OÝA BOLUŇ!
2024 — Umydyňyzy üzmäň. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Köp adamlar 2024-nji ýylda boljak kynçylyklaryň hiç hili çözgüdi ýok diýip pikir edýär. Ýöne gelejegiň gowy boljakdygyna umydymyzy üzmän bileris. Muny nireden bilse bolýar?
Mukaddes Kitap ýagty gelejege umyt berýär
Mukaddes Kitapda Hudaýyň häzirki kynçylyklarymyzy aýyrjakdygy aýdylýar. Tizden Allatagala adamlaryň «gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4).
Mukaddes Kitapdaky wadalar hakda köpräk bilmek üçin, «Ýagty gelejege umyt» atly makalany okaň.
Mukaddes Kitap häzir hem kömek edýär
Mukaddes Kitap özüni alaçsyz duýýan adamlara umyt berýär we şatlanyp ýaşamaga kömek edýär (Rimliler 15:13). Mukaddes Kitapda ýeter-ýetmezçilik, adalatsyzlyk we keselçilik ýaly kynçylyklary ýeňmäge kömek edýän maslahatlar hem bar.
Mukaddes Kitabyň garyplykda önüp-ösen bir adama nädip kömek edendigi barada biliň. «Juan Pablo Zermeno: Ýehowa durmuşymy manyly etdi» diýen wideony görüň.
Mukaddes Kitap özüňi çendenaşa günäkärlemezlige, göwnüçökgün bolmazlyga, alada etmezlige we dogan-garyndaşlaryň ölümine döz gelmäge kömek edýär. «Mukaddes Kitap ýüregiňe giňlik berip bilýärmi?» atly makalany okaň.
Mukaddes Kitap rehimsiz, ýüzünden hemişe gar ýagyp duran harby goşunda işlän bir aýala umyt berdi. «Men tüpeňimi taşladym» diýen wideony görüň.
Goý, 2024-nji ýyl siz we maşgalaňyz üçin gowy ýyl bolsun. Mukaddes Kitabyň size nädip kömek edip biljekdigi hakda öwreniň. Munuň üçin Mukaddes Kitapdan mugtuna okuw geçip başlaň. Şonda siz Hudaýyň «ýagty gelejege umydyňyz bolar ýaly» häzirden parahatlyk berýändigine göz ýetirersiňiz (Ýermeýa 29:11).