Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR

Diňe özümi bilip ýaşaýardym

Diňe özümi bilip ýaşaýardym
  • DOGLAN ÝYLY: 1951

  • DOGLAN ÝERI: GERMANIÝA

  • GEÇMIŞI: TEKEPBIR, ÖZI ÜÇIN ÝAŞAÝAN ADAM

ÖŇKI DURMUŞYM

Men Gündogar Germaniýanyň Leýpsig şäherinde dünýä indim. Leýpsig Çehiýa we Polşa bilen serhetleşýär. Alty ýaşymda kakamyň işi sebäpli ilki Braziliýa, soňra Ekwadora göçmeli bolduk.

14 ýaşymda bolsa, meni Germaniýadaky internata iberdiler. Ene-atam uzakda, Günorta Amerikada ýaşaýardy, öz günümi özüm görmeli bolýardym. Şonuň üçin men özdiýenlidim, özümi alyp barşymyň adamlara ýarap-ýaramaýandygy barada asla pikirlenmeýärdim.

17 ýaşymda ene-atam Germaniýa göçüp geldi. Şeýdip, olar bilen ýaşap başladym. Ýöne şol wagta çenli hiç kim «towugyma tok diýmänsoň», ene-atamyň gepini çekesim gelmeýärdi. Şonuň üçin 18 ýaşymda öýden gitdim.

Men hemişe durmuşyň manysynyň nämededigini biljek bolýardym. Şonuň üçinem her dürli toparlara goşulyp gördüm, guramalar bilen işleşdim. Iň soňunda, adamlar ýer ýüzüni doly zaýalamanka, owadan ýerlere syýahat edip, tebigaty öwrenmeli diýen netijä geldim.

Men motor satyn alyp, Germaniýadan Afrika tarap ýola düşdüm. Biraz wagtdan motorymy bejertmek üçin yzyma Ýewropa gaýtmaly boldum. Soňra ýol ugruna Portugaliýanyň kenarýakalarynda düşledim. Ahyry, motorly syýahat etmekdenem ýadap, deňizde syýahat eder ýaly, gaýyjak edinmeli diýen karara geldim.

Men Atlantik ummanyna syýahat etmäge taýynlyk görüp ýören oglan-gyzlar bilen tanşyp, olara goşuldym. Men aýalym Lora bilen şonda tanşypdym. Başda biz Karib adalaryna bardyk. Ondan soň Puerto-Rikada düşläp, Ýewropa gaýtdyk. Lora ikimiz gaýyk satyn alyp, içinde ýaşap bolar ýaly etmek isledik. Üç aýdan soň, muny goýbolsun etmeli bolduk, sebäbi meni goşun gullugyna çagyrdylar.

Men bir ýyl üç aýlap Germaniýanyň harby deňiz güýçlerinde gulluk etdim. Gulluk edip ýören wagtym Lora bilen toý tutduk we syýahat etmek arzuwymyza ýeter ýaly jan edip başladyk. Gulluga gitmänkäm, gaýygy satyn alyp goýupdym. Gullukdakamam, gaýygyň içini-daşyny bejerişdirip, onda ýaşap bolar ýaly etdim. Aýalym bilen gaýykly bütin ýer ýüzüne syýahat etmegi arzuw edýärdik. Gullukdan gelip, Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanşyp, Mukaddes Kitapdan okuwa başladyk. Şol wagt syýahata gitmändik.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

Başda men üýtgemelidirin diýip pikirem etmeýärdim. Sebäbi aýalym bilen nikadan geçipdim, çilimimi taşlapdym (Efesliler 5:5). Üstesine-de, bütin dünýä syýahat edip, Hudaýyň ýaradan gözel tebigatyna syn etmäge ýetesi zat ýok diýýärdim.

Ýöne görüp otursam, köp zadymy, esasanam, häsiýetlerimi üýtgetmelidim. Men gaty tekepbirdim, özüme göwnüm ýetýärdi. Diňe özümi bilip ýaşaýardym. Gazanan üstünliklerim hakda oýlanyp, menden ökde adam ýok diýýärdim.

Bir gün Isa pygamberiň Dagdaky wagzyny okadym (Matta 5—7-nji baplar). Başda Isanyň bagt barada aýdan sözlerine düşünmeýärdim. Mysal üçin, Isa: «Ajygyp-suwsanlar bagtlydyr» diýýär (Matta 5:6). Men: «Iýmäge, içmäge zadyň bolmasa, bagtly bolup bolarmy?!» diýdim. Emma okuwymy dowam etdigimçe, adamlaryň Hudaý barada bilim almalydygyna düşündim. Ýöne muny boýun almak üçin pesgöwünli bolmalydygyna göz ýetirdim. Şonda Isanyň aýdyşy ýaly, adam bagtly bolýar (Matta 5:3).

Lora ikimiz Mukaddes Kitap okuwyny Germaniýada geçip başladyk. Ýöne soň Fransiýa, ondan soň Italiýa göçdük. Haýsy ýurda barsagam, Ýehowanyň Şaýatlary bilen görüşýärdik. Olaryň agzybirligine, bir-birini ýürekden söýýändigine haýran galýardyk. Olar dürli ýurtda ýaşasa-da, bir maşgala ýaly agzybir (Ýahýa 13:34, 35). Ahyrsoňy, aýalym bilen suwa çümdürilip, Ýehowanyň halkyna goşuldyk.

Suwa çümdürilenimden soňam, häsiýetlerimi düzetmek üçin tagalla edýärdim. Lora ikimiz gaýykda Afrika çenli ýüzüp, ondan soň Atlantik ummanynyň üsti bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna tarap gitdik. Biz aňyrsy-bärisi görünmeýän ummanda kiçijik gaýykda ýüzüp ýörkäk, Gudratygüýçli Hudaýyň ýanynda özümiň hiç kimdigime göz ýetirdim. Ummanda edere iş bolmansoň, Mukaddes Kitaby köp okaýardym. Esasanam, Isa pygamberiň ömri hakda okaýardym. Isa kämil, hemmelerden ökde bolsa-da, hiç haçan öwünmeýärdi. Ol diňe özi üçin ýaşaman, gökdäki Atasynyň islegini ýerine ýetirýärdi.

Men durmuşymda Hudaýyň Patyşalygyny ilkinji ýerde goýmalydygyma düşündim

Isa hakda näçe köp oýlandygymça, gowy görýän zatlarymy däl-de, Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymda ilkinji ýerde goýmalydygyma düşündim (Matta 6:33). Amerika baryp ýetenimizden soň, aýlanyp ýörmän, Ýehowa gulluk etmegi ýüregimize düwdük.

HÄZIRKI DURMUŞYM

Öň diňe özüm üçin ýaşamsoň, köplenç näme etsem dogry boljagyny bilmeýärdim. Indi bolsa Ýehowanyň deňsiz-taýsyz akyldarlygy bilen dogry ýaşamagy öwrendim (Işaýa 48:17, 18). Ýehowa gulluk edip, ol hakda adamlara gürrüň berýändigim üçin özümi hasam bagtly duýýaryn.

Mukaddes Kitabyň maslahatlary boýunça ýaşap, maşgala ojagymyzy hasam berkitdik. Gyzymyza-da Ýehowany söýüp, oňa ýürekden gulluk etmegi öwredip bilendigimize begenýäris.

Durmuş ýoly edil syýahat edeniň ýaly aňsat bolmaýar. Ýöne Ýehowanyň kömegi bilen, ähli kynçylyklaryň hötdesinden geleris, sebäbi biz oňa bil baglaýarys (Nakyllar 3:5, 6).