Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa söýgüden doly Hudaý

Ýehowa söýgüden doly Hudaý

«Hudaý söýgüdir». 1 ÝAHÝA 4:8, 16

AÝDYMLAR: 11, 16

1. Ýehowanyň esasy häsiýeti näme we siz muny bilip, Hudaý barada nähili pikir edýärsiňiz?

ÝEHOWANYŇ ylhamy bilen ýazylan Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär. Onda söýginiň Hudaýyň ajaýyp häsiýetleriniň biridigi däl-de, «Hudaýyň söýgüdigi» aýdylýar (1 Ýahýa 4:8). Söýgi Hudaýyň iň esasy hem-de wajyp häsiýetidir. Ýehowa bu häsiýete ýöne bir eýe bolman, eýsem, onuň kämil nusgasydyr. Älem-jahanyň we ähli janly-jandarlaryň Ýaradyjysynyň söýgüden doly Hudaýdygyny bilmek, gör, nähili ajaýyp! Hawa, Ýehowa ähli zady söýgi bilen edýär.

2. Hudaýyň söýgüsi nämä ynamymyzy berkidýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Ýehowanyň öz ýaradan zatlaryna bolan gyzgyn hem-de mähirli söýgüsi Hudaýyň adamzat babatdaky niýetleriniň ählisiniň doly ýerine ýetjekdigine we onuň hökümdarlygy astyndaky adamlara bol bereketleri berjekdigine ynamymyzy berkidýär. Mysal üçin, Ýehowa söýgi bilen «bir gün belledi. Ol Öz saýlan Adamy (Isa Mesih) arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar» (Res. iş. 17:31). Biz munuň hökman boljakdygyna ynanyp bileris. Şonda dogrulyk etmäge jan edýän we Hudaýa gulak asýan adamlara adyl höküm çykarylar hem-de olar ebedi gelejekde egsilmez bereketleriň eýesi bolar.

TARYH NÄMÄNI SUBUT EDÝÄR?

3. Siziň pikiriňizçe, Hudaý adamlary söýmedik bolsa, durmuş nähili bolardy?

3 Oýlanyp görüň, eger Hudaý adamlary söýmedik bolsa, onda durmuş nähili bolardy? Biz diňe bu dünýäniň zalym hem-de gaharjaň taňrysy Şeýtan Iblisiň goly astyndaky ynsan hökümetleriniň elhenç taryhyna ser salmaly bolardyk (2 Kor. 4:4; 1 Ýahýa 5:19; Ylham 12:9, 12-nji aýatlary okaň). Bu bize Älem-jahanda Hudaýyň söýgüsi bolmadyk bolsa, gelejegiň nähili aýylganç boljakdygyny görkezýär.

4. Ýehowa hökümdarlygyna garşy pitne turmagyna näme üçin ýol berdi?

4 Iblis Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy pitne turzanda, ilkinji ynsan maşgalasyny hem şeýle etmäge iterdi. Şeýtan Hudaýyň Älemiň üstünden höküm sürmäge haklydygyny we onuň hökümdarlygynyň dogrulygyny şübhä goýdy. Aslynda, Iblis özüniň Ýaradyjydan has gowy höküm sürjekdigini aýtdy (Gel. çyk. 3:1—5). Ýehowa Şeýtana sözüni subut etmäge mümkinçilik berdi, emma bu wagtlaýyndy. Ýehowa beýik akyldarlygy bilen hereket edip, Hudaýyň hökümdarlygyndan başga islendik hökümetiň ygtybarly däldigini äşgär etmek üçin ýeterlikli wagt berdi. Adamzadyň pajygaly taryhy ynsan hökümetleriniň hem, Şeýtanyň hem gowy höküm sürüp, bizi gerekli zatlar bilen üpjün edip bilmeýändigini görkezýär.

5. Adamzadyň taryhy nämäni subut edýär?

5 Diňe geçen 100 ýylyň içinde milletler arasyndaky uruşlarda 100 milliondan gowrak adam öldi. Şu günler dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Hudaýyň Sözünde bu zalym dünýäniň «soňky günlerinde» «erbet, kezzap adamlaryň... erbetlikde ýene ilerlejekdigi» öňünden aýdylypdy (2 Tim. 3:1, 13). Taryh Mukaddes Ýazgylarda aýdylan şu sözleriň hakykatdygyna şek-şübhe galdyrmady: «Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin» (Ýer. 10:23). Hawa, Ýehowa adamlary ýaradanda, olara Hudaýdan garaşsyz ýaşap, durmuşyny özleri dolandyrar ýaly ukyp we ygtyýar bermedi.

6. Hudaýyň zalymlyga wagtlaýyn ýol bermeginiň nähili sebäbi bar?

6 Hudaýyň zalymlyga wagtlaýyn ýol bermeginiň ynsan hökümetleriniň biderekdigini görkezmekden başga-da has ähmiýetli sebäbi bar. Bu elmydama diňe Hudaýyň hökümdarlygynyň üstünlikli bolýandygyny tassyklaýar. Eger Ýehowa zalymlygy we onuň sebäpkärlerini ýok edensoň, kimdir biri Hudaýyň söýgi bilen höküm sürýändigini şübhä goýsa, onda jedelli meseläniň täzeden orta atylmagyna ýol bermek gerek bolmaz. Hudaý adamzadyň taryhynda bolup geçen wakalara esaslanyp, şol pitneçileri dessine ýok eder we olara zorluk-sütemi gaýtadan dikeltmäge ýol bermez.

ÝEHOWA SÖÝGÜSINI EÝÝÄM BILDIRDI

7, 8. Ýehowanyň beýik söýgüsi nämelerde görünýär?

7 Ýehowanyň beýik söýgüsi köp zatda görünýär. Geliň, Älem giňişliginiň örän täsin ýaradylandygyna üns bereliň. Älem-jahanda milliardlarça galaktika bolup, her galaktikada milliardlarça ýyldyzlar we planetalar bar. Meselem, Gün biziň Akmaýanyň ýoly galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň biri bolup, onsuz ýaşaýyş şertleriniň käbiri asla mümkin bolmazdy. Ýaradylan zatlaryň ählisi Ýehowanyň hak Hudaýdygyny hem-de onuň güýç, akyldarlyk we söýgi ýaly häsiýetlerini aýan edýär. Dogrudan-da, Hudaýyň «göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär» (Rim. 1:20).

8 Ýehowa ýer ýüzündäki zatlaryň ählisini ýaşaýyşdan lezzet almak üçin ýaratdy. Ol ynsanlaryň ebedi ýaşamagy üçin, kämil beden we aň-düşünje berip, olary owadan Erem bagynda ýerleşdirdi (Ylham 4:11-i okaň). Şeýle-de Ýehowa «bütin adamzada iýmit berýär, çünki merhemeti ebedidir» (Zeb. 136:25).

9. Söýgüden doly Hudaý nämäni aýan edýär we näme üçin?

9 Ýehowa söýgüden doly Hudaý hökmünde erbetligi ýigrenýändigini hem aýan edýär. Mysal üçin, Zebur 5:4—6-njy aýatlarda Ýehowa barada: «Sen erbetligi halaýan Hudaý dälsiň... Sen bet iş edýänleriň hemmesini ýigrenýärsiň... Gana suwsan we hilegär adamy Reb nejis görýändir» diýilýär.

TIZDEN ZALYMLYK ÝOK EDILER

10, 11. a) Ýehowa erbet adamlara näme eder? b) Ýehowa dogrulyk etmäge çalyşýan adamlary nädip sylaglar?

10 Ýehowa söýgüden doly Hudaýdygy we erbetligi ýigrenýändigi üçin, hökümdarlyk baradaky jedelli mesele onuň bähbidine çözülensoň, ýer ýüzüni, şol sanda bütin Älem-jahany zalymlykdan arassalamak isleýär. Hudaýyň Sözünde şeýle wada berilýär: «Çünki ýaman iş edýänler kesilip taşlanar, Rebbe umyt baglaýanlar bolsa ýeri miras alar. Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar... Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi kimin sumat bolar, tüsse kimin sumat bolar» (Zeb. 37:9, 10, 20).

11 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýip wada berilýär (Zeb. 37:29). Dogruçyl adamlar «bol parahatlykda hezil eder» (Zeb. 37:11). Bu zatlar hökman bolar, çünki söýgüden doly Hudaýymyz hemişe wepaly gullukçylarynyň bähbidine hereket edýär. Hudaýyň Sözünde: «Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» diýilýär (Ylh. 21:4). Ýehowanyň söýgüsini, hakykatdanam, gymmat saýýan we oňa Hökümdary hökmünde tabyn bolýan adamlara, gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar!

12. Kime «kämil adam» diýse bolar?

12 Ýehowanyň Sözünde: «Kämil adamy synla, göni adama seret, çünki beýle adamyň soňy parahatlykdyr. Jenaýatçylar bolsa bilelikde ýok ediler; erbetleriň soňy kesilip taşlanmakdyr» diýilýär (Zeb. 37:37, 38). «Kämil adam» Ýehowany we onuň Ogluny tanap, Hudaýyň islegini berjaý edýär (Ýahýa 17:3-i okaň). Ol 1 Ýahýa 2:17-däki: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» diýen sözlere çynlakaý garaýar. Bu dünýäniň ahyrynyň golaýlaşýandygy üçin, Ýehowa «umyt baglap, Onuň ýoluny saklamak» wajypdyr (Zeb. 37:34).

HUDAÝYŇ BEÝIK SÖÝGÜSI

13. Ýehowa günäli adamlara nädip beýik söýgüsini bildirdi?

13 Biz bikämilligimize garamazdan, Ýehowanyň «ýoluny saklap» bilýäris. Şeýle-de Ýehowanyň bize bildiren beýik söýgüsi esasynda onuň bilen ýakyndan dostlaşyp bilýäris. Ýehowa Isa Mesihiň töleg gurbanyny bermek bilen, Hudaýa gulak asýan adamlaryň Adam atadan miras galan günäden we ölümden azat bolmagyna ýol açdy (Rimliler 5:12; 6:23-nji aýatlary okaň). Ýehowa gökde ençeme asyrlaryň dowamynda wepaly gulluk eden ýalňyz Ogluna doly ynanýardy. Elbetde, ýer ýüzünde adamlar Isa ýowuz daraşanlarynda, Ýehowa söýgüden doly Ata hökmünde gaty gynandy. Emma Isa Hudaýyň hökümdarlygyny goldap, wepaly galdy we kämil adamyň has agyr ýagdaýlarda-da aýypsyzlygyny saklap bilýändigini subut etdi.

Hudaý söýgi bilen ýalňyz Ogluny ýer ýüzüne iberdi (13-nji abzasa serediň)

14, 15. Isanyň ölümi nämä ýol açdy?

14 Dogrudan-da, Isa agyr synaglarda aýypsyzlygyny saklady we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, ölýänçä Atasyna wepaly galdy. Biz Isanyň öz janyny gurban edip, adamzady gutarmak üçin töleg töländigine we Hudaýyň wada eden täze dünýäsinde ebedi ýaşamagymyza ýol açandygyna-da diýseň begenýäris! Pawlus resul Ýehowanyň hem, Isanyň hem bize beýik söýgi bildirendigi barada şeýle diýdi: «Hawa, biz entek güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi. Bir dogry adam ugrunda biriniň ölmegi müşgüldir, ýöne bir oňat adam ugrunda, belki, biri ölmäge ýürek eder. Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» (Rim. 5:6—8). Ýahýa resul hem şeýle ýazdy: «Bize Hudaýyň söýgüsi şeýle aýan boldy: biziň Ol arkaly ýaşamagymyz üçin Hudaý Özüniň ýalňyz Ogluny dünýä iberdi. Biz Hudaýy däl, eýsem, Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine, söýgi şudur» (1 Ýahýa 4:9, 10).

15 Isa Hudaýyň adamzada bildiren söýgüsi barada şeýle diýdi: «Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Ýehowanyň ynsanlara bolan söýgüsi şeýle güýçli welin, ol hatda özüne uly ýitgi bolsa-da, adamlardan ýagşylygyny gaýgyrmaýar. Hudaýyň söýgüsi ebedidir. Biz oňa elmydama daýanyp bileris. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Sebäbi men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň we ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarjagyna ynanýaryn» (Rim. 8:38, 39).

PATYŞALYK HÖKÜM SÜRÝÄR

16. Mesihi Patyşalyk näme we Ýehowa Patyşalyk ygtyýaryny kime ynandy?

16 Hudaýyň adamzada bolan çäksiz söýgüsi Mesihi Patyşalyk arkaly hem görünýär. Ýehowa bu hökümeti adamlary ýürekden söýýän we ussatlyk bilen höküm sürmegi başarýan Ogly Isa Mesihe tabşyrdy (Sül. tym. 8:31). Gökde Isa bilen bile höküm sürjek 144 müňler hem ýerde ynsan bolup ýaşandygy üçin, adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünýärler (Ylh. 14:1). Isa, esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärdi. Ol şägirtlerine şeýle doga etmegi öwretdi: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun, Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Mat. 6:9, 10). Şeýle dogalaryň ýerine ýetmegi Hudaýa gulak asýan adamlara bol bereketleri getirer!

17. Patyşa Isa Mesih günäli ynsan hökümdarlaryndan nämede tapawutlanýar? Düşündiriň.

17 Gökde söýgi bilen höküm sürýän Patyşa Isa Mesih ýer ýüzündäki uruşlarda millionlarça adamlaryň ölmegine sebäp bolýan ynsan hökümdarlaryndan, gör, nähili tapawutlanýar! Isa öz raýatlarynyň aladasyny edip, Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerini, esasanam, söýgüsini görkezýär (Ylh. 7:10, 16, 17). Isa: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:28—30). Gör, nähili ruhlandyryjy sözler!

18. a) Hudaýyň Patyşalygy dikeldilenden bäri nämeler edilýär? b) Biz indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

18 Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, 1914-nji ýylda Isanyň barlygynyň başlanmagy bilen, gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edildi. Şondan bäri Isa bilen bile höküm sürjekleriň galyndysy hem-de zalym dünýäden sag-aman geçip, Jennetde ýaşajak «uly märeke» ýygnalýar (Ylh. 7:9, 13, 14). Uly märeke näçe adamdan ybarat? Bu topara degişli adamlardan näme talap edilýär? Bu soraglara indiki makalada serederis.