Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Kakalar ogullary bilen dost bolup bilýär

Kakalar ogullary bilen dost bolup bilýär

Kakalar ogullary bilen dost bolup bilýär

OGLUŇYZ kiçijikkä: «Kaka, sen munça zady nireden bilýäň-aý?!» diýipdimi? Şonda ata hökmünde ogluňyza görelde görkezip bilýändigiňize begenensiňiz. Ogluňyz maslahatyňyza gulak asyp peýdasyny görende, oňa hasam guwanansyňyz * (Nakyllar 23:15, 24).

Ogluňyz ýuwaş-ýuwaşdan ulalýar, ol indi kiçijik çaga däl. Siziň dostlugyňyz günsaýyn berkeýärmi ýa-da tersine ogluňyz sizden daşlaşýarmy? Ogluňyz bilen kiçijik wagtyndaky ýaly dost bolmaga näme kömek eder? Geliň, ilki bilen, muňa nämäniň päsgel berýändigini bileliň.

Giňden ýaýran üç kynçylyk

1. WAGTYŇ AZLYGY. Köp ýurtlarda maşgalany eklemek kakalaryň borjy bolansoň, olar uzakly gün diýen ýaly işde bolýar. Çagalaryny diňe irden ýa-da agşam görýär, käbirleri bolsa birnäçe günläp görmeýär. Fransiýada geçirilen barlaga görä, erkek adamlaryň günüň dowamynda çagalaryna sarp edýän wagty 12 minuda-da ýetmeýär.

OÝLANYŇ: Siz ogluňyza günüň dowamynda näçe wagt sarp edýärsiňiz? Soňky birki hepdede ogluňyza näçe wagt sarp edendigiňizi ýazyň. Şonda ogluňyza näçeräk üns berýändigiňizi bilersiňiz.

2. TERBIÝÄNIŇ TÄSIRI. Käbir adamlar kakasy bilen wagtyny bile geçirmän, känbir gürleşmän ulalýar. Şonuň üçin olara kaka bolanda öz çagalary bilen dost bolmak kyn bolýar. Fransiýada ýaşaýan Jen-Mari şeýle diýýär: «Ýaşkam kakam meniň bilen kän gürleşmeýärdi, üns bermeýärdi. Munuň erbet täsiri ata bolanymda bildirdi. Menem ogullarym bilen arkaýyn oturyp gepleşip bilmeýärdim». Käte kakalar çagalarynyň aladasyny edip üns berse-de, olar bilen dost bolup bilmeýär. 43 ýaşly Filip şeýle diýýär: «Kakam meni gowy görýändigini aýtmaýardy, öwmeýärdi. Şonuň üçin menem ogluma gowy görýändigimi aýdyp bilmeýärdim».

OÝLANYŇ: Alan terbiýäňiz sebäpli size-de ogluňyz bilen gepleşmek, dost bolmak kyn bolýarmy? Kakaňyzyň nädogry hereketlerini, häsiýetlerini gaýtalanyňyzy duýman galýarsyňyzmy? Siz onuň haýsy hereketlerini gaýtalaýarsyňyz?

3. MEDENIÝETIŇ TÄSIRI. Ýaşaýan ýeriň medeniýeti hem çagaň bilen dost bolmaga päsgel berip bilýär. Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň birinde önüp-ösen Luka şeýle gürrüň berýär: «Ýaşaýan ýerimizde çagalara terbiýe bermek aýallaryň borjy hasaplanýar». Käbir ýurtlarda bolsa çagalara ejesi terbiýe berýär, kakasy diňe temmi bermeli bolanda goşulýar. Afrikada ulalan Jorj şeýle diýýär: «Ýaşaýan ýerimde atalar çagasy bilen oýnap, wagtyny bile geçirmeýär. Şeýtse çagasy gulak asmaz, sylamaz öýdüp gorkýar. Şonuň üçin maňa oglum bilen gülşüp-degişmeg-ä beýlede dursun, hatda bile oturmagam kyn bolýardy».

OÝLANYŇ: Siziň ýaşaýan ýeriňizde-de çagalara terbiýe bermek aýalyň borjy hasaplanýarmy? Eger ogluňyzy öwseňiz, gülşüp-degşip otursaňyz, adamlar geň görýärmi?

Şeýle kynçylyklara duş gelýän kakalara aşakdaky maslahatlar kömek eder.

Kiçiliginden üns beriň

Çagajyklaryň kiçiliginden ene-atasyna meňzemek islegi güýçli bolýar. Şonuň üçin ogluňyz entek kiçikä üns berip, onuň bilen dost boljak boluň. Muny nädip etmeli?

Siz ogluňyz bilen öýüň işlerini bile edip bilersiňiz. Meselem, howlyňyzdaky haşal otlary aýryp ýören bolsaňyz, ogluňyzyň eline kiçijik pilçe beriň. Ol size meňzejek bolup başardygyndan otlary aýrar. Belki-de, ýarym sagatda etjek işiňizi bir sagatda dynarsyňyz. Ýöne ogluňyz bilen hasam ysnyşarsyňyz, oňa zähmet çekmegi öwredersiňiz. Gadymy döwürde-de Hudaý atalara çagalary bilen iş edip ýörkä, gürleşmegi, öwretmegi tabşyrypdyr (5 Musa 6:6—9). Ýehowanyň şol tabşyrygy häzirem köplere kömek edýär.

Şeýle-de çagalaryňyz bilen oýun oýnasaňyz, köp kömegi deger. Çagalar bilen oýun oýnamak wagtyňyzy diňe bir gyzykly geçirmäge däl-de, dostlaşmaga kömek edýär. Geçirilen barlaga görä, kakasy bilen köp oýnan çagalar ugurtapyjy, dogumly bolup ýetişýär.

Ogluň bilen oýun oýnamagyň ýene bir peýdaly tarapy bar. Mişel Fez atly hünärmen şeýle ýazýar: «Çaga oýun oýnanda kakasyndan çekinmän arkaýyn gepleşýär». Çagasy bilen oýun oýnanda kakasy köplenç ogluny gujaklaýar, ogşaýar, mähirli sözleri aýdýar. Şeýdip, ogluna gowy görýänini aýtmagy, görkezmegi öwredýär. Germaniýada ýaşaýan Andre şeýle gürrüň berýär: «Kiçijikkä oglum bilen köp oýnaýardym. Ony gujaklanymda olam meni gujaklaýardy».

Çagaňyz ýatjak bolup düşegine geçende oňa hekaýajyk okap berseňiz ýa-da bir zady gürrüň berip başlanda soňuna çenli diňleseňiz, onuň bilen hasam ysnyşarsyňyz. Oňa ulalanda-da siziň bilen gepleşmek, pikirini aýtmak aňsat bolar.

Çagaňyzyň halaýan zadyny bile ediň

Ýetginjek wagty kakasy ogly bilen gepleşjek bolup söz gatsa, ogly jogap bermezligi mümkin. Şonda: «Oglum meni äsgerenok, meniň bilen gepleşesi gelenok» diýip pikir etmäň. Gaýtam ogluňyzyň ugruny tapsaňyz, ol siziň bilen gepleşer.

Fransiýada ýaşaýan Jek ogly Jeromi bilen gepleşmegiň kyn bolýandygyny aýdýar. Ýöne ol ogluny mejburlyk bilen gepletjek bolman, onuň bilen futbol oýnaýar. Ol şeýle diýýär: «Futbol oýnap bolanymyzdan soň oglum ikimiz otuň üstünde oturyp dynç alýardyk. Oglum bilen bile oýnap, gürrüň edip hasam dostlaşdyk».

Eger ogluňyz top oýnamagy halamaýan bolsa näme etmeli? Andre ogly bilen ýyldyzly asmany synlanda hasam gowy dost bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Biz ýylyja geýnip, gyzgynjak çaý alyp daşary çykýardyk-da, howluda düşek ýazyp ýyldyzlary synlaýardyk. Ýyldyzlary Ýaradan hakda, özümiz hakda, umuman hemme zat hakda gürrüň edýärdik» (Işaýa 40:25, 26).

Eger ogluňyzyň halaýan zady siziň üçin gyzykly bolmasa näme etmeli? Şeýle ýagdaýda öz islegiňizden geçmeli bolarsyňyz (Filipililer 2:4). Günorta Afrikada ýaşaýan Iýan şeýle gürrüň berýär: «Men sporty gowy görýärdim, oglum Won bolsa uçary, kompýuter oýunlaryny gowy görýärdi. Men ony uçarlaryň her dürli uçuşy görkezilýän meýdança äkidýärdim, onuň bilen kompýuterde bile uçarly oýunlary hem oýnaýardyk. Şonda Won bilen aç-açan gürrüňdeşlik bolýardy, ol meniň bilen arkaýyn gepleşýärdi».

Özüne bolan ynamyny artdyryň

Ogluňyz kiçijikkä bir zat ýasanda: «Kaka, seret» diýip, begenip aýdandyr. Ýöne ýetginjek ýaşyna ýetende öňki ýaly size duýgularyny aýtmazlygy mümkin. Ol ulalsa-da, özüne ynamy gaçmaz ýaly siziň kömegiňiz gerek.

Ýehowa Hudaýam atalara gowy görelde görkezdi. Ogly Isa ýer ýüzünde Atasynyň islegini ýerine ýetirmäge başlanda, Hudaý hemmeleriň öňünde ogluny öwüp: «Ine söýgüli Oglum, men ondan razy» diýdi (Matta 3:17; 5:48). Elbetde, ogluňyza terbiýe berýänsiňiz, ony düzetmeli bolýansyňyz (Efesliler 6:4). Ýöne ogluňyz bir zady dogry aýdanda ýa-da gowy edende ony öwýärsiňizmi?

Kiçi wagty ene-atasyndan öwgüli sözleri eşitmedik adamlara çagasyna gowy görýändigini aýtmak kyn bolýar. Eger sizem şeýle maşgalada ulalan bolsaňyz, ene-ataňyzyň ýalňyşyny gaýtalamaň, gaýtam çagaňyzyň özüne bolan ynamyny artdyryň. Muny nädip edip bilersiňiz? Ýokarda agzalan Luka 15 ýaşly ogly Manuwel bilen öýüň işlerini köplenç bile edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Käte men Manuwele bir işi tabşyryp, kömegim gerek bolsa aýdaý diýýärin». Köplenç ol tabşyran işimi mensiz edýär. Ol özüniň şol işi başarandygyna monça bolýar, özüne bolan ynamy artýar. Bir işi edip bolansoň, men ony öwýärin. Käte bolsa eden işinden özüniň göwni suw içmeýär, ýöne men oňa: «Berekella, eliňde baryny etdiň!» diýýärin.

Şeýle-de siz goýan maksatlaryna ýetmäge kömek edibem çagaňyzyň özüne ynamyny artdyryp bilersiňiz. Käte ogluňyz isleýşiňiz ýaly goýan maksatlaryna derrew ýetmeýändir. Ýa-da ogluňyzyň goýan maksady size ýaraýan däldir. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmez ýaly ogluňyzdan köp zada garaşmaň. Ýokarda agzalan Jek şeýle diýýär: «Men oglumy ýetip biläýjek maksatlary goýmaga höweslendirýärin. Ýöne şol maksatlara onuň ýetmelidigini we meniň garaşan wagtym däl-de, öz ýagdaýyna görä ýetjekdigini özüme ýatladýaryn». Eger ogluňyzyň pikirini diňleseňiz, eden tagallasy üçin öwseňiz we özüne ynamy gaçanda ruhlandyrsaňyz, maksatlaryna ýetmek aňsat bolar.

Elbetde, ogluňyz bilen dost bolmak birbada aňsat bolmaz. Ýöne «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýlişi ýaly, ýokardaky maslahatlara eýerseňiz, wagtyň geçmegi bilen ogluňyz bilen jana-jan dost bolarsyňyz. Onsoňam, hiç kim ýagşylyk eden adam bilen dost bolmakdan ýüz öwürmese gerek!

[Çykgyt]

^ par. 2 Şu makaladaky maslahatlara eýerip, kakalar diňe ogly bilen däl, gyzy bilenem dost bolup bilýär.