Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowanyň bereketleri meni bagtly edýär

Ýehowanyň bereketleri meni bagtly edýär

MEN 1927-nji ýylda Kanadanyň Saskaçewan welaýatynyň kiçi şäheri bolan Uokoda dünýä indim. Biziň maşgalamyzda ýedi çaga bardy: dört oglan, üç gyz. Şol sebäpli men ýaşlygymdan adamlaryň arasynda ýaşamagy öwrendim.

1930-njy ýyllarda ýurtda ykdysady ýagdaý pese düşüpdi. Bu biziň maşgalamyza-da täsir etdi. Biz gurply ýaşamasak-da, gün-güzeranymyzy görýärdik. Biz sygyr we birnäçe towuk saklaýardyk. Şol sebäpli öýde iýere ýumurtga, süýt, gaýmak, ýag, peýnir ýaly zatlar bardy. Biziň her birimiz hojalyk işlerine öz goşandymyzy goşýardyk.

Meniň çagalyk döwrümden köp ýagşy ýatlamalarym bar. Meselem, almanyň ýakymly ysy öýde bark urardy. Her güýz paslynda kakam hojalygymyzdan önýän zatlary şähere satmaga alyp giderdi. Öýe bolsa terje almadan doly guty bilen gelerdi. Biz günde terje alma iýip hezil ederdik!

BIZ HAKYKATY BILDIK

Biz hakykaty bilenimizde, men alty ýaşymdadym. Meniň uly agam Jonni dünýä ineninden soň birnäçe gün ýaşap aradan çykdy. Bu ata-eneme agyr urgy boldy. Olar ruhanydan: «Jonni nirede?» diýip soradylar. Şonda ruhany bäbegiň suwda çokundyrylmandygy üçin göge barmandygyny, onuň jennet bilen dowzahyň arasynda ýa-da dowzahyň bosagasynda durandygyny düşündirdi. Ruhany Jonniniň göge alynmagy we jennete düşmegi üçin özüne pul töleseler doga okap berjekdigini aýtdy. Siz şeýle ýagdaýda özüňizi nähili duýardyňyz? Lapykeç bolan kakam bilen ejem gaýdyp ruhana ýüz tutmadylar. Ýöne olar henizem ogluna näme bolandygyny bilmek isleýärdiler.

Bir gün ejem Ýehowanyň Şaýatlarynyň «Ölen adamlar nirede?» atly broşýurasyny tapyp, ony höwes bilen okady. Kakam öýe gelende bolsa ejem begenip: «Men Jonniniň nirededigini bilýärin! Ol häzir ýatyr, emma ol bir gün oýanar» diýdi. Şol gün agşam kakamam broşýurany doly okap çykdy. Ata-enem Mukaddes Ýazgylardan ölen adamlaryň ukuda ýatandygyny we gelejekde olaryň direljekdigini bilip, kalbynda rahatlyk duýdular (Wag. 9:5, 10; Res. iş. 24:15).

Ata-enemiň hakykaty bilmegi bize teselli berdi, durmuşymyzy özgertdi we bagtly bolduk. Olar Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärdiler we Uokodaky kiçijik ýygnaga barýardylar. Ol ýerdäki dogan-uýalaryň köpüsi ukrainalydy. Biraz wagtdan kakam bilen ejem wagyz edip başlady.

Soňra biz Kanadanyň Britan Kolumbiýa welaýatyna göçüp gitdik. Ol ýerdäki dogan-uýalar bizi mähirli garşy aldylar. Biziň maşgalamyz «Garawul diňini» okap, ýekşenbe güni bolýan ýygnak duşuşyklaryna taýýarlyk görýärdi. Bu meniň ýatdan çykmajak günlerimiň biridi. Biz Ýehowany we hakykaty ýürekden söýýärdik. Men durmuşymyzyň özgerendigini we Ýehowanyň berýän bereketlerini görýärdim.

Biz çagakak imanymyz barada adamlara gürrüň bermäge çekinýärdik. Men jigim Ýewa bilen bir aýyň dowamynda wagyz etjek tekliplerimizi taýýarlap, olary Gulluk duşuşygynda sahnalaşdyryp görkezýärdik. Men muňa örän begenýärdim! Sebäbi biz çekinjeňlik häsiýetimizi ýeňip, adamlara Mukaddes Ýazgylar arkaly wagyz etmegi öwrendik.

Doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalar bize myhmançylyga gelýärdiler. Bu meniň çagalyk döwrümiň iň gyzykly pursatlarydy. Meselem, etrap gözegçisi Jek Neýtan ýygnaga gelende, biz ony myhman alýardyk *. Onuň gürrüň berýän ençeme gyzykly wakalary we ak ýürekden aýdýan öwgüli sözleri meni Ýehowa wepaly gulluk etmäge höweslendirdi.

Men çagakam: «Ulalanymda Neýtan dogan ýaly gulluk ederin» diýerdim. Onuň göreldesiniň meniň doly wagtly gulluga başlamagyma güýçli täsir edendigine indi-indi düşünýärin. Men 15 ýaşymda Ýehowa gulluk etmegi ýüregime düwdüm. 1942-nji ýylda Ýewa ikimiz suwda çokundyryldyk.

IMAN — SYNAG

Ikinji jahan urşy döwründe milletparazlyk giňden ýaýrapdy. Skott mugallym dine garşy çykýardy. Ol meniň iki gyz doganym bilen agamy mekdepden çykardy. Näme üçin? Sebäbi olar baýdaga tagzym etmekden ýüz öwrüpdiler. Hanym Skott meniň mugallymymy hem yryp, meni mekdepden çykarmak isledi. Emma mugallymym oňa: «Biziň ýurdumyzda dini saýlamak babatda adamlara erk-ygtyýar berlen. Şol sebäpli milletparazlygy goldaýan çärelere gatnaşmazlyga her kimiň haky bar». Skott näçe jan etse-de, mugallymym: «Gep gutardy!» diýip, oňa berk jogap berdi.

Skott mugallym: «Ýok, entek gutaranok! Melitany mekdepden çykarmasaň, seniň üstüňden arz ederin» diýip, mugallyma haýbat atdy. Mugallymym özüniň nädogry iş edýändigini boýun alyp, ata-eneme meni mekdepden çykarmaly boljakdygyny düşündirdi. Ýogsam, ol işini ýitirjekdigini aýtdy. Indi biz sapaklary mekdepde däl-de, özümiz öýde okaýardyk. Şondan biraz wagt geçensoň, biz ýaşaýan ýerimizden 32 km uzaklyga göçüp gitdik we şol ýerdäki mekdepde okap başladyk.

Uruş döwründe biziň edebiýatlarymyz gadagan edildi. Emma biz öýden-öýe wagyz edenimizde Mukaddes Ýazgylary ulanýardyk. Şeýlelikde, biz Mukaddes Ýazgylar arkaly Patyşalyk baradaky hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi öwrendik. Bu bolsa bize ruhy taýdan ösmäge we Ýehowanyň goldawyny duýmaga kömek etdi.

DOLY WAGTLY GULLUK

Men saç gyrmak kärine ökdedim we birnäçe baýragyň eýesi boldum

Men Ýewa bilen mekdebi tamamlanymyzdan soňra pioner gullugyna başladyk. Men özümi eklemek üçin, başda azyk harytlary satylýan dükanda işledim. Men saç bejermegi gowy görýärdim we saç gyrkmagy öwredýän alty aýlyk okuwa girdim. Soňra hepdede iki gün gözellik salonynda işläp başladym we aýda iki gezek saç gyrkmagy öwredýärdim. Bu maňa doly wagtly gulluk etmäge kömek edýärdi.

1955-nji ýylda men ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde we Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde geçiriljek «Dabaraly Patyşalyk» atly kongreslere barmagy maksat edindim. Men Nýu-Ýorka gitmezden öň Baş edaramyzda gulluk edýän Neýtan Norr dogan bilen tanyşdym. Ol aýaly bilen Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilýän kongrese geldi. Şonda Norr doganyň aýalynyň saçyny bejermegi menden haýyş etdiler. Norr dogana meniň saç bejerişim ýarapdyr. Ol meniň bilen tanşanda, men Germaniýa gitmezimden öňürti Nýu-Ýork şäherine-de barjakdygymy aýtdym. Norr dogan meni Bruklindäki Beýtelde 9 gün işlemäge çagyrdy.

Bu syýahat meniň durmuşymy özgertdi. Nýu-Ýork şäherinde men Teodor (Ted) Ýaraç bilen tanyşdym. Biraz wagtdan soň bu ýaş ýigit menden: «Sen pioner bolup gulluk edýärmiň?» diýip sorady. Men bu soraga garaşmansoň «Ýok» diýip jogap berdim. Emma Lawonn joram: «Hawa, ol pioner bolup gulluk edýär» diýip, sözümi böldi. Ted geň galyp, Lawonna: «Indi men kime ynanmaly?!» diýdi. Men oňa pioner bolup gulluk edendigimi we kongresden soň ýene-de pioner gullugyna başlajakdygymy aýtdym.

RUHY TAÝDAN BERK ÝANÝOLDAŞYM

1925-nji ýylda Ted ABŞ-nyň Kentukki şäherinde dünýä inýär. Onuň maşgala agzalarynyň hiç biri hakykaty kabul etmändir. Muňa garamazdan, ol 15 ýaşynda Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylýar we iki ýyldan soňra pioner gullugyna başlaýar. Şeýdip, onuň 67 ýyl doly wagtly gullugynyň birinji taryhy sahypasy açylýar.

1946-njy ýylyň iýul aýynda Ted Gilead mekdebiniň 7-nji klasyny tamamlaýar. Şonda ol 20 ýaşyndady. Soňra ol Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherinde etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Dört ýyl geçensoň ony Awstraliýadaky filiala gözegçi edip belleýärler.

Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde geçirilýän kongresde men Ted bilen has ýakyndan tanyşdym. Şeýdip, biz biri-birimizi haladyk. Ted Ýehowa bütin jany-teni bilen gulluk etmek isleýärdi. Men muňa begenýärdim. Ol maksada okgunly, Hudaýa wepaly, agras, alçak we mähirlidi. Men onuň başgalary özünden ýokary tutýandygyna üns berdim. Kongresden soňra Ted Awstraliýa gitdi, men bolsa Wankuwere gaýtdym. Emma biz hat arkaly habarlaşyp durýardyk.

Ted Awstraliýada bäş ýyl gulluk edenden soňra Amerika geldi we Wankuwerde pioner bolup gulluk edip başlady. Ol meniň maşgalamyň göwnüne ýarady. Men muňa örän begendim. Agam Maýkl hemişe meniň aladamy edýärdi. Bir ýaş dogan meniň bilen gyzyklansa, ol biynjalyk bolýardy. Emma Ted Maýklyň göwnüne ýarady. Agam: «Melita, ol örän akylly ýigit. Onuň bilen dost bol, göwnüne degmegin» diýdi.

Biz 1956-njy ýylda toý tutdyk we köp ýyllap şatlyk bilen doly wagtly gulluk etdik

Menem Tedi haladym. Biz 1956-njy ýylyň 10-njy dekabrynda toý tutdyk. Biz Wankuwerde we Kaliforniýada pioner bolup gulluk etdik. Soňra Tedi Missuride we Arkanzasda etrap gözegçisi edip bellediler. Biz 18 ýylyň dowamynda Amerikanyň köp ýerlerinde gulluk edip, her hepde dürli-dürli ýerlerde ýaşaýardyk. Şonda ençeme gyzykly wakalar boldy we biz köp dogan-uýalar bilen dostlaşdyk. Bize göçüp-gonup ýörmek aňsat bolmasa-da, gulluk etmekden lezzet alýardyk.

Men Tediň Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny gymmat saýýandygyny göremde, oňa has-da hormat goýýardym. Ol älemiň iň Beýik Şahsyýetine gulluk edýändigine guwanýardy. Biz Mukaddes Ýazgylary bile okamagy we öwrenmegi gowy görýärdik. Agşam ýatmazdan öň Ted doga edende, ikimizem dyza çökýärdik. Soňra herimiz aýratyn Ýehowa öz ýüregimizi döküp, doga edýärdik. Men Tediň bir zady gaýgy edýändigini derrew duýýardym, sebäbi ol ýatan ýerinden turup, dyza çöküp köp doga okaýardy. Men onuň uly we ujypsyz meseleler barada Ýehowa doga edýändigini gymmat saýýardym.

Ted toý tutanymyzdan birnäçe ýyl geçeninden soňra Ýatlama agşamynda nyşanlardan datjakdygyny aýtdy. Ol: «Men Ýehowanyň islegini doly ýerine ýetirýändigime göz ýetirmek üçin köp doga etdim» diýdi. Men onuň mukaddes ruh arkaly mesh edilendigine we göge gitjekdigine kän bir geň galmadym. Men ýanýoldaşymy, ýagny Mesihiň doganyny goldamaga mümkinçiligimiň bolanyna begenýärin (Mat. 25:35—40).

MUKADDES GULLUGYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI

1974-nji ýylda Ted Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolmaga çagyryldy. Biz muňa haýran galdyk. Biraz wagtdan bizi Bruklindäki Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Ted Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk edýärdi, men bolsa tämizçi bolup işleýärdim hem-de dogan-uýalaryň saçyny bejerýärdim.

Ted dürli filiallara baryp, dogan-uýalary ruhlandyrýardy. Ol, esasanam, Demir galanyň arkasyndaky ýurtlaryň wagyz işine gözegçilik edýärdi. Bir gezek biz Şwesiýa dynç almaga gidenimizde örän ýadawdyk. Şonda Ted: «Melita, Polşada wagyz işi gadagan edilipdir. Men dogan-uýalara göwünlik beresim gelýär» diýdi. Biz wiza açyp, Polşa gitdik. Ted jogapkär doganlar bilen duşuşyp gürrüňdeş bolanda, hiç kimiň bilmezligi üçin daş ýere gitdiler. Olar dört günläp ýygy-ýygydan duşuşdylar. Men Tediň dogan-uýalara goldaw bermekden şatlyk tapýandygyny görüp, öz ýanymdan begenýärdim.

1977-nji ýylyň noýabr aýynda biz ýene-de Polşa gitdik. F. W. Frans, Deniýel Sidlik we Ted Ýolbaşçylyk maslahatynyň wekilleri hökmünde filiala geldiler. Biziň işimiz gadagan edilse-de, Ýolbaşçylyk maslahatynyň üç agzasy dürli şäherlerde ýaşaýan gözegçilerdir pionerler we köp wagtdan bäri gulluk edýän wagyzçylar bilen gürrüňdeş boldular.

Moskwanyň Adalat köşgüniň öňünde wagyz işiniň resmileşdirilen güni Tediň doganlar bilen düşen suraty

Soňky ýyl Ted bilen Milton Henşel Polşa gidip, Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işine garşy çykmaýan häkimiýet işgärleri bilen duşuşdylar. 1982-nji ýylda Polşanyň häkimiýeti doganlara bir günlik kongresi geçirmäge rugsat berdi. Bir ýyl geçenden soňra, biz başga kongresleri geçirmek üçin kireýine ýer aldyk. Wagyz etmeklik gadagan bolsa-da, biz 1985-nji ýylda stadionda dört sany kongres geçirdik. Soňra 1989-njy ýylyň maý aýynda biz has-da uly kongresleri geçirmäge taýýarlyk görenimizde, Polşanyň häkimiýeti Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işini kanuny taýdan resmileşdirdi. Ted hiç haçan şeýle begenmändi.

Polşada geçirilen welaýat kongresi

KESEL BILEN GÖREŞÝÄRIS

Biz 2007-nji ýylda Günorta Afrikada täze filialyň açylyşyna gitmelidik. Emma Angliýadakak Tediň gan basyşy ýokarlandy we lukman Afrika gitmezligi maslahat berdi. Tediň ýagdaýy gowulaşansoň, biz Amerika dolandyk. Birnäçe hepdeden soň Tediň beýnisine gan inip (insult), bedeniniň sag tarapy ysmaz boldy.

Ted başda işläp bilmeýärdi, ýöne kem-kemden sagalýardy. Ol ysmaz bolsa-da, gepläp bilýärdi. Biz muňa örän begenýärdik. Ol öňküsi ýaly işlemäge jan edýärdi, hatda öýde telefon arkaly Ýolbaşçylyk maslahatynyň duşuşygyna gatnaşýardy.

Ted Beýtelde gowy bejergi berlenine minnetdardy. Ol kem-kemden hereket edip başlady we ýygnakdaky käbir borçlary ýerine ýetirip, hemişe şadyýan bolmaga çalyşýardy.

Üç ýyl geçenden soňra onuň beýnisine ýene-de gan indi. 2010-njy ýylyň 9-njy iýunynda çarşenbe güni aradan çykdy. Men Tediň göge gitjekdigini bilsem-de, onuň ölümi maňa agyr degdi we ony neneňsi küýseýändigimi söz bilen aýdyp bilmeýärin. Men Tedi goldamaga Ýehowanyň güýç berendigine her gün dogamda sag bolsun aýdýaryn. Biz 53 ýyllap şatlyk bilen doly wagtly gulluk etdik. Ted maňa gökdäki Atam bilen dostlugymy berkitmäge kömek etdi. Munuň üçin men Ýehowa şükür edýärin. Men Tediň täze borjy höwes bilen ýerine ýetirýändigine şübhelenmeýärin.

ÝÜZE ÇYKAN KYNÇYLYKLAR

Men Beýtelde gulluk edip, uýalara saç gyrkmagy öwredýänime begenýärin

Men ýanýoldaşym bilen ençeme ýyllap şatlyk bilen gulluk etdim. Emma indi maňa kynçylyklara döz gelmek aňsat däl. Maňa Ted bilen Beýtele we Patyşalyk zalyna gelýän adamlary garşy almak diýseň ýaraýardy. Ýöne indi meniň söwer ýarym ýok, men öňkim ýaly gujur-gaýratly däl we adamlar bilen kän görşüp bilmeýärin. Muňa garamazdan, men Beýteldäki we ýygnakdaky mähriban dogan-uýalar bilen bolmagy gowy görýärin. Beýtelde gulluk etmek aňsat bolmasa-da, Allatagalanyň öýünde hyzmat etmek şatlyk getirýär. Meniň henizem wagyz işine bolan söýgim sowamady. Men çalt ýadasam-da, uzak ýol ýöräp bilmesem-de, wagyz etmekden we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmekden köp şatlyk tapýaryn.

Ýer ýüzünde bolýan erbetligi görenimde, mähriban ýanýoldaşym bilen Ýehowa gulluk edendigime begenýärin. Hawa, Ýehowanyň bereketleri meni bagtly edýär (Sül. tym. 10:22).

^ abzas 13 Jek Neýtanyň terjimehaly «Garawul diňi» žurnalynda çap edildi (w90-U 1/09 sah. 10—14).