Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

Bütin dünýäni sarsdyran atyşyklar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Bütin dünýäni sarsdyran atyşyklar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 2022-nji ýylyň iýul aýynda bütin dünýäde bolan atyşyklaryň sany köp adamlary howsala saldy.

  •   Ýaponiýanyň ady belli syýasatçysy (öňki premýer ministr) Şinzo Abeniň ölümi tutuş ýurdy sarsdyrdy we bütin dünýädäki adamlaryň ýüregine gorky saldy. Sebäbi Ýaponiýada ýarag ulanmak barada berk düzgünler bardy we jenaýatçylyk kän bolmaýardy («The Japan Times» gazeti, 10-njy iýul, 2022).

  •   Daniýanyň paýtagty Kopengageniň söwda merkezinde bir jenaýatçy üç adamy atyp öldürdi («Reuters» habarlar saýty, 4-nji iýul, 2022).

  •   Günorta Afrikada eli ýaragly adamlar Soweto obasyndaky meýhana girip, 15 adamy atdylar («The Guardian» dünýä habarlary, 10-njy iýul, 2022).

  •   ABŞ-da 4-nji iýulda baýramçylyk günleri jenaýatçylar 220-den gowrak adamy atyp öldürdi («CBS News» saýty, 5-nji iýul, 2022).

 Zalymlygyň, ganhorlygyň soňy gelermi? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Zalymlyk gaýdyp bolmaz

 Mukaddes Kitapda «soňky günlerde» zalym, doňýürek, rehimsiz adamlaryň köpeljekdigi aýdylýar (2 Timoteos 3:1, 3). Şeýle adamlaryň derdinden ýaňa beýlekiler gorkuda ýaşaýar (Luka 21:11). Ýöne Mukaddes Kitapda Hudaýyň zalymlygyň soňuna çykjakdygy we hudaýhon adamlary «parahat... howpsuz we asuda ýurtda» ýaşatjakdygy wada berilýär (Işaýa 32:18). Hudaý zalymlygyň soňuna nädip çykar?

 Allatagala ganhorlary we ýaraglary ýok eder.

  •   «Erbetler ýer ýüzünden ýok ediler» (Nakyllar 2:22).

  •   Hudaý «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadýar, ýaýlary döwüp, naýzalary çapýar, söweş arabalaryny oda atýar» (Zebur 46:9).

 Hudaý ähli adamlara parahat ýaşamagy öwreder.

  •   «Olar hiç hili zyýan ýetirmez, mukaddes dagymda zeper ýetirmez. Deňziň suwdan doluşy deý, ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar» (Işaýa 11:9).

  •   «Olar gylyçlaryndan azallar, naýzalaryndan oraklar ýasarlar» diýen sözler şu günler ýerine ýetýär (Mikaý 4:3). Allatagala häzirden halkyna zalymlygy ýigrenmegi, eline ýarag almazlygy öwredýär.

 Asuda, parahat durmuşyň boljakdygy hakda köpräk bilmek isleseňiz, «Gorky-ürküsiz ýaşajak wagtymyz bolarmyka?» atly makalany okaň.

 Zalymlygyň gaýdyp bolmajakdygy hakda köpräk bilmek üçin «Parahat durmuş hökman bolar!» diýen makalany okaň.