Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

90-NJY AÝDYM

Birek-biregi ruhlandyralyň

Birek-biregi ruhlandyralyň

(Ýewreýler 10:24, 25)

  1. 1. Bir-biregi ruhlandyralyň,

    Gulluk edeliň wepaly.

    Söýeliň, ýagşylyk edeliň,

    Jebislikde ýaşar ýaly.

    Birek-birege gyzgyn söýgi

    Çydamaga kömek edýär.

    Sowuk hem garaňky dünýäde

    Pena bolýar, gorag berýär.

  2. 2. Söýgi bilen aýdylan sözler

    Kyn günde derdiňe derman.

    Wepaly dostlar ruhlandyrýar

    Hoş sözlerini gaýgyrman.

    Dogan-uýalar bilen bile

    Zähmet çekeliň ýadaman.

    Bir-birege goldaw bereliň

    Hiç kimi ýatdan çykarman.

  3. 3. Iman edeliň, garaşalyň,

    Ýehowanyň güni ýakyn.

    Her hepde ýygnaga baralyň

    Durmuş näçe bolsa-da kyn.

    Agzybirlikde gulluk edýär

    Ýehowanyň saýlan halky.

    Ruhlandyralyň bir-biregi,

    Her gün bolalyň wepaly.