Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

«Bütin adalar begenişsin»

«Bütin adalar begenişsin»

Ol gün meniň hiç haçan ýadymdan çykmaz. Dünýäniň dürli künjeginden gelen doganlar bilen Ýolbaşçylyk maslahatynyň mejlis zalynda garaşýardyk. Biz örän tolgunýardyk, sebäbi birnäçe hepdäniň dowamynda terjime işinde ýüze çykan meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, gelen kararymyzy Ýazyjylar komitetine hasabat bermelidik. 2000-nji ýylyň 22-nji maýynda geçirilen bu duşuşyk näme üçin wajypdy? Ilki bilen, men size başymdan geçiren wakalarymy gürrüň bereýin.

Men Kwinslendde suwda çokundyryldym; Tasmaniýada pioner bolup gulluk etdim; Tuwaluda, Günbatar Samoada we Fijide missioner bolup wagyz edýärdim

MEN 1955-nji ýylda Awstraliýanyň Kwinslend ştatynda dünýä indim. Birnäçe wagtdan meniň ejem Estele Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady. Bir ýyl soňra ejem Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyryldy. 13 ýyl geçensoň kakam Ron hak Hudaý barada bilim alyp başlady. Men bolsa 1968-nji ýylda Kwinslend ştatynda suwda çokundyryldym.

Men ýaşlygymdan okamagy we dil öwrenmegi gowy görýärdim. Syýahata gidenimizde tebigata syn etmegiň deregine, men kitap okaýardym. Ata-enemiň muňa örän gahary gelýärdi, emma kitap okamaga bolan höwesim mekdepde maňa köp peýda getirdi. Men Tasmaniýanyň Glenorçi şäherindäki mekdepde gowy okap, ençeme sylaglaryň eýesi boldum.

Ine, indi aýgytly ädim ätmeli pursady geldi! Men uniwersitetde ýokary bilim almalymy? Meniň kitaba we okuwa bolan höwesim artdygy saýyn, ejemem ýaş kalbymda Ýehowa bolan söýgi oduny tutaşdyrmagyň aladasyny edýärdi (1 Kor. 3:18, 19). Men ata-enemiň razylygy bilen 15 ýaşymda mekdebi tamamlap, orta bilim şahadatnamasyny aldym we 1971-nji ýylyň ýanwar aýynda pioner gullugyna başladym.

Men Tasmaniýada sekiz ýyl pioner bolup gulluk etdim we tasmaniýaly owadan gyza Jenni Olkoka öýlendim. Biz dört ýyllap Smitsonyň we Kuinstaunyň çet şäherlerinde ýörite pioner bolup gulluk etdik.

ÝUWAŞ OKEAN ADALARY

Biz 1978-nji ýylda Papua-Täze Gwineýanyň Port Morsbide ilkinji gezek halkara kongrese gatnaşdyk. Kongresde missioner doganyň hiri-motu dilinde eden çykyşy şu günki ýaly ýadymda. Men doganyň aýdanlaryna düşünmesem-de, onuň çykyşy meni missioner bolmaga, başga dilleri öwrenmäge we nutuk bilen çykyş etmäge höweslendirdi. Indi meniň dil öwrenmäge bolan höwesim bilen Ýehowa gulluk etmek islegim utgaşyp gitdi.

Biz Awstraliýa dolananymyzda, Funafuti adasynda (häzirki Ellis adalary, Tuwalu) missioner bolup gulluk etmäge çagyryldyk. Biz 1979-njy ýylyň ýanwarynda missioner gullugyna başladyk. Şol wagt Tuwaluda bary-ýogy üç sany suwda çokundyrylan wagyzçy bardy.

Men Jenni bilen Tuwaluda

Tuwalu dilini öwrenmek aňsat däldi. Ol dilde diňe Injil kitaby bardy. Bu dili öwrenmek üçin ýörite berilýän sapaklar we sözlükler ýokdy. Şol sebäpli biz her gün 10 ýa-da 20 söz öwrenýärdik, emma olaryň köpüsiniň manysyna doly düşünmeýärdik. Meselem, biz adamlara jadygöýlikden gaça durmagy düşündirmegiň deregine, ýalňyşyp, terezini we hasany ulanmagyň gadagandygyny öwredýän ekenik. Emma biz ençeme adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmelidik, şol sebäpli tuwalu dilini öwrenmäge jan edýärdik. Birnäçe ýyl geçenden soňra okuw geçýän adamlaryň käbiri: «Siziň tuwalu dilini öwrenendigiňize örän begenýäris. Biz ilki-ilkiler siziň aýdýan zatlaryňyza asla düşünmeýärdik» diýýärdiler.

Tuwalu dilini öwrenmäge bizde mümkinçilik döredi. Biz kireýine ýaşar ýaly jaý tapman, Ýehowanyň Şaýatlarynyň öýünde bolduk. Bu bize oba ýaşaýşyna uýgunlaşmaga we dili suwara bilmäge ýardam etdi. Biz birnäçe ýyllap iňlis dilinde geplemänsoň, tuwalu dili ene dilimiz ýaly bolup galdy.

Köp adamlar Hudaý baradaky hakykat bilen gyzyklanyp başladylar. Emma tuwalu dilinde terjime edilen hiç hili edebiýatymyz ýokdy. Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny haýsy edebiýat arkaly geçireris? Olar şahsy okuwy nädip geçirerler? Olar haýsy edebiýat arkaly ýygnak duşuşygyna taýýarlyk görerler we nädip Patyşalyk aýdymlaryny aýdarlar? Olar suwda çokundyrylmaga nädip taýýarlanarlar? Hawa, pesgöwünli adamlar ruhy iýmitiň ene dilinde bolmagyna mätäçdiler (1 Kor. 14:9). Biz: «Tuwalu dilinde gepleýän on bäş müňden gowrak adam üçin edebiýat çap edilermi?» diýip, biynjalyk bolýardyk. Ýehowa bu soraga jogap berip, şu iki zada ynandyrdy: 1) Ol öz Sözüniň «uzakdaky kenarlarda-da» wagyz edilmegini we 2) «pes päl, pukara» adamlaryň Öz adyny pena edinmeklerini isleýär (Ýer. 31:10; Sef. 3:12).

TERJIME IŞI

1980-nji ýylda filial bizi terjimeçiler bölüminde gulluk etmäge belledi. Emma biz bu işi başarmarys öýdýärdik (1 Kor. 1:28, 29). Ilkibaşda, biz hökümetden köne mimiograf maşyny satyn alyp, onuň bilen ýygnak üçin gerekli zatlary çap etdik. Hatda biz «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim» atly kitaby terjime edip, şol maşynda ony çap etdik. Syýanyň ýiti ysy, yssy howa we edebiýatlary çap etmek üçin çeken zähmetimiz henizem hakydamdan çykmaýar. Şol döwürde elektrik togy hem ýokdy.

Tuwalu dilinde terjime etmäge gollanma az bolsa-da, käte garaşylmadyk ýerden kömek gelýärdi. Meselem, men bir gün ikilenç ideg etmeli öýümi ýalňyşyp, Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy çykýan adamyň gapysyny kakypdyryn. Öň mugallym bolup işlän ýaşuly adam bize gapysyny kakmagy gadagan edendigini ýatladyp: «Men saňa bir zady aýtmak isleýärin. Sen terjime eden kitaplaryňda işligiň gaýdym derejesini örän köp ulanýarsyň. Emma bu işlik tuwalu dilinde seýrek ulanylýar» diýdi. Men muny başga adamlardan hem soradym we ýalňyşyma düşündim. Biz derrew olary düzedip çykdyk. Men Ýehowanyň kömegine we bize garşy çykýan adamlaryň hem edebiýatlarymyzy okaýandygyna haýran galdym.

Patyşalyk baradaky hoş habar» No. 30 (Tuwalu dilinde)

Ilkinji sapar tuwalu dilinde Ýatlama agşamynyň çakylygy çap edildi. Şondan soňra «Patyşalyk baradaky hoş habar» No. 30 atly kitapça iňlis dilindäkisi bilen deň çykaryldy. Adamlara ene dilindäki edebiýaty paýlamak şeýle bir hezildi! Wagtyň geçmegi bilen tuwalu dilinde başga-da kitaplar we broşýuralar çap edildi. 1983-nji ýylda Awstraliýanyň filialy her dört aýdan 24 sahypaly «Garawul diňi» žurnalyny çykarýardy. Her hepde geçirilýän duşuşykda «Garawul diňi» žurnaly ortaça ýedi abzasdan öwrenilýärdi. Bu tuwalulylara nähili täsir etdi? Edebiýatlarymyz okamagy gowy görýän halkyň ýüreginiň töründen orun eýeledi. Täze çykan edebiýatlar barada radioýaýlymda habar berilýärdi we käwagt «Iň täze habarlar» diýip, jar edilýärdi *.

Öňler biz eden terjimämizi kagyz ýüzüne ýazardyk. Soňra olary maşynkada täzeden göçürerdik. Biz olary Awstraliýadaky filialyň çap edilýän bölümine ugratmazyndan öň ençeme gezek göçürerdik. Soňra filialda gulluk edýän iki uýa tuwalu dilini bilmese-de, terjime edilen makalalary hersi aýratynlykda MEPS ulgamyna geçirerdi. Soňra makalalary kompýuterde deňeşdirip, ýalňyşlary düzederdiler we täzeden barlamak üçin awiapoçta arkaly terjimeçilere ugradardylar. Terjimeçiler hem barlansoň, filiala çap etmek üçin yzyna ibererdiler.

Wagtyň geçmegi bilen ähli zat özgerýär. Häzir terjimeçiler makalalary kompýuterde terjime edýärler, barlaýarlar, çapa taýýarlaýarlar we filiala Internet arkaly ugradýarlar. Indi makalalary poçta arkaly ugratmak üçin köp wagt sarp edilmeýär.

TÄZE BORÇLAR

Birnäçe ýylyň içinde biz Jenni bilen Ýuwaş okeanyň kenarynyň ähli ýerlerinde gulluk etdik. 1985-nji ýylda biz Tuwaludan gaýtdyk we Samoadaky filialda gulluk edip başladyk. Biz ol ýerde tuwalu dilinden başga-da, samoa, tonga we tokelau dillerine terjime etmäge kömek edýärdik *. 1996-njy ýylda bolsa edebiýatlary fiji, kiribati, nauru, rotuma we tuwalu dillerine terjime edýän toparlara kömek etmek üçin Fijidäki filiala çagyryldyk.

Tuwalu dilindäki edebiýatlar arkaly wagyz edýärin

Dogan-uýalaryň yhlas bilen terjime edişi haýran galdyrýar. Käte terjime işi içgysgynç we surnukdyryjy bolup görünse-de, wepaly dogan-uýalar bu ýumşa Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýarlar. Sebäbi Allatagala hoş habaryň «her millete we taýpa, her dile we her halka» wagyz edilmegini isleýär (Ylh. 14:6). Meselem, «Garawul diňi» žurnalyny tonga diline ilkinji gezek terjime etmeli bolanymyzda, men Tongodaky ähli ýaşululardan kömek edip biljek dogan-uýalary soradym. Şonda mehanik bolup işleýän ýygnak ýaşulusy işini taşlap, ertesi güni terjime etmäge başlady. Ol maşgalasyny eklemek üçin nädip pul taparyn diýip aladalanmaýardy. Ol birnäçe ýyllap terjimeçi bolup gulluk etdi, sebäbi Ýehowa doganyň we maşgalasynyň aladasyny etdi. Onuň yhlasly gullugy örän ruhlandyrýar.

Ýolbaşçylyk maslahaty az sanly adamlaryň gepleýän dilinde-de, ruhy iýmitiň bolmagyna gözegçilik edýär. Terjimeçiler hem olaryň göreldesine eýerýärler. Bir sapar mende: «Tuwalu dilinde terjime edeniňe degýärmikä?» diýen sorag döredi. Şonda men Ýolbaşçylyk maslahatynyň beren jogabyny okap ruhlandym: «Biziň edebiýatlarymyzyň tuwalu dilinde terjime edilmezliginiň hiç hili sebäbi ýok. Beýleki diller bilen deňeşdireniňde tuwalu dilinde az sanly adam geplese-de, olar hoş habary ene dilinde eşidäýmeli».

Aýlagda suwda çokundyrýaryn

2003-nji ýylda Jenni ikimizi Fijidäki filialdan Nýu-Ýork şäherindäki (Patterson) terjimeçilere gözegçilik edýän bölüme çagyrdylar. Arzuwym hasyl boldy! Biz edebiýatlaryň dürli dillerde terjime edilmegine kömek edýän toparyň agzasy bolduk. Biz soňky iki ýylyň içinde terjimeçiler toparlaryna okuw geçmek üçin birnäçe ýurtlara aýlandyk.

TARYHY ÖZGERIŞLER

Indi men size ýokarda agzan mejlis zalyndaky duşuşyk barada gürrüň bereýin. 2000-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýädäki terjimeçilere güýçli goldawyň gerekdigine göz ýetirdi. Şu wagta çenli terjimeçilere köp okuw geçirilmedi. Ýazyjylar komitetine hasabat berenimizden soňra Ýolbaşçylyk maslahaty ähli filiallardaky terjimeçiler bilen okuw geçirilmeli diýen karara geldi. Okuwyň maksady — iňlis diline çuňňur düşünmek, terjime etmegiň usullaryny we terjimeçileriň agzybir hyzmatdaşlyk etmegini öwretmek.

Terjimeçilik babatda berlen maslahatlaryň netijesi nähili boldy? Dogan-uýalar ökdelik bilen terjime edip başladylar. Häzir edebiýatlarymyz köp dillerde çap edilýär. 1979-njy ýylda missioner bolup gulluk edip başlanymyzda «Garawul diňi» žurnaly bary-ýogy 82 dilde çap edilýärdi. Köp dillerde bolsa, žurnal iňlis dilinden birnäçe aý gijä galyp çykarylýardy. Emma häzir «Garawul diňi» žurnaly 231-den gowrak dillerde çap edilýär. Olaryň köpüsi iňlis dilindäki sany bilen deň çykýar. Şu günler ruhy iýmiti 700-den gowrak dilde okasa bolýar. Öň bu amala aşmajak arzuwdy.

2004-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary Mukaddes Ýazgylary dürli dillerde terjime etmeli diýen karara geldiler. Şondan birnäçe aý geçensoň, Mukaddes Ýazgylaryň belli bir möhletde terjime edilmegi ýola goýuldy. Bu onuň köp dillerde çap edilmegine goşant goşdy. 2014-nji ýyla çenli «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi» bölekleýin ýa-da tutuşlygyna 128 dilde, hatda Ýuwaş okeanyň günortasynda ýaşaýan adamlaryň dilinde-de çap edildi.

Grek ýazgylarynyň «Täze dünýä terjimesiniň» tuwalu dilindäki neşiri

2011-nji ýylda men Tuwaluda geçirilen kongresde çykyş etdim. Bu meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlaryň biridi. Şol ýyl birnäçe aýlap gurakçylyk bolandygy sebäpli, kongresi geçirmek mümkin däl ýaly bolup göründi. Emma biz Tuwalu adasyna gelenimizde, agşam çabga ýagyp başlady we gurakçylykdan nam-nyşan galmady. Kongresem sag-aman geçirildi! Men «Injil» kitabynyň «Täze dünýä terjimesiniň» tuwalu dilinde çykandygyna diýseň begenýärin. Şeýle ajaýyp sowgat az sanly halka hiç haçan berilmändi! Kongres gutaran badyna, ýene-de çabga ýagyp başlady. Şeýlelikde, dogan-uýalaryň ählisi hem göni manydaky, hem göçme manydaky suwdan gandylar!

Awstraliýanyň Taunswill şäherinde geçirilen kongresde men ejem Estele bilen kakam Rondan interwýu alýaryn, 2014 ý.

Gynansak-da, meniň Hudaýa wepaly aýalym Jenni muny görmedi. Ol 2009-njy ýylda 35 ýaşlarynda aradan çykdy. Jenni göwsünde dörän rak keselinden on ýyllap ejir çekdi. Ol täze dünýäde direlende, Mukaddes Ýazgylaryň tuwalu dilinde çykandygyna örän begense gerek.

Soňra men owadan uýa Lorani Sikewo öýlendim. Bu meniň üçin Ýehowanyň beren sowgady boldy. Jenni Lorani bilen bile Fijidäki Beýtelde gulluk edipdi. Lorani hem edebiýatlary fiji dilinde terjime etmäge kömekleşýärdi. Biziň ikimizem Ýehowa wepaly gulluk etmegi-de, dil öwrenmegi-de gowy görýäris!

Lorani bilen Fijide wagyz edýäris

Men söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowanyň dürli dillerde gepleýän adamlaryň aladasyny edýändigine örän begenýärin (Zeb. 49:1—3). Dogan-uýalar ene dilinde edebiýatlary birinji sapar alanlarynda we ene dilinde aýdym aýdyp, Ýehowany şöhratlandyranlarynda, şatlykdan ýaňa ýüzlerinden nur saçýardy (Res. iş. 2:8, 11). Tuwalu ýygnagyndaky Sawulo Teýsi gartaşan doganyň sözleri henizem meniň gulagymda ýaňlanyp dur. Ol ilkinji gezek Patyşalyk aýdymlaryny ene dilinde aýdanda: «Aýdymlar iňlis dilinde däl-de, tuwalu dilinde aýdanyňda has ýakymly eşidilýär. Muny Ýolbaşçylyk maslahatyna hökman aýdaweri!» diýdi.

2005-nji ýylyň sentýabrynda garaşylmadyk ýagdaýda meni Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolmaga çagyrdylar. Men muny uly hormat saýýaryn. Men terjimeçilik bölümde işlemesem-de, guramanyň bütindünýäde alnyp barylýan terjimeçilik işlerini goldamaga Ýehowanyň mümkinçilik berendigine minnetdar. Men Ýehowanyň bütin halkynyň, hatda Ýuwaş okeandaky adalarda ýaşaýan gullukçylarynyň hem ruhy zerurlyklarynyň aladasyny edýändigine begenýärin. Dogrudan-da, mezmurçynyň: «Reb höküm sürýär, ýer şatlansyn, bütin adalar begenişsin» diýen sözleri ýerine ýetýär (Zeb. 97:1).

^ abzas 18 Adamlaryň edebiýatlarymyza seslenişi baradaky wakalary okap görüň (w00-U 15/12 sah. 32; w88-E 01/08 sah. 22; g00-U 22/12 sah. 9).

^ abzas 22 Samoadaky terjimeçiler topary barada köpräk bilmek üçin 2009-njy ýylyň «Ýyllyk kitabyna» serediň (rus. sah. 120, 121, 123, 124).