Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Çydamly boluň»

«Çydamly boluň»

ANITA * suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Şaýady bolanda, ýanýoldaşy garşylyk görkezip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýanýoldaşym ýygnak duşuşyklaryna gitmegi, hatda Hudaýyň adyny tutmagy-da gadagan edýärdi. Ol Ýehowanyň adyny agzan badyma gahar-gazaba atlanýardy».

Anita Ýehowa barada çagalaryna gürrüň berip bilmeýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men imanym sebäpli öz öýümde synaglara duş geldim. Çagalaryma ne Alla barada aýdyp bilýärdim, ne-de ýygnak duşuşyklaryna äkidip bilýärdim».

Anita ýaly köp mesihçiler maşgala agzalary tarapyndan synaglara duçar bolýarlar. Şeýle-de aýypsyzlygyny saklamaga jan edýän mesihçiler agyr kesele duçar bolandygy, ýanýoldaşynyň ýa-da çagasynyň aradan çykandygy, dogan-garyndaşlarynyň hakykatdan gidendigi üçin ruhdan düşýärler. Bize kynçylyklara döz gelmäge we Ýehowa wepaly galmaga näme kömek eder?

Siz kynçylyklarda näme edersiňiz? Pawlus resul: «Çydamly boluň» diýip maslahat berýär (Ýew. 10:36, TD). Kynçylyklarda çydamly bolmaga näme kömek eder?

ÝEHOWA DOGA EDIP, BIL BAGLAŇ

Biz Hudaýa doga edip, bil baglasak kynçylyklarda çydamly bolup bileris. Geliň, bir mysala seredeliň. Duşenbe güni agşam Ananyň maşgalasyna şum habar gelýär. 30 ýyl bäri bile ömür süren adamsy aradan çykýar. Ana: «Ýanýoldaşym ýaňy bir 52 ýaşapdy. Ol biwagt aradan çykdy. Ol indi hiç haçan öýe gaýdyp gelmez» diýýär.

Ana muňa nädip döz gelýär? Ol işe başlamaly bolýar we bar ünsüni oňa berýär. Emma kalbyndaky ýarasy bitmeýär. Ana: «Men Ýehowa ýüregimi dökýärdim we çekýän hasratyma döz gelip biler ýaly güýç soraýardym» diýýär. Ýehowa onuň dogalaryna jogap berdimi? Hawa! Ana şeýle gürrüň berýär: «Allatagala ýüregime giňlik we parahatlyk berýär. Men Ýehowanyň ýanýoldaşymy direltjekdigine doly ynanýaryn. Bu bolsa maňa teselli berýär» (Flp. 4:6, 7).

«Dogalary eşidýän» Hudaý gullukçylarynyň wepaly galmagyna kömek etjekdigini wada berýär (Zeb. 65:2). Ol siziň imanyňyzy berkitmeýärmi? Hawa, siz Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklara döz gelip bilersiňiz.

ÝYGNAK DUŞUŞYKLARYNDAN GALMAŇ

Ýehowa halkyny ýygnak duşuşyklary arkaly berkidýär. Selanikdäki mesihçiler ýowuz yzarlamalara duçar bolanda, Pawlus resul olara: «Şu wagt hem edişiňiz ýaly, biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň» diýip maslahat berýär (1 Sel. 2:14; 5:11). Olar synaglara döz gelmek üçin biri-birini goldap, söýgüsini bildirýärler. Biz olaryň göreldesine eýersek, çydamly bolup bileris.

Biz imandaşlarymyz bilen dostlugymyzy berkider ýaly, «biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan» işleri etmeli (Rim. 14:19). Agyr günlerde berk dostlukly gatnaşyklaryň wajypdygy aýdyň görünýär. Pawlus resul hem köp kynçylyklara döz gelmeli bolýar. Ýehowa oňa çydamly bolmaga kömek edýär. Käte Hudaý ony imandaşlary arkaly berkidýär. Pawlus Kolosedäki ýygnaga ýazan hatynda mesihçileriň «oňa teselli berendigini» aýdýar (Kol. 4:10, 11). Hawa, imandaşlary Pawlus resuly gowy görýärdiler we oňa teselli berip, goldamak üçin elinde baryny edýärdiler. Imandaşlaryňyz sizi-de kyn günleriňizde goldarlar.

ÝAŞULULARDAN KÖMEK SORAŇ

Ýehowa gullukçylaryny ýygnak ýaşululary arkaly goldaýar. Ruhy taýdan ösen doganlar bize «ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi» kimindir (Iş. 32:2). Nähili ruhlandyryjy sözler! Siz ýaşululardan kömek soraýarsyňyzmy? Olaryň berýän tesellisi we goldawy size çydamly bolmaga kömek eder.

Elbetde, ýaşulular gudrat görkezmeýärler. Olar hem bize «meňzeş ynsanlar» (Res. iş. 14:15). Muňa garamazdan, olaryň edýän dogalary bize güýçli täsir edýär (Ýakup 5:14, 15). Italiýada ýaşaýan bir dogan köp ýyldan bäri beden myşsalarynyň gowşamagyndan (distrofiýa) ejir çekýär. Ol: «Doganlar ýygy-ýygydan habar tutup, meniň aladamy edýärler. Bu maňa çydamly bolmaga kömek edýär» diýýär. Siz hem Ýehowanyň ýaşulular arkaly berýän goldawyndan doly peýdalanýarsyňyzmy?

RUHY TAÝDAN BERK BOLUŇ

Bize başga-da köp zatlar çydamly bolmaga kömek edýär. Meselem, berk bolmak üçin ruhy taýdan yzygiderli iýmitlenmeli. Geliň, bir mysala seredeliň. 39 ýaşly Jon özünde seýrek duş gelýän rak keseliniň dörändigini bilýär. Ol şeýle diýýär: «Men ýaş bolamsoň muňa hiç ynanyp bilmedim». Jonuň üç ýaşly ogly bardy. Ol: «Meniň aýalym diňe bir çagamyzyň däl-de, eýsem, meniňem aladamy etmeli bolýardy» diýýär. Himioterapiýa bejergisi Jonuň ýüregini bulap, tapdan düşürýärdi. Şeýle-de onuň kakasy agyr keselläp, kömege mätäç bolýar.

Jon we onuň maşgala agzalary kynçylyklara nädip döz gelýärler? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ýadaw bolsam-da, maşgalamyň ruhy taýdan ösmeginiň aladasyny edýärdim. Biz her hepde ýygnak duşuşyklaryna barýardyk, wagyz edýärdik we maşgala okuwyny geçirýärdik». Hawa, Jon çydamly bolmak üçin ruhy taýdan berk bolmalydygyna düşünýärdi. Ol kynçylyklara uçran dogan-uýalara nähili maslahat berýär? Jon: «Kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz göreşmeli bolanyňyzda özüňizi ele alyň we Ýehowanyň söýgi bilen berýän güýjünden peýdalanyň. Şonda sizi erbet pikirler gurşap almaz. Men Ýehowanyň size güýç berjekdigine şübhelenmeýärin».

Biz Allatagalanyň güýji bilen hem şu günki, hem ertirki kynçylyklara döz gelip bileris. Ýehowa doga edip, bil baglalyň we dogan-uýalar bilen dostlugymyzy berkideliň. Ýygnak ýaşulularyndan kömek sorap, ruhy taýdan berk bolmaga jan edeliň. Şonda Pawlusyň «çydamly boluň» diýen maslahatyna eýerip bileris.

^ abzas 2 Käbir atlar üýtgedildi.