Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Francesco Carta fotografo/Moment via Getty Images

Ýalňyzlyk köp kynçylyklary döredýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Ýalňyzlyk köp kynçylyklary döredýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Ýakynda geçirilen bütindünýä hasabatyna a görä dört adamdan biri özüni ýalňyz duýýar.

  •    «Islendik adam, uly bolsun, kiçi bolsun, nirede ýaşasa-da dostlukly gatnaşyga mätäç» (Çido Mpemba, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial birleşiginiň wekili).

 Köpler diňe garrylar, ýeke ýaşaýanlar özüni ýalňyz duýýar diýip pikir edýärler. Emma ýaşlar, sagdyn adamlar, maşgalalylar, hatda durmuşda üstünlik gazanýanlar hem özüni ýeke duýýarlar. Ýekelik duýgusy adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär.

  •    «Ýalňyzlyk ýöne bir erbet duýgy däl. Özüni ýalňyz duýýanlara edil gününe 15 çilim çekýän adamyňky ýaly ölüm howpy abanýar» (ABŞ-nyň baş hirurgy Doktor Wiwek Mýorti).

Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Ýaradyjymyz adamlaryň özüni ýeke duýmaklaryny islemeýär. Allatagalanyň niýetine görä adamlar biri-biri bilen ýakyndan gatnaşyp, bagtly ýaşamalydy.

  •    Mukaddes Kitapdan aýat: «Adamyň ýeke gezip ýörmegi gowy däl» (1 Musa 2:18).

 Allatagala özi bilen dostlaşmagymyzy isleýär. Eger biz Hudaýa ýakynlaşmak üçin tagalla etsek, ol hem bize ýakynlaşar (Ýakup 4:8).

  •    Mukaddes Kitapdan aýat: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr» (Matta 5:3).

 Allatagala biziň oňa imandaşlarymyz bilen bilelikde sežde etmegimizi isleýär. Eger şeýtsek durmuşdan kanagat tapyp, bagtly ýaşarys.

  •    Mukaddes Kitapdan aýat: «Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň. Ýygnaklardan galmagy... endik edinmäliň... biri-birimizi has-da ruhlandyralyň» (Ýewreýler 10:24, 25).

 Ýalňyzlyk duýgusyny ýeňmegiň wajypdygyny bilmek üçin «Birek-birek bilen habarlaşmak aňsat döwürde ýalňyzlyk höküm sürýär» atly makalany okaň.