«Agyr günlerde-de» Ýehowa gulluk ediň
ÝETMIŞ ýaşly Ernst *: «Saglyk ýagdaýym gün-günden erbetleşýär» diýip tukatlanýar. Bu duýgular bilen sizem tanyş bolsaňyz gerek?! Gartaşan adamlaryň köpüsi öňküsi ýaly saglygynyň we güýç-kuwwatynyň ýokdugyny duýýarlar. Olar Wagyzçy kitabynyň 12-nji babynda beýan edilen zatlar bilen doly ylalaşýarlar. Onuň 1-nji aýadynda garrylyk çagy «agyr günler» bilen deňeşdirilýär. Onda garrylar jebir-jepa çekip ýaşamalymy? Ýok! Siz Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip, durmuşdan lezzet alyp bilersiňiz.
IMANYŇYZY BERKIDIŇ
Gadyrly dogan-uýalar, garrylyk çagy bilen köp adamlar göreşýärler. Mukaddes Ýazgylarda gözleri kütelen Yshak, Ýakup, Ahyýa ýaly Ýehowanyň ençeme gartaşan gullukçylary barada gürrüň edilýär (Gel. çyk. 27:1; 48:10; 1 Pat. 14:4). Sarra hem «men... garradym» diýýärdi (Gel. çyk. 18:11, 12). Dawut patyşa «ýylanyp bilmeýärdi» (1 Pat. 1:1). Baý ýaşaýan Barzyllaý iýip-içýän zadynyň tagamyny bilmeýärdi, bagşylaryň sesini eşitmeýärdi (2 Şam. 19:32—35). Ybraýym pygamber aýalynyň, Nagomy bolsa ýanýoldaşynyň aradan çykandygy sebäpli ejir çekdiler (Gel. çyk. 23:1, 2; Rut 1:3, 12).
Olara Hudaýa wepaly galmaga we şatlanyp ýaşamaga näme kömek etdi? Ybraýym pygamber garrasa-da, Hudaýyň wadalaryna ynanýardy we Oňa bolan «imany güýçlüdi» (Rim. 4:19, 20). Bizem imanymyzy berkitmeli, sebäbi iman ýaşyňa, ukybyňa we ýagdaýyňa bagly bolmaýar. Mysal üçin, Ýakup pygamberiň gözleri kütelip, güýç-kuwwatdan düşüp, ýerinden galyp bilmese-de, Allatagalanyň wadalaryna berk iman edýärdi (Gel. çyk. 48:1—4, 10; Ýew. 11:21). Ysgynsyzlykdan ejir çekýän 93 ýaşly Enes: «Men her gün Ýehowanyň eçýän bereketlerini görýärin. Her gün Jennet barada arzuw edýärin. Men umytdan düşmeýärin» diýýär. Dogry garaýşy ösdürmek örän wajyp!
Biz Hudaýa doga etsek, Mukaddes Ýazgylary öwrensek we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşsak, imanymyzy berkideris. Danyýel pygamber garrylyk çagynda-da günde üç gezek doga edýärdi we Hudaýyň Sözüni yhlasly öwrenýärdi (Dan. 6:10; 9:2). Anna atly gartaşan dul aýal «ybadathanadan çykmaýardy» (Luka 2:36, 37). Mümkin boldugyndan, sizem ýygnak duşuşyklaryna baryp, köpräk jogap berseňiz, hem özüňiz ruhlanarsyňyz, hem beýlekileri ruhlandyrarsyňyz. Şeýle-de Ýehowa siziň diňe bir edýän tagallalaryňyzy görüp däl, eýsem, dogalaryňyzy-da eşidip örän begenýär (Sül. tym. 15:8).
Hudaýa wepaly gartaşan dogan-uýalar okamak üçin gözleriniň ýiti görmegini, ýygnak duşuşyklaryna barmaga güýç-kuwwatynyň bolmagyny arzuw edýärler. Gynansak-da, ýagdaýy özgerdip bolmaýar. Onda näme etmeli? Dogan-uýalar, siz güýjüňiziň ýetýän zatlaryny etmäge çalşyň. Köpleri ýygnak duşuşyklaryna baryp bilmeseler, ony telefon arkaly diňleýärler. 79 ýaşly Inge uýa ýygnak duşuşygyna uly harplar bilen ýazylan makaladan taýýarlanýar. Dogan şeýle makalalaryň uýada bolmagynyň aladasyny edýär.
Belki-de, sizde köp adamlaryň arzuw edýän zady, ýagny boş wagtyňyz bardyr. Onda siz Mukaddes Ýazgylaryň, edebiýatlaryň, nutuklaryň we dramalaryň ses ýazgylaryny diňläp bilersiňizmi? Şeýle-de imandaşlaryňyzy telefon arkaly ruhlandyryp bilermisiňiz? (Rim. 1:11, 12).
ÝEHOWA YHLASLY GULLUK EDIŇ
75 ýaşly Krista: «Öňki edýän zatlaryňa güýjüň ýetmese, lapykeç bolýan ekeniň» diýip tukatlanýar. Garry dogan-uýalara şatlanmaga näme
kömek eder? 75 ýaşly Piter dogan: «Dogry garaýyşda boluň. Güýjüňiziň ýetmeýän zatlary barada pikirlenmegiň deregine, edip biläýjek işleriňize begeniň» diýip maslahat berýär.Siz wagyz etmegiň nähili görnüşleri barada oýlanýarsyňyz? Meselem, 80 ýaşly Heýdi indi öýden-öýe wagyz etmeýär, ýöne ol wagyz etmek üçin kompýuterde hat ýazmagy öwrenýär. Käbir gartaşan dogan-uýalar bolsa, seýilgähde ýa-da duralgalarda wagyz edýärler. Siz garrylar öýünde ýaşaýan bolsaňyz, onda lukmanlara we beýleki garrylara wagyz edip, ol ýere «meýdançaňyz» hökmünde garap bilersiňiz.
Dawut patyşa garrylyk çagynda Hudaýa edilmeli seždäni yhlas bilen goldaýardy. Ol ybadathananyň gurluşyk işlerine gerekli zatlary öňünden taýýarlaýar (1 Ýyl. 28:11—29:5). Siz hem bütindünýä wagyz işini goldap bilersiňizmi? Meselem, siz pionerlere we yhlasly wagyzçylara ruhlandyryjy sözleri aýdyp, kiçiräk sowgat edip ýa-da çaýa çagyryp bilersiňiz. Şeýle-de ýaşlar, maşgalalylar, doly wagt gulluk edýänler, ýarawsyz imandaşlarymyz we jogapkärli doganlar üçin doga edip bilersiňiz.
Gartaşan dogan-uýalary gymmatbaha küýzä meňzetse bolýar. Wagtyň geçmegi bilen küýzäniň gyralary döwlüp başlaýar. Indi ol derde ýaramazmy? Elbetde, ýok! Ony ulanyp bolýar. Ýyllar geçdigi saýy, onuň gymmaty has-da artýar. Gadyrly dogan-uýalar, bizem sizi we edýän gullugyňyzy gymmat saýýarys! Gökdäki Atamyz gartaşan gullukçylaryny hiç haçan terk etmez (Zeb. 71:9). Ýehowa sizi söýýär we gadyryňyzy bilýär. Jennetde garrylyk bolmaz we hiç kim ejir çekmez. Biz gujur-gaýrat, kämil saglyk bilen söýgüden doly Ýehowa Hudaýa ebedilik gulluk ederis!
^ abzas 2 Käbir atlar üýtgedildi.