75-NJI AÝDYM
«Men giderin! Meni iber!»
-
1. Häzir köp adamlar erbet,
Hudaýa atýarlar töhmet.
Olar: «Hudaý zalym» diýýär,
Käbiri iman etmeýär.
Kim Ýehowa hakda aýdar?
Kim adyny yglan eder?
1-NJI GAÝTALAMA:
Men giderin! Meni iber!
Alkyş aýdaryn her zaman.
Şaýadyň bolmak uly hormat,
Giderin! Meni iber!
-
2. Diýýärler: «Hudaý eglendi»,
Köp adam ikirjiňlendi.
Sežde edip jansyz buta,
Mynasyp görýär hormata.
Kim duýdurar gelýän güni?
Kim aýdar höküm sözüni?
2-NJI GAÝTALAMA:
Men giderin! Meni iber!
Aýdaryn hiç kimden gorkman.
Şaýadyň bolmak uly hormat,
Giderin! Meni iber!
-
3. Häzir erbetlik köpelýär,
Pespäller hasam kösenýär.
Hudaýhonlar dogry ýoly
Gözleýärler gyzyl ýaly.
Kim gidip göwünlik berer?
Kim dogry ýoly görkezer?
3-NJI GAÝTALAMA:
Men giderin! Meni iber!
Wagyz ederin ýadaman.
Şaýadyň bolmak uly hormat,
Giderin! Meni iber!
(Serediň: Zeb. 10:4; Hyz. 9:4)