Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Justin Paget/​Stone via Getty Images

Özüni ýalňyz duýýanlar gitdigiçe köpelýär. Ýalňyzlygy nädip ýeňmeli?

Özüni ýalňyz duýýanlar gitdigiçe köpelýär. Ýalňyzlygy nädip ýeňmeli?
  •    «ABŞ-da ýaşaýan orta ýaşly adamlaryň takmynan ýarysy özüni ýeke duýýar, olaryň köpüsi 18—25 ýaş aralygyndaky ýaşlar» (Our Epidemic of Loneliness and Isolation: The U.S. Surgeon General’s Advisory on the Healing Effects of Social Connection and Community, 2023).

  •    «Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýalňyzlyk duýgusyny agyr kesel bilen deňeşdirip, özüni ýeke duýýan adamlara kömek eder ýaly ýörite topar belledi. Şol topar bütin dünýäde, hatda ykdysady taýdan pese düşen ýurtlarda-da özüni ýalňyz duýýan adamlara kömek ediler ýaly we derrew gerekli çäreler görler ýaly aladasyny edýär» (Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, 15-nji noýabr, 2023).

 Mukaddes Kitapda başgalar bilen gowy gatnaşykda bolmaga kömek edýän maslahatlar bar. Olara eýersek ýekelik duýgusyny ýeňip bileris.

Mukaddes Kitapdan kömek etjek maslahatlar

 Köp wagtyňyzy ýekelikde geçirmäň. Muňa Internetde köp oturmak hem degişli. Gaýtam adamlar bilen ýüzbe-ýüz görşüp, bile wagt geçiriň. Şeýtseňiz, hakyky dostlary taparsyňyz.

  •    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr» (Nakyllar 17:17).

 Başgalara kömek ediň. Adamlara ýagşylyk etseňiz hem dostlugyňyz berkär, hem özüňizi bagtly duýarsyňyz.

  •    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Resullar 20:35).

 Saýtymyzdan hakyky dostlary tapmaga kömek edýän başga-da köp maslahatlary tapyp bilersiňiz. Şol maslahatlar Mukaddes Kitaba esaslanýar.