Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (I bölüm)

Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (I bölüm)

«Adyň mukaddes bolsun». MAT. 6:9

1. Biz Matta 6:9—13-nji aýatlara görä nädip wagyz edýäris?

KÖP adamlar Isa pygamberiň öwreden dogasyny ýatdan bilýärler. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, onuň esasynda adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň hakyky hökümetdigini we onuň ýer ýüzünde ajaýyp özgerişleri etjekdigini düşündirýäris. Şeýle-de biz doganyň ilkinji sözlerine görä, Hudaýyň adynyň bardygy we mukaddes bolmalydygy barada wagyz edýäris (Mat. 6:9).

2. Biz Isanyň öwreden dogasyny sözme-söz aýtmaly däldigini nireden bilýäris?

2 Hristian dini Isanyň öwreden dogasyny sözme-söz gaýtalaýar. Emma Isa dogany ýat tutup aýtmaly diýdimi? Ýok! Ol doga etmegi öwretse-de: «Boş (şol bir, TD) sözleri gaýtalap durmaň» diýdi (Mat. 6:7). Onuň özi-de öwreden dogasyny sözme-söz gaýtalap durmady (Luka 11:1—4). Ol şol doga arkaly Hudaýdan näme dilemelidigimizi we nämäniň wajypdygyny öwretmek isledi.

3. Biz Isanyň öwreden dogasy babatda özümize nähili soraglary berip bileris?

3 Biz şu we indiki makalalarda Isanyň öwreden dogasy barada gürrüň ederis. Şeýle-de özümize: «Ol maňa manyly doga etmäge nädip kömek edýär? Men Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşaýarynmy?» diýen soraglary berip bileris.

«GÖKLERDÄKI ATAMYZ»

4. «Atamyz» diýmek nämäni aňladýar we mesihçiler näme üçin Ýehowa «Atamyz» diýýärler?

4 Biz Hudaýa «Atam» däl-de, «Atamyz» diýip ýüzlenýäris. Bu bolsa biri-birini ýürekden söýýän bütindünýä doganlyga degişlidigimizi görkezýär (1 Pet. 2:17). Gör, nähili uly hormat! Hudaý tarapyn ogulluga alnan we gökde ýaşamaga umyt edýän mesh edilen mesihçiler Hudaýa doly manyda «Atamyz» diýip ýüzlenýärler (Rim. 8:15—17). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän dogan-uýalar hem Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlenýärler. Sebäbi Ýehowa bize ýaşaýyş berdi we söýgi bilen aladamyzy edýär. Biz kämillige ýetip, soňky synagda wepaly galsak, doly manyda Ýehowanyň perzendi bolarys (Rim. 8:21; Ylh. 20:7, 8).

5, 6. Ata-eneler çagalaryna nähili sowgat berýärler we çagalar oňa nähili garamaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Ata-eneler çagalaryna Allatagala doga etmegi öwredip, olara gymmatly sowgady berýärler. Şonda çagalar Ýehowa aladaçyl Ata hökmünde garaýarlar. Günorta Afrikada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men öýdekäm gyzlarym bäbejik bolsa-da, olar bilen her gün agşam doga edýärdim. Gyzlarym maňa eden dogalarymyň sözleri ýadynda däldigini aýdýarlar. Emma Ýehowa Atamyz bilen gürrüňdeş bolmagyň mukaddesdigini, kalbynda döreýän rahatlygy we howpsuzlygy mähirli ýatlaýarlar. Gyzlarym dil açan badyna, men olary Ýehowa sesli doga etmäge höweslendirýärdim. Şeýdip, men olaryň duýgularyny we pikirlerini beýan edişini diňläp bilýärdim. Bu bolsa maňa olaryň içki dünýäsini bilmäge kömek edýärdi. Men olara Isanyň öwreden dogasynyň wajyp taraplaryny düşündirip, manyly doga etmegi öwretdim».

6 Gyzjagazlar ruhy taýdan ösdüler we häzir ýanýoldaşy bilen Hudaýa doly wagtly gulluk edip, bagtly ýaşaýarlar. Ata-eneler çagalaryna Ýehowa bilen berk we mähirli dostlaşmaga kömek edip, gymmatly sowgat berýärler. Elbetde, Hudaý bilen dostlugyny her kimiň özi berkitmeli! Munuň üçin Hudaýy söýmeli we adyny mukaddes etmeli (Zeb. 5:11, 12; 91:14).

«ADYŇ MUKADDES BOLSUN»

7. Hudaýyň halky nähili hormata eýe boldy we olaryň nähili jogapkärçiligi bar?

7 Biz Hudaýyň adyny bilmegi we onuň adyny göterýän «halk» bolmagy uly hormat saýýarys (Res. iş. 15:14; Iş. 43:10). Biz gökdäki Atamyzyň «adynyň mukaddes bolmagyny» isleýäris. Şol sebäpli biz Ýehowadan kömek sorap, mukaddes adyna ysnat getirýän sözlerden we işlerden gaça durmaga jan edýäris. I asyrda ýaşan käbir mesihçiler wagyz edýän zatlaryny özleri ýerine ýetirmeýärdiler. Elbetde, biz olara meňzemek islemeýäris. Pawlus resul olara: «Milletler arasynda Hudaýyň adyna sizzerarly dil ýetirilýär» diýdi (Rim. 2:21—24).

8, 9. Ýehowa adyny mukaddes edýän gullukçylaryny nädip goldaýar?

8 Biz Hudaýyň adyny mukaddes etmek isleýäris. Norwegiýada ýaşaýan bir uýanyň ýanýoldaşy biwagt aradan çykýar. Ol iki ýaşly oguljygy bilen ýeke galýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Meniň durmuşymda iň agyr günler başlandy. Men duýgularyma erk etmek üçin her gün we her sagat diýen ýaly Hudaýdan güýç soraýardym. Men Hudaýa biwepalyk edip ýa-da nädogry gelen kararym sebäpli Şeýtanyň Ýehowa gyjalat bermegini islemeýärdim. Men Ýehowanyň adyny mukaddes etmäge jan edýärin we Jennetde oglumyň kakasy bilen görüşmegini arzuw edýärin» (Sül. tym. 27:11).

9 Ýehowa onuň dogalaryna jogap berdimi? Hawa! Uýa dogan-uýalaryň edýän aladasyny görüp ruhlanýardy. Ol bäş ýyl geçenden soňra ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän dogana durmuşa çykýar. Onuň ogly suwda çokundyryldy we häzir ol ýigrimi ýaşynda. Uýa: «Oglumy terbiýelemäge ýanýoldaşymyň kömek edendigine örän minnetdar» diýýär.

10. Hudaý adynyň mukaddes bolmagy üçin näme eder?

10 Hudaý adynyň doly mukaddes bolmagy üçin näme eder? Ýehowa hökümdarlygyna garşy çykýanlaryň ählisini ýok eder (Ezekiýel 38:22, 23-nji aýatlary okaň) *. Şondan soňra adamzat ýuwaş-ýuwaşdan kämillige ýeter. Perişdelerem, adamlaram hemişe Ýehowanyň adyny mukaddes ederler! Biz şol döwre sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Şonda söýgüden doly gökdäki Atamyz «ähli zatda höküm sürer» (1 Kor. 15:28).

«PATYŞALYGYŇ GELSIN»

11, 12. XIX asyrda mesihçiler nämä düşündiler?

11 Resullar Isa göge galmazyndan öň: «Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmi?» diýip soraýarlar. Isa olara Patyşalygyň haçan höküm sürüp başlajakdygyny aýtmady. Emma şägirtleriniň wagyz etmelidigini nygtap geçdi (Resullaryň işleri 1:6—8-nji aýatlary okaň). Şeýle-de Isa olara Hudaýyň Patyşalygyna garaşmalydygyny aýtdy. Şonuň üçin I asyrdan başlap mesihçileriň ählisi Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga edýärler.

12 Ýehowa halkyna Isanyň haçan gökde höküm sürüp başlajakdygyna göz ýetirmäge kömek etdi. 1876-njy ýylda «Mukaddes Ýazgylary barlag geçiriji» diýen žurnalda Çarlz Teýz Rasselliň «Milletleriň möwritleri haçan dolar?» diýen makalasy çap edildi. Onda 1914-nji ýylyň wajyp döwürdigi barada aýdylýar. Şeýle-de Danyýeliň «ýedi pasyl» diýen pygamberligi Isanyň «milletleriň möwritleri» diýen sözleri bilen baglanyşdyrylyp düşündirilýär * (Dan. 4:16; Luka 21:24).

13. 1914-nji ýylda näme boldy we muny haýsy wakalar subut edýär?

13 1914-nji ýylda Ýewropada uruş turup, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. 1918-nji ýylda uruş tamamlananda, açlyk höküm sürüp başlady. Uruşda wepat bolanlardan mergi keselinden ölen adamlaryň sany has köpdi. Şeýlelikde, Isanyň aýdan «alamaty» ýerine ýetip başlady. Bu alamatlar onuň Patyşa hökmünde ýer ýüzüne gelendigini aýan edýär (Mat. 24:3—8; Luka 21:10, 11). 1914-nji ýylda Isa Mesihe «bir täjiň berlendigini» we «ýeňsin diýip, ýeňip çykandygyny» köp wakalar subut edýär (Ylh. 6:2). Gökde uruş boldy we Isa Şeýtany, jynlary ýer ýüzüne zyňdy. Şondan bäri adamlar «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» diýen pygamberligiň ýerine ýetýändigine göz ýetirýärler (Ylh. 12:7—12).

14. a) Hudaýyň Patyşalygy barada doga etmek näme üçin wajyp? b) Biz nähili hormata eýe bolduk?

14 Ylham 12:7—12-nji aýatlarda Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilende, adamzada betbagtçylygyň näme üçin inendigi düşündirilýär. Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa duşmanlarynyň arasynda höküm sürüp başlady. Ol ýer ýüzünden erbetligi aýyryp, doly ýeňiş gazanýança, biz HudaýyňPatyşalygynyň gelmegi barada doga etmeli. Biz edýän dogamyza görä ýaşap, Isanyň aýdan şu pygamberligine gatnaşýarys: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:14).

«ÝERDE-DE SENIŇ ISLEGIŇ AMALA AŞSYN»

15, 16. Hudaýyň islegi ýerde amala aşsyn diýen dilegimize görä nädip ýaşamaly?

15 Alty müň ýyl mundan ozal perişdelerem, adamlaram Hudaýyň islegini doly ýerine ýetirýärdiler. Ýehowa adamlary ýaradanda: «Juda gowy» diýdi (Gel. çyk. 1:31). Emma Şeýtan pitne turzandan soňra sanlyja adam Hudaýyň islegini ýerine ýetirýärdi. Şu günler bolsa takmynan 8 million Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşmagy barada doga edýärler we eden dogasyna görä ýaşamaga çalyşýarlar. Şeýle-de olar durmuşyny özgerdýärler we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarlar. Biz muňa diýseň begenýäris!

Siz çagalaryňyza Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşmagy baradaky dilege görä ýaşamaga kömek edýärsiňizmi? (16-njy abzasa serediň)

16 1948-nji ýylda suwda çokundyrylan we Afrikada missioner bolup gulluk edýän uýa şeýle gürrüň berýär: «Men Isanyň öwreden dogasyna görä, goýun kimin adamlaryň Ýehowany tanap, onuň halkyna goşulmagy barada hemişe doga edýärin. Men wagyzda adamyň ýüregine täsir etmek üçin Ýehowadan akyldarlyk dileýärin. Şeýle-de sürä degişli goýunlar barada edýän aladamyza Ýehowanyň ak pata bermegini soraýaryn». 80 ýaşly uýa imandaşlarynyň goldawy bilen, köp adamlara Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek edendigi geň galdyrmasa gerek. Elbetde, siz hem Allanyň islegini ýerine ýetirmäge jan edýän garry dogan-uýalary tanaýansyňyz (Filipililer 2:17-ni okaň).

17. Ýehowanyň isleginiň ýerde amala aşmagy size nähili täsir edýär?

17 Biz Patyşalygyň duşmanlary ýok edilýänçä, Hudaýyň isleginiň amala aşmagy barada doga etmeli. Biz milliardlarça ölen adamlaryň Jennetde direlişini görüp, Hudaýyň isleginiň doly amala aşmagynyň şaýady bolarys. Isa şeýle diýdi: «Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary gelýär. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin direler we şer iş edenler höküm üçin direler» (Ýahýa 5:28, 29). Aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy gujak açyp garşylamak nähili tolgundyryjy bolar! Hudaý biziň «gözlerimizden ähli ýaşlary süpürer» (Ylh. 21:4). Direlenleriň arasynda «egriler», ýagny Ýehowa Hudaýy we onuň Ogluny tanaman aradan çykan adamlar hem bolar. Biz olara Hudaýyň islegi we niýeti barada aýdyp, ebedi ýaşaýşa mynasyp bolmaga kömek edip bileris. Gör, nähili hormat! (Res. iş. 24:15; Ýahýa 17:3).

18. Biz nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?

18 Hudaýyň Patyşalygy arkaly Ýehowanyň ady mukaddes ediler we älem-jahanda parahatlyk, agzybirlik höküm sürer. Şonda Isanyň öwreden dogasyndaky ilkinji üç dileg ýerine ýeter. Biz muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Emma Isanyň dogasynda başga-da dört dileg barada aýdylýar. Biz bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ abzas 10 Ezekiýel 38:22 Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn. 23 Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.

^ abzas 12 1914-nji ýylda Hudaýyň Mesihi Patyşalygynyň berkarar bolmagy baradaky pygamberligiň ýerine ýetişi hakynda köpräk bilmek üçin ««Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyna serediň (sah. 215—218).