Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çepde: Iýen harasaty, Florida, ABŞ, Sentýabr 2022 (Sean Rayford/Getty Images); ortada: Ejesi ogly bilen göçýär, Donetsk, Ukraina, Iýul 2022 (Alex Chan Tsz Yuk/SOPA Images/LightRocket via Getty Images); sagda: Köpçülikleýin COVID testini tabşyrýarlar, Pekin, Hytaý, Aprel 2022 (Kevin Frayer/Getty Images)

OÝA BOLUŇ!

2022 ýyl — galagoplyk ýyly. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

2022 ýyl — galagoplyk ýyly. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2022-nji ýylda gözümiziň göreni, gulagymyzyň eşideni uruşlar, ykdysady kynçylyklar we tebigy betbagtçylyklar hakdaky habarlar boldy. Şu wakalaryň esasy sebäbini diňe Mukaddes Kitapdan bilse bolýar.

2022-nji ýylda bolan wakalaryň esasy sebäbi

 Şu ýyl bolan wakalar Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy subut edýär (2 Timoteos 3:1). Soňky günler 1914-nji ýylda başlady. Geliň, bolan wakalar arkaly Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetişini göreliň.

 «Uruşlar» (Matta 24:6).

  •    «2022 ýyl Ýewropa üçin elhenç uruş ýyly boldy» a.

 «Russiýa Ukraina hüjüm edýär» diýen makalany okaň.

 «Açlyk» (Matta 24:7).

  •    «2022 ýyl — açlyk ýyly» b.

 «Gyrgynçylyk» (Luka 21:11).

  •    «Poliomiýelit, maýmyn mama we COVID-19 keselleriň ýaýramagy ýokanç keselleriň ölüm howpludygyny we adamzadyň şol keselleriň öňüni alyp bilmeýändigini subut etdi c.

 «6 million adamyň ölümi» diýen makalany okaň.

 «Gorkunç zatlar» (Luka 21:11).

  •    «Howanyň aşa gyzmagy, gurakçylyk, tokaý ýangynlary we suw joşgunlary. 2022-nji ýylyň tomus aýlarynda köp adamlaryň ýadyndan çykmajak wakalar boldy. Howanyň üýtgemegi sebäpli käbir ýerler ýykan-ýumran boldy, millionlarça adamlar öýsüz galdy we müňlerçe adam aradan çykdy» d.

 «Bütin dünýäde howanyň aşa gyzmagy» diýen makalany okaň.

 «Gozgalaňlar» (Luka 21:9).

  •    «Ykdysady kynçylyklar we bahalaryň gün-günden galmagy sebäpli adamlaryň hökümete garşy turuzýan gozgalaňlary öňki ýyllara garanyňda hasam artdy» e.

 «Dünýä bazarlarynda gymmatçylyk» diýen makalany okaň.

Indiki ýyl bize näme garaşýar?

 2023-nji ýylda nämeleriň boljakdygyny hiç kim aýdyp bilmeýär. Ýöne biz bir zady anyk bilýäris, Hudaýyň Patyşalygy tizden ýer ýüzünde uly özgerişleri eder (Danyýar 2:44). Şol Patyşalyk adamzadyň ähli kynçylyklaryny aradan aýryp, ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrar (Matta 6:9, 10).

 Geliň, Isa pygamberiň aýdyşy ýaly «oýa bolalyň» we Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetişine ünsli bolalyň (Markus 13:37). Mukaddes Kitapdaky sözleriň size we maşgalaňyza nädip kömek edýändigini hem-de gelejege nähili umyt berýändigini bilesiňiz gelse, biziň bilen habarlaşyň.

a «2022 ýyl Ýewropa üçin elhenç uruş ýyly boldy» (Jill Lowlles, «AP Habarlary», 8-nji dekabr, 2022).

b «Ýer ýüzündäki açlyk» («Bütindünýä azyk maksatnamasy»).

c «Keselçilik eýýamy — COVID-19, maýmyn mama, poliomiýelit, beýleki keseller. (Lowrens O. Gostin, JD, «JAMA Saglyk gurultaýy», 22-nji sentýabr, 2022).

d «2022-nji ýylyň tomus aýlarynda bolan tebigy hadysalaryň sebäbi» (Martina Igini, «Ýer» guramasy, 24-nji oktýabr, 2022).

e «2022-nji ýylyň ykdysady kynçylyklary gozgalaňlary oýarýar» (Tomas Karozers we Benjamin Feldman, «Halkara parahatçylyk ugrunda Karnegi gaznasy», 8-nji dekabr, 2022).