Siz şuny bilýärdiňizmi?
Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, gadymy Ysraýyl gür tokaýlykmydy?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Wada edilen diýaryň köp ýerleriniň «tokaýlyk» bolandygy aýdylýar (1 Pat. 10:27; Ýeş. 17:15, 18). Emma şu günler Ysraýylda agajyň azlygy sebäpli, taňkytçylaryň käbiri Wada edilen diýarda-da tokaý bolan däldir öýdýärler.
«Gadymy Ysraýylyň durmuşy» atly kitapda «gadymy döwürde şol ýurduň gür tokaýlyga bürenip oturandygy» aýdylýar. Daglarda Aleppo sosnasy (Pinus halepensis), ýaşyl dub (Quercus calliprinos) we hwoýa (Pistacia palaestina) agaçlary ösýärdi. Orta ýer deňziniň töwereginde we daglaryň arasynda, Şephela atly depelerde sikomor fikus (Ficus sycomorus) agajy köp duş gelýärdi.
«Mukaddes Ýazgylardaky ösümlikler» atly kitapda Ysraýyl ýurdunda ösýän agaçlaryň köp görnüşleriniň ýok bolandygy barada aýdylýar. Näme üçin? Şol kitapda: «Adamlar ýylanmak, ekin ekmek, öri meýdanlaryny giňeltmek we jaý gurmak üçin agaçlary çapýardylar» diýilýär. Şeýlelikde, tokaýlygyň çöle öwrülendigi aýdylýar.