Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň

Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň

ÝEHOWA jomart Hudaý (Ýakup 1:17). Gijesine ýalkym saçýan ýyldyzly asmandan gök ot bürelen meýdanlara çenli ýaradylan zatlaryň ählisi Ýehowanyň jomartlygyny yglan edýär (Zeb. 65:12, 13; 147:7, 8; 148:3, 4).

Mezmurçy Ýaradyjysyna bolan çuňňur minnetdarlykdan joşup, Ýehowanyň işlerini wasp edýän nagma düzdi. Zebur kitabynyň 104-nji babyny okasaňyz, onuň duýgularyny paýlaşyp bilersiňiz. Mezmurçy: «Men ömür boýy Rebbe nagma aýdaýyn, barkam Rebbe alkyş okaýyn» diýdi (Zeb. 104:33). Eýsem, siziň hem şeýle islegiňiz barmy?

JOMARTLYGYŇ KÄMIL NUSGASY

Ýehowa biziň jomartlyk babatda ondan görelde almagymyzy isleýär. Şeýle-de ol jomart bolmagyň degerli sebäplerini düşündirýär. Geliň, Pawlus resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan sözlerine seredeliň. Ol şeýle ýazdy: «Häzirki döwürdäki baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglasynlar. Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy tabşyr. Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler» (1 Tim. 6:17—19).

Pawlus resul Korintosdaky ýygnaga ýazan ikinji hatynda adamlara ýagşylyk etmek babatda dogry garaýyşda bolmagyň wajypdygyny nygtady. Ol: «Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» diýdi (2 Kor. 9:7). Soňra Pawlus jomartlyk bilen bermegiň zerurlyklary kanagatlandyrylýan mätäçlere-de, ýagşylyk edip, ruhy bereketleriň eýesi bolýan adamlara-da peýda getirýändigini belläp geçdi (2 Kor. 9:11—14).

Pawlus resul hatynyň bu bölüminiň ahyrynda Hudaýyň jomartlygynyň aýdyň subutnamasy barada agzap: «Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür!» diýdi (2 Kor. 9:15). Ýehowanyň sylagy Isa Mesih arkaly adamlara edýän ýagşylyklarynyň ählisini özünde jemleýär. Bu sowgadyň gymmatyny söz bilen beýan edip bolmaýar.

Ýehowanyň hem-de onuň Oglunyň biziň üçin eden we edýän zatlaryna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň bir usuly Ýehowanyň arassa seždesini goldamak üçin, azlygyna ýa-da köplügine garamazdan, wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi jomartlyk bilen bermekdir (1 Ýyl. 22:14; 29:3—5; Luka 21:1—4).