OÝA BOLUŇ!
Bütin dünýäde jenaýatçylyk köpelýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Gaitide jenaýatçylaryň zorluk-sütemi gün-günden artýar. Günorta Afrikada, Meksikada we Latyn Amerikanyň beýleki ýurtlarynda kanunsyzlykdan ýaňa adamlar arkaýyn ýaşap bilmeýär. Hatda jenaýatçylygyň az ýerinde ýaşaýan adamlar kanunsyzlygyň artýandygy, talaňçylyk edilýändigi hakda eşidip howsala düşýärler.
Bütin dünýäde jenaýatçylygyň köpelmegi barada Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Mukaddes Kitapdaky pygamberlik
Mukaddes Kitaba görä, kanunsyzlyk «dünýäniň soňunyň» bir alamaty (Matta 24:3). Isa pygamber şol alamatlar hakda pygamberlik edende şeýle diýdi:
«Kanunsyzlygyň artýandygy sebäpli, köp adamlaryň söýgüsi sowar» (Matta 24:12).
Şeýle-de Mukaddes Kitapda «soňky günlerde» adamlar «özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän» bolar diýilýär (2 Timoteos 3:1—5). Şu erbet häsiýetler jenaýatçylygyň giňden ýaýramagyna sebäp bolýar.
Ýöne ýagty gelejege umyt bar. Mukaddes Kitapda tizden jenaýatçylygyň ýok ediljekdigi barada wada berilýär.
«Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar. Onuň ýerine seredersiň, emma ol ýokdur. Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar, parahatlykda ýaşap, döwran sürer» (Zebur 37:10, 11).
Mukaddes Kitapda aýdylýan hoş habar we şu günler ýerine ýetýän pygamberlikler barada köpräk biliň. Aşakdaky makalalary okap görüň.
«„Dünýäniň soňunda“ nämeler bolar?»
«Mukaddes Kitapda biziň günlerimizde adamlaryň nähili boljakdygy öňünden aýdylanmy?»