Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hemişe ruhy zatlar barada oýlanyň

Hemişe ruhy zatlar barada oýlanyň

«Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan». 1 TIM. 4:15

AÝDYMLAR: 21, 26

1, 2. Ynsan beýnisi haýwanlaryňkydan nämede tapawutlanýar?

YNSAN beýnisi bedeniň täsin agzasydyr. Meselem, adamlaryň dil öwrenmäge ukyby bar. Bu bize okamaga, ýazmaga, geplemäge we eşiden zatlarymyza düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de haýwanlardan tapawutlylykda, biz Ýehowa doga edip, ony öwgüli aýdymlar bilen şöhratlandyryp bilýäris. Alymlar ynsan beýnisiniň şeýle ajaýyp işleri nädip edip bilýändigine doly düşünip bilmeýärler.

2 Dil — Ýehowanyň beren ajaýyp sowgady (Zeb. 139:14; Ylh. 4:11). Hudaý biziň beýnimizi täsin edip ýaratdy. Haýwanlardan tapawutlylykda, biz «Hudaýyň keşbinde» ýaradyldyk. Biziň saýlamaga mümkinçiligimiz bar, sebäbi Hudaý bizi erkin edip ýaratdy. Şonuň üçin biz geplemek ukybymyzy ulanyp, Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris (Gel. çyk. 1:27).

3. Ýehowa bize paýhasly bolar ýaly nähili täsin sowgat berdi?

3 Ýehowa adamlara Mukaddes Ýazgylary sowgat berdi. Bu täsin sowgat arkaly dilleri ýaradan Hudaýy şöhratlandyryp bilýäris. Mukaddes Ýazgylar tutuşlygyna ýa-da onuň käbir kitaplary 2 800-den gowrak dilde bar. Biz Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlar barada oýlansak, Hudaýyňky ýaly pikir edip başlarys (Zeb. 40:5; 92:5; 139:17). Bu bolsa bize paýhasly bolup, gelejekde halas bolmaga kömek eder (2 Timoteos 3:14—17-nji aýatlary okaň).

4. Oýlanmak nämäni aňladýar we biz haýsy soraglara serederis?

4 Oýlanmaklyk bu bir zada ünsüňi jemläp, şol hakda pikirlenmegi we ýagşy bilen ýamany kesgitlemegi aňladýar (Zeb. 77:12; Sül. tym. 24:1, 2). Esasan-da, Ýehowa we Isa hakda öwrenýän zatlarymyz barada oýlanmaklyk has köp peýda berýär (Ýahýa 17:3). Eýsem, okamak bilen oýlanmagyň nähili baglanyşygy bar? Haçan oýlansak gowy bolar? Oýlanmakdan şatlyk tapmaga we ony endik edinmäge näme kömek eder?

ŞAHSY OKUWY NETIJELI GEÇIRÝÄNDIGIŇIZE GÖZ ÝETIRIŇ

5, 6. Okan zatlarymyza düşünmäge we ýatda saklamaga näme kömek eder?

5 Üns beren bolsaňyz, käte biz käbir zatlary etmek üçin onçakly tagalla etmeýäris. Meselem, dem almak, ýöremek ýa-da welosiped sürmek ýaly zatlary oýlanman edýäris. Okamaklyk barada-da şeýle diýse bolýar. Şol sebäpli okaýan zatlaryň manysyna ünsüňi gönükdirmek örän wajyp. Meselem, bir edebiýatyň abzasyny ýa-da sözbaşysyny okanymyzdan soň, biraz säginip, okan zadymyz hakda oýlanmaly we oňa dogry düşünendigimize göz ýetirmeli. Elbetde, ünsümizi sowýan zatlara ýol bersek, şahsy okuwymyz netijesiz bolar. Biz mundan nädip gaça durup bileris?

6 Alymlaryň aýtmagyna görä, bir zady sesli okasak, ony ýatda saklamak aňsat bolýar. Muny beýnimizi ýaradan Hudaý hem gowy bilýär. Ine, şol sebäpli-de ol Ýeşuwa Kanuny «sesli», ýagny ýuwaş ses bilen okamagy tabşyrdy (Ýeşuwa 1:8-i okaň) *. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary sesli okamaklyk ünsümizi has gowy jemlemäge we okan zatlarymyzy ýatda saklamaga kömek edýär.

7. Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlar hakynda haçan oýlanmak peýdaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Okan zadyňyz hakda oýlanmak we ünsüňi jemlemek üçin tagalla etmeli. Başgaça aýdanyňda, ýadaw däl wagtymyz we ünsümiz bölünmeýän ýerde okasak, has gowy oýlanmaga kömek eder. Mezmurçy hem gijelerine oýlanmaga wagt sarp edýärdi (Zeb. 63:6). Isa kämil bolsa-da, oýlanmak we doga etmek üçin ümsüm ýeri saýlaýardy (Luka 6:12).

OŇAT ZATLAR HAKDA OÝLANYŇ

8. a) Biz näme hakda oýlanyp bileris? b) Ýehowa barada başgalara gürrüň berenimizde, ol muňa nähili garaýar?

8 Biz diňe bir Mukaddes Ýazgylarda okan zatlarymyz däl-de, eýsem, başga zatlar barada-da oýlanyp bileris. Meselem, Ýehowanyň ýaradan ajaýyp zatlaryny görenimizde, biraz säginip, oýlanmak üçin wagt sarp edip bileris. Şeýle oýlanmaklyk bize Ýehowa dogada minnetdarlyk bildirmäge höweslendirer. Belki-de, siz duýgularyňyzy başgalar bilen paýlaşmak islärsiňiz (Zeb. 104:24; Res. iş. 14:17). Biz Ýehowa barada oýlananymyzda, dogada minnetdarlyk bildirenimizde we ol hakda adamlara gürrüň berenimizde, bu oňa nähili täsir edýär? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar (ady barada oýlanýanlar, TD) hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy» (Mal. 3:16).

Siz okuw geçýän adamlaryň zerurlyklary we ýagdaýy hakda oýlanýarsyňyzmy? (9-njy abzasa serediň)

9. a) Pawlus oýlanmak babatda Timoteosa näme maslahat berdi? b) Wagza taýýarlananymyzda näme hakda oýlanyp bileris?

9 Pawlus resul Timoteosa gepleýşi, özüni alyp barşy we başgalara öwredişi hakda oýlanmagy maslahat berdi (1 Timoteos 4:12—16-njy aýatlary okaň). Bizem Timoteos ýaly ruhy zatlar barada oýlanyp bileris. Meselem, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge taýýarlananymyzda, oýlanmak üçin wagt sarp etmek wajyp. Gyzyklanýan adam barada pikirlenip, oňa ruhy taýdan ösmäge kömek etjek soraglary ýa-da aýdyň mysallary tapmaga çalyşmaly. Şeýtsek, imanymyzy berkideris we Mukaddes Ýazgylaryň ökde hem-de yhlasly mugallymy bolarys. Wagza gitmezden öň hem oýlansak peýdaly bolar (Ezra 7:10-ny okaň) *. Eger biz Resullaryň işleri kitabyndan bir baby okasak, bu bize «alan sowgadymyzy ýanyp duran ot kimin lowurdatmaga», ýagny has yhlasly wagyz etmäge kömek eder. Şeýle-de günüň dowamynda ulanjak aýatlarymyzy we adamlara hödürlejek edebiýatlarymyz hakda oýlanyp bileris (2 Tim. 1:6). Meýdançaňyzda ýaşaýan adamlar we olary gyzyklandyrmak üçin näme aýtjakdygyňyz barada oýlanyň. Siz şeýle taýýarlyk görseňiz, Mukaddes Ýazgylar arkaly ökdelik bilen wagyz edip bilersiňiz (1 Kor. 2:4).

10. Biz nähili oňat zatlar hakda oýlanyp bileris?

10 Biz ýene-de näme barada oýlanyp bileris? Eger jemagat nutuklarynda we kongreslerde aýdylýan pikirleri bellik edýän bolsaňyz, olary gaýtalamak üçin wagt tapyň. Şonda özüňize şeýle sorag berip bilersiňiz: «Men Mukaddes Ýazgylardan we Hudaýyň guramasy hakda nämeleri bildim?» Şeýle-de her aý çykýan «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndaky maglumatlar we iň soňky geçirilen kongresde aýdylan pikirler barada oýlanyp bilersiňiz. «Ýyllyk» kitabyndan bir wakany okanyňyzdan soň, biraz säginip, ýüregiňize täsir eder ýaly, ol hakda oýlanyň. Belki-de, siz edebiýatlarymyzy okanyňyzda, esasy pikirleriň aşagyny çyzmak ýa bellemek islärsiňiz. Bellän pikirleriňiz size ikilenç idege, çopançylyk ideglerine ýa-da nutuk bilen çykyş etmäge taýýarlananyňyzda kömek eder. Iň wajyby bolsa, biraz säginip, okan zadyňyzyň üstünde oýlansaňyz, ýüregiňize täsir eder we öwrenen oňat zatlaryňyz üçin Ýehowa dogada minnetdarlyk bildirmäge höweslendirer.

HUDAÝYŇ SÖZI BARADA HER GÜN OÝLANYŇ

11. Biz näme barada oýlanmaly we bu näme üçin wajyp? (Çykgyda serediň).

11 Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlar hakynda oýlanmaklyk ähli zatdan wajypdyr. Aýdaly, size Mukaddes Ýazgylary okamagy gadagan etdiler *. Emma ýadyňyzda galan we gowy görýän aýatlaryňyz, Patyşalyk aýdymlar hakda oýlanmagy hiç kim gadagan edip bilmez (Res. iş. 16:25). Hawa, Hudaýyň ruhy size öwrenen zatlaryňyzy ýadyňyza salmaga kömek eder (Ýahýa 14:26).

12. Mukaddes Ýazgylary her gün okamagy nädip maksat edinip bilersiňiz?

12 Siz Mukaddes Ýazgylary her gün okamagy maksat edinip bilersiňizmi? Belki-de, siz hepdäniň belli bir günleri «Wagyz mekdebi» duşuşygynda berilýän Mukaddes Ýazgylaryň käbir baplaryny okap, olaryň üstünde oýlanyp bilersiňiz. Başga günler bolsa, Injiliň dört kitabyny, ýagny Matta, Markus, Luka, Ýahýa kitaplaryny okap, Isanyň aýdan sözleri we eden işleri hakda oýlanyp bilersiňiz (Rim. 10:17; Ýew. 12:2; 1 Pet. 2:21). Şeýle-de bizde Isanyň durmuşynda bolup geçen wakalary beýan edýän edebiýatlarymyz bar. Olar size Injilde okan zatlaryňyzdan has köp peýda almaga kömek eder (Ýahýa 14:6).

OÝLANMAK NÄME ÜÇIN WAJYP?

13, 14. Hemişe ruhy zatlar hakda oýlanmak näme üçin wajyp we muny etmäge näme höweslendirýär?

13 Ruhy zatlar hakda oýlanmaklyk ruhy taýdan ösen mesihçi bolmaga we imanyňy berkitmäge kömek edýär (Ýew. 5:14; 6:1). Ýehowa hakda oýlanmaga az wagt sarp edýän adam onuň bilen dostlugyny ýitirer, hatda ondan ýüz öwrüp biler (Ýew. 2:1; 3:12). Isa Hudaýyň Sözüni diňlemesek ýa-da ony «akýürekden» kabul etmesek, «miwe getirip» bilmejekdigimizi duýdurdy. Gaýtam, aňsatlyk bilen ýaşaýşyň gaýgylaryna, baýlygyna we keýpi-sapasyna özümizi aldyryp bileris (Luka 8:14, 15).

14 Şonuň üçin, geliň, Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlar hakda oýlanmagymyzy we Ýehowany has gowy tanamagymyzy dowam edeliň. Bu bizi onuň häsiýetlerinden görelde almaga höweslendirer (2 Kor. 3:18). Biz gökdäki Atamyz hakda has köp we hemişe bilim alyp hem-de onuň göreldesine ebedi eýerip bileris. Bu uly hormat dälmi näme?! (Wag. 3:11).

15, 16. a) Mukaddes Ýazgylar hakda oýlanmagyň nähili peýdasy bar? b) Käwagt oýlanmak näme üçin kyn bolýar we biz näme üçin tagalla etmeli?

15 Ruhy zatlar barada oýlansak, hakykata bolan yhlasymyz artar. Siziň yhlasyňyz dogan-uýalary we wagyz edýän adamlaryňyzy ruhlandyrar. Siz Ýehowanyň Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly eden işleri barada oýlansaňyz, Hudaý bilen dostlugyňyzy has-da gymmat saýarsyňyz (Rim. 3:24; Ýakup 4:8). Günorta Afrikada ýaşaýan we imany üçin 3 ýyl türmede oturan Mark atly doganymyz şeýle diýýär: «Oýlanmaklygy gyzykly başdan geçirmeler bilen deňeşdirse bolýar. Ruhy zatlar hakda näçe köp oýlansak, Hudaýymyz Ýehowa hakda şonça-da köp zatlar açylar. Men käte göwnüçökgünlige düşenimde ýa-da gelejegim hakda alada edenimde, Mukaddes Ýazgylary elime alyp, ondaky käbir parçalar barada oýlanýaryn. Şonda kalbyma rahatlyk aralaşýar».

16 Biziň ýaşaýan döwrümizde başagaý edýän zatlar şeýle köp welin, ruhy zatlar hakda oýlanmaga wagt tapmak käte juda kyn bolýar. Afrikaly Patrik atly doganymyz şeýle diýýär: «Men beýnimi dürli maglumatdan hyryn-dykyn poçta meňzedýärin. Onda gerek we gerekmejek maglumatlaryň bolandygy üçin, her gün saýlaşdyrmaly bolýar. Şonda köplenç beýnimiň,, aladalardan“ doludygyna göz ýetirýärin. Olary aýrar ýaly, Ýehowa doga edýärin. Bu zatlar köp wagtymy almasa-da, men Ýehowa ýakynlaşýandygymy duýýaryn. Diňe şondan soň ruhy zatlar barada oýlanyp başlaýaryn. Bu aň-düşünjämi hakykata has çuňňur düşünmäge taýýarlaýar» (Zeb. 94:19). Hawa, Mukaddes Ýazgylary her gün okap, okan zatlarymyz hakda oýlanmagyň peýdasy diýseň köp (Res. iş. 17:11).

OÝLANMAGA NÄDIP WAGT TAPMALY?

17. Siz oýlanmaga nädip wagt tapýarsyňyz?

17 Käbir adamlar okamak, oýlanmak we doga etmek üçin irden turýarlar. Başgalar bolsa muny günortan arakesme wagty edýärler. Belki, siz Mukaddes Ýazgylary agşam ýa-da ýatmazdan öň okamagy has amatly görýänsiňiz. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylary irden ýa-da ýatmazdan öň okamagy halaýarlar. Şeýdip, olar ony «gije-gündiz», ýagny her gün okaýarlar (Ýeş. 1:8). Esasy zat, Hudaýyň Sözüni okap, ol hakda pikirlenip biler ýaly, «pursatdan peýdalanyň», ýagny wagtyňyzy peýdaly ulanyň (Efes. 5:15, 16).

18. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň Sözi hakda her gün oýlanýan we öwrenen zatlary boýunça ýaşaýan adamlara näme wada berilýär?

18 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň öz Sözi hakda oýlanýan we öwrenen zatlary boýunça ýaşamaga jan edýän adamlaryň ählisine bereket berjekdigi wada berilýär (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň). Isa: «Hudaýyň sözüni eşidip, ony ýerine ýetirýänler has hem bagtlydyr!» diýdi (Luka 11:28). Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň Sözündäki zatlar barada her gün oýlansak, bu bize Ony şöhratlandyrýan işleri etmäge kömek eder. Şonda Ýehowa häzirden bizi bagtly edip, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýyş bilen sylaglar (Ýakup 1:25; Ylh. 1:3).

^ abzas 6 Ýeşuwa 1:8 Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.

^ abzas 9 Ezra 7:10 Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.

^ abzas 11 «Garawul diňi» žurnalyndaky «Biz ruhy taýdan berk bolmak üçin göreşýärdik» atly makala serediň (w06-U 1/12).