Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ezekiýel kitabyndaky Magok ýurdundaky Gog kimi aňladýar?

Köp ýyllaryň dowamynda edebiýatlarymyzda Şeýtan Iblis gökden ýere zyňylandan soň, ol Magok ýurdundaky Gog boldy diýip düşündirilýärdi. Ylham kitabynda Şeýtan Iblisiň Hudaýyň halkyna topuljak duşmanlara ýolbaşçylyk etjekdigi barada aýdylýar (Ylh. 12:1—17). Şonuň üçin Gog Şeýtanyň ýene bir ady hasaplanylýardy.

Emma başga bir wajyp sorag döreýär. Geliň, bir zada üns bereliň. Ýehowa Goga: «Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin» diýip, onuň ýeňiljekdigini aýdýar (Ezek. 39:4). Soňra Ýehowa: «Şol gün Men Ysraýylda... Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler» diýýär (Ezek. 39:11). Emma «ýyrtyjy guşlar we ýabany haýwanlar» perişdäni nädip iýip bilerler? Şeýtany ýere nädip «gömüp» bolar? Mukaddes Ýazgylarda Şeýtan 1000 ýyllap baglanar diýilse-de, onuň iýiljekdigi we ýakyljakdygy barada hiç zat aýdylmaýar (Ylh. 20:1, 2).

Biz Şeýtanyň 1000 ýylyň ahyrynda düýpsüz çuňlukdan boşadylandan soň, «ýer ýüzüniň dört burçundaky milletleri, äjit-mäjidi (Gogy, TD) azdyrjak bolup, olary söweş üçin üýşürjekdigini» bilýäris (Ylh. 20:8). Ýöne Şeýtanyň özi Gog bolsa, onda nädip Gogy azdyryp biler? Görşümiz ýaly, Ezekiýeliň pygamberligindäki we Ylham kitabyndaky «Gog» Şeýtan Iblisi aňlatmaýar.

Onda Magok ýurdundaky Gog kim? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň halkyna kimiň topuljakdygyny anyklamaly. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň halkyna diňe bir «Magok ýurdundaky Goguň» däl-de, «demirgazyk patyşasynyň» we «dünýä patyşalarynyň» topuljakdygy barada aýdylýar (Ezek. 38:2, 10—13; Dan. 11:40, 44, 45; Ylh. 17:14; 19:19). Bular aýry-aýry hüjümleri aňladýarmy? Ýok, olaryň ählisi bir hüjüm. Mukaddes Ýazgylarda onuň ady dürli-dürli aýdylýar. Biz näme üçin şeýle netijä gelýäris? Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda ähli halklaryň bileleşip, Armageddonyň öň ýanynda soňky urşa gatnaşjakdygy barada aýdylýar (Ylh. 16:14, 16).

Hudaýyň halkyna soňky hüjümi baradaky aýatlaryň hemmesini deňeşdirsek, Magok ýurdundaky Goguň Şeýtan Iblisi däl-de, milletleriň üýşmegini aňladýandygyna göz ýetireris. Olara «demirgazyk patyşasy» ýolbaşçylyk edermi? Bu anyk belli bolmasa-da, Ýehowa Goga şeýle diýýär: «Sen ýanyňdaky köp halklar bilen, at üstünde bolan uly jemagat we güýçli goşun bilen demirgazygyň aňry ujundan, öz mekanyňdan gelersiň» (Ezek. 38:6, 15).

Ezekiýeliň döwründe ýaşan Danyýel pygamber demirgazyk patyşasy barada şeýle diýdi: «Gündogardan we demirgazykdan gowşan habarlar ony howsala salar. Onsoň ol gazap atyna atlanyp, köp adamlary öldürmek we bütinleý ýok etmek üçin ýola düşer. Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz» (Dan. 11:44, 45). Bu Ezekiýel kitabynda Gog barada aýdylan pygamberlik bilen deň gelýär (Ezek. 38:8—12, 16).

Bu uruşdan soň näme bolar? Danyýel şeýle pygamberlik edýär: «Şol wagt seniň halkyňy (1914-nji ýyldan bäri) goraýan baş serdar (Isa Mesih) Mikaýyl (Armageddonda) öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür (uly muşakgat) geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar» (Dan. 12:1). Hudaýyň wekili Isanyň şu işleri etjekdigi barada Ylham 19:11—21-nji aýatlarda hem aýdylýar.

Ylham 20:8-däki «Magok ýurdundaky Gog» (TD) kimi aňladýar? «Magok ýurdundaky Gog», ýagny uly muşakgatyň soňunda Hudaýyň halkyna topuljak milletleriň üýşmeginde ganhorlyk ruhy görner. Müňýyllygyň soňundaky synagda Ýehowa garşy çykjak pitneçiler hem ganhorlyk ruhuny bildirerler. Bu iki topar ebedilik ýok ediler! (Ylh. 19:20, 21; 20:9). Şulary göz öňüne tutsak, Müňýyllygyň soňunda peýda boljak ähli pitneçilere «Magok ýurdundaky Gog» diýilmegi ýerlikli bolsa gerek.

Hudaýyň Sözüni yhlasly öwrenýän adamlar «demirgazyk patyşanyň» aýan boljak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Emma milletleriň üýşmegine kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi wajyp bolmasa-da, biz iki zady anyk bilýäris: 1) «Magok ýurdundaky Gog» goşuny bilen ýeňiler we ýok ediler; 2) Patyşamyz Isa Mesih Hudaýyň halkyny halas eder we olary täze dünýäde parahatçylykda, howpsuz ýerde ýaşadar (Ylh. 7:14—17).