Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»

«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»

«Ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir». LUKA 21:28

AÝDYMLAR: 16, 12

1. B. e. 66-njy ýylynda nähili wakalar boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

AÝDALY, siz b. e. 66-njy ýylynda Iýerusalimde ýaşaýarsyňyz. Siziň daş-töweregiňizde geň galdyrýan wakalar bolup geçýär. Meselem, Rim häkimi Flor ybadathananyň hazynasyndan 17 talant alýar. Ýahudylar derrew gozlagaň turzup, Iýerusalimdäki Rim goşunyny gyrýarlar we özleriniň garaşsyzlygyny yglan edýärler. Emma rimliler haýal etmän garşylyk görkezip, üç aýyň dowamynda Siriýanyň Rim häkimi Sestiý Galyň ýolbaşçylygynda 30 müň esgerden ybarat goşuny döredýär. Esgerler derrew Iýerusalimiň daş-töweregini gabaýarlar, gozgalaň turzan ýehudylar bolsa, goranmak üçin ybadathana tarap yza çekilýärler. Soňra Rim esgerleri ybadathananyň diwarynyň düýbüni gazyp başlaýarlar. Bütin şäher howsala düşýär! Eger siz bolup geçýän zatlary gören bolsaňyz näme ederdiňiz?

2. B. e. 66-njy ýylynda mesihçiler näme etmelidiler we nädip?

2 Rim goşuny gelmezinden birnäçe ýyl öň, Isa şeýle duýdurýar: «Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň. Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin» (Luka 21:20, 21). Siz Iýerusalimiň daş-töweregini gurşap alan goşundan nädip gutulyp bilersiňiz? Haýran galaýmaly, Rim goşuny siziň gözüňiziň alnynda yza çekilýär. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, olaryň hüjüm edýän günleri «gysgaldyldy» (Mat. 24:22). Siz hem derrew Isanyň duýduryşyna gulak asyp, şäherdäki we onuň daş-töweregindäki mesihçiler bilen bilelikde Iordan derýasyndan geçip, daglara tarap gaçýarsyňyz *. B. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny Iýerusalimi basyp alýar we şäher weýran edilýär. Emma siz Isanyň duýduryşyna gulak asandygyňyz üçin halas bolýarsyňyz.

3. Tizden mesihçiler nähili ýagdaýa duş geler we biz şu makalada nämä serederis?

3 Biz tizden b. e. 66-njy ýylyndaky ýaly ýagdaýa duş geleris. Isa mesihçilere diňe bir Iýerusalimiň weýran ediljegi barada duýdurman, eýsem, şol wakalary soňky günlerde duýdansyz başlanjak uly muşakgat bilen deňeşdirdi (Mat. 24:3, 21, 29). «Uly märekä» degişli adamlar şol muşakgatda diri galarlar (Ylham 7:9, 13, 14-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylarda ýakynda boljak wakalar barada näme aýdylýar? Biz halas bolmak üçin bu soragyň jogabyny çuňňur öwrenmeli. Geliň, gelejekdäki wakalaryň biziň her birimize nähili täsir edýändigi barada bileliň.

ULY MUŞAKGAT BAŞLANÝAR

4. Uly muşakgat nädip başlanar we ol nähili bolar?

4 Uly muşakgat nädip başlanar? Ylham kitabynda «Beýik Babylyň» ýok ediljekdigi barada pygamberlik edilýär (Ylh. 17:5—7). Ýalan din bozuk aýala örän ýerlikli meňzedilýär. Dini ýolbaşçylar zalym dünýäniň hökümdarlary bilen ahlaksyzlyk edýärler. Olar Isany we onuň Patyşalygyny goldamagyň deregine, ynsan hökümetlerine bil baglap, Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edýärler we adamlara güýçli täsir etmek isleýärler. Emma mesh edilen mesihçiler olardan tapawutlylykda, Hudaýa päk ynsap bilen sežde edýärler (2 Kor. 11:2; Ýakup 1:27; Ylh. 14:4). Bozuk aýala meňzedilýän ýalan dini kim ýok eder? Ýehowa Hudaý «islegini» «on şahly... gyzyl janawaryň» ýüregine guýar. «Gyzyl janawar» Birleşen Milletler Guramasyny, «şahlary» bolsa ony goldaýan ähli döwletleri aňladýar (Ylham 17:3, 16—18-nji aýatlary okaň).

5, 6. «Beýik Babyl» ýykylanda, onuň agzalarynyň ählisi ýok edilermi?

5 «Beýik Babyl» ýykylanda, onuň agzalarynyň ählisi ýok edilermi? Ýok, ählisi däl! Zakarýa pygamber ýalan dine degişli bolan adamlary göz öňüne tutup, şeýle ýazýar: «Ol: „Men pygamber däl, men — daýhan. Ýaş wagtym biri meni gul edip satyn alypdyr“ diýer. Eger ondan: „Döşüňdäki ýaraň näme?“ diýip sorasalar, ol: „Bu dostlarymyň öýündekäm boldy“ diýip jogap berer» (Zak. 13:4—6). Görşümiz ýaly, käbir adamlar we dini ýolbaşçylar ýalan dine degişlidigini inkär edip, ondan ýüz öwrerler.

6 Şol wagt Hudaýyň halkyna näme bolar? Isa şeýle düşündirdi: «Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda, hiç kim halas bolmazdy; ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar» (Mat. 24:22). Bilşimiz ýaly, b. e. 66-njy ýylynda uly muşakgat «gysgaldyldy». Şonda saýlananlar, ýagny mesh edilen mesihçiler şäherden we onuň töwereginden gaçdylar. Şonuň ýaly geljekki uly muşakgat «saýlananlaryň» hatyrasyna gysgaldylar. Syýasy guramalary aňladýan «on şah» Hudaýyň halkyny ýok edip bilmez. Muňa derek, az wagtlyk asudalyk bolar.

SYNAG WE HÖKÜM DÖWRI

7, 8. Ýalan dinler ýok edilenden soň nähili mümkinçilik bolar we Hudaýa wepaly adamlar näme eder?

7 Ýalan din ýykylandan soň näme bolar? Şol wagt biziň ýüregimiziň nähilidigini aýan eder. Köp adamlar «daglaryň gaýalaryna» meňzedilýän ynsan guramalaryndan gorag gözlärler (Ylh. 6:15—17). Emma mesihçiler Ýehowany pena edinerler. I asyrda bolan asudalyk döwri ýehudylaryň ählisi hakykaty kabul etmediler. Asudalyk döwri mesihçilere Isanyň duýduryşyna gulak asyp, hereket etmegiň tüýs wagtydy. Şonuň ýaly-da, tiz wagtdan boljak uly muşakgatyň asudalyk döwründe köp adamlar hakykaty kabul eder diýip pikir etmek nädogry bolar. Aslynda, şol wagt mesihçilere Ýehowany söýýändigini subut etmäge we Mesihiň doganlaryny goldamaga mümkinçilik bolar (Mat. 25:34—40).

8 Biz synag döwründe nähili wakalaryň boljakdygyny anyk bilmesek-de, käbir zatlardan geçmeli boljakdygymyza düşünýäris. I asyrdaky mesihçilerem halas bolmak üçin, ähli zadyny goýup, kynçylyklara döz gelmeli boldular (Mar. 13:15—18). Bizem wepaly galmak üçin maddy zatlarymyzdan geçmäge taýynmy? Şeýle-de biz Ýehowa wepalylygymyzy subut etmek üçin, onuň talaplaryny berjaý ederismi? Bu soraglar barada oýlanmak wajyp. Şonda hiç kim Ýehowa gulluk etmese-de, Danyýel pygamberiň göreldesine eýerip, biz kynçylyklara garamazdan, Hudaýa gulluk ederis (Dan. 6:10, 11).

9, 10. a) Asudalyk döwri Hudaýyň halky nähili habary yglan eder? b) Hudaýyň halkynyň duşmanlary näme eder?

9 Asudalyk döwri «Patyşalyk baradaky Hoş Habar» wagyz edilmez (Mat. 24:14). Mesihçiler Hudaýyň hökümlerini yglan ederler. Belki-de, ol Şeýtanyň zalym dünýäsiniň tizden hemişelik ýok ediljekdigi baradaky habardyr. Mukaddes Ýazgylarda bu habar dolynyň ýagmagyna meňzedilýär: «Ynsanlaryň üstüne gökden her damjasynyň agramy bir talanta golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar ol doly belasy sebäpli Hudaýa sögdüler. Çünki ol bela gaty aýylgançdy» (Ylh. 16:21).

10 Hudaýyň halkynyň duşmanlary bularyň hiç birini ünsden düşürmez. Allanyň ylhamy bilen Ezekiýel pygamber Magok ýurdyndaky Gog, ýagny milletleriň üýşmegi barada şeýle welilik edýär: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň. Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň. Sen öň weýran edilen, emma indi ilatly bolan şäherlerde ýaşaýan bu halky talap, olja alarsyň. Milletleriň arasyndan yzyna ýygnalyp, çarwaçylyk hem söwda bilen meşgullanýan, dünýäniň ortasynda ýaşaýan bu halka garşy eliňi uzadarsyň“» (Ezek. 38:10—12). Hudaýyň halky göçme manyda «dünýäniň ortasynda» ýaşap, gadymy döwürdäki ýaly başga halklardan tapawutlanar. Milletleriň üýşmegi muny görüp, gahar-gazaba müner. Hawa, olar Ýehowanyň mesh edilen gullukçylaryna we «başga goýunlara» topulmaga jan eder.

11. a) Uly muşakgat döwri wakalaryň yzygiderligi barada näme diýse bolar? b) Göklerde bolýan alamatlar adamlara nähili täsir eder?

11 Hudaýyň Sözünde boljak wakalar yzygider beýan edilmeýär. Belki-de, käbir wakalar şol bir wagtyň içinde bolar. Isa bu dünýäniň soňy barada pygamberlik edip şeýle diýýär: «Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Ýer ýüzünde bolsa deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly, aljyraňňy ýagdaýdaky milletler galagoplanar. Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar, çünki gögüň gudratlary titrär. Şonda olar Ynsan Oglunyň bulut içinde gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler» (Luka 21:25—27; Markus 13:24—26-njy aýatlary okaň). Pygamberlikde aýdylan wakalar we gökleriň titremegi göni manyda bolarmy? Biraz sabyr etsek, muny gözümiz bilen göreris. Emma nähili bolaýanda-da, Hudaýyň duşmanlary aljyraňňy ýagdaýa düşüp, gorkudan ýaňa huşlaryny ýitirer.

Biz halas boljakdygymyza umyt edýäris! (12, 13-nji abzaslara serediň)

12, 13. a) Isa «gudrat hem uly şöhrat bilen» gelende näme bolar? b) Hudaýyň gullukçylary näme eder?

12 Isa «gudrat hem uly şöhrat bilen» gelende näme bolar? Şonda wepaly galanlara sylag berler, beýlekiler bolsa temmi alarlar (Mat. 24:46, 47, 50, 51; 25:19, 28—30). Isa muny tymsal arkaly düşündirdi: «Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Bütin milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri solunda goýar» (Mat. 25:31—33). Goýunlara we geçilere nähili höküm çykarylar? Tymsalda: «Bular (geçiler) ebedi jeza, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa giderler» diýilýär (Mat. 25:46).

13 Geçiler «ebedi jeza» aljakdygyny bilende näme ederler? Olar «hasrat çekip, gursagyna urarlar» (Mat. 24:30, TD). Mesh edilen mesihçiler bilen wepaly galan «başga goýunlar» näme ederler? Olar Ýehowa Hudaýa we onuň Ogly Isa Mesihe doly iman edip: «Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir» diýen görkezmä eýererler (Luka 21:28). Hawa, biz halas boljakdygymyza umyt edýäris!

«PATYŞALYKDA GÜN KIMIN PARLARLAR»

14, 15. Magok ýurdundaky Gog Hudaýyň halkyna topulanda nähili ýygnanyşyk bolar we nädip?

14 Magok ýurdundaky Gog Allatagalanyň halkyna topulanda näme bolar? Matta we Markus kitaplarynda: «Ol (ynsan Ogly) perişdeleri belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar» diýilýär (Mar. 13:27; Mat. 24:31). Bu ýygnanyşyk täze mesh edilen mesihçileriň bellenmegini ýa-da olara soňky möhüriň basylmagyny aňlatmaýar (Mat. 13:37, 38). Soňky möhür uly muşakgatyň öň ýanynda basylar (Ylh. 7:1—4). Onda Isanyň aýdan ýygnanyşygy näme aňladýar? Hudaýa wepaly galan 144 müň mesh edilen mesihçiler gökdäki sylagyny alarlar (1 Sel. 4:15—17; Ylh. 14:1). Bu sylag olara Magok ýurdundaky Gog hüjüme başlandan soň berler (Ezek. 38:11). Şonda Isanyň: «Dogry adamlar gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar» diýen sözleri ýerine ýeter (Mat. 13:43) *.

15 Biz mesh edilen mesihçileriň gudrat bilen göge alynýandygyny görerismi? Hristian dinine uýýan käbir adamlar özleriniň ynsan bedeninde göge galjakdygyna we Isanyň patyşa hökmünde ýere gelmegini gözi bilen görjekdiklerine ynanýarlar. Emma Mukaddes Ýazgylarda «Ynsan Oglunyň alamatynyň» gökde boljakdygy we onuň «gökdäki bulutlardan» geljekdigi aýdylýar (Mat. 24:30). Bu sözler onuň göze görünmän geljekdigini görkezýär. Şeýle-de biz «et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýändigini» bilýäris. Göge galjaklaryň hemmesi «soňky surnaý çalnanda, birden göz açyp-ýumasy salymda üýtgediler» * (1 Korintoslylar 15:50—53-nji aýatlary okaň). Şu aýada görä, mesh edilenleriň gudrat bilen göge alynýandygyny göreris diýip pikir etmek nädogry bolardy. Isa wepaly mesh edilen mesihçileri göz açyp-ýumasy salymda ýygnar.

16, 17. Guzynyň toýundan öň nähili waka bolar?

16 144 müň mesh edilen mesihçiler göge galanda, Guzynyň toýuna taýýarlyk görüp başlarlar (Ylh. 19:9). Emma bu şatlykly pursatdan öň ýene bir waka bolar. Mesh edilenler göge galmazyndan öň, Gog Hudaýyň halkyna topular (Ezek. 38:16). Şonda Hudaýyň halkyna näme bolar? Olar goragsyz ýaly bolup görner. Ýer ýüzünde wepaly galan Hudaýyň gullukçylary Ýehoşapat patyşanyň günlerinde berlen görkezmä eýererler: «Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar» (2 Ýyl. 20:17). Emma gökdäki mesh edilen mesihçileriň ýagdaýy düýbünden başgaça bolar. Ylham 17:14-de Hudaýyň duşmanlary barada şeýle diýilýär: «Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy rebleriň Rebbi, patyşalaryň Patyşasydyr. Onuň ýanyndakylar çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlardyr». Isa 144 müň mesh edilen mesihçiler bilen Hudaýyň ýerdäki gullukçylaryny halas eder.

17 Armageddon urşunda Ýehowanyň mukaddes ady şöhratlandyrylar (Ylh. 16:16). Şonda «geçiler» hemişelik ýok ediler. Ýer ýüzi erbetlikden doly arassalanar we uly märeke muşakgatyň tamamlanyşyny görer. Ylham kitabynda aýdylyşy ýaly, taýýarlyk görlensoň, Guzynyň toýy başlanar (Ylh. 21:1—4) *. Gutulanlaryň ählisi Ýehowanyň merhemetini we söýgüsini gazanarlar. Biziň ählimiz Guzynyň toýunda şatlanarys! Siz şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyzmy? (2 Petrus 3:13-i okaň).

18. Gelejekdäki wakalar bizi näme etmäge höweslendirýär?

18 Şeýle wakalaryň boljakdygyny bilip, biziň her birimiz näme etmeli? Hudaýyň ylhamy bilen Petrus resul şeýle diýýär: «Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz. Şol gün zerarly Gök ot alyp dargar, elementler ýanyp erär... Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygymyz üçin, Hudaýyň ýanynda parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat ediň» (2 Petrus 3:11, 12, 14). Şol sebäpli, geliň, ruhy taýdan arassa galyp, Parahatlyk Patyşasyny goldalyň!

^ abzas 2 «Garawul diňi» žurnalyna serediň (w12 15/4 sah. 25, 26).

^ abzas 14 «Garawul diňi» žurnalyna serediň (w13 15/7 sah. 13, 14).

^ abzas 15 Mesh edilen mesihçileriň bedeni göge äkidilmez (1 Kor. 15:48, 49). Olaryň hem bedeni Isanyňky ýaly gözden ýiter.

^ abzas 17 Zebur kitabynyň 45-nji babynda Guzynyň toýundan öň, Patyşanyň söweşjekdigi aýdylýar.