Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Kim Steele/The Image Bank via Getty Images

Ýeter-ýetmezçilik. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Ýeter-ýetmezçilik. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

 Bütin dünýäde köp adamlar gün-güzeranyny görmek üçin gije-gündiz zähmet çekmeli bolýar. Gazanç etmek gün-günden kynlaşýar.

  •   Ýaňy-ýakynda çykan bir hasabata a görä, adamlaryň alýan iş haky maşgalasyny eklemäge ýetmeýär. Eger hiç hili çäre görülmese, baýlaryň we garyplaryň arasyndaky tapawut has-da artar, köp maşgalalaryň öňkä garanyňda ýaşaýyş şertleri hasam peseler.

 Döwlet işgärleri ykdysadyýetiň pese düşmeginiň öňüni alyp, ýagdaýy gowulandyryp bilerlermi?

 Mukaddes Kitapda ykdysady kynçylyklary, ähli ýeter-ýetmezçiligi aýyrjak hökümet hakda gürrüň berilýär. Ol ýerde Allatagalanyň bütin ýer ýüzüne gözegçilik etjek bir patyşalygy döretjekdigi aýdylýar (Danyýar 2:44). Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende hiç bir adam ünsden düşürilmez, her biriniň aýratynlykda aladasy ediler (Zebur 9:18). Adamlar bagtly ýaşar ýaly Hudaýyň Patyşalygy ähli şertleri döreder. Her bir adam çeken zähmetiniň hözirini görer (Işaýa 65:21, 22).

a Halkara iş üpjünçilik guramasynyň hasabaty, 2022—2023