«Soňky günlerde» kimler bilen gatnaşýarsyňyz?
«Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr». 1 KOR. 15:33
AÝDYMLAR: 15, 20
1. Biz nähili döwürde ýaşaýarys?
BIZ kyn günlerde ýaşaýarys. Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan «soňky günler» 1914-nji ýylda başlandy. Adamzat taryhynda şeýle «kyn pursatlar» hiç haçan bolmandyr (2 Tim. 3:1—5). Mukaddes Ýazgylarda: «Kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlärler» diýilýär. Şu günler bu pygamberlik uly möçberde ýerine ýetýär (2 Tim. 3:13).
2. Bu dünýäniň adamlary nädip dynç alýarlar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
2 Köp adamlar dynç alanlarynda zorluk, ahlaksyzlyk, jadygöýlik ýaly Hudaýyň halamaýan zatlaryny görýärler, hatda olaryň guly bolýarlar. Internetde, telegepleşiklerde, kinolarda, çeper eserlerde, žurnallarda zorluk we ahlaksyzlyk adaty zat ýaly edip görkezilýär. Öňki döwürlerde şeýle zatlar aýyp görülse-de, indi käbir ýerlerde döwlet tarapyndan hem rugsat edilýär. Emma Allatagala bu işleri ýigrenýär (Rimliler 1:28—32-nji aýatlary okaň).
3. Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adamlara nähili garaýarlar?
1 Pet. 4:4). Şu günler hem Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýanlary bu dünýäniň adamlary geň-taň görýärler. Mukaddes Ýazgylarda: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» diýilýär (2 Tim. 3:12).
3 I asyrda ýaşan mesihçiler dynç alanlarynda erbet zatlardan gaça durýardylar. Adamlar olaryň ýagşy edim-gylymlaryny görüp, töhmet atýardylar we zalymlyk bilen yzarlaýardylar. Pawlus resul şeýle diýdi: «Olar özleri bilen birlikde şol çendenaşa ahlaksyzlygyň yzynda däldigiňizi geň görüp, size (mesihçilere) sögýärler» («ÝAMAN ÝARANLAR ÝAGŞY AHLAGY BOZÝANDYR»
4. Mukaddes Ýazgylar bu dünýä babatda nähili duýduryş berýär?
4 Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň göwnünden turmak isleýän adamlara dünýäni we onuň işlerini söýmeli däldigini ündeýär (1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okaň). «Bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan Iblis dinleriň, syýasatyň, söwda-satyk işleriň we maglumat beriş serişdeleriň üsti bilen adamlara güýçli täsir edýär (2 Kor. 4:4; 1 Ýahýa 5:19). Şol sebäpli mesihçiler kimler bilen gatnaşmalydygyny bilmeli. Sebäbi Hudaýyň Sözünde şeýle wajyp duýduryş berilýär: «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» (1 Kor. 15:33).
5, 6. Biz kimler bilen dostlukly gatnaşyk saklamaly?
5 Biz bu dünýäniň adamlary bilen ýakyn gatnaşyk saklasak, ýagşy häsiýetlerimiz bozular. Şol sebäpli diňe bir erbet adamlar bilen däl, eýsem, Ýehowanyň kada-kanunlaryny bilgeşleýin bozýan mesihçiler bilen gatnaşmakdan ägä bolmaly. Eger-de mesihçiler agyr günä edip, toba etmeseler, biz olar bilen gatnaşmaly däl (Rim. 16:17, 18).
6 Hudaýyň kada-kanunlaryna tabyn bolmaýan adam bilen gatnaşyk saklasak, bizem olara meňzäp başlarys. Meselem, ahlaksyzlyk edýän adam bilen ýakyndan dostlaşsak, bizem ahlaksyzlygyň toruna düşüp bileris. Ýehowa özüni bagyş eden mesihçileriň käbiri ahlaksyzlyga baş goşup, toba etmän ýygnak gatnaşygyndan kesildiler (1 Kor. 5:11—13). Petrus resul şeýle mesihçileriň ýagdaýynyň öňküsinden-de erbet boljakdygyny aýtdy (2 Petrus 2:20—22-nji aýatlary okaň).
7. Biz kim bilen dostlaşmaly?
7 Biz Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen mähirli bolsak-da, olar bilen ýakyn gatnaşyk saklap, dostlaşmaly däl. Şol sebäpli durmuş gurmadyk mesihçiler Ýehowa hormat goýmaýan we onuň ýokary ahlak kadalaryna eýermeýän adamlar bilen duşuşmaýarlar. Mesihçiler bu dünýädäki adamlaryň arasynda abraý gazanmagy däl-de, aýypsyz galmagy has wajyp hasaplaýarlar. Biz diňe Allatagalanyň islegini berjaý edýän adamlar bilen gatnaşmaly. Isa: «Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir» diýdi (Mar. 3:35).
8. Ysraýyllylaryň erbet adamlar bilen gatnaşmagynyň netijesi nähili boldy?
8 Ysraýyllylar erbet adamlar bilen gatnaşyp, öz-özlerine zyýan Müs. çyk. 23:24, 25). Gynansak-da, ysraýyllylaryň köpüsi Ýehowanyň görkezmesine eýermediler (Zeb. 106:35—39). Şol sebäpli Isa ysraýyllylara: «Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar» diýdi (Mat. 23:38). Ýehowa halkyndan ýüz öwrüp, mesihçiler ýygnagyna pata berdi (Res. iş. 2:1—4).
ýetirdiler. Ýehowa olary Müsür gulçulygyndan azat edip, Wada edilen diýara alyp barýarka, ýerli ýaşaýjylar babatda olara şeýle diýdi: «Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýkun ediň. Siz Öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň» (OKAÝAN WE GÖRÝÄN ZATLARYŇYZA DYKGATLY BOLUŇ
9. Dünýäniň hödürleýän zatlary näme üçin howply?
9 Bu dünýäniň hödürleýän zatlary mesihçilere ruhy taýdan howp salyp biler. Olar Ýehowa we onuň wadalaryna bolan imanyňy gowşadýar. Sebäbi olar Şeýtanyň zalym dünýäsini we onuň maksatlaryny goldaýar. Şol sebäpli biz «höwesleri» oýarýan zatlary okamakdan, görmekden we diňlemekden ägä bolmaly (Titus 2:12).
10. Bu dünýäniň erbet zatlaryna näme bolar?
10 Tizden Şeýtanyň dünýäsi bilen bilelikde erbet kitaplardyr kinolar ýok ediler. Mukaddes Ýazgylarda: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» diýilýär (1 Ýahýa 2:17). Mezmurçy bolsa: «Ýaman iş edýänler kesilip taşlanar, Rebbe umyt baglaýanlar bolsa ýeri miras alar... mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder» diýýär. Bu näçe wagt dowam eder? Mezmurçy sözüni dowam edip: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşarlar» diýýär (Zeb. 37:9, 11, 29).
11. Hudaý halkyny nädip ruhy iýmit bilen üpjün edýär?
11 Bu dünýäniň hödürleýän zatlaryndan tapawutlykda, şu soňky günlerde Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesi ebedi ýaşaýşa ýol açýar. Isa: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» diýýär (Ýahýa 17:3). Gökdäki Atamyz guramasy arkaly žurnallar, broşýuralar, kitaplar, wideolar we web-sahypalar ýaly bol ruhy iýmit bilen üpjün edýär. Mundan başga-da bütin dünýäde 110 müňden gowrak ýygnaklarda yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Biz bu duşuşyklardyr kongreslerde Mukaddes Ýazgylara esaslanan köp zatlary öwrenýäris. Olar biziň Hudaýa we onuň wadalaryna bolan imanymyzy berkidýär. Gör, nähili bereket! (Ýew. 10:24, 25).
DIŇE REBDE DURMUŞ GURUŇ
12. Diňe Rebde durmuş gurmagyň nämä aňladýandygyny düşündiriň.
12 Durmuş gurmak isleýän mesihçiler kimler bilen gatnaşýandygyna has-da ünsli bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar?» (2 Kor. 6:14) Mukaddes Ýazgylarda özüne taý gözleýän mesihçilere diňe Rebde — Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylan we Onuň islegine görä ýaşaýan adam bilen durmuş gurmak maslahat berilýär (1 Kor. ). Rebde durmuş gurýan dogan-uýalar aýypsyz galmaga kömek edýän we Ýehowa wepaly ýanýoldaş saýlaýarlar. 7:39
13. Hudaý ysraýyl halkyna maşgala gurmak babatda nähili tabşyryk berdi?
13 Ýehowa gullukçylaryna diňe gowy zatlary öwredýär; onuň nika bolan garaýşy hiç haçan özgermeýär. Bu Onuň Musa arkaly ysraýyllylara beren görkezmesinden aýdyň görünýär. Ol Ýehowa gulluk etmeýän ýerli ýaşaýjylar babatda ysraýyllylara şeýle tabşyryk berdi: «Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar» (Kan. tag. 7:3, 4).
14, 15. Süleýman Ýehowanyň görkezmesinden ýüz öwrüp näme gazandy?
14 Dawudyň ogly Süleýman dogry hökümdarlyk eder ýaly, Alladan akyldarlyk dileýär. Şeýdip, ol baý ýurduň akyldarlykda deňi-taýy bolmadyk patyşasy bolýar. Şeba melikesi Süleýman patyşany görmäge gelende, geň galyp: «Öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken» diýýär (1 Pat. 10:7). Emma Süleýman ýalan taňrylara sežde edýän gelin-gyzlara öýlenip, Hudaýyň tabşyrygyny bozýar we erbet görelde galdyrýar (Wag. 4:13).
15 Hudaý Süleýmana köp ýagşylyk etse-de, ol Ýehowa gulluk etmeýän «keseki aýallara aşyk bolup», Onuň tabşyrygyny inkär edýär. Süleýmanyň 700 aýaly bilen 300 gyrnagy bardy. Munuň netijesi nähili boldy? Süleýman garran çagynda aýallary onuň «ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler... Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi» (1 Pat. 11:1—6). Süleýmanyň ýaman ýaranlar bilen gatnaşmagy Hudaýyň beren akyldarlygyny puja çykardy we hakyky seždeden ýüz döndürtdi. Bu Ýehowany söýmeýän adam bilen durmuş gurmakçy bolýan mesihçilere nähili gowy sapak!
16. Mesihçi bolmanka maşgala guranlara nähili maslahat berilýär?
16 Hudaýyň gullukçysy bolmanka maşgala guranlar näme etmeli? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Eý hatynlar, siz-de... öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa... öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz... gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2). Elbetde, bu aýaly Ýehowa gulluk etmeýän maşgalabaşylara-da degişlidir. Mukaddes Ýazgylar gowy ýanýoldaş bolmalydygyny we Ýehowanyň nika babatda berýän maslahatlary boýunça ýaşamalydygyny öwredýär. Käbir adamlar mesihçi ýanýoldaşynyň ýagşy häsiýetlerini görüp, hak Hudaýa sežde edip başlaýarlar.
ÝEHOWANY SÖÝÝÄNLER BILEN GATNAŞYŇ
17, 18. Nuh pygamber we I asyrdaky mesihçiler näme üçin halas boldular?
17 Ýaman ýaranlar ýagşy häsiýetleri bozýar, ýöne gowy dostlar ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Geliň, zalym adamlaryň arasynda ýaşan, emma olar bilen ýakyn gatnaşyk saklamadyk Nuh pygamber barada gürrüň edeliň. Şol döwürde «bütin dünýädäki Gel. çyk. 6:5). Hudaý zalym adamlary ýok etmek üçin tupan turuzdy. Emma «Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi» (Gel. çyk. 6:7—9).
adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny Reb görýärdi» (18 Nuh pygamber Hudaýa iman etmeýän adamlar bilen dostlaşmady. Nuh we onuň maşgalasynyň ýedi agzasy Hudaýyň tabşyryşy ýaly gämi gurmak bilen meşgul boldular. Şeýle-de Nuh «dogrulyk wagyzçysy» hökmünde hem tanalýardy (2 Pet. 2:5). Ol maşgalasy bilen agzybir ýaşap, gämi gurmak we wagyz etmek bilen gümra bolup, Allatagalanyň göwnünden turýardy. Şeýlelikde, Nuh we onuň maşgalasy tupandan halas boldular. Biz Nuha, aýalyna, ogullaryna we gelinlerine Ýehowa wepaly galandyklary üçin minnetdar bolmaly. Sebäbi biz olaryň nesilleridiris. I asyrdaky mesihçiler hem Hudaýa iman etmeýän adamlar bilen ýakyn gatnaşyk saklamadylar. Şol sebäpli olar b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim we Ýahuda weýran edilende halas boldular (Luka 21:20—22).
19. Biz Hudaýyň merhemetini gazanmak üçin näme etmeli?
19 Geliň, bizem Nuh, onuň maşgala agzalary we I asyrdaky mesihçilerden görelde alyp, Ýehowa wepaly gulluk edeliň. Biz zalym dünýäniň adamlary bilen ýakyn gatnaşyk saklaman, gaýtam, Hudaýa wepaly millionlarça dogan-uýalar bilen dostlaşmaga jan etmeli. Hudaýyň berýän akyldarlygyna eýerýänler bilen dostlaşsak, bu bize kyn günlerde «imanda berk durmaga» kömek eder (1 Kor. 16:13; Sül. tym. 13:20). Biziň her birimiz şu soňky günlerde kimler bilen gatnaşýandygymyza ünsli bolsak, zalym dünýäden halas bolarys we Ýehowanyň tizden geljek täze dünýäsinde mesgen tutarys. Gör, nähili bereket!