Şeýle «adamlary hormatlalyň»
1992-NJI ýyldan bäri Ýolbaşçylyk maslahaty komitetleriň işini dolandyrmagy tejribeli, ruhy taýdan berk we ýaşuly bolup gulluk edýän doganlara tabşyrýar *. «Başga goýunlara» degişli bu kömekçi doganlar Ýolbaşçylyk maslahatyna gowy goldaw berýärler (Ýahýa 10:16). Kömekçiler hepdede bir gezek öz komitetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirýärler. Şonda bir mesele boýunça toplan maglumatlaryny we tekliplerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Kömekçiler komitetiň işine gözegçilik edýärler we tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirýärler, ýöne gutarnykly karara Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary gelýärler. Ýörite we halkara kongresleri geçirmäge Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bilen kömekçi doganlar hem gidýärler. Şeýle-de kömekçiler Baş edaramyzyň wekili hökmünde filiallara aýlanýarlar.
Komitetlere kömekçiler bellenip başlanyndan bäri gulluk edýän bir dogan şeýle diýýär: «Men özüme tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirsem, Ýolbaşçylyk maslahaty ruhy zatlar bilen bagly işleri çözmäge has köp üns berip bilýär». 20 ýyldan köpräk gulluk eden başga bir kömekçi dogan: «Men bu borjy ýerine ýetirmegi uly hormat saýýaryn» diýip, gulluk eden ýyllaryny ýatlaýar.
Ýolbaşçylyk maslahaty kömekçilere köp işleri ynanýarlar we olaryň zähmetsöýerligini, wepaly gullugyny gymat saýýarlar. Geliň, şeýle «adamlary hormatlalyň» (Flp. 2:29).
^ abzas 2 Ýolbaşçylyk maslahatynyň alty sany komitetiniň ýerine ýetirýän borçlary barada köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» atly kitabyň 12-nji babyndaky «Ýolbaşçylyk maslahaty Patyşalygyň bähbitleriniň aladasyny edýär» diýen çarçuwa serediň.