Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŇŞY BILEN GÜRRÜŇDEŞLIK

Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady? (Gürrüňdeşlik)

Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady? (Gürrüňdeşlik)

Aýdaly, Ýehowanyň Şaýady goňşusy bilen gürrüňdeş bolýar. Wagyzçynyň ady Kasym, goňşusynyň ady bolsa Seýran.

«DÜŞÜNJÄNI AGTARYŇ»

Kasym: Seýran, men-ä ýene seniň bilen gürrüňdeş bolmaga gelendirin *. Geçen sapar sen Hudaýyň Patyşalygy barada sorag beripdiň. Sen: «Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin Hudaýyň Patyşalygynyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyna ynanýarlar» diýip sorapdyň.

Seýran: Hawa, men siziň bir žurnalyňyzda Hudaýyň Patyşalygynyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyny okadym. Siziň ynanýan zatlaryňyzyň Mukaddes Kitaba esaslanýandygy üçin köpräk bilesim geldi.

Kasym: Hawa, dogrudanam şeýle.

Seýran: Men Mukaddes Kitaby başdan-aýak okadym. Ýöne onuň hiç bir ýerinde 1914-nji ýyl diýlip ýazylan ýerini görmedim. Soňra men Internetde-de 1914-nji ýyl barada maglumat gözledim. Ýöne ol ýerde-de hiç zat tapmadym.

Kasym: Berekella Seýran, sen Mukaddes Kitaby tutuş okap çykaýypsyň. Hudaýyň kitabyna hormat goýýanyň görünýär.

Seýran: Hawa, Mukaddes Kitaba taý geljek kitap barmy näme?!

Kasym: Onyň-a dogry. Öz soraglaryňa jogap tapmak üçin Mukaddes Kitaby okaýşyňa haýran galdym. Mukaddes Kitapda-da «düşünjäni agtaryň» diýilýär *. Seniňem Mukaddes Kitaba düşünjek bolup jan edýäniň görünýär.

Seýran: Sag bol, öz-ä öwrenjek bolup jan edýärin. Şu kitapdanam okap, 1914-nji ýyl barada biraz maglumat tapdym. Ol ýerde bir patyşa, uly agaç, agajyň çapylyşy, soňam ýene ösüşi hakda aýdylýar.

Kasym: Hä, hawa, ol Danyýar kitabynyň 4-nji babynda ýazylan pygamberlik. Ol gadymy Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň gören düýşi.

Seýran: Hawa, edil özi. Men şol pygamberligi gaýta-gaýta okadym. Ýöne, dogrumy aýtsam, hiç zada düşünmedim. Onuň Hudaýyň Patyşalygy ýa-da 1914-nji ýyl bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünmedim.

Kasym: Alada etme, Seýran. Danyýaryň özi hem aýdan pygamberligine doly düşünmändir.

Seýran: Nätdiň-aý?!

Kasym: Hawa, Danyýar 12:8-de: «Men eşitsem-de, düşünmedim» diýilýär.

Seýran: Bäh, meniň ýaly düşünmedigem bar eken-ow.

Kasym: Danyýar şol wagt pygamberlige düşüneýin diýse-de, düşünip bilmezdi, sebäbi Hudaý pygamberligiň manysyny şol wagt açmady. Ýöne şu günler biz pygamberlige gowy düşünýäris.

Seýran: Nädip?

Kasym: Gel, şol aýadyň yzyndaky aýady okaly. Danyýar 12:9-da: «Aýdylan zatlar dünýäniň soňuna çenli gizlin saklanar we möhürlener» diýilýär. Şu pygamberligiň manysy «dünýäniň soňunda» düşnükli bolup başlady. Indiki sapaklarda biziň soňky günlerde ýaşaýandygymyzy nämäniň subut edýändigini hem bileris *.

Seýran: Kasym, Danyýar kitabyndaky pygamberligi düşündiräý-dä.

Kasym: Bolýar, bolýar.

NAWUHODONOSORYŇ DÜÝŞI

Kasym: Ilki bilen, saňa Nawuhodonosor patyşanyň düýşüni gysgaça düşündireýin. Onuň näme aňladýandygyny bileli.

Seýran: Bolýar.

Kasym: Nawuhodonosor patyşa düýşünde depesi göge ýetip duran uly agaç görýär. Soňra perişde oňa agajyň çapyljakdygyny aýdýar. Ýöne Hudaý onuň töňňesiniň ýerde galjakdygyny aýtdy. «Ýedi döwür» geçensoň, ýaňky agaç ýene-de ösmelidi *. Pygamberlik, ilki bilen, Nawuhodonosor patyşa bilen baglanyşyklydy. Olam depesi göge ýetýän agaç ýaly ady belli patyşady. Ýöne onuň hökümdarlygy ýedi döwürlik ýykylýar. Nädip şeýle bolýanyny bilýäňmi?

Seýran: Ýok, ýadyma düşenok.

Kasym: Zyýany ýok. Mukaddes Kitapda Nawuhodonosoryň ýedi ýyllap akylynyň üýtgändigi aýdylýar. Şol döwür ol patyşa bolup bilmeýär. Ýedi ýylyň ahyrynda Nawuhodonosoryň akyly ýerine gelip, ýene-de höküm sürüp başlaýar *.

Seýran: Hä, düşnükli. Ýöne oň Hudaýyň Patyşalygy bilen, 1914-nji ýyl bilen baglanyşygyna ýene düşünmedim-dä.

Kasym: Şu pygamberligiň iki gezek ýerine ýetişini gysgaça düşündirjek bolaýyn. Birinji gezek Nawuhodonosor patyşanyň hökümdarlygy ýykylýar. Ikinji gezek bolsa, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürmegini bes edýär. Diýmek, pygamberligiň ikinji gezek ýerine ýetişi gönüden-göni Hudaýyň Patyşalygy bilen bagly.

Seýran: Onuň Hudaýyň Patyşalygy bilen baglydygyny nädip bilýäň?

Kasym: Ilki bilen, muny pygamberligiň özünden bilse bolýar. Danyýar 4:17-de şeýle sözler bar: «Ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagala höküm sürýär, patyşalygy islän adamyna berýär». Üns berdiňmi, bärde «ynsan patyşalyklary» diýilýär?

Seýran: Hawa, özem olaryň üstünden «Allatagala höküm sürýär» diýilýär.

Kasym: Dogry. Seniň pikiriňçe, Allatagala diýlende kim göz öňünde tutulýar?

Seýran: Elbetde, Hudaý.

Kasym: Dogry. Diýmek, şu pygamberlik diňe Nawuhodonosor patyşa degişli däl-de, ynsan patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Hudaýa-da degişli. Şu aýadyň öňündäki hem yzyndaky aýatlary okasak, hasam düşnükli bolar.

Seýran: Hä, şeýlemi?!

MUKADDES KITABYŇ ESASY TEMASY

Kasym: Danyýar kitabynda Mukaddes Kitabyň esasy temasy birnäçe sapar gaýtalanýar. Onda Hudaýyň ogly Isa arkaly Patyşalygyň berkarar ediljekdigi aýdylýar. Muny bilmek üçin, gel, 2-nji baby açaly. Sen Danyýar 2:44-i okap biljekmi?

Seýran: Bolýar. Bärde şeýle diýilýär: «Şol patyşalaryň döwründe gögüň Hudaýy hiç haçan ýok edilmejek bir patyşalygy döreder. Ol patyşalyk başga halkyň eline geçmez. Ol ähli patyşalyklary ýok eder, özi bolsa ebedi durar».

Kasym: Nähili pikir edýärsiň, şu aýatda Hudaýyň Patyşalygy hakda aýdylýarmy?

Seýran: Aý, bilmedim.

Kasym: Üns beren bolsaň, bärde «Patyşalyk ebedi durar» diýilýär. Diýmek, ol Hudaýyň Patyşalygy. Ýöne ýerdäki hökümetler ebedi durýarmy?

Seýran: Ýok, durmaýar.

Kasym: Danyýar kitabynda Hudaýyň Patyşalygy hakda başga-da bir pygamberlik aýdylýar. Ol Danyýar 7:13, 14-nji aýatlarda ýazylan. Pygamberlikde gelejekki patyşa hakda şeýle diýilýär: «Oňa ähli halklar, milletler we diller gulluk etsinler diýip, hökümdarlyk, şöhrat hem patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy ebedi galar, soňy gelmez we hiç haçan ýok edilmez». Öňki okan aýadymyz bilen şu aýatda nähili meňzeşlik bar?

Seýran: Bärde-de patyşalyk hakda aýdylýan eken.

Kasym: Dogry aýdýaň, ol özem ýöne-möne Patyşalyk däl, aýatda aýdylyşy ýaly ol «ähli halklaryň, milletleriň we dilleriň» üstünden höküm sürer. Başgaça aýtsak, ol bütin ýer şarynda ýeke-täk Patyşalyk bolar.

Seýran: Aýadyň manysyna doly düşünmedim, ýöne okan ýerimizde şeýle diýilýän eken.

Kasym: Üns beren bolsaň, pygamberlikde ýene-de «onuň hökümdarlygy ebedi galar, soňy gelmez we hiç haçan ýok edilmez» diýilýär. Şu aýatdaky pygamberlik Danyýar 2:44-däki pygamberlige meňzeýär gerek?

Seýran: Hawa.

Kasym: Jemläp aýtsak, Danyýar 4-nji bapdaky pygamberlige görä, adamlar «ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagalanyň höküm sürýändigini» bilerler. Şu pygamberlik diňe Nawuhodonosor patyşada ýerine ýetmedi. Ol Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isada hem ýerine ýetdi. Danyýar kitabyndaky pygamberlikler esasan Hudaýyň Patyşalygy hakdady. Diýmek, Danyýar kitabynyň 4-nji babyndaky pygamberlik hem Hudaýyň Patyşalygy hakdamy?

Seýran: Hawa, şeýlemikä diýýän. Ýöne onuň 1914-nji ýyl bilen näme baglanyşygynyň bardygyna düşünmedim.

«ÝEDI DÖWÜR GEÇÝÄR»

Kasym: Gel, indi şu pygamberligiň Nawuhodonosor patyşada nädip ýerine ýetendigini bileli. Ol pygamberlikdäki uly agajy aňladýar. Agajyň çapylmagy onuň hökümdarlygynyň ýykylmagyny we töňňesiniň ýedi döwür baglanmagy onuň akylynyň üýtgäp, birnäçe wagtlap hökümdarlyk edip bilmeýändigini görkezýär. Ýedi döwrüň soňunda Nawuhodonosor patyşanyň akyly ýerine gelip, ýene-de hökümdarlyk edip başlaýar. Pygamberlik ikinji gezek ýerine ýetende Hudaýyň Patyşalygy belli bir döwür aralygynda höküm sürmeýär. Ýöne bu Hudaýyň höküm sürüp bilmändigi üçin däl-de, başga bir sebäbe görä bolýar.

Seýran: Düşünmedim?

Kasym: Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Iýersulimde höküm süren ysraýyl patyşalary Ýehowanyň tagtynda * oturýardy. Bu bolsa Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edendigini görkezýär. Olaryň hökümdarlyk etmegi Hudaýyň hökümdarlyk edýändigini aňladýardy. Ýöne soňabaka köp patyşalar, halk Hudaýa gulak asmady. Şonuň üçin Hudaý olary wawilonlylaryň eline berdi. B. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar olary basyp aldy. Şondan soň Iýerusalimde şa neslinden hiç kim Ýehowanyň tagtynda oturmady. Başgaça aýtsak, şonda Hudaýyň hökümdarlygy ýykylypdy. Indi düşnükli boldumy?

Seýran: Hawa.

Kasym: Şeýlelikde, b. e. öň 607-nji ýylda ýedi döwür başlandy, ýagny Hudaýyň Patyşalygy şol ýyl höküm sürmegini bes etdi. Ýedi döwrüň soňunda Hudaý täze patyşany belledi. Ýöne ol indi gökdäki tagtda oturar. Diýmek, indi Danyýar kitabyndaky beýleki pygamberlikler ýerine ýetip başlamalydy. Ýöne bir sorag ýüze çykýar: ýedi döwür haçan gutarmalydy? Eger biz şu soragyň jogabyny bilsek, onda Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp başlan ýylyny hem bileris.

Seýran: Dur, men aýdaýyn. 1914-nji ýylda ýedi döwür gutardy gerek?!

Kasym: Hawa, dogry aýtdyň.

Seýran: Ýöne ony nädip bilip bolýar?

Kasym: Isa ýerde ýaşanda ýedi döwrüň heniz tamamlanmandygyny aýdypdy *. Ýedi döwür has köp wagty öz içine alyp bilýär. Şol ýedi döwür Isa heniz ýere gelmänkä, ýüzlerçe ýyl öň başlanypdy. Isa göge galansoňam, şol ýedi döwür birnäçe wagt dowam etdi. Ýadyňa düşýän bolsa, Danyýar kitabyndaky pygamberlikleriň manysy «döwrüň soňuna» çenli açylmandy *. 1800-nji ýyllaryň ahyrynda Mukaddes Kitaby öwrenýän akýürekli adamlar şu we beýleki pygamberlikleri öwrenip başladylar. Olar ýedi döwrüň 1914-nji ýylda gutarýandygyny bildiler. Hudaýyň Patyşalygynyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyny ýer ýüzünde bolýan ýagdaýlaram subut edýär. Şol ýyl ýedi döwür tamamlanyp, soňky günler başlandy. Seýran, şu wagt saňa bulara düşünmek biraz kynrak bolýandyr.

Seýran: Hawa, öz-ä düşünmek kynrak. Ýöne ýene bir gezek göz aýlaryn-da.

Kasym: Alada etme, özümem bulara bir gezekde düşünmedim. Ýöne sen iň bolmanda, Patyşalyk hakda aýdýan zatlarymyzyň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyna düşünensiň.

Seýran: Hawa, hawa, siziň her bir zady Mukaddes Kitapdan düşündirişiňiz haýran galdyrýar.

Kasym: Hawa, senem düşünjek bolup jan edýärsiň. Ýaňky aýdyşym ýaly, bir gezekde hemme zada düşünmek kyn. Belki, seniň häzirem düşünmedik zatlaryň, soraglaryň bardyr. Sen ýedi döwürüň Hudaýyň Patyşalygy bilen baglanyşygyna, şol döwrüň b. e. öň 607-nji ýylda başlandygyna doly düşünmeýänsiň. Şeýle-de ýedi döwrüň 1914-nji ýylda tamamlanandygyny nädip anyk bilýändigimize haýran galýansyň *.

Seýran: Hawa, gaty haýran galýaryn.

Kasym: Biz Mukaddes Kitapdan ýedi döwrüň * näçe wagty öz içine alýandygyny bilip bilýäris. Indiki gezek şuny bilmek üçin görüşäýeli.

Seýran: Hawa, gow-a bolardy, geläý.

Sizi Mukaddes Kitapdan haýsy tema gyzyklandyrýar? Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini ynançlary ýa-da edýän işleri hakda bilesiňiz gelýärmi? Onda Ýehowanyň Şaýatlary bilen habarlaşyň. Olar höwes bilen gürrüňdeş bolarlar.

^ par. 5 Ýehowanyň Şaýatlary goňşulary bilen Mukaddes Kitapdan dürli temalar esasynda gürrüňdeş bolup, Mukaddes Kitapdan mugtuna sapak geçýärler.

^ par. 21 Ýehowanyň Şaýatlarynyň «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 9-njy babyna serediň. Ol www.pr418.com saýtynda-da bar.

^ par. 63 Şu pygamberlikde Isa soňky günler barada şeýle sözleri aýtdy: «Milletlere berlen wagt tamamlanýança, Iýerusalimi (Hudaýyň hökümdarlygyny aňladýar) başga halklar depelärler» (Luka 21:24). Diýmek, Hudaýyň Patyşalygy Isanyň ýerde ýaşan wagtyndan soňky günlere çenli dikeldilmändi.

^ par. 67 Ýehowanyň Şaýatlarynyň «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 215—218-nji sahypalaryna serediň. Ol www.pr418.com saýtynda-da bar.

^ par. 69 Indiki makalada ýedi döwrüň näçe wagty öz içine alýandygy düşündirilýär.