Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

alashi/DigitalVision Vectors via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Täzeliklerde başga milletli adamlaryň kemsidilýändigi, tire-taýpa dawalary we olaryň arasyndaky uruşlar barada köp aýdylýar.

  •   «Ysraýyl bilen Gazanyň arasynda turan uruş we milletparaz adamlaryň täsiri netijesinde sosial ulgamlarynda kemsidiji hem adamlaryň ýüreginde ýigrenç döredýän sözler görlüp eşidilmedik derejä ýetdi» («The New York Times» gazeti, 15-nji noýabr, 2023).

  •   «7-nji oktýabrdan bäri milletparazlyk sebäpli zorluk-sütem, kemsidiji sözler has köp aýdylyp başlandy» (Dennis Fransis, BMG-niň baş assambleýasynyň prezidenti, 3-nji noýabr, 2023).

 Taryhyň dowamynda adamlar biri-birini ýigrenip, zorluk-sütem edýärdi, uruşlar bolýardy. Mukaddes Kitapda gadymy döwürde hem «ajy sözlerini peýkam kimin çeneýän» we uruşmak üçin bahana araýan zalym adamlaryň bolandygy aýdylýar (Zebur 64:3; 120:7; 140:1). Emma Mukaddes Kitapda şu günler adamlaryň biri-birini ýigrenmeginiň başga bir sebäbiniň bardygy aýdylýar.

Ýigrenç — soňky günleriň alamaty

 Mukaddes Kitapda adamlaryň biri-birini ýigrenmeginiň iki sebäbi düşündirilýär.

  1.  1. Pygamberlik edilişi ýaly biziň günlerimizde «köp adamlaryň söýgüsi sowaýar» (Matta 24:12). Adamlar ýagşylyk etmegiň deregine, biri-birini ýigrenip ýamanlyk edýär (2 Timoteos 3:1—5).

  2.  2. Mukaddes Kitapda: «Bütin dünýä... Şeýtanyň golastynda» diýilýär (1 Ýahýa 5:19; Ylham 12:9, 12). Zalym, doňýürek Şeýtan Iblis täsir edýändigi üçin adamlar biri-birini ýigrenýär.

 Mukaddes Kitapda Allatagalanyň zorluk-sütemi, ýigrenji doly ýok etjekdigi aýdylýar. Hudaý ýigrenç sebäpli adamlaryň ýüregine salnan ähli ýaralary bitirer. Mukaddes Kitapda şeýle wada berilýär:

  •   «Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylham 21:4).