Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ol adamlary söýýär

Ol adamlary söýýär

«Meniň begenjim adam ogullary bilendi». SÜL. TYM. 8:31

1, 2. Isa adamlary söýýändigini nädip görkezýär?

ÝEHOWANYŇ ilkinji Ogly Atasynyň deňsiz-taýsyz akyldarlygyny doly derejede görkezýär. Ol «ussa» kimin Atasynyň ýanynda işleýärdi. Atasy «gökleri bina edip... ýeriň esaslaryny bellände», onuň begenjiniň çägi ýokdy. Hudaýyň ilkinji Ogly «adamlary» ähli zatdan zyýada görýärdi (Sül. tym. 8:22—31). Hawa, Isa gökde ýaşan döwründe-de adamlary söýýärdi.

2 Isa «özüni kiçeltdi» we adam keşbine girip, ýer ýüzüne geldi. Şeýdip, ol Atasyna we «adam ogullaryna» bolan çuňňur söýgüsini bildirdi. Isa Hudaýa wepaly galyp, «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Flp. 2:5—8; Mat. 20:28). Isa Hudaýyň beren güýji arkaly gudratlar görkezip, adamlara bolan söýgüsini bildirdi. Nähili ajaýyp söýgi! Tizden Isa bütin ýer ýüzünde haýran galdyryjy gudratlar eder.

3. Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

3 Isa «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny... wagyz edýärdi» (Luka 4:43). Patyşalyk arkaly Atasynyň ady mukaddes edilmelidi we adamlaryň kynçylyklary çözülmelidi. Isa diňe bir yhlasly wagyz etmän, eýsem, adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Munuň bize nähili peýdasy bar? Biz Isanyň gudratlary hakda öwrensek, gelejege bolan umydymyz we ynamymyz berkär. Geliň, dört sany gudrat barada gürrüň edeliň.

«SYRKAWLARA ŞYPA BERÝÄR»

4. Heýwere keselli adam bilen bolan wakany gürrüň beriň.

4 Isa adamlaryň köp ýerlerinde, esasanam, Jeliläniň daş-töwereginde wagyz edýärdi. Bir sapar Isa Jeliläniň bir şäherinde gözgyny ýagdaýa duş gelýär (Mar. 1:39, 40). Ol gorkunç heýwere keselli adamy görýär. Luka lukman ol adamyň «tutuş endamyna heýwere keseliniň» ýaýrandygyny aýdýar (Luka 5:12). Keselli «adam Isany görende, ýüzüni ýere berip, Oňa: „Ýa Reb, isleseň, meni tämiz edip bilersiň“ diýip ýalbardy». Ol Isanyň sagaldyp biljekdigine şübhelenmeýärdi, ýöne Isanyň kömek etmäge isleginiň bardygyny biljek bolýardy. Isa onuň haýyşyna nähili seslendi? Ol heýwere keselli adamy görende näme barada oýlandyka? Isa keselden ejir çekýän adamlara fariseýler ýaly rehimsiz bolarmy? Siz näme ederdiňiz?

5. Isa heýwere keselli adama näme üçin «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi?

5 Aslynda, heýwere keselli adam Musanyň kanunyna görä, «men — haram, men — haram» diýip gygyrmalydy. Emma Isa keselli adama muny ýatladyp durman, onuň duýgusyny göz öňüne tutdy (Lew. 13:43—46). Biz Isanyň şol wagt näme barada pikir edendigini bilmeýäris. Ýöne onuň eden täsin gudraty rehimdarlygyny aýan edýärdi. Ol heýwere keselli adama elini goýup, mähir bilen: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, ynamly aýtdy. «Heýwere keseli derrew ol adamdan aýryldy» (Luka 5:13). Bu gudrat diňe bir Ýehowanyň Mesihe beren güýjüni däl-de, eýsem, Isanyň adamlary söýýändigini görkezýär (Luka 5:17).

6. Isanyň gudratlary nämäni aýan edýär?

6 Hudaýyň güýji bolan Isa Mesih haýran galdyryjy gudratlary görkezýär. Ol heýwere keselli adamlardan başga-da syrkawlary sagaldýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Halk lallaryň gepleýändigini, çolaklaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ýöreýändigini görüp haýran galdy» diýilýär (Mat. 15:31). Isa adamy operasiýa etmezden sagaldyp bilýärdi! Ol keselli adamlary derrew, hatda uzak aralykdan hem sagaldýardy (Ýahýa 4:46—54). Bu nämäni görkezýär? Isa Patyşanyň syrkawlary sagaltmaga hem güýjüniň, hem isleginiň bardygyny aýan edýär. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň «garyba, mätäje haýpy geljekdigi, mätäçleriň janlaryny gutarjakdygy» barada aýdylýar. Biz şu pygamberligiň täze dünýäde doly ýerine ýetjekdigine ynanyp bileris (Zeb. 72:13). Şonda Isa ähli syrkaw adamlary sagaldar.

«TUR, DÜŞEGIŇI AL-DA ÝÖRE!»

7, 8. Isa Beýtesta howzuna barmanka nämeler etdi?

7 Isanyň heýwere keselli adamy sagaldanyna birnäçe aý bolupdy. Ol Jelileden çykyp, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek üçin Ýahuda gitdi. Isanyň aýdýan habaryny we edýän işlerini müňlerçe adamlar eşitdi. Isa garyplara hoş habary aýtmak, gullary azatlyga çykarmak we göwni synyklara teselli bermek isleýärdi (Iş. 61:1, 2; Luka 4:18—21).

8 Nisan aýydy. Isa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Pesah baýramyny Iýerusalim şäherinde bellemek üçin ýola düşdi. Ol ýerdäki adamlar başagaýdy. Olar Mukaddes baýramçylygy bellemäge taýýarlyk görýärdiler. Isa ybadathananyň demirgazyk tarapyndaky Beýtesta howzuna barýar.

9, 10. a) Adamlar Beýtesta howzuna näme üçin barýardylar? b) Isa näme etdi we biz ondan nähili sapak edinýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

9 Köp syrkaw adamlar Beýtesta howzuna barýardylar. Näme üçin? Sebäbi suw çaýkananda, howza giren syrkaw adamyň gudrat bilen sagalýandygyna ynanýardylar. Isa kämil bolsa-da näme üçin howza barýar? Beýtesta howzunda bolýan zatlary göz öňüne getiriň: adamlar çykalgasyz ýagdaýda, lapykeç, umytsyz we gaýgy-aladalydy. Isa ol ýerde 40 ýyl bäri keselden ejir çekýän adamy görýär (Ýahýa 5:5—9-njy aýatlary okaň).

10 Isa onuň ýanyna baryp: «Sagalmak isleýärmiň?» diýip soraýar. Ysmaz adam naýynjar garap, sagalmak isleýändigini, ýöne howza girmäge kömek etjek adamyň ýokdugyny aýdýar. Şonda Isa: «Tur, düşegiňi al-da ýöre!» diýip, geň galdyryjy buýruk berýär. Ol Isa iman edýär we ýerinden turýar-da, düşegini alyp ýöräp başlaýar. Bu Isanyň täze dünýäde etjek tolgundyryjy gudratlaryň kölegesidir! Olar Isanyň rehimdarygyny, mätäçlere kömek etmek isleýändigini görkezýär. Biz bu dünýäde bolýan erbetlikden ýaňa göwnüçökgün adamlary gözlesek we kömek etsek, Isanyň göreldesine eýerip bileris.

«MAŇA KIM ELINI DEGIRDI?»

11. Markus 5:25—34-nji aýatlar Isanyň rehimdarlygyny nädip görkezýär?

11 Markus 5:25—34-nji aýatlary okaň. Bir aýal 12 ýyl bäri keselden ejir çekip, adamlardan utanyp ýaşaýardy. Onuň keseli durmuşyna, Hudaýa edýän seždesine güýçli täsir edýärdi. «Ol ençeme tebibiň elinden köp ezýetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi; ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam haly has erbetleşipdi». Ýöne ol aýal sagalmagyň başga ýoluny tapýar. Ol märekäniň arasy bilen Isanyň ýanyna barýar we donuna elini degirýär (Lew. 15:19, 25). Isa özünden bir güýjüň çykanyny duýup, elini degren adamy gözleýär. Ol aýal «gorkup, titräp... Isanyň öňünde ýere ýykylyp, oňa hemme zadyň dogrusyny aýdýar». Isa Ýehowanyň aýaly sagaldandygyna göz ýetirip, mähir bilen: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýýär.

Isanyň eden gudratlary biziň aladamyzy edýändigini görkezýär (11, 12-nji abzaslara serediň)

12. a) Geçmişde bolan wakalardan Isa barada näme öwrenýäris? b) Isa nähili görelde görkezdi?

12 Isa örän mähirlidi! Ol keselden ejir çekýänlere çuňňur duýgudaşlyk bildirýärdi. Şeýtan biziň özümizi dereksiz duýmagymyzy we söýülmäge mynasyp däldigimize ynandyrjak bolýar. Isanyň gudratlary onuň ýürekden aladamyzy edýändigini görkezýär. Hawa, biziň rehimdar Patyşamyz, Baş ruhanymyz bar! (Ýew. 4:15). Belki-de, sagdyn adam ötüşen keselden ejir çekýänleriň ýagdaýyny bilýän däldir. Isa kämil bolsa-da, syrkawlaryň duýgusyna gowy düşünýärdi. Geliň, Isanyň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny edeliň (1 Pet. 3:8).

«ISA AGLAÝAR»

13. Isa näme üçin Lazary direldýär?

13 Isa adamlaryň jebir-jepa çekýändigine örän gynanýardy. Ol Lazar aradan çykanda aglaýan adamlary görýär we «ruhda gynanyp, ýüregi gyýylýar». Isa dostuny direltmäge güýjüniň bardygyny bilse-de aglaýar (Ýahýa 11:33—36-njy aýatlary okaň). Ol gynanjyny gizläp durmady. Adamlar muny görüp, Isanyň Lazary we onuň uýalaryny söýýändigine göz ýetirýär. Isa Hudaýyň beren güýji arkaly dostuny direldýär. Onuň rehimdarlygy haýran galdyrýar! (Ýahýa 11:43, 44).

14, 15. a) Ýehowanyň ölümi aýyrmak isleýändigini nämeden görse bolýar? b) Direliş nämäni görkezýär?

14 Mukaddes Ýazgylarda Isa «Hudaýyň (Ýaradyjynyň)... barlygynyň keşbidigi» aýdylýar (Ýew. 1:3). Isanyň görkezen gudratlary özüniň we Atasynyň keseli hem ölümi ýok etmek isleýändigini subut edýär. Mukaddes Ýazgylarda olaryň ölen adamlary direldendigi barada aýdylýar. Bu gudrat gelejekde uly möçberde ýerine ýeter. Sebäbi Isa: «Gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler» diýdi (Ýahýa 5:28, 29).

15 Bu Hudaýyň ölen adamlary ýadyndan çykarmandygyny görkezýär. Älem-jahany ýaradan Gudratygüýçli Allatagala ölen adamlaryň ukybyny, häsiýetini unutmaýar (Iş. 40:26). Ol muny diňe bir başarman, eýsem, ölen adamlar barada ähli zady ýadynda saklamak isleýär. Isa-da muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýar! Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan Lazaryň we başga-da adamlaryň direldilmegi gelejekde boljak zatlary aýan edýär.

GUDRATLAR WE SIZIŇ GELEJEGIŇIZ

16. Aýypsyzlygyny saklaýan mesihçilere nähili gelejek garaşýar?

16 Biz Hudaýyň öňünde aýypsyz ýaşasak, uly muşakgatda halas boljaklaryň arasynda bolarys. Bu täsin gudrat! Armageddon urşundan soňra adamlar gudrat bilen sagalarlar (Iş. 33:24; 35:5, 6; Ylh. 21:4). Indi adamlara äýnek, hasa, pişek, maýyplaryň arabasy we eşidişi güýçlendirýän enjam gerek bolmaz. Ýehowa Armageddondan geçen adamlara kämil saglyk we gujur-gaýrat berer. Olar arman-ýadaman zähmet çekip, Ýehowanyň sowgat beren Ýer şaryny bagy-bossana öwrer (Zeb. 115:16).

17, 18. a) Isa näme üçin gudrat görkezýärdi? b) Biz näme etmek isleýäris?

17 Isanyň gudratlary keseliň bolmajakdygyny görkezýär we «uly märekäniň» ynamyny berkidýär (Ylh. 7:9). Hudaýyň ilkinji Oglunyň görkezen gudratlary adamzada bolan söýgüsini aýan edýär (Ýahýa 10:11; 15:12, 13). Isanyň rehimdarlygy Ýehowanyň her bir gullukçysynyň aladasyny edýändigini tassyklaýar (Ýahýa 5:19).

18 Şu günler adamlar jebir-jepa içinde dünýäden ötýärler (Rim. 8:22). Emma biz täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Hudaý ähli adamlaryň sagdyn boljakdygyny wada berýär. Malaky 4:2-de syrkaw adamyň günäniň gulçulygyndan we bikämillikden azat bolup, «gazygyndan boşanan göle ýaly bökjeklejekdigi» pygamberlik edilýär. Hudaýa ýürekden minnetdar bolalyň! Allanyň wadalaryna berk iman edip, täze dünýäde mynasyp bolmaga jan edeliň! Isanyň gudratlary adamzadyň Mesihi Patyşalykda aljak bereketleriniň kölegesidir!