Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň Patyşalygy 100 ýyldan bäri höküm sürýär!

Hudaýyň Patyşalygy 100 ýyldan bäri höküm sürýär!

«Parahatlyk Hudaýy islegini berjaý etmegiňiz üçin, sizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin». ÝEWR. 13:20, 21, TD

AÝDYMLAR: 8, 17

1. Isa wagyz etmäge nähili garaýardy? Düşündiriň.

ISA Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermegi gowy görýärdi. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, ol, esasan, Patyşalyk barada öwredýärdi we adamlara wagyz edende, ony 100 gezekden gowrak agzap geçdi. Hawa, Isa Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden gymmat saýýardy (Matta 12:34-i okaň).

2. Matta 28:19, 20-nji aýatlardaky tabşyrygy näçe adam eşiden bolmaly we biz näme üçin şeýle netijä gelip bileris?

2 Isa direleninden biraz wagt geçensoň, Patyşalygyň geljekki wagyzçylarynyň 500-den gowragyna göründi (1 Kor. 15:6). Belki-de, ol Patyşalyk baradaky habary «bütin milletlere» wagyz etmek tabşyrygyny şonda berendir; bu ýumşy ýerine ýetirmek häzire çenli aňsat däl *. Isa şol ägirt uly işiň «dünýäniň soňuna çenli» alnyp baryljakdygyny öňünden aýtdy we bu şeýle hem bolýar. Sizem Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, şol pygamberligiň berjaý bolmagyna gatnaşýan bolsaňyz gerek (Mat. 28:19, 20).

3. Hoş habary wagyz etmek baradaky tabşyrygy ýerine ýetirmegimiz üçin bize haýsy üç tarapdan goldaw berilýär?

3 Isa wagyz etmek barada tabşyryk berensoň, şägirtlerine: «Men... siziň bilen bolaryn» diýip wada berdi (Mat. 28:20). Şeýlelikde, bu ägirt uly wagyz işi Isanyň ýolbaşçylygy astynda amala aşyrylmalydy. Ýehowa Hudaý hem bu tabşyrygy ýerine ýetirmegimiz üçin, bizi «ähli gerekli zatlar» bilen üpjün edýär (Ýewr. 13:20, 21, TD). Biz şu makalada olaryň üçüsi, ýagny 1) bize berlen esbaplar, 2) biziň ulanýan usullarymyz we 3) bize berilýän tälim barada gürrüň ederis. Geliň, ilki bilen, soňky 100 ýylyň içinde ulanan esbaplarymyzyň käbirine seredeliň.

PATYŞA ŞÄGIRTLERINI WAGYZ ETMEK ÜÇIN GEREKLI ZATLAR BILEN ÜPJÜN EDÝÄR

4. Biz wagyz edenimizde näme üçin dürli esbaplary ulanýarys?

4 Isa «Hudaýyň Patyşalygy hakdaky sözi» dürli ýere ekilen tohum bilen deňeşdirdi (Mat. 13:18, 19). Bagban topragy ekişe taýýarlamak üçin dürli gurallary ulanýar. Şonuň ýaly-da, Patyşamyz ençeme ýyldan bäri millionlarça adamlaryň ýüregini Patyşalyk baradaky hoş habary kabul etmäge taýýarlamagymyz üçin, bize dürli esbaplary berýär. Bu esbaplaryň käbiri onlarça ýyl ulanylan bolsa-da, käbirleri häzire çenli gymmatyny gaçyrmady. Muňa garamazdan, olaryň ählisi bize has ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýär.

5. Wagyz etmek üçin ulanylan kartoçka näme we ol nädip ulanylýardy?

5 Köplere wagyz gullugyna başlamaga ýardam eden esbaplaryň biri wagyz etmek üçin ulanylan kartoçkadyr. Wagyzçylar ony 1933-nji ýylda ulanyp başladylar. Kartoçkanyň ini takmynan 7, 5 we uzynlygy 12, 5 santimetr bolup, onda Mukaddes Ýazgylaryň habary gysgaça beýan edilýärdi. Wagtal-wagtal täze kartoçkalar çykarylyp, üýtgeşik pikirler aýdylýardy. Wagyz üçin teklip bolsa örän ýönekeýdi! Çarlz Erlenmiýer dogan 10 ýaşyndaka, kartoçkalar arkaly wagyz etmäge ilkinji gezek gatnaşýar. Ol şeýle diýýär: «Biz köplenç adamlara: „Şu kartoçkany okamagyňyzy haýyş edýäris“ diýýärdik. Öý eýesi ony okansoň, edebiýat berip, ýolumyzy dowam edýärdik».

6. Wagyz etmek üçin ulanylan kartoçkalaryň nähili peýdasy bardy?

6 Wagyz etmek üçin ulanylan kartoçka köp tarapdan peýda berýärdi. Käbir dogan-uýalaryň wagyz etmäge güýçli islegi bolsa-da, olar çekinýärdiler we näme diýjegini bilmeýärdiler. Käbirleriniň bolsa, aýdara zady köpdi. Olar adama bilýän zatlarynyň ählisini birnäçe minutda gürrüň berip bilerdiler, emma olaryň teklibi sypaýyçylykly bolmazdy. Munuň tersine, kartoçkadaky gysgadan gowy saýlanan sözler wagyzçynyň aýtmaly zatlaryny düşnükli beýan edýärdi.

7. Kartoçkany ulanmakda nähili kynçylyklar bolýardy?

7 Elbetde, kartoçkalary ulanmakda käbir kynçylyklar hem bolýardy. Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän Greýs Istep uýa şeýle ýatlaýar: «Käwagt adamlar bize: „Hawa, onda näme aýdylýar? Sen maňa özüň gürrüň beräýsene!“ diýýärdiler». Şeýle-de käbir adamlar kartoçkada ýazylan zady okap bilmeýärdi. Käbirleri bolsa, kartoçka olaryň özlerine berilýändir öýdüp, ony alyp, gapysyny ýapýardylar. Eger öý eýesi gaty gaharlansa, kartoçkany ýyrtym-ýyrtym edýärdi. Muňa garamazdan, doganlarymyz adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy we Patyşalygyň wekilleridigini açyk aýtmagy öwrendiler.

8. Patefonlar nädip ulanylýardy? Düşündiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 1930-njy ýyllarda we 1940-njy ýyllaryň başynda başga bir esbap, ýagny patefon ulanylýardy. Doganlaryň käbiri ony «Harun» diýip atlandyrýardy, sebäbi bu enjam wagyzçylaryň aýtmaly zatlarynyň köpüsini adamlara ýetirmäge ýardam edýärdi (Müsürden çykyş 4:14—16-njy aýatlary okaň) *. Eger öý eýesi garşy bolmasa, wagyzçy Mukaddes Ýazgylara esaslanan dört ýarym minutlyk nutugy diňledýärdi we edebiýat hödür edýärdi. Käwagt Mukaddes Ýazgylardaky habary tutuş maşgala bolup diňleýärdiler. 1934-nji ýylda Garawul diňi jemgyýeti, esasan, wagyz gullugynda ulanmak üçin niýetlenen patefonlary çykaryp başlady. Netijede, dürli temalar boýunça 92 sany nutuk ýazga geçirildi.

9. Patefon arkaly wagyz etmek nähili netije berýärdi?

9 Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutugy diňlän Hillari Goslin atly bir adam goňşularyna hoş habary diňletmek üçin, wagyzçydan patefonyny bir hepdelik goýup gitmegini haýyş edýär. Şol wagyzçy dolanyp gelende, birnäçe adamyň hakykat bilen gyzyklanandygyny bilýär. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň köpüsi özüni Ýehowa bagyş edýär we Hillariniň iki gyzy Gilead mekdebinde okap, daşary ýurtda gulluk etmäge bellenýär. Wagyz etmek üçin ulanylan kartoçkalar ýaly, patefon hem köplere wagyz gullugyna başlamaga kömek etdi. Soňra Patyşamyz Isa Mesih Wagyz mekdebi arkaly olaryň aýtmaly sözlerini agzyna saldy.

ADAMLARA WAGYZ ETMEK ÜÇIN DÜRLI USULLARY ULANÝARYS

10, 11. Hakykaty ýaýratmakda gazetler hem-de radio nädip ulanyldy we bu usullar näme üçin netijeli diýse bolar?

10 Patyşamyzyň ýolbaşçylygy astynda Hudaýyň halky hoş habary, mümkin boldugyndan, has köp adamlara wagyz etmek üçin dürli usullary ulanýar. Bu «işçileriň az» döwründe has-da wajypdyr (Matta 9:37-ni okaň). XX asyryň başynda wagyzçylaryň az ýerinde hoş habary halk köpçüligine wagyz etmek üçin gazetler ulanylýardy. Çarlz Teýz Rassel dogan her hepde wagyzlaryny telegramma bilen neşirýat gullugyna iberýärdi. Neşirýat gullugy hem olary ABŞ-nyň, Kanadanyň we Ýewropanyň gazetlerine ýollaýardy. 1913-nji ýylda Rassel doganyň wagyzlary 2 müňden gowrak gazetde çap edilip, olary 15 million adam okaýardy!

11 Rassel dogan aradan çykansoň, hoş habary ýaýratmakda başga bir usul ulanylyp başlandy. 1922-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ruterford dogan ilkinji gezek radioda nutuk bilen çykyş etdi we ony takmynan 50 müň adam diňledi. 1924-nji ýylyň 24-nji fewralynda guramanyň ilkinji radiostansiýasy «WBBR» aragatnaşyga çykdy. Hoş habary wagyz etmekde ulanylýan bu täze usul barada 1924-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýildi: «Biz radionyň hakykaty ýaýratmakda häzire çenli ulanan usullarymyzdan has tygşytly we peýdaly boljakdygyna ynanýarys». Gazetler ýaly, radio hem wagyzçylaryň az ýerinde hoş habary köp adamlara ýetirmäge ýardam etdi.

Wagyzçylaryň köpüsi adamlara web-saýtymyzy salgy bermegi we köpçülik ýerlerinde wagyz etmegi gowy görýär (12, 13-nji abzaslara serediň)

12. a) Köpçülik ýerlerinde wagyz etmegiň haýsy görnüşi size has ýaraýar? b) Köpçülik ýerlerinde wagyz etmek babatda gorkymyzy ýeňmäge näme kömek edip biler?

12 Şu günler, esasan, köpçülik ýerlerinde, ýagny awtobus duralgalarynda, wokzallarda, awtoduralgalarda, seýilgählerde we söwda merkezlerinde wagyz etmeklige has köp üns berilýär. Eger gullugyň bu görnüşleriniň käbirine gatnaşmak size kyn bolsa, onda ençeme ýyldan bäri aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýän Anželo Manero doganyň aýdan sözleri barada oýlanyp, doga etseňiz gowy bolar. Ol şeýle diýdi: «Biz gullugyň täze görnüşine Ýehowa gulluk etmegiň hem-de wepadarlygymyzy görkezmegiň täze usuly, aýypsyzlygymyzyň täze synagy hökmünde garaýardyk we nähili usul bilen bolsa-da, Hudaýa ýürekden gulluk etmek isleýärdik». Wagyz gullugynyň täze görnüşine gatnaşmak aňsat düşmese-de, bu bize Ýehowa bil baglap, imanymyzy berkitmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek edýär (2 Korintoslylar 12:9, 10-njy aýatlary okaň).

13. Web-saýtymyz nämä mümkinçilik berýär we siz adamlara saýtymyzy salgy bereniňizde nähili gyzykly wakalar boldy?

13 Wagyzçylaryň köpüsi adamlara jw.org. saýtymyzy salgy bermegi gowy görýär. Biziň saýtymyzda Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary 700-den gowrak dilde okap ýa-da ýükläp alyp bolýar we her gün oňa 1, 6 milliondan gowrak adam girýär. Geçen ýyllarda ulanylan radio ýaly, web-saýtymyz hem hoş habary dünýäniň iň çet ýerlerine-de ýetirmäge mümkinçilik berýär.

HOŞ HABARÇYLARA TÄLIM BERILÝÄR

14. Wagyzçylara nähili tälim berilmelidi we haýsy mekdep olara ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýär?

14 Biz hoş habary ýaýratmakda ulanan esbaplarymyzyň we usullarymyzyň käbirine seretdik. Emma bize berilýän tälim barada näme diýse bolar? Aýdaly, öý eýesi patefonda diňlän nutugyndaky pikirler bilen ylalaşmaýar ýa-da wagyz etmek üçin ulanylan kartoçkada okan zady bilen gyzyklanýar. Şeýle ýagdaýda wagyzçylar garşylyklary sypaýyçylykly ýeňip geçmegi we akýürekli adamlara ökdelik bilen öwretmegi başarmalydy. Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesi bilen, Neýtan Norr dogan imandaşlaryna wagyz gullugynda geplemek ukybyny ulanmagy öwretmegiň zerurdygyna göz ýetirdi. Netijede, 1943-nji ýylda ýygnaklarda Wagyz mekdebi geçirilip başlandy. Bu mekdep bize ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýär.

15. a) Wagyz mekdebinde çykyş eden käbir dogan-uýalar nähili duýgulary başdan geçirdiler? b) Siz Zebur 32:8-däki Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetýändigine öz durmuşyňyzda nädip göz ýetirdiňiz?

15 Dogan-uýalara köpçüligiň öňünde çykyş etmegi öwrenýänçä wagt gerek boldy. Hulio Ramu dogan 1944-nji ýylda Wagyz mekdebinde ilkinji gezek nutuk bilen çykyş edýär. Ol Mukaddes Ýazgylaryň bary-ýogy bäş aýadynda agzalýan Döweg atly adam barada çykyş etmeli bolýar. Hulio: «Meniň aýagym sandyr-sandyr edip, elim titreýärdi, dişlerimem şakyrdaýardy» diýýär. Ol tutuş nutugynyň dowamynda şol bäş aýat barada gürrüň edendigini aýdyp, sözüni şeýle dowam edýär: «Men nutugymy üç minutda tamamladym. Şonda men sahnada ilkinji gezek çykyş etsem-de, muňa höwesimi gaçyrmadym». Ýygnagyň öňünde çykyş etmek aňsat bolmasa-da, Wagyz mekdebine çagalaram ýazylýardy. Ýokarda agzalan Anželo Manero dogan orta mekdebe ýaňy-ýakynda gatnap başlan bir oglanjygyň ilkinji gezek nutuk bilen çykyş edişini ýatlap, şeýle diýýär: «Ol şeýle bir aljyrady welin, hatda möňňürip aglap başlady. Emma ol şonda-da çykyş etmegi ýüregine düwensoň, nutugyň ahyryna çenli sojap geçdi». Siz çekinjeňlik ýa-da başga zatlar sebäpli ýygnakda jogap bermän, ýa oňa gatnaşman oturýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, gorkyňyzy ýeňip biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň. Hudaý Wagyz mekdebinde ilkinji gezek çykyş eden dogan-uýalara kömek edişi ýaly, sizem hökman goldar (Zebur 32:8-i okaň).

16. Gilead mekdebi a) öňki ýyllarda; b) 2011-nji ýyldan bäri näme maksat bilen geçirilýär?

16 Ýehowanyň halkyna diňe Wagyz mekdebinde tälim berilmeýär. Missionerler we başga-da dogan-uýalar Gilead mekdebinde okap, köp peýda aldylar. Bir tälim berýän doganyň aýtmagyna görä, bu mekdep, esasan, «dogan-uýalaryň yhlasly wagyz etmäge islegini artdyrmak maksady bilen geçirilýär». 1943-nji ýyldan bäri bu mekdepde 8 müň 500-den gowrak dogan-uýalar tälim alyp, 170-den hem köp ýurtda missioner bolup gulluk etdiler. 2011-nji ýyldan bäri Gilead mekdebine diňe ýörite doly wagtly gullukçylar, ýagny ýörite pionerler, etrap gözegçileri, beýtelçiler we heniz bu mekdepde okamadyk missionerler çagyrylýar.

17. Gilead mekdebinde berilýän tälim nähili netije berýär?

17 Bu goşmaça tälim nähili netije berýär? Geliň, bir mysala seredeliň. 1949-njy ýylyň awgust aýynda Ýaponiýadaky wagyzçylaryň sany 10-a hem ýetmeýärdi. Emma şol ýylyň ahyrynda Gilead mekdebinde okan 13 sany missioner Ýaponiýa gelip, yhlasly wagyz edip başlaýar. Häzir Ýaponiýada 216 müňe golaý wagyzçy bar we olaryň takmynan 42 göterimi pioner bolup gulluk edýär!

18. Ýetişen mesihçilere ruhy taýdan has berkemäge kömek edýän mekdepleri agzap geçiň.

18 Patyşalyk gullugynyň mekdebi, Pionerler mekdebi, Hoş habarçylar mekdebi, Etrap gözegçileri we olaryň aýallary üçin mekdep, Filial komitetiniň agzalary we olaryň aýallary üçin mekdep ýaly başga-da mekdepler Ýehowanyň halkynyň ruhy taýdan has ösmegine we berkemegine ýardam edýär. Dogrudan-da, Patyşamyz şägirtlerine tälim bermegini dowam edýär.

19. Rassel dogan wagyz işi babatda näme diýdi we onuň aýdan sözleri nädip ýerine ýetýär?

19 Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilenine 100 ýyldan gowrak wagt geçdi. Patyşamyz Isa Mesih bize tälim bermegini dowam edýär. 1916-njy ýylda Çarlz Teýz Rassel dogan ölüminiň öň ýanynda öňdengörüjilik bilen wagyz işiniň nähili depginde alnyp baryljakdygy barada belläp, egindeşleriniň birine şeýle diýdi: «Wagyz işi barha güýçlenýär we ýene-de güýçlener, sebäbi hoş habar bütin dünýäde wagyz edilmeli» («Faith on the March», A. H. Makmillan, sah. 69). Onuň aýdýanlary dogrudy! Iň wajyp işi ýerine ýetirmegimiz üçin, parahatlyk Hudaýynyň bizi gerekli zatlar bilen üpjün edýändigine örän begenýäris! Hawa, Ýehowa Hudaý islegini berjaý etmegimiz üçin, bize «ähli gerekli zatlary» berýär.

^ abzas 2 Şol adamlaryň köpüsiniň mesihçi bolandygyna ynanmaga degerli sebäpler bar. Pawlus resul korintoslylara ýazan hatynda olara «bäş ýüzden köp doganlar» diýdi. Şeýle-de ol: «Bu doganlaryň köpüsi häzir hem diri, käbirleri bolsa öldi» diýdi. Diýmek, Pawlus resul we I asyrda ýaşan başga-da mesihçiler Isanyň tabşyrygyny öz gulagy bilen eşiden adamlaryň köpüsini tanan bolmaly.