Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýalňyzlyk duýgusyny ýeňmek üçin dostlaşyň! Mukaddes Kitabyň maslahatlary

Ýalňyzlyk duýgusyny ýeňmek üçin dostlaşyň! Mukaddes Kitabyň maslahatlary

 Lukmanlaryň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylda bejermeli agyr keselleriň biri ýalňyzlyk duýgusy boldy. Aslynda, bu keseli bejerip bolýarmy?

  •    ABŞ-nyň baş hirurgy Wiwek Murti şeýle diýýär: «Ýalňyzlyk duýgusy we özüňi başgalardan çetde tutmaklyk saglygyňa uly zyýan ýetirip, göwnüçökgünlige düşürýär». Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Ýöne muňa çäre görüp bolýar». Nädip? «Biz her gün dost-ýarlarymyz bilen gatnaşyp durmaly» a.

 Diňe bir özüni başgalardan çetde tutýan adamlar özüni ýeke duýmaýar. Käbirleri daş-töweregi adamdan doly bolsa-da, özüni ýalňyz duýýar. Näme sebäpden özümizi ýeke duýsagam, Mukaddes Kitapda kömek edýän peýdaly maslahatlar bar. Şol maslahatlara eýersek, dost-ýarlarymyz bilen gatnaşygymyzy berkideris we özümizi ýalňyz duýmarys.

Mukaddes Kitapdan kömek etjek maslahatlar

 Söhbetdeş boluň. Munuň üçin diňe öz duýgularyňyz hakda gürrüň bermän, söhbetdeş bolýan adamyňyzy hem ünsli diňläň. Siz näçe ünsli diňleseňiz, şonça-da ýürekden gyzyklanýandygyňyzy görkezersiňiz. Şeýdip, dostlugyňyz hasam berkär.

  •    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» (Filipililer 2:4).

 Dürli adamlar bilen dostlaşyň. Özüňizden uly ýa-da kiçi ýaşly, başga milletli, medeniýetli adamlar bilen dostlaşyň.

 Başgalar bilen nädip dostlaşyp bolýandygy hakda köpräk bilmek üçin «Dost tutunyň» atly makalany okaň.

a Our Epidemic of Loneliness and Isolation: The U.S. Surgeon General’s Advisory on the Healing Effects of Social Connection and Community, 2023.