Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (II bölüm)

Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (II bölüm)

«Ataňyz size näme zatlaryň gerekdigini... bilýändir». MAT. 6:8

1—3. Ýehowanyň aladamyzy edýändigini haýsy waka görkezýär?

2012-NJI ýylyň tomus güni Germaniýada Lana bilen ýatdan çykmajak waka boldy. Şol gün Ýehowa uýanyň eden iki dogasyna derrew jogap berýär. Birinjiden, uýa aeroporta barmak üçin otluda uzak ýoly geçmeli bolanda, Ýehowadan wagyz etmäge mümkinçilik döretmegini haýyş edýär. Ikinjiden, ol uçmaly wagtynyň ertire geçirilendigini bilende, doga edip Ýehowadan kömek soraýar. Sebäbi Lananyň puly azdy, myhmançylyga barara ýeri hem ýokdy.

2 Lana dogasyny tamamlamanka: «Salam! Seni görmegem bar eken!» diýen sesi eşidýär. Ol Lananyň synpdaşydy. Ony mamasy bilen ejesi Elke Günorta Afrika ugratmaga gelipdi. Elke Lananyň düşen ýagdaýyny bilip, ony myhman alýar. Olar Lana doly wagtly gullugy we imany barada köp soraglary berýärler.

3 Ertirlik naharyndan soňra olar ýene-de Lana bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edýärler. Uýa Elkeniň salgysyny alyp, ikilenç ideg etmegiň aladasynyedýär. Umumy pioner bolup gulluk edýän Lana sag-aman öýüne barýar. Ol «dogalary eşidýän» Hudaýyň hemişe kömek edýändigine göz ýetirýär (Zeb. 65:2).

4. Biz şu makalada nähili soraglaryň jogabyny bileris?

4 Biz kynçylyga duçar bolanymyzda Ýehowadan kömek soramaly. Sebäbi Allatagala wepaly gullukçylarynyň edýän dogalaryna höwes bilen jogap berýär (Zeb. 34:15; Sül. tym. 15:8). Isanyň öwreden dogasynda başga-da wajyp zatlar barada agzalýar. Meselem, ruhy zerurlyklarymyz babatda nädip doga etmeli? Gündelik çörek barada edýän dogamyza görä nädip ýaşamaly? Şu makalada bu soraglaryň jogabyny bileris (Matta 6:11—13-nji aýatlary okaň).

«GÜNDELIK ÇÖREGIMIZI BIZE ŞU GÜN BER»

5, 6. Biz näme üçin gündelik çöregimiz barada dileg etmeli?

5 Üns beren bolsaňyz, biz «çöregim» däl-de, «çöregimiz» diýip doga etmeli. Afrikada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän Wiktor şeýle gürrüň berýär: «Men aýalym bilen ertir näme iýeris, nirede ýatarys diýip alada etmeýäris. Munuň üçin Ýehowa hemişe dogamda minnetdarlyk bildirýärin. Dogan-uýalar biziň ýürekden aladamyzy edýärler, menem öz gezegimde olaryň duş gelýän ykdysady kynçylyklaryna döz gelmekleri üçin Ýehowa doga edýärin».

6 Belki, biz iýmit barada alada edýän däldiris. Emma tebigy betbagtçylyga uçran we mätäç dogan-uýalar barada oýlanyň. Biz olar üçin doga edip, dogamyza görä hereket etmeli. Meselem, biz mätäçlik çekýän dogan-uýalara elimizden gelen kömek edip bileris. Mundan başga-da, bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul kömegini berip bileris. Sebäbi berilýän sadakalar ýagşy işlere sarp edilýär (1 Ýahýa 3:17).

7. «Ertiriň gaýgysyny» etmeli däldigini haýsy mysal görkezýär?

7 Isanyň gündelik çörek barada doga etmeli diýen sözleri ýaşaýşa gerekli zatlar barada doga etmelidigini görkezýär. Meselem, bir gezek Isa Hudaýyň meýdan otlaryny geýindirýändigini aýdyp: «Hudaý (sizi) şeýle geýindirmezmi, eý imany azlar? „Näme geýeris?“ diýip... ertiriň gaýgysyny etmezlik» barada maslahat berýär (Mat. 6:30—34). Biz baýlyga kowalaşmagyň deregine, jaý, iş we saglyk barada paýhasly alada etmeli. Şeýdip, biz diňe şu günümiz hakynda oýlanýandygymyzy görkezeris. Emma diňe maddy zatlar barada doga etmek nädogry bolar. Sebäbi adamyň ruhy zerurlyklary has wajyp.

8. Isa gündelik çöregiňiz diýende nämäni göz öňüne tutdy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 Isa gündelik çöregimiz barada dileg edende, ruhy iýmiti-de göz öňüne tutdy. Beýik Mugallym: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýdi (Mat. 4:4). Şol sebäpli biz Ýehowanyň wagtly-wagtynda ruhy iýmiti bermegi üçin doga etmeli.

«BIZIŇ ÝAZYKLARYMYZY GEÇ»

9. Biz näme üçin Hudaýyň öňünde «ýazykly»?

9 Isa näme üçin bir dogasynda «günämiziň» däl-de, «ýazygymyzyň» geçilmegi barada aýtdy? (Mat. 6:12; Luka 11:4). Takmynan 60 ýyl mundan öň «Garawul diňi» žurnalynda şeýle düşündirilipdi: «Biz günä edenimizde Hudaýa bergidar bolýarys... Sebäbi Hudaý günäkäri ýaşaýyşdan mahrum edip bilýär... Ol kalbymyzdaky rahatlygy we özi bilen dostlukly gatnaşygymyzy bozup bilýär... Biz Hudaýa gulak asyp, söýgimizi görkezmeli; Hudaýa garşy günä edenimizde, biz oňa söýgimizi görkezmeýäris, şol sebäpli-de bergidar (ýazykly) bolýarys» (1 Ýahýa 5:3).

10. Ýehowa bizi nämäniň esasynda bagyşlaýar we biz muňa nähili garamaly?

10 Allatagala Isanyň töleg gurbanynyň esasynda ýazyklarymyzy bagyşlaýar. Bu töleg iki müň ýyl mundan ozal berildi. Emma biz «töleg gurbanyny... gymmat» saýmaly we oňa şu gün berlen sowgat hökmünde garamaly. Bikämil adamlaryň hiç biri şeýle sowgady berip bilmeýär (Zebur 49:7—9; 1 Petrus 1:18, 19-njy aýatlary okaň). Biz Ýehowanyň beren gymmatly sowgadyna hemişe minnetdar bolmaly. Isa «ýazygymy» däl-de, «ýazyklarymyzy» geç diýip doga etmegi öwretdi. Bu sözler Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisiniň töleg gurbanyna mätäçdigini görkezýär. Allatagala biziň diňe özümiziň däl-de, ähli adamlaryň, hatda bize garşy günä edýänleriň hem ruhy saglygy barada alada etmegimizi isleýär. Adatça, adamlaryň bize garşy edýän günäsi ujypsyz bolýar. Biz olary höwes bilen bagyşlasak, Ýehowadan görelde alýandygymyzy we dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi görkezeris (Kol. 3:13).

Siz adamlary bagyşlasaňyz, Ýehowa-da sizi bagyşlar (11-nji abzasa serediň)

11. Biz näme üçin adamlary bagyşlamaly?

11 Biz bikämil bolandygymyz üçin käte birek-birekden öýke-kine edýäris (Lew. 19:18). Biz öýke-kinämiz barada başga dogan-uýalara gürrüň bersek, olar hem biziň tarapymyzy tutmagy mümkin. Şeýdip, biz ýygnagyň agzybirligini bozarys. Biz şeýle ýagdaýyň öňünialmasak, Ýehowanyň rehimdarlygynyň we Isanyň beren töleg gurbanynyň gadyryny bilmeýändigimiz aýan bolar. Gökdäki Atamyz adamlary bagyşlamak islemeýändigimizi görüp, bizi-de Isanyň töleg gurbanynyň esasynda bagyşlamaz (Mat. 18:35). Isa doga etmegi öwredensoň, muny ýene-de nygtap geçdi (Matta 6:14, 15-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň ýazyklarymyzy geçmegi üçin agyr günälerden gaça durmaly. Bu babatda jan etsek, «synaglarda» berk galmaga kömek eder (1 Ýahýa 3:4, 6).

«BIZI SYNAGA SALMA»

12, 13. a) Isa suwda çokundyrylandan soň näme boldy? b) Adam synaga düşende näme etmeli? w) Isa nämäni subut etdi?

12 Isa bilen çölde bolan waka bize «synaga salma» diýen jümläniň manysyna düşünmäge kömek edýär. Isa suwda çokundyrylandan soňra mukaddes ruh ony çöle äkidýär. Näme üçin? Sebäbi Iblis Isany «synamalydy» (Mat. 4:1; 6:13). Bu bizi geň galdyrmaýar! Sebäbi Adam ata bilen How ene Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykanda, jedelli meseläniň orta atylandygyny bilýäris. Hudaý muny çözmek üçin Ogluny ýere iberdi. Allatagala adamy birkemsiz ýaratdymy? Kämil adam «zalym» perişdäniň täsirine garşy durup, Hudaýyň hökümdarlygyny goldap bilermi? Adam Hudaýa gulak asmasa-da, gowy ýaşap bilermi? (Gel. çyk. 3:4, 5). Jedelli mesele bilen bagly soraglaryň jogabyny bilmek üçin wagt gerekdi. Şonda Ýehowanyň adalatly Hökümdardygyna adamlaram, perişdelerem göz ýetirerler.

13 Ýehowa Hudaý mukaddes bolandygy üçin adamy erbetlik bilen synamaýar. Mukaddes Ýazgylarda «Synagçynyň» Iblisdigi aýdylýar (Mat. 4:3). Iblis adamy günä işlere höweslendirse-de, olary etdirip bilmeýär. Adam ten höweslerini kanagatlandyrmak üçin, günä etmelimi ýa-da etmeli däldigini özi çözýär (Ýakup 1:13—15-nji aýatlary okaň). Isa Mesih synaga düşende, Şeýtanyň teklibini inkär edip, Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berýär. Şeýdip, ol Hudaýyň höküm sürmäge haklydygyny subut edýär. Emma Şeýtan synamagyny bes etmeýär. Ol has amatly pursata garaşýar (Luka 4:13). Şeýtan näçe jan etse-de, Isa Mesih ähli synaglarda aýypsyz galýar. Ol Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, kämil adamyň ýowuz synaglara garamazdan, Hudaýa wepaly galyp biljekdigini subut edýär. Indi Şeýtan Isanyň şägirtlerine we size hüjüm edýär.

14. Hudaýa wepaly galmak üçin näme etmeli?

14 Ýehowa jedelli mesele sebäpli Şeýtanyň synamagyna ýol berse-de, Onuň özi bizi hiç haçan synamaýar. Allatagala biziň wepaly galjakdygymyza ynanýar we bize kömek etmek isleýär. Biz erkin edip ýaradyldyk. Ýehowa erkinligimize hormat goýýandygy üçin ähli synaglardan goramaýar. Hudaýa wepaly galmak üçin ruhy taýdan oýa bolmaly we yzygiderli doga etmeli. Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär?

Oýa bolup, yhlasly wagyz ediň (15-nji abzasa serediň)

15, 16. a) Biz nähili synaglara garşy durmaly? b) Biziň günä etmegimize kim günäkär?

15 Alla bize synaglarda kömek etmek üçin mukaddes ruhuny berýär.Şeýle-de Ýehowa Sözi we ýygnak duşuşyklary arkaly wajyp däl zatlara wagtyňy, serişdäňi we güýjüňi sarp etmeli däldigi barada duýdurýar. Ýewropanyň baý ýurdunda ýaşaýan Espen bilen Ýanna köp ýyllap wagyzçylaryň az ýerinde umumy pioner bolup gulluk etdiler. Olar ilkinji çagasy dünýä inende, doly wagtly gullugyny goýdular. Soňra olaryň ikinji çagasy boldy. Espen şeýle diýýär: «Biz öňki ýaly köp gulluk etmänsoň, synaglarda wepaly galar ýaly Ýehowa köp doga edýäris. Biz ruhy taýdan berk galmagymyz we gullukda yhlasly bolmagymyz üçin Ýehowadan kömek soraýarys».

16 Adam pornografiýa sebäpli-de synaga uçraýar. Pornografiýany görýän adam Şeýtany günäkärlemeli däl. Näme üçin? Sebäbi Şeýtan we onuň dünýäsi bize mejburlyk bilen günä işleri etdirip bilmeýär. Käbirleri ahlaksyz pikirlere ýol berip günä edýär. Emma müňlerçe dogan-uýalar Hudaýa wepaly gulluk edýärler. Biz hem olardan görelde alyp bileris (1 Kor. 10:12, 13).

«BIZI IBLISDEN HALAS ET»

17. a) Biz «Iblisden halas et» diýen dogamyza görä nädip ýaşamaly? b) Tizden biz nämeden azat bolarys?

17 Biz «Iblisden halas et» diýen dogamyza görä ýaşamak üçin bu «dünýäden bolman», «dünýäni, dünýädäki zatlary söýmeli» däl (Ýahýa 15:19; 1 Ýahýa 2:15—17). Hawa, Iblisi ýeňmek üçin hemişe göreşmeli! Tizden Ýehowa dogamyza jogap berip, Şeýtany we onuň dünýäsini ýok eder. Şeýtansyz dünýäde ýaşamak nähili ajaýyp! Ol gökden ýere zyňylanda wagtynyň azdygyny bilip, gahar-gazaba münýär we bizi aýypsyz galdyrmajak bolup jan edýär. Şol sebäpli biz erjellik bilen doga etsek, ýeňiş gazanarys (Ylh. 12:12, 17).

18. Halas bolmak üçin näme etmeli?

18 Siz täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyzmy? Onda Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi, adynyň mukaddes bolmagy we isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşmagy barada doga ediň. Siz Ýehowanyň ruhy we maddy taýdan aladaňyzy etjekdigine şübhelenmäň. Geliň, ählimiz Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşamaga jan edeliň!