garaýar?

2 Hudaý wepaly mesh edilen mesihçilere gökde «çüýremezlik donuny», Isanyň wepaly «başga goýunlaryna» ýerde ebedi ýaşaýşy wada berýär. Biz muňa örän begenýäris (Ýahýa 10:16; 17:3; 1 Kor. 15:53). Elbetde, gökdäki «çüýremezlik» we ýerdäki ebedi ýaşaýyşda horluklar bolmaz. Ýehowa Müsür gulçulygynda ejir çekýän ysraýyl halkynyň ýagdaýyny bilşi ýaly, biziňem gaýgy-aladamyza biparh garamaýar. Alla ysraýyllylar «azap çekende, gynandy» (Iş. 63:9). Birnäçe asyr geçenden soňra ýehudylar ybadathanany dikeltmek isleýärler, ýöne duşmanlar garşy çykanda, olar gorka düşýärler. Şonda Ýehowa: «(Size) degen hut Meniň görejime degýändir»diýip, olary ruhlandyrdy (Zak. 2:8). Enäniň öz balasyna mähirli garaýşy ýaly, Ýehowa hem söýgi bilen halkynyň aladasyny edýär (Iş. 49:15). Görşümiz ýaly, Ýehowa özüni başgalaryň ýerine goýýar. Ol şeýle ukyby bize-de berýär (Zeb. 103:13, 14).

ISA HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINE EÝERÝÄR

3. Isanyň rehimdarlygy nämeden görünýär?

3 Isa adamlaryň ýagdaýyny başyndan geçirmese-de, olaryň çekýän derdini duýýardy. Dini ýolbaşçylar köp däp-dessurlar arkaly adamlary aldap, olaryň ýaşaýşyny agyrlaşdyrýardy. Şol sebäpli adamlar olardan gorkuda ýaşaýardy (Mat. 23:4; Mar. 7:1—5; Ýahýa 7:13). Isa gorka we aldawa düşmese-de, başgalaryň ýagdaýyna düşünýärdi. «Isa märekäni görende, olara haýpy geldi; çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy» (Mat. 9:36). Isa-da Atasy ýaly adamlary söýýärdi we rehimdarlyk bildirýärdi (Zeb. 103:8).

4. Isa ejir çekýän adamlara nähili garaýar?

4 Isa ejir çekýän adamlary görende, söýgi bilen olaryň aladasyny edýärdi. Sebäbi ol söýgüden doly Atasynyň göreldesine eýerýärdi. Bir gezek Isa resullary bilen köp ýerlerde wagyz edenden soňra dynç almak isleýär. Emma Isa özüne garaşyp duran märekäni görende, olara haýpy gelip, «köp zatlary öwretmäge başlaýar» (Mar. 6:30, 31, 34).

ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSINE EÝERIŇ

5, 6. Biz Hudaýyň söýgüsine eýersek adamlara nähili garaýyşda bolarys? Mysal getiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Biz adamlara söýgimizi bildirip, Hudaýdan görelde alýarys. Meselem, Alan atly ýaş mesihçi gözi kütelen garry dogana okamagyň we öýden-öýe wagyz etmegiň kyn bolýandygy barada oýlanýar. Ol Isanyň: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň» diýen sözlerini ýatlaýar (Luka 6:31). Alan özüne şeýle sorag berýär: «Adamlaryň maňa näme etmegini isleýärin?» Soňra çyny bilen öz soragyna: «Olar meniň bilen pökgi oýnasadylar!» diýip jogap berýär. Emma garry dogan onuň bilen pökgi oýnap bilermi? Aslynda, Isanyň aýdan sözleri şeýle diýmegi aňladýar: «Men goňşymyň ýerinde bolan bolsam, onuň maňa näme etmegini islärdim?»

6 Alan ýaş bolsa-da, özüniň garrylyk çagyny göz öňüne getirmeli. Munuň üçin ol gartaşan dogana syn edýär we ony ünsli diňleýär. Şonda Alan garry adama Mukaddes Ýazgylary okamagyň we öýden-öýe wagyz etmegiň kyn bolýandygyna ýuwaş-ýuwaşdan düşünip başlar. Alan gartaşan doganyň çekýän derdini duýanda, onuň nämä mätäçdigini bilip, oňa kömek etmek islär. Hawa, bizem şeýle etmeli. Biz Hudaýyň söýgüsine eýermek üçin özümizi adamlaryň ýerine goýup görmeli (1 Kor. 12:26).

Ýehowanyň söýgüsine eýeriň (7-nji abzasa serediň)

7. Biz adamlaryň ýagdaýyna düşünmek üçin näme etmeli?

7 Adamlaryň çekýän ejirine hemişe düşünmek aňsat bolmaýar. Biz köp adamlaryň kynçylyklaryny başymyzdan geçiren däldiris. Meselem, käbir adamlar bir ýeriniň döwlendigi, keselçilik we garrylyk sebäpli ejir çekýärler. Başgalary göwnüçökgünlik, gorky we zorlugyň ýetiren täsiri sebäpli duýgy taýdan jebirçekýärler. Käbir maşgalalarda kakasynyň ýa-da ejesiniň ýoklugy, dini agzalalyk sebäpli kynçylyklar bolýandyr. Adamlar biziň başymyzdan geçmedik kynçylyklaryny gürrüň berende, Hudaýyň söýgüsine nädip eýerip bileris? Eger biz adamy ünsli diňlesek, onuň duýgusyna düşünip, gerekli kömegi bereris. Biz adamlaryň zerurlygyny doly kanagatlandyryp bilmesek-de, olary ruhlandyryp we el kömegini berip bilýäris (Rimliler 12:15; 1 Petrus 3:8-nji aýatlary okaň).

ÝEHOWANYŇ MÄHIRLILIGINE EÝERIŇ

8. Isa mähirli bolmaga näme kömek edýär?

8 Hudaýyň Ogly: «Hemmelerden Beýik Bolan... gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr» diýdi (Luka 6:35). Isa-da adamlar bilen gürrüňdeş bolanda, Hudaýyň mähribanlygyndan görelde alýardy. Oňa näme kömek edýär? Isa aýtjak sözleriniň we özüni alyp barşynyň adamlara nähili täsir etjekdigi barada oýlanýardy. Meselem, bir ahlaksyz aýal Isanyň ýanyna barýar we aglap, gözýaşlary bilen onuň aýagyny ýuwmaga durýar. Isa onuň toba edýändigini bilýär. Şonuň üçin aýalyň ýüregine ýara saljak gödek sözleri aýtman, ony öwýär we bagyşlaýar. Muny gören fariseý nägilelik bildirende, Isa oňa-da mähirli düşündirýär (Luka 7:36—48).

9. Biz Hudaýyň mähirliligine nädip eýerip bileris? Mysal getiriň.

9 Biz Hudaýyň mähribanlygyna nädip eýerip bileris? Pawlus resul: «Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr» diýdi (2 Tim. 2:24). Mähirli adamlar çylşyrymly meselelerde-de beýlekileriň duýgularyny göz öňüne tutýarlar. Biz nädip mähirli bolup bileris? Meselem, başlyk borjuny gowy ýerine ýetirmeýär. Biz muňa nähili gararys? Ýa-da dogan birnäçe aýdan soňra ýygnak duşuşygyna gelýär. Biz oňa näme diýeris? Öýden-öýe wagyz edenimizde: «Men şu wagt boş däl» diýen adamyň ýagdaýyna düşünerismi? Ýanýoldaşyňyz size: «Näme üçin şenbe güni gitjek ýeriňi aýtmadyň?» diýse, oňa mähirli jogap berersiňizmi? Biz adamlaryň ýerine özümizi goýup görmeli we sözümiziň, özümizi alyp barşymyzyň beýlekilere nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly. Şonda Ýehowanyň mähirliligine eýerip bileris (Süleýmanyň tymsallary 15:28-i okaň).

HUDAÝYŇ AKYLDARLYGYNA EÝERIŇ

10, 11. Ýehowanyň akyldarlygyna eýermäge näme kömek edýär? Mysal getiriň.

10 Ýehowa bize başymyzdan geçirmedik zatlary göz öňümize getirmäge ukyp berdi. Bu ukyp Allanyň akyldarlygyna eýermäge we edýän işimiziň netijesi barada oýlanmaga kömek edýär. Akyldarlyk — Ýehowanyň esasy häsiýetleriniň biri. Eger Hudaý islese, ähli zatlaryň netijesini öňünden görüp bilýär. Biz gelejegi öňünden görüp bilmesek-de, işimiziň netijesi barada oýlanyp bilýäris. Ysraýyllylar Allatagala gulak asmazlygyň nämä eltjekdigi barada pikirlenmediler. Musa pygamber gadyrbilmez halkyň Ýehowa garşy erbet işleri etjekdigini bilýärdi. Ol: «Ysraýylbir akylsyz halkdyr, olarda hiç hili düşünje ýokdur. Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar» diýdi (Kan. tag. 31:29, 30; 32:28, 29).

11 Biz etjek işimiziň netijesi barada oýlansak ýa-da göz öňüne getirsek Hudaýyň akyldarlygyna eýereris. Eger biz biri bilen duşuşýan bolsak, onda jynsy höwesiň güýçli bolýandygyny unutmaly däl. Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirjek işlerden hemişe gaça duralyň! Şeýle-de Hudaýyň beren şu duýduryşyna gulak asalyň: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» (Sül. tym. 22:3).

ERBET PIKIRLERE GARŞY GÖREŞIŇ

12. Pikirlenmegiň nähili howply taraplary bar?

12 Düşgür adam pikirlenmegi tutaşýan oda meňzedýär. Ody paýhasly ulansak peýda getirýär. Meselem, otda nahar bişirilýär. Emma ot käte howply bolýar. Ody gözden salsaň, jaýy ýakyp, adamlary heläk edýär. Şonuň ýaly-da, biz Ýehowanyň görkezýän göreldesi barada pikirlensek, ruhy taýdan berkäris. Emma ahlaksyz zatlar barada oýlanmaklyk howply bolýar. Meselem, günä iterýän zatlar barada oýlanmagy endik edinsek, soňabaka olary edip başlarys. Hawa, ahlaksyz arzuwlar ruhy taýdan bogýandyr! (Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary okaň).

13. How ene nämäni arzuw eden bolmaly?

13 Geliň, How enäniň näme üçin «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtyndan» iýendigi barada oýlanalyň (Gel. çyk. 2:16, 17). Ýylan How enä: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär» diýdi. How ene «agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görýär». Netijede näme bolýar? How ene «ondan alyp iýýär. Ýanyndaky adamsyna-da berýär, ol hem iýýär» (Gel. çyk. 3:1—6). Şeýtanyň sözleri How enä täsir edýär. Ol ýagşy-ýamany biriniň kesgitlemegini däl-de, özi çözmek isleýär. Erbet zatlar barada pikirlenmek, gör, nähili howply! Netijede, Adam ata «arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi» (Rim. 5:12).

14. Mukaddes Ýazgylarda ahlaksyz işlerden gaça durmak barada näme diýilýär?

14 Elbetde, How ene Erem bagynda jynsy ahlaksyzlyk barada oýlanmady. Emma Isa ahlaksyz işler barada pikirlenmegiň hem nädogrydygyny duýdurdy. Ol: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýdi (Mat. 5:28). Pawlus resul hem: «Ten höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň» diýdi (Rim. 13:14).

15. Biz nirede hazyna ýygnamaly we näme üçin?

15 Hudaýa gulluk etmegiň deregine, baýlyk toplamak barada pikirlenmek örän howply. Baýlyk adamyň «hyýalynda belent diwar kimindir» (Sül. tym. 18:11). Isa «Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň» ýagdaýyny görkezmek üçin bir tymsaly gürrüň berýär (Luka 12:16—21). Biz Ýehowany begendirmek üçin onuň halaýan işlerini etmeli (Sül. tym. 27:11). Biz «gökde hazyna ýygnasak», Ýehowanyň razylygyny gazanarys we şatlyk taparys (Mat. 6:20). Ýehowa bilen berk dostlugymyz iň gymmatly hazynadyr!

ÇENDENAŞA ALADALANMAŇ

16. Çendenaşa aladalanmazlyga näme kömek edýär?

16 Biz «ýer ýüzünde... hazyna» ýygnamagyň aladasyny etmeli däl (Mat. 6:19). Isa «dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy» Patyşalyk baradaky sözi bogup bilýändigini aýdýar (Mat. 13:18, 19, 22). Adam garyp bolsa-da, baý bolsa-da, gelejekde bolup biljek erbet zatlar barada pikirlenýär. Şeýle gaýgy-aladalar adamy ruhdan düşürýär we saglygyna zyýan ýetirýär. Şol sebäpli «ýüregindäki ýük adamy çökerýändir; ýagşy söz bolsa ýüregini begendirýändir» diýen sözleri unutmalyň we Ýehowa bil baglalyň (Sül. tym. 12:25). Biziň ýagdaýymyza düşünýän adam ýüregimize şypa berer. Biz ata-enemize, ýanýoldaşymyza we ýakyn dostumyza ýüregimizi döksek, olar bize Hudaýyň garaýşyny ýatladyp, göwnümizi götererler.

17. Ýehowa bize aladalarymyz bilen göreşmäge nädip kömek edýär?

17 Biziň ýagdaýymyza Ýehowa ýaly hiç kim düşünmeýär. Pawlus resul şeýle ýazýar: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Flp. 4:6, 7). Şeýle-de ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýän dogan-uýalar, ýaşulular, sadyk hem akylly hyzmatkär, perişdeler, Isa we Ýehowa barada oýlanyň.

18. Nähili zatlar barada pikirlenmek peýdaly?

18 Görşümiz ýaly, Ýehowanyň söýgüsine eýermek üçin ýagşy zatlar barada pikirlenmeli (1 Tim. 1:11; 1 Ýahýa 4:8). Biz hakyky söýgini bildirip, işiň netijesi barada oýlanyp, çendenaşa aladalanmasak we şatlygymyzy ýitirmesek bagtly bolarys. Şol sebäpli, geliň, göz öňüne getirmek ukybyny ulanyp, özümiziň täze dünýäde ýaşaýandygymyzy göz öňümize getireliň we Ýehowanyň söýgi, mähribanlyk, akyldarlyk hem-de şatlyk ýaly häsiýetlerine eýereliň (Rim. 12:12).