Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

137-NJI AÝDYM

Wepaly gelin-gyzlar

Wepaly gelin-gyzlar

(Rimliler 16:2)

  1. 1. Bibisara, Ester, Merýem, Rebeka,

    Ählisi batyrgaý hem-de wepaly.

    Olar Ýehowany etdiler razy,

    Wepaly boldular gowşatman bady.

    Şolar ýaly gelin-gyzlar köpdi,

    Mukaddes Kitapda ýok bolsa-da ady.

  2. 2. Ýagşylyk, mertlik, pespällik, ýumşaklyk

    Gözellik berýärdi gelin-gyzlara.

    Ýehowa-da guwanýardy olara,

    Biz hem olardan görelde almaly.

    Uýalar şol gelin-gyzlar ýaly,

    Hemişe etsinler Ýehowany razy.

  3. 3. Eneler, gyzlar, gelinler, uýalar,

    Arman-ýadaman zähmet çekýärsiňiz.

    Alla her zatda gulak asýarsyňyz,

    Hudaý bersin biliňize güýç-kuwwat.

    Mähribanlar, biraz ediň gaýrat,

    Ýehowa tizden eçiler bol bereket.