Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hakyky söýgi

Hakyky söýgi

Ýükläň:

  1. 1. Peşgeş berdi Hudaý bir zady,

    Söýgüdir ol sowgadyň ady.

    Bir bolanda aşyk göwünler,

    Başlanýar iň bagtyýar günler.

    GAÝTALAMA:

    Ýönekeý bolsa-da, üç örüm ýüp bilen

    Söýgi berkeýär

    Gün-günden.

    Ýehowa ýol görkezýär her bir ädimde.

    Bagtymy tapdym duşup saňa,

    Söýýärin seni,

    Diňe seni.

  2. 2. Her zada taýyn,

    Söýgimiz berkeýär günsaýyn.

    Hiç kim bizi aýra salyp bilmez,

    Hiç kim söýgimizi alyp bilmez,

    Hiç kim, hiç bir zat.

    GAÝTALAMA:

    Ýönekeý bolsa-da, üç örüm ýüp bilen

    Söýgi berkeýär

    Gün-günden.

    Ýehowa ýol görkezýär her bir ädimde.

    Bagtymy tapdym duşup saňa,

    Söýýärin seni,

    Diňe seni.

    KÖPRI:

    Böwet ýok söýgimize,

    Hudaý söýgini sowgat berdi bize.

    Saňa bolan söýgim «ölüm deý güýçli»,

    Sen öz bedenimden hem öz süýegimden.

    Sen ajaýyp kömekçi, taýyn her işe,

    Söýerin men seni hemişe.

  3. 3. Sen meniň arzuw-hyýalym,

    Seni tüýs ýürekden söýýän ýarym.

    Şol gün girdiň meniň päk kalbyma,

    Minnetdar ýetdim men bagtyma,

    Men saňa.

    GAÝTALAMA:

    Ýönekeý bolsa-da, üç örüm ýüp bilen

    Söýgi berkeýär

    Gün-günden.

    Ýehowa ýol görkezýär her bir ädimde.

    Bagtymy tapdym duşup saňa,

    Söýýärin seni,

    Diňe seni.

    Bagtymy tapdym duşup saňa,

    Söýýärin seni.