Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ismail Sen/Anadolu Agency via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Türkiýede we Siriýada bolan aýylganç ýertitreme. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Türkiýede we Siriýada bolan aýylganç ýertitreme. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda duşenbe güni Türkiýede we Siriýada aýylganç ýertitreme boldy.

  •   «Duşenbe güni Türkiýeniň köp ýerinde we Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda bolan güýçli ýertitreme sebäpli 3 700-den gowrak adam heläk boldy. Howanyň sowuk wagty bolan betbagtçylyk sebäpli müňlerçe adam şikes aldy we öýsüz galdy. Gyşyň aýazly howasynda bolan betbagtçylyk halas edijileriň hem işine päsgel berýär» («Reuters» habarlar saýty, 6-njy fewral, 2023).

 Şeýle pajygaly wakalar hakda okanymyzda ýüregimiz para-para bolýar. Ýöne Ýehowa «her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» (2 Korinfliler 1:3). Ol «öňki ýazylan zatlar» arkaly bize umyt berýär (Rimliler 15:4).

 Mukaddes Kitapda şu soraglaryň jogaby bar:

  •   Ýertitremeler barada nähili pygamberlik edildi?

  •   Göwünlik tapmaga we umytly bolmaga näme kömek edýär?

  •   Allatagala horluklary nädip aýrar?

 Mukaddes Kitapdan şu soraglaryň jogabyny bilmek üçin aşakdaky makalalary okaň:

a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa Hudaýyň ady (Zebur 83:18).