MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR
Ýehowa rehimdar, geçirimli Hudaý eken
DOGLAN ÝYLY: 1954
DOGLAN ÝERI: KANADA
GEÇMIŞI: KEZZAP, PULLY KART OÝNAÝAN
ÖŇKI DURMUŞYM
Men Montreal şäherinde önüp-ösdüm. Ýaşaýan ýerim känbir ösen däldi. Alty aýlyk çagakam, kakam aradan çykdy. Şeýdip, sekiz çagany eklemek ejemiň boýnuna galdy. Menem iň kiçisidim.
Men çagalygymdan neşe çekýärdim, pully kart oýnaýardym, zalymdym, jenaýatçylar bilen gatnaşýardym. On ýaşymdan başlap, ahlaksyzlyk edýänler, göterimine karz berýänler bilen iş salyşýardym. Köplenç ýalan sözleýärdim, adamlary aldap puluny almakdan keýp alýardym. Adamlary aldamak meniň üçin edil neşe çeken ýalydy.
Men barypýatan kezzapdym. 14 ýaşymda gyzyl çaýylan sagatlary, şaý-sepleri, ýüzükleri satyn alyp, olara ýasama möhür basýardym. Soňra uly köçelerde, söwda merkezleriniň ýanyndaky duralgalarda: «Arassa gyzyl!» diýip, aldap satýardym. Pul tapmak meniň üçin mesele däldi. Hatda bir gezek bir günde 10 000 dollaram gazanypdym.
15 ýaşymda meni düzediş mekdebindenem kowdular. Barara ýerimem ýokdy. Men çem gelen ýerde, seýilgählerde, köçede tanşan dostlarymyň öýünde ýatyp turýardym.
Köplenç adamlary aldap puluny alamsoň, polisiýa işgärleri tutup äkidýärdi. Satýan zatlarym ogurlyk bolmansoň, olar meni tussag edip bilmeýärdi. Ýöne şaý-seplere ýasama möhür basyp, rugsatnamasyz satanym üçin köp jerime tölemeli boldum. Men gorkman hatda göterimine karz berýänleriň pulunam ýygnap berýärdim. Bu howply iş bolansoň, hemişe ýanymda ýarag göterýärdim. Käte men başbozarlyk edýän jenaýatçylara-da goşulýardym.
MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI
17 ýaşymdakam söýüşýän gyzym Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. Şonda Mukaddes Kitap barada birinji gezek eşidipdim. Mukaddes Kitapdaky ahlak kadalary barada aýdylýan zatlary halamadym, olary erkinligimi çäklendirýän ýaly gördüm. Şonuň üçin ol gyzy taşlap, başga gyz bilen ýaşaşyp başladym.
Biraz wagtdan olam Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlady. Onuň häsiýetleriniň üýtgeýändigini, gün-günden ýumşak, sabyrly bolýandygyny görüp haýran galdym. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary ýygnaga çagyranda bardym. Ýygnakdakylar meni güler ýüz bilen garşy aldylar. Şeýle mähirli, akýürekli adamlary öň hiç haçan görmändim. Çagalykdan ene-atamyň mährine zar bolup ulaldym. Ýehowanyň Şaýatlarynyň söýgüsi, mähir bilen aladamy edişi güýçli täsir etdi. Şeýdip, menem Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym.
Mukaddes Kitap okuwy meni ölümden halas etdi. Men kart oýnap 50 000 dollardan gowrak bergä batdym. Şony üzmek üçin iki dostum bilen ogurlyk etmegi planlaşdyrypdyk. Ýöne öwrenen zatlarym hakda oýlanyp, ogurlyga gitmedim. Gitmedigim gowy bolupdyr. Şonda dostlarymyň biri tussag edildi, beýlekisem öldürildi.
Sapak geçdigim saýy, köp zatlarda üýtgemelidigime düşündim. 1 Korinfliler 6:10-da: «Ogrular, açgözler, arakhorlar, sögýänler we talaňçylar Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» diýilýär. Bu sözleri okap, gözüme ýaş aýlandy, sebäbi özümiň nähili erbet adamdygyma göz ýetirdim. Durmuşymy bütinleý üýtgetmelidigime düşündim (Rimliler 12:2). Men doňýürek, gaharjaň, zalym adamdym, iki sözümiň biri ýalandy.
Şeýle-de Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň rehimdar, geçirimli Hudaýdygyny bildim (Işaýa 1:18). Häsiýetlerimi üýtgeder ýaly, Ýehowa ýalbaryp doga etdim. Ilki bilen, halaşýan gyzym bilen nikamyzy kanun taýdan resmileşdirdik. Men Ýehowanyň kömegi bilen düýbünden başga adam boldum.
Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamadyk bolsam, bir wagt ölüp giderdim
24 ýaşymda eýýäm üç çagam bardy. Men maşgalamy eklemeli boldum, ýöne bilimimem, elimde hünärimem ýokdy. Men Ýehowa ýalbaryp doga etdim-de, iş gözläp başladym. Iş sorap baran ýerlerimde öňki ýaly erbet adam däldigimi, halal işlemek isleýändigimi, käbirlerine bolsa Mukaddes Kitapdan okuw geçýändigimi, gowy adam bolmak isleýändigimi aýdýardym. Şonda-da olar meni işe almadylar. Ýöne bir gezek işe girmek üçin söhbetdeşlige baranymda, özüm barada hemme zady gürrüň berdim. Söhbetdeşlik geçirýän adam: «Näme üçindigin-ä bilemok welin, seni işe alasym gelip dur» diýdi. Ýehowa dogalaryma jogap berdi. Biraz wagtdan aýalym ikimiz özümizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildik.
HÄZIRKI DURMUŞYM
Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamadyk bolsam, hakykat ýolunda ýöremedik bolsam, bir wagt ölüp giderdim. Häzir meniň bagtly maşgalam bar. Ýehowanyň günälerimi bagyşlandygy üçin, ynsabymam arassa.
Men 14 ýyldan bäri Ýehowa uzak wagtly gulluk edýärin, adamlara Mukaddes Kitapdaky hakykatlary öwredýärin. Ýaňy-ýakynda aýalymam uzak wagtly gulluga başlady. 30 ýylyň dowamynda işdeşlerimiň 22 sanysyna Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek edip bilendigime begenýärin. Men häzirlerem söwda merkezlerine barýaryn. Ýöne indi adamlary aldamak üçin däl-de, hoş habary wagyz etmek üçin barýaryn. Sebäbi men olaryňam täze dünýäde asudalykda, parahatlykda ebedi ýaşamagyny isleýärin (Zebur 37:10, 11).